logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Yzzat Gylyjow (1923-2006)
22.04.2025

Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjow 1923-nji ýylda 10-njy oktýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Ýalkym» obasynda dünýä inýär. 1940-1942-nji ýyllarda Aşgabadyň çeperçilik mekdebinde okaýar we şol ýerde nakgaşçylyk sungatynyň esaslaryny ele alýar.

Nurjemal Söýünowa (1913-1996)
22.04.2025

Nurjemal Söýünowa 1913-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gypjak obasynda eneden doguldy. Ol ilki 1924-1927-nji ýyllarda Aşgabatdaky Ene Kulyýewa adyndaky internatda okaýar.

Ata Gowşudow (1903–1953)
22.04.2025

Görnükli ýazyjy, dramaturg we folklorçy alym Ata Gowşudow 1903-nji ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda (öňki Aşgabat oblastynyň Aşgabat raýonynyň Büzmeýin obasynda) eneden dogulýar.

Enejan Orazmyradowa
22.04.2025

Enejan Orazmyradowa 1943-nji ýylyň 16-njy iýunynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Abadançylyk daýhan birleşiginde eneden bolýar.

Roza Töräýewa
22.04.2025

Roza Töräýewa 1938-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde eneden bolýar. Roza Töräýewa 1956-1960-njy ýyllar aralygynda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okaýar.

Hydyr Derýaýew (1905–1988)
22.04.2025

Ýazyjy Hydyr Derýaýew 1905-nji ýylyň 24-nji maýynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň (Öňki Mary oblastynyň Mary raýony) Egrigüzer obasynda eneden dogulýar.

Nobat Amansähet ogly (1900 – 1938)
22.04.2025

Halk içinde Nobat bagşy ady bilen tanalýan halypalaryň biri Nobat Amansähet ogludyr. Ol 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda dünýä inýär.

Alty Garlyýew (1909-1973)
22.04.2025

Alty Garlyýew 1909-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Ikinji Babadaýhan obasynda eneden doguldy.

Annagül Gurdowa
22.04.2025

Türkmenistanyň halk artisti, halypa aýdymçy Annagül Gurdowa 1951-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabat şäherinde dogulýar. A.Gurdowa 1974-nji ýylda paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlikli tamamlap, hukukçy hünärini ele alýar.

Orazgül Abasowa
22.04.2025

Orazgül Abasowa 1941-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä inýär. O.Abasowa orta mekdebi tamamlap, oba medeniýet öýüniň halk teatrynda işläp başlamagy sahnanyň edim-gylymlaryny ele almagyna itergi berýär.