logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ajaýyp pursatlara beslenen forum

Halkara gatnaşyklary

04.11.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilim almagy, öndürijilikli zähmet çekmegi, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýaşlarymyz halkara maslahatlaryna, forumlaryna, festiwallaryna hem-de bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar. Munuň özi, ýaşlarymyzyň aň-düşünjesini, zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler we şertlerdir. Şu ýylyň 17-21-nji oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherinde geçirilen “Türki dünýäsiniň Ýaşlar forumyna” türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagy hem muňa aýdyň subutnamadyr. Bu forumyň çäklerinde guralan çäreler oňa gatnaşan ýaşlaryň kalbynda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

No image
Gazagystanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

Halkara gatnaşyklary

27.10.2026

Häzirki wagtda türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Biziň halklarymyz gadymy döwürlerden bäri goňşuçylykda ýaşap, agzybirlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny nesillerden nesillere geçirip geldiler. Türkmen we gazak halklaryny asyrlaryň dowamynda birleşdirip gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda, umumy ruhy gymmatlyklarda, baý medeni mirasda we birek-birege goýulýan hormatda öz mynasyp beýanyny tapýar. Şol dostlugyň kökleri halklaryň taryhyna, edebiýatyna, saz sungatyna we milli däplerine uzaýar. Häzirki wagtda bu gadymy ruhy ýakynlyk medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşmagynda, iki ýurduň halklarynyň biri-biriniň medeniýetine has ýakyndan aralaşmagynda aýdyň görünýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Gazagystanyň sungat ussatlarynyň «Dostluk ýoly» atly baýramçylyk konserti hem munuň aýdyň mysalydyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/77788889999777888999.jpg) Baýramçylyk konsertiniň Gazagystanyň milli baýramy – Gazagystan Respublikasynyň Güni mynasybetli geçirilmegi oňa aýratyn many çaýdy. Doganlyk halkyň sungat wekilleriniň türkmen topragynda çykyş etmegi, iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň medeni ugurda barha pugtalandyrylýandygynyň güwäsidir. Konsertde Gazagystanyň Gaziza Žubanowa adyndaky Aktöbe welaýat filarmoniýasynyň döredijilik toparlary çykyş etdiler. «Dauys» wokal toparynyň gazak halk aýdymlaryny joşgunly ýerine ýetirmegi, «Akku» tans toparynyň milli tans sungatyny ussatlyk bilen görkezmegi, gazak halk saz gurallary orkestriniň çykyşlary tomaşaçylara doganlyk halkyň sungat dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi. Konsertiň iň täsirli pursatlarynyň biri aýdymçy Oral-Kosaý Baýsengiriň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmegi boldy. Türkmen halkynyň beýik şahyrynyň pikirleriniň gazak sungatynyň üsti bilen ýaňlanmagy akyldaryň döredijilik mirasynyň umumadamzat ähmiýetine düşünmäge ýardam etdi. Ahmet Žubanow adyndaky orkestriň çeper ýolbaşçysy Nurken Aşirow türkmen halkynyň «Bibijan» aýdymynyň esasynda döreden «Wariasiýa-fantaziýa» atly eserini hödürledi. Şeýle hem, türkmen nusgawy saz sungatynyň görnükli wekili Daňatar Öwezowyň «Leýli-Mejnun» operasynyň uwertýurasy ýerine ýetirildi. Gazak sazandalarynyň türkmen halk aýdymynyň äheňlerine ýüzlenmegi we milli opera sungatymyzyň nusgawy eserini ýerine ýetirmegi medeni hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn häsiýetini alamatlandyrdy.

