logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN BEHIŞDI BEDEWLERIMIZ

Täzelikler

22.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Behişdi be¬dewleri türk¬me¬niň uçar ga¬na¬ty¬dyr. Ahalteke atlary halkymyzda ajaýyp gözelligiň, ýyndamlygyň, wepalylygyň, maksada okgunlylygyň nyşany hökmünde görlüpdir. Ahalteke bedewiniň gözel keşbi türkmen şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde aýratyn orun eýeleýär. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirilen «Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigine türkmen we daşary ýurtly sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly eserleri we fotosuratlary bilen gatnaşdylar. Geçirilen döredijilik bäsleşiginde suratkeşler, zergärler, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar ahalteke bedewiniň gözelligini, ýyndamlygyny açyp görkezdiler. Şeýle-de bäsleşige hödürlenen eserler sergi meýdançasynda görkezildi. Ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň we fotosuratçylaryň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp etmek boýunça halkara döredijilik bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary özüniň sungat eserleri bilen ýokary netijeleri görkezdiler. Ahalteke atlaryny nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy dizaýn kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň «Garaşsyz» atly nakgaş eseri bilen gatnaşyp, ýeňiji boldy. Atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Patdyk Patdykowyň «Maşgala» atly heýkel eseri bilen ýeňiji boldy. Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň esasy hünärmeni Ogulmaral Amanjaýewa «Türkmen bedewleri» atly haly eserler toplumy bilen ýeňiji diýlip yglan edildi. Sungat ojagymyzyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gazanan bu abraýly üstünligi ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmekde täze eserleri döretmäge ylham berjekdigi şübhesizdir. Jemal MEREDOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

No image
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Täzelikler

11.09.2026

10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bäsleşik ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam berýär. Hemmeler hormatly Prezidentimiziň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, sungat äleminde yz goýmak ussatlygy talap edýär. Aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýetmek üçin meşhur halypalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlygyny öwrenmek, halypa-şägirtlik mekdebini geçmek esasy zerurlykdyr. Halkyň kalbyna ornan aýdym-sazlar milli medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Şol hazynany baýlaşdyrmak bolsa ýaş aýdymçylaryň mukaddes borjudyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda yglan edilen bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Bu bäsleşikler döredijilik we sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanýan ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy, olaryň höweslendirilmegi, ussatlyk ýoluna gadam basmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. Şolaryň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň hatarynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet ulgamynyň, beýleki pudaklaryň işgärleri bar. Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller saýlanyldy. Onuň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra çykan aýdymçylara bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň hersinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 14-si bäsleşdi. Olar nusgawy, halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy-da göz öňünde tutuldy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Garaşsyzlyk şanyna ýaňlan, ýaňlan, Diýarym!» atly aýdymy konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Olaryň arasynda eýýäm aýdymlary söýlüp diňlenilýän belli aýdymçylar hem bar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny aýratyn ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

No image
Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi

Täzelikler

01.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli watan söýüji ilhalar, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şowhun, dabara bilen bellenilýär. Bu gün çagalar bagyna gatnaýan ýaşajyk çagalarymyzdan başlap mekdep okuwçylarymyzyň talyp ýaşlarymyzyň ýürekleri buýsançdan doly. Çünki ýaşlarymyz döwrebap çagalar baglarynda orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerde terbiýelenýärler, ylym-bilim alýarlar. Şu gün ýurdumyzyň ajaýyp ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilip geçildi. Täze 2026-2027-nji okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlaryň goşgularyň üsti bilen beýan edip, «Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly atly okuw sapagy bilen okuw derslerine başladylar. Sungatyň dürli ugurlary boýunça hünär berýän ýokary okuw mekdebimize 150 golaý talyp ýaşlar kabul edildi. Olar geljekde watanymyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde hem-de dünýäýaýmakda uly goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişerler. Şu pursatdan peýdalanyp Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekdäki alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris. GÖWHER SAPARMYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy

