logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Kakabaý Durdyýew (1920-1996 )
22.04.2025

Kakabaý Durdyýew 1920-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäherinde eneden bolýar.

Aşyrmyrat Gurbanow
22.04.2025

Aşyrmyrat Gurbanow 1959-njy ýylyň 13-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda eneden bolýar.

Muhammetnur Gurbangylyjow (1932-1987)
22.04.2025

Muhammetnur Gurbangylyjow 1932-nji ýylyň 10-njy maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mülkýazy obasynda dünýä inýär.

Welmyrat Amanow
22.04.2025

Welmyrat Amanow 1947-nji ýylyň 22-nji fewralynda Aşgabat şäherinde eneden doguldy. 1970-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutyny tamamlap, şol ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda zähmet ýoluna başlady.

Orazdurdy Hojaýew (1935-2016 )
22.04.2025

Orazdurdy Hojaýew 1935-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda dünýä inýär. Ol orta mekdepde okaýarka, drama gurnagyna gatnaýar.

Ýagşymyrat Akyýew (1943-2010)
22.04.2025

Ýagşymyrat Akyýew 1943-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Galaýmor obasynda dünýä inýär. Ol 1967-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasyny tamamlaýar.

Çary Işangulyýew (1949-2005 )
22.04.2025

Çary Işangulyýew 1949-njy ýylyň 26-njy maýynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap geňeşliginde eneden bolýar. Ol 1965-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girýär.

Öwezguly Gelenow
22.04.2025

Öwezguly Gelenow 1949-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Tutly obasynda dünýä inýär. Ol 1973-nji ýylda Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatral institutyny tamamlaýar.

Gandym Annadurdyýew (1961-2021)
22.04.2025

Gandym Annadurdyýew 1961-nji ýylyň 11-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde eneden bolýar. 1979-njy ýylda Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň studiýasyna okuwa girýär.

Akmyrat Arçikow
22.04.2025

Akmyrat Arçykow 1961-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden bolýar.