No image
Daşkentde Muzeý ulgamynda konserwasiýa işleri boýunça guralan okuw seminaryna türkmen hünärmenleri gatnaşdylar

Halkara gatnaşyklary

23.10.2026

2026-njy ýylyň 5-16-njy oktýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago uniwersiteti bilen Özbegistanyň Döwlet taryh muzeýi tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Muzeý ulgamynda konserwasiýa işleri boýunça bilelikde guralan okuw seminary geçirildi. STRAS Capstone konserwasiýa boýunça hünäri ýokarlandyryş maksatnamasynyň çäklerindäki okuw seminarynyň maksady derini we dokma önümlerini konserwasiýa etmekden ybaratdyr. Bu bolsa Merkezi Aziýa döwletlerinden gatnaşýan muzeý rejeleýjileri üçin ýokary okuw sapagy bolup durýar. Seminar okuw sapagynyň dowamynda dokma we deri önümlerini çeper rejelemek boýunça okuw tejribe işleri görkezildi hem-de deriden öndürilýän önümler bilen tanyşdyryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/156556565165165165165165165.jpg) Özbegistanyň Daşkent şäherindäki Madina Kasymbaýewanyň süzane keşdeçilik ussahanasynda egin-eşikleriň we dokma önümleriniň saklanyş şertleri, Çikago uniwersitetiniň taryhy gymmatlyklary gorap saklamak boýunça ýokary derejeli konserwatory Elison Uaýtyň deriniň we pergamentiň rejelemek işi, deri önüminiň tebigaty hem-de onuň taýýarlanyşy, himiki düzümi, gadymy aýakgaplar bilen bagly amaly işler we olary gorap saklamak meselesi boýunça sapaklar geçildi. Los-Anjeles şäherinden J.Pol Getti muzeýiniň gadymy taryhy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň baş konserwatory we bölüm müdiri, professor Süzan Ganzike, konserwator Fabio Kolombo hem Gadymy Merwden tapylan V asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň parçalaryny gorap saklamak we dikeltmek boýunça taslama degişli ylmy prezentasiýalary görkezdiler. Okuw seminarynyň jemleýji gününde Merkezi Aziýa döwletlerinden gatnaşan muzeý rejeleýjilerine şahadatnamalar gowşuryldy.

No image
LÝANÇŽU FORUMY MEDENI GYMMATLYKLARY YZYNA GAÝTARMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN DIALOGY

Halkara gatnaşyklary

22.10.2026

2026-njy ýylyň 18-20-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde IV Lýançžu forumyň çäginde «Medeni gymmatlyklary yzyna gaýtarmak we restitusiýa babatda hyzmatdaşlygyň we ylalaşyklaryň täze görnüşleri» atly Aziýa-Ýuwaş umman sebitleýin dialogy geçirildi. Lýançžu ýadygärliginiň açylmagynyň 90 ýyllygyna bagyşlanan forum dürli ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, ÝUNESKO-nyň, ICCROM-yň, muzeýleriň we ylmy merkezleriň wekillerini bir ýere jemledi. 18-nji oktýabrda geçirilen açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary, Medeni miras boýunça döwlet dolandyryşynyň ýolbaşçysy Rao Çýuan, Gresiýanyň Medeniýet ministri Lina Mendoni, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça kömekçisi Naýef Al-Fäýez we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler. Dabaranyň çäginde iki ähtnama gol çekildi. Esasy çykyşlar Lýançžunyň arheologik açyşlaryna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem-de howanyň üýtgemegi we urbanizasiýa şertlerinde mirasy gorap saklamaga bagyşlandy. Gatnaşyjylar mirasy ýerinde gorap saklamagyň, şol sanda emeli aňy goşmak bilen, täze tehnologiýalaryň onuň goralyşyndaky ähmiýetini, medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň zerurlygyny nygtadylar. Ýaşlary işe çekmäge we siwilizasiýalaryň gözbaşlaryny öwrenmekde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/56565656565656565656565.jpg) 18-19-njy oktýabrda geçirilen sebitleýin dialog medeni gymmatlyklary gelip çykan ýurtlaryna gaýtarmak meselesine bagyşlandy. Hindistanyň, Niderlandlaryň, Kambojanyň, Awstraliýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Taýlandyň we beýleki ýurtlaryň hünärmenleri amaly tejribelerini paýlaşdylar. Seredilen mysallaryň arasynda Leýden uniwersitetinden gadymy hatlaryň Hindistana, Awstraliýanyň Milli galereýasyndan bürünç heýkeller Kambojana we Zidankudan tapylan ýüpek golýazmanyň tomlarynyň Hytaý Halk Respublikasyna gaýtarylmagy bar. Gatnaşyjylar restitusiýanyň üstünlikli bolmagynyň eserleriň gelip çykyşyny garaşsyz öwrenmäge, döwletleriň we muzeýleriň arasyndaky gepleşiklere, şeýle hem ylmy seljermä we jikme-jik resminamalara daýanýandygyny bellediler. Etiki meselelere hem uly üns berildi. ICOM-yň täzelenen Etika kodeksi, muzeýleriň öz ýygyndylarynyň gelip çykyşyny yzygiderli öwrenmek borjy we karar kabul etmekde gelip çykyş jemgyýetleriniň gatnaşmagynyň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Eseriň yzyna gaýtarylmagynyň mundan beýläk-de ylmy we medeni hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup durýandygy baradakys pikir hem aýdyldy. Goşmaça çäreleriň çäginde gatnaşyjylar Lýançžu arheologik ýadygärligine, Lýançžu muzeýine we Hançžoudaky Hytaý Halk Respublikasynyň Neşirler we milli medeniýet arhiwine baryp gördiler. Ýurdumyzdan bu çärelere Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni Güljan Igdirowa gatnaşdy. Bu forum medeni mirasy gorap saklamak babatda dünýä tejribesi bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berdi.

