TELEFON BELGISI

+993(00422) 6-20-30

SALGYSY

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Bitarap Türkmenistan köçesi, jaý 91/1

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
17:00
09:00
17:00

Lebap welaýat kitaphanasy



Welaýat kitaphanasy 1919-njy ýylda esaslandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygy ýerine ýetirildi we bu bina 2014-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine dabaraly ýagdaýda açyldy.

Lebap welaýat kitaphanasynyň täze binasy bagtyýarlyk döwri içinde Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berlen medeni maksatly binalaryň hatarynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Kitaphananyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binasy şäheriň görküne görk goşup, özüniň binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýar.

Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 11 müň 461 inedördül metr. Binanyň beýikligi 30 metre barabar, ini 60 metr, gapdal uzynlygy 60 metr. Kitaphana 3 gatdan ybarat. Kitaphanada 3 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 450 okyja hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredilen, kitaphananyň 10 sany umumy okalga zallary bar.

Bu medeni ojakda kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen. Kitaphanada okalga zallary, internet zaly, çagalar üçin otag, elektron katalogyny hem-de adaty kataloglary ýerleşdirmek üçin mümkinçilikler bar, bu ýerde mejlisler jaýy, neşirleri jiltlemek we gaýtadan dikeltmek üçin niýetlenen ussahanalar, “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi bar. Kitaphananyň ýokarky gatynda obserwatoriýa bolup, onuň otaglarynda häzirki zaman kompýuter enjamlary, Germaniýa Respublikasynda öndürilen teleskop bar. Kitaphanada 2016-njy ýyldan bäri bitewi elektron kitaphana ulgamy işleýär. Kitaphananyň ýöriteleşdirilen bölümleriniň sany 6.
Lebap welaýat kitaphanasynda–lebapkitap.gov.tm resmi saýty hereket edýär.