No image
“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi

Täzelikler

24.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Milli medeniýetiň ösdürilmegi, baý milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Watanymyzda aýdym-saz sungatynyň, şol sanda onuň nusgawy ýolunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu täsin sungatyň kemala gelmegi hem-de ösüşi türkmen bagşy-sazandalarynyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gadymdan gelýän milli aýdym-saz sungatymyzy mynasyp dowam etdirýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýaş nesilde milli medeniýetimize gyzyklanmany ösdürmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi munuň aýdyň subutnamadyr. Mukamlar köşgüniň eýwanynda şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, milli saz gurallarynyň, ussat bagşy-sazandalaryň fotosuratlarynyň sergisi guralypdyr. Mälim bolşy ýaly, medeniýet halkyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren gymmatlygy hasaplanýar. Türkmen halkynyň ýiti zehini hem-de paýhasy bilen asyrlaryň dowamynda döreden maddy we maddy däl gymmatlyklary dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi. Häzirki döwürde milli medeniýetimizi ajaýyp eserler bilen baýlaşdyrmaga goşant goşýan döredijilik wekillerine uly sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmeginde uly hyzmatlary bitiren halypa bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýandygyny nygtaýar. Halkymyzyň köpasyrlyk bagşyçylyk sungatyny has-da ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak üçin ýurdumyzda bäsleşikleriň, festiwallaryň yzygiderli geçirilýändigini, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň hem il içinden ýaş, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga we olaryň kalbynda milli aýdym-saz sungatymyza söýgini has-da artdyrmaga uly ýardam berýändigini, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär. Döredijilik bäsleşigine 18 - 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýokary ussatlyk bilen çalnan halk sazlarynda halkymyzyň geçen taryhy ýoly öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalaryň milli sazlary, halk aýdymlaryny Diýarymyzyň dürli sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşige köpöwüşginli äheň berdi. Türkmen halk saz gurallary häzirki wagtda dürli orkestrleriň düzüminde ýaňlanyp, şolaryň hatarynda dutar milli saz medeniýetimizde aýratyn orun eýeleýär. Bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlaryna orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň maksatnamasynda halkymyzyň saz medeniýetini, onuň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewlerini wasp edýän çykyşlar öz beýanyny tapdy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň aýratyn tolgundyryjy pursatlarynyň birine öwrüldi. “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginde ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom, altyn zynjyr bilen sylaglanyldy. Şeýle-de “Çalsana, bagşy!” bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri milli bagşyçylyk we dutarda saz çalmak medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmekde yhlasyny, döredijilik zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

No image
Ýaş zehiniň ýürek joşguny

Täzelikler

04.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere beslenýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda çagalykdan arzuwlan maksadymyň amala aşmagy meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Çünki men Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň kitap grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby boldum. Meniň muňa begenjimiň çägi ýok. Meniň Ahal welaýatynyň Nury Saryýew adyndaky welaýat çagalar sungat mekdebinde çeperçilik hünäri boýunça ilkinji sungat bilimimi kämilleşdirmek maksadym söýen kärimiň bagtyýar talyby bolmaklygyma getirdi. Türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň geçiren surat bäsleşigine gatnaşyp, özümiň döredijilik başarnygym bilen üstünlikli çykyş etdim. Bize bilim almaga, döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Amandursun Bäşimowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň kitap grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby

