logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Täsirli sergi

Muzeýler

09.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny, milli mirasyny gorap saklamak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynyň kenarýaka böleginde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň sergisi geçirildi. Onuň çäklerinde guralan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen sergi hem gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Güljeren Atabaýewa sergide çykyş etdi. Ol çykyşynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdi.

No image
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik

Muzeýler

09.10.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşigiň çäklerinde türkmen milli tahýalar barada söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen tahýasy – medeni gymmatlyklarymyzyň biridir. Ol milli baş gaplaryň arasynda çeperçilik taýdan gaýtalanmajak kämil bezel işi bilen tapawutlanýar. Ynsan başynyň täjine deňelýän tahýanyň täsin nagyşlarynyň mazmunyna kalbyň iň päk arzuw-hyýallary, maksat-myrady, gadymy ynançlar, paýhas-parasatly ruhy ýörelgeler siňdirilipdir. Türkmen tahýasynda ene topragyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir. Söhbetdeşlikde türkmen gözelleri keşdeçilik sungatynyň iň gadymy görnüşlerini tahýalara siňdirilen. «Gülýaýdy», «sekdirme», «guşgözi», «sekizkeşde», «çopanýoly», «süňşük» ýaly nagyşlaryň taryhy, aňladýan manylary barada gürrüň edildi. Şeýle hem nagyşlarda halkymyzyň watanperwerliginiň, zähmete bolan söýgüsiniň, tebigat bilen sazlaşygynyň, maşgala wepalylygynyň, özara sylag-hormatynyň jemi jemlendir. Tahýalar biçilip tikilende niýetlenen adamyň kellesiniň ölçegine görä alynýar. Keşdelenende sapaklaryň reňkine görä, ilki garalanyp hem gyzyllanyp, soňra sary, ak ýaly açyk sapaklar bilen keşdelenýär. Tahýalar ýaş aýratynlygyna görä geýilýär.Häzirki wagtda hem türkmen tahýasy gündelik durmuşda, baýramçylyklarda we milli dabaralarda buýsanç bilen geýilýär, türkmen medeni mirasynyň müdimi nyşany hökmünde giňden saklanyp galandyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Hoşallyk maslahatynyň çäklerinde sergi gurnaldy

Muzeýler

08.10.2026

Arkadag şäher häkimliginde “Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy – berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşiniň berk binýady" atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar köpöwüşginli sergini synladylar. Sergide ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary, amaly-haşam sungatynyň eserleri sergä aýratyn many-mazmuny bagyşlady.

No image
Hatyra gününe bagyşlanan sergi

Muzeýler

05.10.2026

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär, aýat-töwir okalyp, sadakalar berilýär. Ýurdumyzyň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak, ata-babalarymyzyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhymedeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Nesilleriň agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. Häzirki wagtda Aşgabat ak mermer binalara beslenen şähere öwrüldi. Agyr synaglardan geçen paýtagtymyz gaýtadan dikeldildi we parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekanyna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanan «Hatyra güni-hakyda güni» atly sergi gurnaldy. Birnäçe bölümden ybarat bolan bu sergide Aşgabat şäheriniň ýer titremesindäki durkuny görkezýän fotosuratlar, şol döwre degişli dürli tapyndylar, muzeý gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Pederleri sarpalap, öten-geçenleri hatyralap, ynsanperwer beýik işleri dünýäde dabaralandyrýan parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri uly üstünliklere beslensin. Nowça Babanyýazowa, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

No image
Hatyra güni mynasybetli muzeýe gezelenç

Muzeýler

05.10.2026

Hatyra güni mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymlarynyň hem-de okuwçylarynyň gatnaşmagynda gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda talyplar we okuwçylar muzeýiň gymmatly eksponatlary, halkymyzyň şanly taryhy, medeni mirasy we gahrymançylykly geçmişi bilen ýakyndan tanyşdylar. Mugallymlar we ýaş nesiller medeni çäräniň dowamynda Watanymyzyň azatlygy, parahatçylygy ugrunda şirin janlaryny gurban eden gahrymanlarymyzy çuňňur hormat bilen ýatladylar.

No image
Aýdym-sazly çykyşlara beslenen dabaraly çäre

Muzeýler

30.09.2026

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaş nesliň döredijilik ukyplaryna baha bermek hem-de medeni-sungat gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň saz toparynyň ýerine ýetirmeginde "Çaga kalbymyň owazy" atly aýdym-sazly çykyşlar hem gurnaldy.

No image
GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ AK BAGTY

Muzeýler

25.09.2026

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi türkmenistan halkynyň ata-watana bolan buýsanjyny, guwanjyny we söýgüsini artdyrdy. Bu şygar astynda Bedew bady bilen öňe barýan mähriban diýarymyzda belent maksatlara ýetilýär. Şeýle belent maksatlary öňde goýýan ildeşlerimiziň döredijiligini halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk sergisi gurnaldy. Muzeý işgärleri tarapyndan, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde gurnalan “Garaşsyzlyk – halkymyzyň ak bagty” atly baýramçylyk sergisi geçirildi. Sergide ýerleşdirilen amaly-haşam sungatynyň eserleri has-da özüne çekiji bolup, Ruslan Abdullaýewiň “Wagt” atly nakgaş eseri, Çemen Käbeýewanyň “Zerim–zynatym” atly şaý-sepleri, Baýgeldi Annamedowyň “Behişdi bedew” ady bilen at heýkelleri hem-de Gaýrat Matkarimowyň ýüpekden taýýarlanan kagyzdaky miniatýura eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda erkin suratkeş Gaýrat Matkarimow bilen guralan döredijilik söhbetdeşligi serginiň täsirini has-da artdyrdy. Birnäçe günläp dowam edýän bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, milli medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmäge döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