No image
Türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Balikesir we Çanakkale şäherlerine metbugat sapary

Halkara gatnaşyklary

22.10.2026

2026-njy ýylyň 10-14-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň birnäçe şäherlerine metbugat saparyny amala aşyrdylar. Bu metbugat syýahat sapary «Türkhowaýollary» kompaniýasynyň, Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Türkiýäniň syýahatçylygy ösdürmek we ilerletmek agentligi tarapyndan gurnaldy. Metbugat saparynyň maksatnamasy doganlyk ýurduň dürli sebitleriniň medeni mirasy, taryhy we tebigy gözellikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Saparyň ilkinji güni Balikesir welaýatynyň zeýtun baglarynyň, zeýtun ösdürip ýetişdirmekde däpleri meşhur bolan Edremit etrabyna baryldy we bu ýeriniň täsin tebigaty ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Metbugat saparyna gatnaşyjylar zeýtun ýagynyň muzeýine baryp gördüler. Etrabyň Kaz Daglary milli seýilgähine hem gezelenç etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/9e523143-1523-456a-8fdc-7b6002a6b9a5-1_all_1844.jpg) Soňra metbugat sapary Çanakkale welaýatynda dowam edip, welaýatda ýerleşýän Troýa şäheriniň we onuň töweregindäki ýerleriň ýadygärlikleri goramak üçin, 1996-njy ýylda döredilen taryhy we arheologik goraghana – Troýa milli seýilgähine baryldy. 1998-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen seýilgähinde gadymy diwarlaryň, Afina ybadathanasynyň, megaronlaryň, Rim odeonynyň yzlary, şeýle hem, Troýa atynyň simwoliki agaçdan ýasalan nusgasy bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde dürli döwürlere degişli dokuz sany medeni gatlak ýüze çykarylyp, olaryň taryhy üç müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Gadymy Troýa Gomeriň "Iliada" dessany we Troýa urşy baradaky rowaýatlar bilen hem dünýäde giňden tanalýar. Şeýle hem, türkmen wekiliýetine Tevfikiye arheologiýa obasyna baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Bu oba sebitiň arheologik mirasy bilen ýakyndan tanyşmak üçin möhüm ugurlaryň biridir. Obanyň Troýa bilen baglanyşygy, Troýa şäheriniň golaýynda ýerleşmegi onuň taryhy-medeni ähmiýetini has-da artdyrýar. Troýa muzeýine, gadymy Troýa şäherine, Tevfikiye arheologiýa obasyna guralan gezelençler, Türkiýäniň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Bu ýerler Çanakkale welaýatynyň arheologiýa hem-de medeni syýahatçylyk ugurlarynyň möhüm bölegini düzýär. Türkiýe Respublikasynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyran metbugat sapary ýatda galyjy pursatlara beslendi. Amanmämmet Täçmämmedow, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň režissýory.

