logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Mukaddes Garaşsyzlyk - asyrlaryň hasyl bolan arzuwy

Kitaphanalar

11.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk - asyrlaryň hasyl bolan arzuwy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralara beslenip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň taryhy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam goýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşi we Watanymyzyň halkara giňişligindäki belent abraýy, hut asyrlarboýy kemala gelen milli gymmatlyklarymyza ygrarlylygyň netijesinde gazanylýan üstünlikleriň beýanydygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Asylly ýol ýörelgeler

Kitaphanalar

11.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy şeýle-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramasynyň gatnaşmagynda hem-de “Altyn asyr” teleýaýlymynyň gatnaşmagynda “Asylly ýol ýörelgeler” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ynsanyň durmuş ýoluny ýagtyltýan, kalbyny nurlandyrýan, döwletli röwşen ertirlere atarýan ylymdyr. Haýsy döwletde ýaşlara üns alada bilen gurşalýan, ylma sarpa goýulýan bolsa, onda şol ýurt diňe ösmek bilen, özgermek bilen bolýandyr. Sebäbi ýurduň geljegi şu günki ýaş nesillere goýulýan maýa goýuma, döredilýän mümkinçiliklere bagly bolup durýar diýip bellenip geçildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi şeýle bagtyýar durmuşda zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Garaşsyz Watanym – jennet mekanym

Kitaphanalar

11.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 37-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Watanym – jennet mekanym» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belentden tutulýan toý-baýramlaryň bagtyýarlygyň, agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň aýdyň nyşanyna öwrülendigi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Maslahat geçirildi

Kitaphanalar

10.09.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti hakynda “Halk Maslahaty- beýik maksatlaryň rowaçlanmagy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler, halk bähbitli çözgütler, döwletli tutumlar, anyk maksatlar, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri, türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar “Bagtyň binýady, rowaçlygyň çyragy” atly kitap sergisine syn etdiler. Işlemäge, okamaga döredip berýän giň şertleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz, myrada ýetirjek bedew atymyz

Kitaphanalar

10.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz, myrada ýetirjek bedew atymyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Garaşsyzlyk – biziň kalbymyzyň buýsanjy, halkymyzyň iň beýik gymmatlygy we mertebesi bolup, ol ýurdumyzyň ösüş depgini abadan durmuşynyň kepiline öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplaryny okanymyzda bedewler hakynda baý taryhy maglumatlary açyp görkezýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Sesli okaýyş çäresi

Kitaphanalar

10.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, «Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň goşgulary» esasynda kitaphanada sesli okaýyş çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Garaşsyz Watanymyzda, bagtyýar zamanamyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlary Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň kalplara rahatlyk berýän eserleri, Watana, il-güne, gözellige bolan söýgüni joşdurýan kitaplary biziň geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde uly gollanma bolup hyzmat edýändigi barada bellediler. Şeýle-de şahyrlaryň watançylyk, ynsanperwerlik, söýgi we ahlak baradaky eserlerinden birnäçesi okaldy.

No image
Garaşsyzlyk - bagtymyzyň gözbaşy

Kitaphanalar

08.09.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli ”Garaşsyzlyk-bagtymyzyň gözbaşy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada buýsanç bilen bellendi. Şeýle-de kitaphana hünärmenleriniň “Türkmenistan-eziz ýurdum Garaşsyz” ady bilen guran kitap sergisi hem täsirli boldy.

No image
Şahyr Gara Seýitliýewiň ömri-döredijiligine bagyşlandy

Kitaphanalar

08.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Edebiýat hakynda söhbet” atly gepleşigi tarapyndan halypa kitaphanaçylar bilen şahyr Gara Seýitliýewiň ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Döwlet kitaphanasynda hem okyjylaryň we talyp ýaşlaryň arasynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň we alymlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlikler, edebiýat we döredijilik agşamlary yzygiderli geçirilýär, olara bagyşlanan kitap sergileri gurnalýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň edebiýat äleminiň ussatlaryny giňden tanamaga mümkinçilik berýär. Edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
Maslahat duşuşygy geçirildi

Kitaphanalar

08.09.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, “Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlary ýaşlarymyza görelde” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan okuw sapagyna gatnaşmak hem-de Milli Liderimiziň ýaşlara beren öwüt-ündewlerini diňlemek bagtynyň miýesser eden pursady, mundan beýläk-de kämil nesilleri ýetişdirmäge örän jogapkärli çemeleşmek baradaky pikirleri has-da pugtalandyrdy. Çünki asly halal türkmen halkymyz nesil terbiýesine, olary ylym-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmäge esasy wezipe hökmünde garaýar. Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzda häzirki wagtda ýaşlara halkara derejesinde bilim-terbiýe bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

No image
“Garaşsyzlyk –bagtymyzyň gözbaşy” atly kitap sergisi

Kitaphanalar

08.09.2026

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň we okyjylaryň gatnaşmaklarynda, şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp “Garaşsyzlyk –bagtymyzyň gözbaşy” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Mundan başga-da Seýrek neşirler bölümiň gaznasyndaky bar bolan kitaplaryň we irki döwürleriň gazet-žurnallarynyň sergisi we bölüme täze gelip gowşan neşirleriň sergisi giňden gurnaldy we okyjylar köpçüligine ýetirildi. Sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri we ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergi gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.