logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
SYÝAHATÇYLYK – DOST-DOGANLYGYŇ ŞUGLASY

Syýahatçylyk

15.04.2026

14-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Turkmentravel— 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynyň okalmagy bilen bu halkara çäresi dabaraly ýagdaýda öz işine başlady. Häzirki döwürde tutuş dünýäde syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, halkymyzyň özboluşly milli däp-dessurlary, şäherlerimiziň gaýtalanmajak binagärlik keşbi dünýä syýahatçylarynda, jahankeşdelerinde uly gyzyklanma döredýär. Halkara sergide Medeniýet ministrliginiň pawilýonynda halkymyzyň şan-şöhratly geçmişi hem-de bedew batly ösüşleri sazlaşykly beýan edilýär. Halkara çäräniň çäklerinde daşary ýurtlaryň syýahatçylyk edaralarynyň, institutlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyklaryň, şeýle hem, syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekişmek çäreleriniň guralmagy halkara çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/syyahat2.jpg) Şonuň ýaly hem, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk ugry boýunça okadýan mugallymlarynyň we ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda syýahatçylygy dolandyrmak boýunça okuw maslahatynyň, daşary ýurtly myhmanlar bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk ugry boýunça okadýan mugallymlarynyň, bu ugurdan bilim alýan talyplarynyň gatnaşmagynda «Syýahatçylyk — medeniýetleriň köprüsi: syýahatçylykda durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, maslahatda syýahatçylyk ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, syýahatçylygy dolandyrmak, onuň akymyny köpeltmek we beýleki meseleler boýunça çykyşlara uly orun berilmegi bellenmäge mynasypdyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/syyahat1.jpg) Türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleri, baý medeni mirasy, däp-dessurlary umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda orun aldy. Milli sungatymyzyň naýbaşy nusgalarynyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň birnäçe görnüşleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň we ÝUNESKO-nyň adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawlaryna girizildi. Munuň özi örän buýsançlydyr. «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar üçin syýahatçylyk gezelençleriniň guralmagy halkara serginiň hem-de maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýär. Häzirki döwürde syýahatçylyk halklary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. 14-16-njy apreli aralygynda geçirilýän bu halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga, daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge hem-de dürli ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täze şertnamalary baglaşmak boýunça tejribe alyşmaga uly ýardam berer. «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmegi özboluşly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyz bedew batly ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwletimizde syýahatçylyk ulgamynda gazanylýan uly üstünlikler bolsa, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
«TURKMENTRAVEL - 2026» ATLY HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISI WE MASLAHATY GEÇIRILER

Syýahatçylyk

28.03.2026

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, 2026-njy ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda «Turkmentravel - 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. «Turkmentravel - 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna Halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk ministrlikleriniň, syýahatçylyk we myhmanhana ugry boýunça hünärmenleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, halkara ylmy institutlaryň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň, olaryň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtly syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu geçiriljek halkara derejesindäki sergi we maslahat geljekde, Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ýurdumyzyň gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga hem-de daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge uly ýardam berer. Dürli ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.

No image
«ITB BERLIN – 2026» HALKARA SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ SYÝAHATÇYLYK MÜMKINÇILIKLERI BILEN TANYŞDYRYLDY

Syýahatçylyk

13.03.2026

Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 3-5-nji marty aralygynda, Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen «ITB Berlin – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar. «ITB Berlin» – dünýädäki iň iri sergi bolup, oňa her ýyl ýüzlerçe ýurtlardan 10000 golaý adam gatnaşýar. Bu sergi syýahatçylyk pudagynyň soňky gazananlaryny, tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny görkezmek, şeýle hem işewürlik duşuşyklaryny geçirmek, syýahatçylyk pudagynda täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdança hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda häzirki döwürde syýahatçylyk işini döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berlip, geljegi uly pudak hökmünde ösdürilýär. Türkmenistanyň gözel ýerleri, milli we medeni-taryhy gymmatlyklary özünde jemleýän muzeýleri, taryhy ýadygärlikleri özboluşlylygy hem-de milliligi bilen dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Bular halkara derejesinde geçirilýän çärelerde giňden mahabatlandyrylýar.

No image
ÜSTÜNLIKLI DOWAM EDÝÄN SERGI

Halkara gatnaşyklary

26.02.2026

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde dabaraly açylan, 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam etmeli «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde, bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu sergide sergilenen, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan gadymy gymmatly tapyndylar syýahatçylarda, muzeý öwrenijilerde, taryhçylarda, giň halk köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda häzirki wagtda arheologiýa we binagärlik mirasyny öwrenmek boýunça özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlan bu gatnaşyklar häzirki döwürde has-da üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, ata-babalarymyzyň miras goýan medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Bu arheologik tapyndylarynyň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde guralan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergide hem görkezilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/85274.jpg) Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. Italiýanyň arheologlary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirip gelýärler. Bu netijeli hyzmatdaşlyk gymmatly taryhy tapyndylary ýüze çykarmaga, öwrenmäge we olary halk köpçüligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Serginiň dünýäniň iň gadymy muzeýleriniň birinde guralmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar we Türkmenistanyň baý taryhy mirasyny dünýä ýaýýan medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň Rim şäherinde geçirilmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasynda köpri hökmünde çykyş edýändigini hem-de gadymy döwürlerden bäri medeniýet merkezi bolup gelýändigini görkezýär. Bu sergi 2025-2026-njy ýyllarda halkara medeniýet senenamasyna möhüm wakalaryň biri hökmünde girip, baý taryhy mirasy bolan döwlet hökmünde, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Serginiň açylan döwründen bäri, Türkmenistanyň baý medeni taryhy bilen gyzyklanýanlaryň müňlerçesi bu sergä tomaşa etdiler.