No image
BEDEW BATLY, DÖREDIJILIK RUHY BILEN

Täzelikler

07.07.2026

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Munuň özi Watanymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrüler. Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň orun berlipdir. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleriniň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny wasp edýän kitaplary serginiň bezegine öwrüldi. Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny bellediler. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, wepaly alabaýlarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasaty türkmen halkynyň gymmatlyklaryny äleme ýaýmagy esasy ugur edinýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýyly mynasybetli atçylyk we atçylyk sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň tassyklanylmagy şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň giň gerimde bellenilmegi häzirden sazlaşykly işiň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak her birimiziň öňümizde durýan möhüm wezipedir. Bedewlerimize bagyşlanýan eserler hem kämil we nepis bolmalydyr. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýady hasaplanýar. Garaşsyzlyk baýramy bilen bagly her bir işimiz, döredýän sungat eserimiz hem şol belent derejä mynasyp bolmalydyr. Dabaraly mejlisiň dowamynda 2016-njy ýylyň aprel aýynda düşürilen, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlaryny beýan edýän wideoýazgylar görkezildi. Olardan görnüşi ýaly, baýramçylyk mynasybetli Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Miras atly mele bedewe atlanyp, dabaranyň çäklerinde şanly sene mynasybetli guralan ak öýleriň ýanynda milli däp-dessurlara laýyklykda guralan toýlary synlaýar. Bu ýerde guralan ak öýleriň ýanynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy şol günki çäräniň bezegine öwrülipdi. Gyz çykarmak, ogul öýermek ynsan durmuşynyň iň ýakymly pursatlary hasaplanýar. Gelnalyjy dessury türkmen toýlarynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Onda paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýagşy dessurlary her döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylýar. Häzirki bagtyýar zamanada bolsa bu ýörelgeleriň dabarasy has-da belende göterilýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky durmuş toýy babatda dünýä nusgalyk ýörelgeleri döredipdir. Munuň özi toý dessurlarynyň derejesini artdyrmak bilen bir hatarda, ýaşlary agzybirlige, birek-birege düşünişip ýaşamaga gönükdirilen çagyryş hökmünde kabul edilýär. Soňra dabaraly mejlis “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meşhur ahalteke bedewlerine, atçylyga we atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri baradaky çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda türkmen seýisleriniň yhlasyndan dörän ahalteke bedewlerini giňden wasp etmek we olary halkara giňişlikde tanatmak boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy. Aýratyn-da, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler toparlary ýurdumyzda, daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallara, maslahatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Ahalteke bedewleri taryhyň dowamynda şahyrlaryň goşgularynyň, bagşylaryň aýdym-sazlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçipdir. Dürli döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getiren bedewleriň çeper keşbini döretmek ýörelgeleri häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň bedewlere bolan ählumumy söýgüsi, buýsanjy sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýärler, Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlis sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Belli estrada ýyldyzlarynyň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk senesini mynasyp garşylamak ugrunda zerur tagallalar edýän, täze eserleri döredýän medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň waspy öz beýanyny tapdy. Artistleriň, bagşy-sazandalaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” atly aýdymynyň ýaňlanmagy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

No image
Nagyşlaryň soňsuz söhbedi

Täzelikler

30.06.2026

Şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň şahsy döredijilik sergisi geçirildi. G.Töräýewa sungatyň bu görnüşi bilen köp ýyllardan bäri meşgullanyp gelýär. Onuň döreden sungat eserlerini, ýagny, ýantorbalary synlamak sungat muşdaklaryny haýrana goýdy. Gobelenden dokalan ýantorbalar gözelligi, nagyşlarynyň nepisligi we reňk sazlaşygynyň çeperçilik taýdan ýerlikli çözlendigi bilen tapawutlanýar. Ýantorbalara salnan nagyşlar suratkeşiň owadan dünýäsini baý dünýägaraýşyny we türkmen milliligine çäksiz söýgüsini açyp görkezdi. Gadymy milli “tegbent”, “gülýaýdy”, “älem”, “saýlan”, “goçak” ýaly nagyşlar döwrebap äheňler bilen baýlaşdyrylyp dokalypdyr. Ýantorbalardaky reňkler öz arasynda söhbet edýän kibi dokalypdyr. Sergi köp adamly, täsirli we gyzykly geçdi. Serginiň dowamyndaky çykyşlar bolsa suratkeş G.Töräýewanyň bu sungata bolan zehininiň we söýgüsiniň üstüni ýetirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda G.Töräýewa sungatyň bu görnüşini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde we dokalyşynyň inçe tilsimlerini öwretmekde irginsiz zähmet çekýär. Gobelen suratkeşi G.Töräýewa halypa hökmünde köp şägirtleri ýetişdirdi. Gobelen sungaty el bilen ýa-da ýörite stanoklarda dokalyp, dürli reňkli sapaklar arkaly şekil döredilýän nepis amaly-haşam sungatydyr. Köplenç halyçylyk sungaty bilen utgaşýan bu ugur, suratkeşligiň we dokmaçylygyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Gobelen dokalanda köp sanly reňkli sapaklar ulanylýar. Suratkeş ilki bilen surat taýýarlaýar, soňra şol surata laýyklykda ýüpek, ýüň ýa-da pagta sapaklarynyň üsti bilen, her bir çyzygyň we reňkiň geçişi gaýtadan janlandyrylýar. Gobelenler öýleriň we binalaryň içini bezemek üçin uly göwrümli diwar halysy, örtük ýa-da dekoratiw eser hökmünde ulanylýar. Gobelen dokalyş usuly taýdan türkmen halyçylyk sungatyna juda meňzeşdir. Maýa Halykberdiýewa, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

