logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bildiriş


BILDIRIŞ!
19.08.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda «Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy» atly sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 11:00-da açylýar.

BILDIRIŞ!
19.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-nji ýylyň 21-nji Awgustda sagat 15:00-da “Taryhy gymmatlyklar-gadymyýetiň syrly sahypalary” atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.

BILDIRIŞ!
01.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 1-nji Sentýabrynda sagat 15:00-da «Bilim – bagtyýarlygyň binýady», atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.

BILDIRIŞ!
08.09.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda «Garaşsyz Watanymyz — dillerde dessanymyz» atly sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 11:00-da açylýar.

BILDIRIŞ!
09.09.2026

Hormatly tomaşaçylar, 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde çykyşlaryň täze möwsümi açyldy. Çykyşlaryň täze möwsüminde, türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň hem-de ýokary derejede tälim berlen dünýäniň täsin jandarlarynyň çykyşlary size garaşýar.

BILDIRIŞ!
17.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-nji ýylyň 21-nji Sentýabrda sagat 10:00-da “Watanymyzyň Garaşsyzlygy – ösüşleriň kepili” atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.