logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Didarberdi Allaberdiýew
22.04.2025

Şahyr Didarberdi Allaberdiýew 1957-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasynda doguldy.

Taňryguly Taganow (1918-1990)
22.04.2025

Taňryguly Taganow 1918-nji ýylyň 9-njy maýynda Aşgabadyň Köşi obasynda dünýä inýär. Ol öz obasyndaky mekdebi üstünlikli okap gutarýar.

Italmaz NURYÝEW (1938-1985)
22.04.2025

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, ussat şahyr Italmaz Nuryýew 1938-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çöňür obasynda eneden dogulýar. Ol orta mekdebi tapawutlanan bahalar bilen tamamlaýar.

Täşli Gurbanow (1934 – 1984)
22.04.2025

Täşli Gurbanow 1934-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar.

Gurbandurdy Gurbansähedow (1919-1992)
22.04.2025

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedow 1919-njy ýylyň 3-nji martynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar.

Agageldi Allanazarow (1948-2025)
22.04.2025

Ýazyjy A.Allanazarow 1948-nji ýylyň 4-nji awgustynda Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynda eneden dogulýar. Uly durmuş wakalary ýazyjynyň «Ojak» roman epopeýasynda öz beýanyny tapýar.

Kakaly BERDIÝEW (1925-2009)
23.04.2025

Görnükli publisist, ýazyjy, ussat žurnalist, oçerkçi Kakaly Berdiýew 1925-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Gökdepäniň Bükür obasynda dogulýar.

Pyhy TAGAN ( 1920-2005 ) ( 1920-2005 )
23.04.2025

Belli ýomakçy şahyr Pyhy Tagan 1920-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Bereket şäherinde dünýä inýär. Ol Büzmeýinde mugallymlary taýýarlaýan kursuny tamamlaýar.

Çary AŞYROW (1910-2003)
23.04.2025

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrow 1910-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Köşi obasynda dünýä inýär. 1922-nji ýyldan başlap çagalar öýünde okaýar we terbiýelenýär.

Halyl KULYÝEW ( 1936 - 1978 )
23.04.2025

Şahyr Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginde dünýä inýär. 1943-nji ýylda Darganata etrabyndaky 4-nji mekdebiň 1-nji klasyna okuwa barýar.