No image
Halypanyň döredijiliginde tebigatyň çeper çözgütleri

Täzelikler

30.06.2026

2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Natalýa Kaluginanyň hem-de Gennadiý Osipowyň şahsy döredijilik sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Natalýa Kaluginanyň hem-de Gennadiý Osipowyň döreden “Güller”, “Gülälekler”, “Dagdaky ýol”, “Dag peýzažy”, “Çöl peýzažy”, “Gyş”, “Köpetdag”, “Jülge”, “Ýaz”, “Änew metjidi”, “Bahar pasly”, “Güýz”, “Gaýa”, “Kert gaýa”, “Köl” ýaly peýzaž eserleri bellenmäge mynasypdyr. Suratkeş Natalýa Kaluginanyň we halypanyň ogly suratkeş G.Osipowyň ähli eserleri diýen ýaly türkmen tebigatynyň gözelliklerini çeper beýan edýär. Halypanyň peýzaž eserleri diýseň özboluşly, suratkeş diňe tebigatyň özüni suratlandyrýar. Suratkeşiň peýzažlary ähli toparlaýyn sergilere gatnaşýar. Tebigaty çekýän suratkeşleriň arasynda Natalýa Kaluginanyň işleri özüniň reňk öwüşginleri, hakykaty şahyranalyk bilen beýan edýändigi bilen tapawutlanýar. Bu eserleri synlanyňda suratkeşiň sergisine we sungatyna hormatyň has-da artýar. Peýzaž eserleri nakgaşçylyk sungatynda beýan edilende has-da owadan bolýar. Nakgaşçylyk sungatyndaky peýzaž eserleriniň nesil terbiýesinde uly orny bar. Ýaşlarda Watana bolan söýgüni oýarmakda we gözellik duýgusynyň inçeligini açmakda uly ähmiýete eýedir. Garagumuň sähralyklary we olarda bitýän ösümlikler, dag we sähra gözellikleri göz öňüňde janlanýar. Watanymyzyň tebigy gözelliklerini sungat eserlerinde beýan etmekde sungat işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler. Bu sergi öz işini 10 gün dowam eder.

No image
Milli medeniýetiň köpöwüşginli baýramçylygy

Täzelikler

29.06.2026

Medeniýet hepdeliginiň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar irden Balkanabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül çemenlerini goýup, söz ussadyny sarpaladylar. Soňra Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Dabarada çykyş eden medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň netijelerini jemläp, onuň dowamynda guralan çäreleriň, şol sanda döredijilik duşuşyklarynyň, sungat ussatlarynyň konsertleriniň, kinofilmleriň we sahna eserleriniň görkezilişleriniň, sergileriň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirendigini nygtadylar. Döredijilik forumynyň dowamynda geçirilen çäreler ruhy joşgunyň we milli ýörelgeleriň sazlaşygyny aýdyň görkezdi. Çykyş edenler giň gerimli sungat baýramçylygynyň geçirilmegi babatda döredilen ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagy okaldy. “Türkmen medeniýetini we sungatyny gülledip ösdürmek, dünýä derejesine çykarmak maksady bilen geçirilýän medeni çäreler, bäsleşikler, sergiler täze, döwrebap many-mazmuna eýe bolýar. Ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler medeniýet we sungat işgärlerini has kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Häzirki döwürde medeniýet ulgamynda gazanylýan ösüşler jemgyýetimizde ruhy galkynyşy artdyrmaga, bagtyýar raýatlarymyzyň watansöýüjiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolýandygynyň, dana Pyragynyň sarpasynyň belent derejä göterilendiginiň aýdyň güwäsidir” diýlip, Gutlagda nygtalýar. Soňra 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigi barada hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary okaldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Ajaýyp tomaşa zalynda ruhubelent aýdymlar ýaňlandy. Dabara artistleriň, meşhur tans toparlarynyň türkmen halk dessanlarynyň äheňinde döreden folklor çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk gününde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen döredijilik eserleri hem mynasyp orna eýe boldy. Aýdym-sazlarda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ýeten derejesine, dana Pyragynyň ussatlygyna bolan ählihalk buýsanjy öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen “Kalbymda sen” atly aýdym konserte gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Ýurdumyzyň birleşen folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy hem uly joşgun döretdi. Konsert oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde “Size şöhrat, Size şan, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly ajaýyp aýdym bilen tamamlandy. 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul etjek sebit hökmünde Daşoguz welaýatynyň wekillerine göçme kubok gowşuryldy. Soňra medeni foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. #### *** ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/ggggggggggggg.jpg) Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Agşamlyk «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada söz ussadynyň şygryýet toýy mynasybetli geçirilen döredijilik agşamy aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy. Oňa medeniýet, sungat, döredijilik, bilim işgärleri, talyplar, görnükli şahyryň eserleriniň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Köpetdagyň bu gözel künjegi medeniýet işgärleriniň duşuşyklarynyň ýygy-ýygydan guralýan ýerine öwrüldi. Döredijilik agşamynda çykyş edenler şahyryň öz döwrüniň öňdebaryjy pikirlerini öňe sürmek arkaly şygryýet dünýäsini baýlaşdyryp, döredijilik äleminde täze sahypany açandygyny bellediler. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgular halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlandy. Bular barada döredijilik agşamyna gatnaşan ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlarynda täsirli beýan edildi. Dag eteginde guralan çäräniň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini artdyryp, mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky medeni ojaklarda hem baýramçylyk çäreleri geçirildi, çeper filmleriň, sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň görkezilişleri boldy.