No image
Ýaşlarymyzyň Delfi oýunlarynda gazanan üstünligi

Halkara gatnaşyklary

14.10.2026

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty netijesinde, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelerine yzygiderli gatnaşyp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden wagyz etmekleri hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 2026-njy ýylyň 5-9-njy oktýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň ýigriminji ýubileý ýaşlar Delfi oýunlaryna sungatyň dürli ugurlary boýunça 9 döwletden 350-den gowrak ýaş zehinler gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde GDA agza döwletlerinden zehinli ýaşlary bir ýere jemlän bu halkara çäresine ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Delfi oýunlaryna «Skripka saz guraly» boýunça gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kirişli saz gurallary hünäriniň 5-nji ýyl talyby Seýran Atanyýazow II orna, kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň Opera sungaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby Äsal Ruslanowa «Wokal sungaty» ugry boýunça, şeýle hem konserwatoriýanyň Estrada sungaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby Anna Weliahmedowa «Estrada aýdym sungaty» ugry boýunça ýörite diplomlara mynasyp bolup, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi. Ýurdumyzyň ýaş zehinleriniň halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgat boldy.

No image
DOSTLUK KÖPRÜSI BERKIDILÝÄR

Halkara gatnaşyklary

12.10.2026

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, syýasy durnuklylygy we agzybirligi berkitmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary barha rowaçlanýar. Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini has-da berkidýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň gülläp ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy işler, tutumly maksatlar, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalar berkarar döwletimizi dünýä giňden tanadýar. Türkmenistan döwletimizde dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde, Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistan bu gurama agza ýurtlar bilen özara medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. 2026-njy ýylyň 4-8-nji oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýokary wezipeli wekilleriniň 7-nji mejlisi geçirilip, oňa türkmen hünärmenleri hem gatnaşdylar. Mejlisde 2027-nji ýylda TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde 2027-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň dowamynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriniň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda, Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň duşuşygy we eserleriniň sergisi, kompozitorlaryň döredijilik duşuşygy we halk aýdym-sazlarynyň, şeýle hem, opera eserleriniň konsertiniň, simfoniki orkestrleriniň we Ýaşlar hor aýdymlary toparlarynyň konserti, talyplar teatrlarynyň festiwaly, «TÜRKSOÝ» atly VI halkara teatr festiwaly, döwlet teatr ýolbaşçylarynyň döredijilik duşuşygy, «Gorkut ata» atly halkara kino festiwaly, «Altyn Garagöz» atly halkara tans festiwaly, muzeý we kitaphana işgärleriniň duşuşyklary, ýazyjy-şahyrlaryň we alymlaryň ýazan kitaplarynyň sergileri we ýaş ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşyklary, meşhur şahsyýetleriň döredijilik dünýäsine bagyşlanan ýatlama agşamlary, zenanlar döredijilik hepdeligi we modalar günleri ýaly iri halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi bellenilip geçildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylyň dowamynda türki döwletleriň nakgaşlarynyň, fotosuratçylarynyň kataloglaryny, döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň ýygyndysyny, kalendarlary, žurnallary we beýleki neşir önümleriniň çap edilmeginiň göz öňüne tutulýandygy nygtaldy. Şundan görnüşi ýaly, bu çäreleriň türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Medeni çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy, biziň halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy.

