Ahal welaýat kitaphanasy
Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Ahal köçesi, jaý 15
2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karary esasynda welaýat kitaphanasy hökmünde döredilýär.
Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Ahal köçesi, jaý 15
2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karary esasynda welaýat kitaphanasy hökmünde döredilýär.
Aşgabat şäheri, Seýitnazar Seýdi köçesi, jaý 1/1.
Kitaphana 1935-nji ýylda esaslandyrylýar. Bu kitaphananyň häzirki ýerleşýän binasy 1976-njy ýylda gurlup tabşyrylýar, kitaphana bu binada 2007-nji ýyldan bäri hereket edýär.
Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Uzboý köçesi, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky seýilgäh.
Kitaphana Balkan welaýatynda baş kitaphana bolmak bilen, welaýat, etrap, şäher, şäherçe, oba ýerlerinde ýaşaýan ýerli we daşary ýurt raýatlaryna kitaphana hem-de habar beriş hyzmatyny guraýan medeni aň-bilim we habar beriş döwlet edarasy bolup durýar.
Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, N.Andalyp şaýoly, jaý 23
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky kararyna laýyklykda, Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygy ýerine ýetirildi we bu bina 2014-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-ine dabaraly ýagdaýda açyldy.
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 12
Ýurdumyzyň baş kitaphanasy bolan Döwlet kitaphanasy 1892-nji ýylda esaslandyrylyp, ilkinji okyjylaryny 1895-nji ýylyň maý aýynda kabul edip başlaýar.
Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Bitarap Türkmenistan köçesi, jaý 91/1
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygy ýerine ýetirildi we bu bina 2014-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine dabaraly ýagdaýda açyldy.
Mary welaýaty, Mary şäheri, Gowşuthan köçesi, jaý 3
Welaýat kitaphanasy 1912-nji ýylda döredilýär. Kitaphana ýerli şertlere görä, okyjylaryň dürli toparlaryna kitaphana hyzmatyny köpçülikleýin, toparlaýyn we ýekebara usullarda ýola goýýar.
Arkadag şäheriniň Keýmir Kör 5
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy kitaphana hem-de habar beriş hyzmatyny amala aşyrýan döwlet edarasydyr. Kitaphana Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyna degişlidir.