logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Hydyr Allanurow (1922-1993)
22.04.2025

Hydyr Allanurow 1922-nji ýylda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden dogulýar. 1936-njy ýylda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär we 1937-nji ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň dirižýorlyk bölümine geçirilýär.

Ýelizaweta Garaýewa (1938-2007)
22.04.2025

Ýelizaweta Garaýewa 1938-nji ýylyň 7-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäherçesinde eneden bolýar. 1961-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasyny tamamlaýar.

Güseýin Muhtarow (1914-1980)
22.04.2025

Güseýin Muhtarow 1914-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Eýranyň Maşat şäherinde kerwensaraý kärendeçisiniň maşgalasynda dogulýar.

Hommat Müllük (1939-1991)
22.04.2025

Hommat Müllük 1939-njy ýylyň sentýabr aýynyň 30-na Aşgabat şäherinde eneden bolýar. Hommat Müllügiň çagalyk we ýetginjeklik döwri Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna, uruşdan soňky, şeýle hem Aşgabat ýer titremesinden soňky Aşgabadyň täzeden dikeldilýän döwrüne gabat gelýär.

Nurberdi Allaberdiýew
22.04.2025

Nurberdi Allaberdiýew 1949-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginde eneden bolýar. 1964-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär.

Akjagül Suhanowa
22.04.2025

Akjagül Suhanowa 1955-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda eneden bolýar.

Orazdurdy Atahanow
22.04.2025

Şahyr Orazdurdy Atahanow 1951-nji ýylyň 8-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda dünýä inýär.

Gurbannazar Atakgaýew (1934-2011)
22.04.2025

Gurbannazar Atakgaýew 1934-nji ýylda Ahal welaýatnyň Bäherden etrabynyň Durun obasynda dünýä inýär.

Baýrammyrat Kerimow
22.04.2025

Baýrammyrat Kerimow 1945-nji ýylyň 9-njy fewralynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda eneden bolýar.

Aşyr Kulyýew (1918-2000)
22.04.2025

Aşyr Kulyýew 1918-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dünýä inýär. Ol bäş ýaşyndan başlap mekdebe çenli çagalar öýünde terbiýelenýär.