Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy
Ýurdumyzyň baş kitaphanasy bolan Döwlet kitaphanasy 1892-nji ýylda esaslandyrylyp, ilkinji okyjylaryny 1895-nji ýylyň maý aýynda kabul edip başlaýar. Kitaphananyň ady dürli döwürlerde üýtgäp geldi, 1976-njy ýylda kitaphana üçin ýörite maksatly täze bina guruldy. 1992-nji ýylda kitaphana Millilik derejesi berildi, 2007-nji ýyldan bäri kitaphana Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň düzüminde hereket edýär.
Daşoguz welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň binagärlik nusgasynyň, şäheriň çäklerinde ýerleşýän beýleki desgalardan tapawutly bolmagy, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan şäher-gurluşyk maksatnamasynyň düzüminiň köpugurly bolmagy bilen şertlendirilýär we bu kitaphananyň täze binasynyň binagärlik çözgüdiniň milli aýratynlyklary hem-de gurluşyk ulgamynyň häzirki zaman talaplaryny özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýandygyny alamatlandyrýar.
2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde täze gurlan binalar toplumy – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi ulanylmaga berildi. Aşgabadyň Günorta-Gündogar böleginde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Garaşsyzlygynyň we ruhy Galkynyşynyň eýýamyndaky mukaddes ýörelgeleriniň nusgasy bolup durýan bu täze uly desganyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Ak mermerli bu ajaýyp bina üç toplumdan ybarat bolup, olaryň biri Döwlet kitaphanasynyň binasydyr.
Döwlet kitaphanasynyň täze binasynda birbada 1100-e çenli okyjyny kabul etmek, 6 mln. gowrak neşir önümlerini aýawly saklamak, kitaphana işini döwrebap guramak we alyp barmak üçin mümkinçilkler, hünärmenleriň işlemekleri üçin şertler bar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz döwletimizde bolup geçýän uly ösüşler, hususan-da ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky özgertmeler ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işine öz täsirini ýetirýär we olaryň işini täzeçe guramagyň depginleriniň yzygiderli güýçlendirmegi talap edýär. Döwletiň ösmeginde, özgermeginde kitaphanalar ähli ruhy baýlyklary we gymmatlyklary özünde jemlemek bilen, türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwründe milletiň ruhy galkynyşyny döretmekde möhüm orny eýeleýär.
Ýurdumyzyň raýatlaryny bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, sowatlylyk, hoşniýetlilik, watanperwerlik, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna wepalylyk duýgularyny oýarmakda, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri çäksizdir.
Düzümi we mazmuny örän baý bolan kitaphana gaznasyny bir asyrdan-da gowrak wagtyň içinde özünde jemläp gelýän ýurdumyzyň baş kitaphanasy bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy öz öňünde goýlan maksatlary talabalaýyk we ýokary derejede guramak boýunça tutanýerli işleri alyp barýar.
2015-nji ýylda kitaphananyň döredilen gününe 120 ýyl doldy.
Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň beýleki merkezi kitaphanalary bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde taslamalary durmuşa geçirilen bitewi elektron kitaphana ulgamyna goşuldy, bu taslamanyň düýp özeni hut Döwlet kitaphanasy tarapyndan dolandyrylýar, taslama 2016-njy ýylyň 29-njy iýulynda işe girizildi, Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň ähli görnüşdäki kitaphanalary üçin ylmy we usulyýet merkez bolup durýar.
Kitaphananyň düzüminde jemi 17 sany bölüm hereket edýär.
Döwlet kitaphanasynda–dovletkitaphana.gov.tm atly resm saýt bar.