No image
Türkmen sazandalary Sinandali festiwalyna gatnaşdylar

Halkara gatnaşyklary

03.10.2026

2026-njy ýylyň 16-njy awgusty-13-nji sentýabry aralygynda Gruziýada Sinandali festiwaly geçirildi. Bu festiwal Kawkaz ýurtlaryndan we goňşy döwletlerden ýaş sazandalary bir ýere jemläp,olara dünýä derejesinde tanalýan meşhur artistler, dirižýorlar we mugallymlar bilen bilelikde işlemek mümkinçiligini berýär. Festiwalyň esasy bilim beriji platformalarynyň biri bolan Pan-Caucasian Youth Orchestranyň düzümindeTürkmenistanyň ýaş sazandalary hem çykyş etdiler. Şu ýyl bu festiwalda Türkmenistandan bäş ýaş sazanda, Selbinýaz Mulkamanowa (skripka), Seýran Atanýazow (skripka), Aýlar Annamyradowa (wiollonçell), Döwran Gylyjow (trombon) we Ysmaýyl Sähetmyradow (kontrabas) gatnaşdy. Festiwalyň ilkinji gününde ähli ýaş sazandalar üçin janly bäsleşik görnüşindäki diňlenişik geçirildi. Şol diňlenişigiň netijelerine görä, sazandalaryň orkestrdäki orunlary we toparlaryň içindäki ýerleşişleri kesgitlenildi. Şeýlelikde, her bir ýaş sazandanyň ornuny saýlamak onuň ýerine ýetirijilik derejesine we diňlenişikdäki netijesine esaslandy. Olaryň her biri üçin bu festiwala gatnaşmak diňe bir halkara sahnasynda çykyş etmek mümkinçiligi bolman, eýsem, hünär taýdan ösüşiň we sazçylyk biliminiň möhüm bölegine öwrüldi. Birnäçe hepdäniň dowamynda sazandalar intensiw taýýarlyk işlerini, şahsy we toparlaýyn sapaklary, orkestr taýýarlyklaryny hem-de dünýäniň öňdebaryjy orkestrlerinde işleýän tejribeli sazandalaryň ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda Selbi Mülkamanowanyň üstünligi aýratyn bellärliklidir. Ol meşhur dirižýor Rafael Payareniň ýolbaşçylygynda ilkinji skripkalar toparynyň konsertmeýsteri hökmünde çykyş etdi. Bu wezipe ýaş sazanda üçin uly jogapkärçiligi talap edýär we onuň professional taýýarlygynyň möhüm görkezijileriniň biridir. Pan-Caucasian Youth Orchestranyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ýaş sazandalaryň ilki bilen dünýä derejesindäki orkestr sazandalary bilen işleşip, soňra bolsa professional simfoniki orkestriň şertlerinde sahna çykmagydyr. Türkmen ýaş sazandalary konsertlere belli mugallymlaryň we professional orkestr sazandalarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlyk gördiler. Şol halypalaryň biri Anton Sorokow bolup, ol Wenanyň Simfoniki orkestriniň konsertmeýsteri we Wenanyň saz we ýerine ýetiriş sungaty uniwersitetiniň professorydyr. Ol köp ýyllardan bäri mugallymçylyk işi bilen hem meşgullanýar we dürli halkara ussatlyk sapaklaryny geçirýär. Taýýarlygyň möhüm bölekleriniň biri hem, Ýewropanyň professional orkestrlerinde uly tejribe toplan Kirill Terentýew bilen geçirilen sapaklar boldy. Şeýle sapaklar ýaş skripkaçylara diňe bir ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge däl, eýsem, konsertmeýsteriň we orkestr sazandasynyň hünär aýratynlyklaryna has çuň düşünmäge mümkinçilik berýär. Violonçel boýunça ussatlyk sapaklary italiýaly sazanda Amedeo Cicchese tarapyndan