logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.
TELEFON BELGISI

+993

SALGYSY

Aşgabat

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
13:00
-

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi


Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi ajaýyp owazlaryň ýaňlanýan mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri, taryhy ösüşleri mynasyp wasp etmek, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklarymyzy gyzykly we täsirli geçirmek, zähmetkeş halkymyza ruhy lezzet paýlamak Mukamlar köşgüniň agzybir işgärleriniň baş maksady bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň tanymal aýdymçylary zähmet çäkýär, Türkmenistanyň Döwlet Simfoniki orkestri, Türkmenistanyň Döwlet hory, Türkmenistanyň Döwlet tans topary, «Meňli» tans ansambly, «Altyn asyr» we «Owaz» estrada orkestrleri, «Milli saz gurallar» orkestri, «Arçabil» deprekçiler topary hereket edýär.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her bir güni uly ösüşlere eýe bolýan Watanymyzyň toýdur baýramçylyklaryny gyzykly we täsirli bolmagy üçin medeniýet we sungat ussatlary uly hyjuw bilen zähmet çekýärler. Aýdymçylarymyzyň, sazandalarymyzyň, alyp baryjylarymyzyň, tans-folklor toparlarymynyň, dürli orkestrlerimiziň we ansambyllarymyzyň çykyşlary ähli geçirilýän baýramlarymyzy uly şowhuna besleýär. Döredijilik toparlary hem-de aýdymçylar diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl-de eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralarda, festiwallarda, bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, ata-Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýarlar. Bu dabaralary talaba laýyk taýýarlanmagy we ýokary derejede geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Türkmen aýdym-saz sungaty mazmuny boýunça örän giň bolup, olar watançylyk, hoşniýetlilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, päk söýgi, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýar. Kämil, milli ruhumyza laýyk gelýän, ynsan köňlüni heýjana salýan, adam dünýäsi bilen bagly bolan aýdymlar döredilip, halk köpçüligine ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligine degişli bolan «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!», «Sportly Türkmenistan», «Ak güllerim saňa», «Leýlisaç baradaky rowaýat», «Bagt nury», «Arzuw», «Rowaç» ýaly aýdymlary türkmen saz sungatynyň genji-hazynasydyr.