logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bildiriş


BILDIRIŞ!
08.10.2026

Hormatly tomaşaçylar, Türkmenistanyň Döwlet sirki güýzki dynç alyş möwsüminde täzeden-täze çykyşlaryny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda ýokary derejede tälim berlen dünýäniň täsin jandarlarynyň, masgarabazlaryň, žanglýorlaryň, akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň we dürli-dürli sirk artistleriniň esasan hem türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň ýatdan çykmajak çykyşlary size garaşýar.

BILDIRIŞ!
13.10.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Hoşgeldi Şahberdiýewiň döredijiligine bagyşlanan sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 11:00-da açylýar.

BILDIRIŞ!
21.10.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Gazagystan döwletiniň «Asyrlaryň içinden: Gazagystanyň taryhy fotosuratlarda» atly sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 16:30-da açylýar.

BILDIRIŞ!
28.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026 nji ýylyň 28-nji Oktýabrynda sagat 10:00-da «Milli mirasyň nusgalary» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.

BILDIRIŞ!
28.10.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda «Ajaýyp Hytaý – Sungat gözelligindäki Sinszýan» şekillendiriş sungaty we fotosurat sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 10:00-da açylýar.

30.10.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli «Rysgal-bereketli topragym» atly sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 11:00-da açylýar.

BILDIRIŞ!
03.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026 nji ýylyň 5-nji Noýabrynda sagat 15:00-da «Zähmet-bereket çeşmesi» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.