logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Gurbanmyrat Dabaşyýew (1957 – 2003)
22.04.2025

Türkmenistanyň halk artisti, halypa aýdymçy, halkymyzyň arasynda Dagbaşy ady bilen tanalýan Gurbanmyrat Dabaşyýew 1957-nji ýylyň 26-njy iýulynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda doguldy.

Annagurban Annarejebow (1947-2017)
22.04.2025

Annagurban Annarejebow 1947-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda dünýä inýär.

Hojadurdy Annaýew (1918-2010)
22.04.2025

Hojadurdy Annaýew 1918-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur obasynda eneden dogulýar.

Aşyr Kulyýew (1918-2000)
22.04.2025

Aşyr Kulyýew 1918-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda dünýä inýär. Ol bäş ýaşyndan başlap mekdebe çenli çagalar öýünde terbiýelenýär.

Çary Nurymow (1941-1993)
22.04.2025

Çary Nurymow 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häzirki Bagt geňeşliginiň Täze güýç obasynda dogulýar.

Ata Ablyýew (1925-2002)
22.04.2025

Ata Ablyýew 1925-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda dünýä inýär.

Ödenyýaz Nobatow (1929-2006 ý)
22.04.2025

Ödenyýaz Nobatow 1929-njy ýylyň sentýabr aýynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Baýraç obasynda dünýä inýär.

Aşyrmämmet Dawudow (1930-2011)
22.04.2025

Aşyrmämmet Dawudow 1930-njy ýylda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda dogulýar. Ol ХХ asyryň 40-njy ýyllarynyň başlarynda Bereket etrabynyň merkezinde, Balkan sebitlerinde adygan bagşy Soltan Atanepesowyň ýolbaşçylygyndaky aýdym-saz toparynda tälim alýar.

Ödenyýaz Nobatow
23.04.2025

Bagşy ýürekleri joşdursa, kalplara öz täsirini ýetirip bilse halkyň söýgüsini gazanýar. Ine, şeýle bagşylaryň biri hem mahmal owazy bilen Mary ilinde bagşyçylyk sungatyny ösdüren beýik ussatlarymyzyň biri Ödenyýaz Nobatowdyr.