No image
MEDENIÝET BAÝRAMY DABARALANÝAR

Täzelikler

26.06.2026

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de onuň garamagyndaky goraghanalaryň hünärmenleri, alymlar gatnaşdylar. Bu çäräniň geçirilmeginiň hepdeligiň meýilnamasyna girizilmegi häzirki innowasiýalar we düýpli özgertmeler eýýamynda “medeni miras” diýen düşünjäniň barha giň many-mazmuna eýe bolýandygyny ýüze çykarýar. Çünki taryhy we medeni ýadygärlikleri, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak baradaky alada döwletiň hem-de jemgyýetiň örän möhüm wezipeleriniň hataryna çykaryldy. Türkmenistan — taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurt. Olar gadymy zamanlarda-da gurluşygyň ýokary derejede bolandygyna, senetçiligiň ösendigine şaýatlyk edýär. Balkan welaýatyndaky “Gadymy Dehistan” goraghanasynyň çäkleri hem şeýle gymmatlyklaryň biridir. Meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahatynda türkmen arheologlary tarapyndan gadymy Balkan topragynda saklanyp galan arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ýerine ýetirilen işler hem-de öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy. Balkan welaýat kitaphanasynda täze neşir edilen we sesli kitaplaryň, täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kitabyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler. Kitap halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ähli döwürlerde hem ol medeni we aňyýet ösüşiniň esasy guraly hasaplanypdyr. Ýokary hilli neşir önümleri kitap okamak medeniýetini ýokarlandyryp, ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň milli we dünýäniň ruhy gymmatlyklaryna aralaşmagyna ýardam edýär. Çünki ynsanyň durmuşynda kitabyň orny örän uludyr. Hepdeligiň maksatnamasyndaky çäreler Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Onda ýaş zehinler çeper döredijilige, milli sungata bolan höwesini görkezdiler. Olaryň belent ruha beslenen aýdym-sazly, joşgunly tanslar bilen utgaşan çykyşlary ýaşlaryň bu ugra gyzyklanmalarynyň ýokarydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda edilýän yzygiderli aladalaryň netijesidir. Çagalaryň baýramçylyk konserti medeni dynç alşy özünde jemlemek bilen, sungatyň döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getirýändigini äşgär etdi. Balkanly ýaş zehinleriň çykyşlary döwrebaplygy bilen tapawutlanyp, konserte tomaşa edýänlere ýakymly pursatlary bagyşlady. Balkan welaýat kitaphanasynda Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, žurnalistleriň, şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifingiň başynda ilkinji gezek emeli aň esasynda taýýarlanylan hem-de saz we ses serişdeleri bilen bezelen wideorolik görkezildi. Ol Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine bagyşlandy. Wideoroligiň emeli aňyň mümkinçilikleri bilen taýýarlanylmagy we çärä gatnaşyjylara görkezilmegi duşuşygyň mazmunyna laýyk gelýär. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyşlarynda Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçýändigini beýan etdiler.