No image
SYÝAHATÇYLYK ULGAMYNDA NETIJELI IŞLER

Syýahatçylyk

28.11.2025

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” syýahatçylyk forumy öz işini dowam edýär. Bu syýahatçylyk forumy Özbegistanyň halkara syýahatçylyk hepdeliginiň çäginde geçirilýär. Halkara forum Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikde tejribelerini paýlaşmaklaryna we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige gönükdirilendir. Şeýle-de forumyň çäklerinde Daşkendiň sebitdäki iň uly syýahatçylyk sergilerinden biri bolan TITF (Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasy) geçirilýär. Bu sergä “Aýan”, “DnTours”, “Trawelco”, “Syýahatçy”, “Hazar Travel”, “Gadymy Miras”, “Dekor Türkmenistan” we beýleki pudak wekilleri ýaly öňdebaryjy türkmen syýahatçylyk kompaniýalary hem gatnaşýar. Sergä gelýän myhmanlar Türkmenistanyň baý medeni mirasy, özboluşly tebigy we taryhy ýadygärlikleri bilen içgin tanyşýarlar. Geçirilýän halkara ähmiýetli çäreler halkara gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde we hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädimleriň biridir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/wew.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/%C3%BDaw.jpg)

No image
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞKENT ŞÄHERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WEKILLERINI BIRLEŞDIRÝÄN HALKARA ÇÄRELER DOWAM EDÝÄR

Syýahatçylyk

14.11.2025

Şu gün Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Medeniýet ministrleriniň birinji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş edip, Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny, köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Geçirilen halkara çäreler dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge, medeni-ynsanperwer ulgamynda baý tejribe toplamaga ýardam bermek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň ruhy we medeni mirasyna, aň-bilimine gyzyklanmalary höweslendirmekde netijeli häsiýete eýe boldy. Ýurdumyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürip diňe bir sebitde däl, eýsem, bütindünýäde parahatçylygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar.

No image
SEBITIŇ RUHY WE MEDENI JEBISLIGINE TÄZE ÄDIM

Syýahatçylyk

13.11.2025

Merkezi Aziýa halklary hoşniýetli goňşuçylyk, jebislik, birek-biregi goldamak, ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda çykyş edýär. Döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen halkara ähmiýetli çäreler giň gerim alýar. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongres öz işine başlady. Çärä Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň dürli düzümlerinden we edaralaryndan wekiliýetler gatnaşýarlar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/Ministr%203.jpg) Türkmenistanyň adyndan plenar mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň medeni gatnaşyklarynyň gadymy kökleriniň bardygyny we umumy taryhy mirasa hem-de däp-dessurlara esaslanýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de Merkezi Aziýada ruhy mirasy gorap saklamak, aň-bilimi ösdürmek biziň esasy wezipelerimiziň biridigini, munuň özi ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň we özara medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm ugurlary bolup durýandygyny belledi. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän bu halkara çäre medeni-ynsanperwer we ruhy ähmiýete eýe bolup, geljekde umumy medeni kökleri bolan Merkezi Aziýa halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam berer. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/Ministr-1.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «UN TOURISM»-IŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNA GATNAŞÝAR

Syýahatçylyk

10.11.2025

Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň («UN Tourism») Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. 160-dan gowrak delegaty bir ýere jemlän çäre, 2025-nji ýylyň 7-11-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/220.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/330.jpg)

No image
UGANDA RESPUBLIKASY BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDA SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK MASLAHATLAŞYLDY

Syýahatçylyk

23.10.2025

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Uganda Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi we ikinji sekretary bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni we syýahatçylyk ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Uganda Respublikasynyň syýahatçylyk ministrliginiň wekilleri bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň arasynda medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça göni wideo aragatnaşyk arakly iş duşuşygyny geçirmeklik, hem-de iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň gatnaşmaklarynda tanyşdyryş syýahatçylygyny gurnamaklyk boýunça teklipler hödürlenildi.

No image
TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ TARAPYNDAN SYÝAHATÇYLYK FORUMY GEÇIRILDI

Syýahatçylyk

24.09.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň wekili we ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) tarapyndan 2025-nji ýylyň 15-16-njy sentýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde geçirilen halkara syýahatçylyk forumyna gatnaşdylar. Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde geçirilen bu çärä Türki Döwletleriň guramasynyň (TDG) agza we synçy döwletleriň wekilleri we syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Häzirki döwürde Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklar netijeli häsiýetde ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamlarda we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklar barha kämilleşdirilýär. TDG tarapyndan geçirilen forum ähli ýurtlaryndan gelen syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri üçin örän ähmiýetli boldy.