geçirildi. Häzirki wagtda ol Rimdäki Accademia Nazionale di Santa Cecilia akademiýasynyň wiolonçel toparynyň solistidir. Kontrabasçy Ysmaýyl Sähetmyradow üçin bolsa Brendan Kane bilen geçirilen sapaklar aýratyn ähmiýete eýe boldy. Brendan Kane Nýu-Ýork şäherindäki Metropolitan Opera Orchestranyň kontrabasçysydyr. Şeýlelikde, ýaş türkmen sazandalary öz hünärlerinde dünýä derejesindäki orkestrlerde işleýän, uly sahna tejribesine eýe bolan ussatlardan bilim almak mümkinçiligine eýe boldular. Festiwalyň dowamynda dünýäniň nusgawy saz sungatynyň iň iri eserleri ýerine ýetirildi. Orkestriň üstünde işlän eserleriniň arasynda Karol Şimanowskiniň 1-nji Skripka konserti, Nikolay Rimskiý-Korsakowyň «Şeherazada» eseri, Lýudwig van Bethoweniň Skripka konserti, Modest Musorgskiniň Morys Raweliň orkestrleşdirmesindäki «Sergiden suratlar» eseri, Gustaw Maleriň 2-nji simfoniýasy, Riçard Ştrausyň «Der Rosenkavalier» suiti we Morys Raweliň «La Valse» eseri bardy. Şeýle giň we çylşyrymly repertuary taýýarlamak ýaş sazandadan ýokary tehniki ussatlygy, sazçylyk tertibini we dirižýoryň hem-de orkestriň umumy talaplaryna çalt uýgunlaşmak ukybyny talap edýär. Festiwalyň iň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem dünýä derejesinde tanalýan dirižýorlar we solistler bilen bilelikde işlemek mümkinçiligi boldy. Festiwalyň maksatnamasynda Gianandrea Noseda, Rafael Payare, Nikolaj Szeps-Znaider, Pinchas Zukerman we Lisa Batiashvili ýaly dünýä belli sungat işgärleri çykyş etdiler. 3-nji sentýabrda Gianandrea Nosedanyň ýolbaşçylygynda orkestr Lisa Batiashvili bilen bilelikde Şimanowskiniň 1-nji Skripka konserti, şeýle hem Rimskiý-Korsakowyň «Şeherazada» eseri ýerine ýetirildi. 6-njy sentýabrda sazandalar Gianandrea Nosedanyň ýolbaşçylygynda meşhur skripkaçy Pinchas Zukerman bilen bilelikde Bethoweniň Skripka konsertini we Musorgskiniň–Raweliň «Sergiden suratlar» eserini ýerine ýetirdiler. 9-njy sentýabrda festiwalyň maksatnamasynda Gustaw Maleriň 2-nji simfoniýasy Rafael Payareniň ýolbaşçylygynda ýaňlandy. Festiwalyň 13-nji sentýabrdaky jemleýji konsertinde bolsa Nikolaj Szeps-Znaideriň ýolbaşçylygynda Riçard Ştrausyň «Der Rosenkavalier» suite we Morys Raweliň «La Valse» eseri ýerine ýetirildi. Sinandali festiwaly ýaş türkmen sazandalaryna dürli ýurtlardan gelen ýaş ýerine ýetirijiler bilen bir professional gurşawda işleşmäge, tejribe alyşmaga we dünýäniň meşhur ussatlaryndan bilim almaga mümkinçilik berdi. Festiwalyň aýratyn gymmatly taraplarynyň biri hem, bilim beriş maksatnamasynyň göni konsert tejribesi bilen utgaşmagydyr. Taýýarlyklardan we ussatlyk sapaklaryndan soň ýaş sazandalar uly sahna çykyp, dünýä derejesindäki sungat işgärleri bilen bilelikde çylşyrymly simfoniki eserleri ýerine ýetirdiler. Şeýle meşhur dirižýorlar, solistler we mugallymlar bilen işleşmek ýaş sazandalaryň sazçylyk dünýägaraýşyny giňeltmäge, ýerine ýetirijilik derejesini ýokarlandyrmaga we orkestr sazandasy hünärine täzeçe garamaga ýardam berýär.

