logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Atageldi Garýagdyýew
22.04.2025

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, saz sungaty hünäri boýunça professor, ýurdumyzda meşhur halypa aýdymçy Atageldi Garýagdyýew 1952-nji ýylyň 23-nji martynda Mary welaýatynyň Mary etrabynda dogulýar.

Kakadurdy Täjimow
22.04.2025

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk artisti, halypa bagşy Kakadurdy Täjimow 1956-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda dogulýar.

Oraznepes Döwletnazarow
22.04.2025

Türkmenistanyň halk bagşysy, halypa bagşy Oraznepes Döwletnazarow 1944-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Bendesen obasynda dünýä inýär.

Amangeldi Gönübek
22.04.2025

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halypa bagşy-sazandalarymyzyň ömri-döredijiligi giňden öwrenilýär. Olaryň sarpasy belent tutulýar. Halypalara bagyşlanylyp aýdym-sazly dabaralar yzygiderli geçirilýär.

Şamämmet Bäşimow
22.04.2025

Türkmenistanyň halk artisti, halypa sazanda hem aýdymçy Şamämmet Bäşimow 1948-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda doguldy.

Oraz salyr Mäti ogly
22.04.2025

Özboluşly ýerine ýetirijiligi bilen tapawutlanýan, häzirki döwürde şägirtleri tarapyndan ýoly ýöredilýän ussat halypalaryň biri Türkmenistanyň halk bagşysy Oraz salyrdyr.

Nobat Amansähet ogly (1900 – 1938)
22.04.2025

Halk içinde Nobat bagşy ady bilen tanalýan halypalaryň biri Nobat Amansähet ogludyr. Ol 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda dünýä inýär.

Annagül Gurdowa
22.04.2025

Türkmenistanyň halk artisti, halypa aýdymçy Annagül Gurdowa 1951-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabat şäherinde dogulýar. A.Gurdowa 1974-nji ýylda paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlikli tamamlap, hukukçy hünärini ele alýar.

Amanöwez Saparow
22.04.2025

Amanöwez Saparow 1947-nji ýylyň häzirki Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda dogulýar. Olaryň maşgalasy 1953-nji ýylda Aşgabada göçüp gelýär.

Medeniýet Şahberdiýewa (1930-2018)
22.04.2025

Medeniýet Şahberdiýewa 1930-njy ýylda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlap, Aşgabat şäherindäki sazçylyk mekdebinde okaýar. Bu ýerde ol skripkada saz çalmagy öwrenýär.