No image
Medeni mirasymyz halkara giňişliginde

Halkara gatnaşyklary

26.09.2026

ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebit edarasynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde maddy däl medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara okuw merkeziniň (CRIHAP) bilen bilelikde gurnamagynda, 2026-njy ýylyň 8-10-njy sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Merkezi Aziýa sebitinde maddy däl medeni mirasy goramakda muzeýleriň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Gazagystandan gelen öňdebaryjy muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre, Merkezi Aziýa halklarynyň asyrlar boýy kemala gelen däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, senetçiligini, saz we ýerine ýetirijilik sungatyny geljekki nesillere ýetirmekde muzeýleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň döwrebap usullaryny öwrenmäge gönükdirildi. Maslahatyň işine gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar. Horwatiýaly kulturolog, antropolog we maddy däl medeni miras boýunça halkara hünärmen, doktor (Dr.sc.) Tamara Nikolić Đerić tarapyndan geçirilen okuw-amaly maslahatynyň barşynda ÝUNESKO-nyň 1972, 2003 we 2005-nji ýyllardaky Konwensiýalarynyň deňeşdirilmesi, maddy we maddy däl medeni mirasyň özara baglanyşygyna seredildi. Şeýle hem, halkara syýasatyndaky täze özgerişler, ýagny medeniýet pudagyndaky hukuklar, sanly sowatlylyk, durnuklylyk hem-de muzeý pudagynda täze hünär başarnyklaryny özleşdirmek barada amaly mysallar arkaly tanyşdyryşlar geçirildi. Söhbetdeşliklerde muzeýleriň diňe bir eksponatlary saklaýan mekan bolman, eýsem, degişli jemgyýetçilikler bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan medeni merkeze öwrülmelidigi bellenildi. Maslahatyň çäginde gatnaşyjylar halkyň dilden dile geçirilen mirasyny, aýdym-sazlaryny, senedini we milli oýunlaryny muzeý gaznalarynda sanly ulgam arkaly goramak, däp bolan milli sungaty köpçülige (master-klasslar arkaly) ýetirmek, inwentarizasiýa we gözleg işlerini geçirmek ýaly amaly ädimleri kesgitlediler. Çärä gatnaşyjylar 3 topara bölünip, maddy däl medeni mirasy goramak boýunça meýilnamalary düzmek, goraglylyk derejesine baha bermek, serişdeleri çekmek strategiýalaryny we monitoring amallaryny taýýarlamak boýunça amaly ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Bu sebitleýin seminar-trening Merkezi Aziýa halklarynyň medeni gymmatlyklaryny bilelikde öwrenmäge, muzeý işgärleriniň halkara derejedäki amaly tejribesini içgin ösdürmäge hem-de medeni mirasymyzy halkara giňişliginde giňden tanatmaga uly goşant goşdy. Käkilik Öwezberdiýewa, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary.

No image
«KURULTAI 2026» HALKARA MASLAHATY

Halkara gatnaşyklary

25.09.2026

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Buharest şäherinde (Rumyniýa) Rumyniýanyň ÝUNESKO baradaky Milli komissiýasynyň binasynda hem-de onlaýn görnüşde «KURULTAI 2026» halkara maslahaty geçirildi. Çäre gibrid görnüşde guraldy, çykyşlar iňlis we rumyn dillerinde alnyp baryldy. Çäriniň açylyşynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň düzümindäki Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Milli komissiýanyň başlygy Ioana Baskerwille, Tatar Demokratik Bileleşiginiň başlygy Naim Belgin we Rumyniýanyň ÝUNESKO baradaky Milli komissiýasynyň medeniýet boýunça hünärmeni Kodrin Taut söz aldylar. Ýurdumyzdan maslahatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligiň hünärmeni Güljan Igdirowa «Türkmenistanda maddy däl medeni mirasy goramak» (“Safeguarding Intangible Cultural Heritage in Turkmenistan”) temasy boýunça çykyş edip, müdirligiň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Öz çykyşynda ol ýurtda maddy däl medeni mirasy goramagyň hukuk esasy (milli maddy däl medeni mirasy goramak baradaky kanunlar), ekspedisiýalar, taýarlanan gollanmalary we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk ugurlary beýan edildi. Türkmenistan bilen bir hatarda dürli ýurtlaryň we guramalaryň wekilleri çykyş edip, dürli temalar boýunça öz işlerini tanyşdyrdylar. Adem Kaýa ABŞ-da sport we milli oýunlaryň jemgyýetleri nähili özgerdýändigi barada, olaryň taryhy köklerinden başlap, häzirki döwürdäki ähmiýetine çenli gürrüň berdi. Meksikadan Arturo Sançez “Ulama” oýnunyň dikeldilişini gürrüň berip, bu oýnuň ýaş nesle nähili geçirilýändigini gyzykly mysallar bilen düşündirdi. Debora Baržu “Gorkut ata” mirasy türki halklaryň milli özboluşlylygyny beýan etmekdäki ähmiýetini nygtady. Şeýle hem beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlary gyzykly we many-mazmunly boldy. «KURULTAI 2026» halkara okuw maslahatyna gatnaşmak Türkmenistanda maddy däl medeni mirasy goramak boýunça alnyp barylýan işleri halkara hünärmenlerine tanyşdyrmaga we dürli ýurtlaryň tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Güljan Igdirowa Maddy däl medeni miras müdirligi