No image
Döwürlere ýörelge – nesillere görelde

Muzeýler

24.09.2026

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda gözbaşyny gadymdan alyp gelýän däbi ýaşulularymyzy sylamak, hormat goýmak Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer baştutanlygynda häzirki döwürde hem döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Her ýylyň 1-nji oktýabrynda BMG-a girýän döwletlerde Halkara ýaşulular gününi dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bagtyýar zamanamyzda her bir döwletli tutumlarda ilki bilen ýaşululara sala salmak, maslahat geçirmek däbi nesilden-nesile geçip gelýär. Il içinde ýokary adamkärçiligi bilen, görelde bolýan ýaşulularymyza “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy” diýen mertebeli atlaryň dakylmagy watandaşlarymyzyň başyny göge göterýär. Günsaýyn ösýän, özgerýän eziz Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Dilleri senaly Ýaşulularymyzyň halkara güni mynasybetli hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Döwürlere ýörelge – nesillere görelde” atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň nakgaş hem-de heýkel eserleri sergilendi. Ýaşulular jemgyýetiň paýhas hazynasydyr. Törden orunly, parasatly-öwütleri, baý durmuş tejribesini özinde jemlän ýaşulularymyzy, dünýäniň bezegi bolan kümüş saçly mährem enelerimizi Halkara Ýaşulular güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!

No image
HALKYŇ SESI-DÖWLETIŇ KUWWATY

Muzeýler

24.09.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda merdana halkymyz Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen giňden belleýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýaş nesiller üçin hem bagtyň gapysyny giňden açdy. Olara okamaga, öwrenmäge, şol sanda dünýäniň ösen ýurtlarynda-da döwrebap bilim almaga, zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmeklerine, Watanymyzy gülledip ösdürmäge öz goşantlaryny goşmagyna örän uly mümkinçilikler döredi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýär. Halk demokratiýasynyň bu kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär. Raýatlarymyzyň watan söýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda tagalla edilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg641116165165.jpg) Türkmen halky üçin ykbal kesgitleýji iň möhüm, iň bagtly sahypalarynyň biri hem mukaddes Garaşsyzlygyň gazanylmagydyr. Bu ähmiýetli waka mynasybetli, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy wekiller Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýini görmäge geldiler. Myhmanlaryň ilkinji syýahatlary türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri bolan, Döwlet muzeýinde aýawly saklanylýan gyzyl kürtäni, gülli joraby, alaja we alaja işmekdäki iş guralyny synlamak bilen başlandy. Muzeýiň hünärmenleri myhmanlara türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhy barada, behişdi bedewleriň ýyndamlygy, gözelligi barada, türkmen topragynyň tebigy baýlyklary we etnografiýa bölüminde bar bolan XIX asyryň ahyry XX asyryň başy bilen milli gymmatlyklary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ýaşulular geňeşiniň agzalary muzeýe aýlanyp görüp, muzeýde saklanylýan gymmatlyklaryň ýaşlaryň aňynda terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge uly ýardam berýändigini belläp geçdiler. Eden işi nusgalyk, parasatly gojalarymyzyň miras goýan senedine, enelerimiz nepis keşdeçilik sungatyna halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy çäksizdir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr.

No image
Ruhy mirasymyzyň hazynasy

Muzeýler

24.09.2026

Taryh – bu diňe bir geçmişiň ýazgylary däl, eýsem halkyň ruhy baýlygy hem-de geljege galdyrylan mukaddes mirasdyr. Şol mirasy gözüň göreji deý saklap geljek nesillere ýetirýän Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň açylanyna bu ýyl 15 ýyl boldy. Gündogar Türkmenistanyň medeni we taryhy merkezleriniň birine öwrülen muzeýimiz 15 ýyl bäri ildeşlerimize we şäherimiziň myhmanlaryna ak ýürekden hyzmat edip gelýär. Her bir eksponatda taryhyň syrly sesi eşidilýän geçmiş bilen şu güniň arasynda berk köpri bolup duran medeniýet ojagymyz özüniň 15 ýyllyk ýubileýini belleýär. Gurluşyk taryhyna seretsek 1967-nji ýylda Muzeýiň ilkinji ýerleşen ýeri Hajy Mälik metjidi bolupdyr. Bu bina kerpiçden we daşdan gurlan özboluşly gümmezli we çasly diňjagazlary bolan dabaraly arhitektura ýadygärligidir. Muzeý Türkmenabat şäheriniň merkezinde gadymy binada ýerleşip iki gatdan hem-de üç bölümden ybarat bolupdyr. 1967-nji ýylda muzeý açylanda ilki diňe çeperçilik sergileri we medeni çäreler geçirilipdir. Soňra Lebabyň dürli künjeklerinden adamlaryň öz ata-babalaryndan galan gadymy gap-gaçlary, milli egin-eşikleri, köne kitaplary we arhiw resminamalary bu ýere getirmegi bilen muzeýiň gaznasy baýlaşypdyr. Şol döwürde taryhçy Albert Burhanowyň ýolbaşçylygynda Amyderýa boýundaky gadymy ýerlerde Amul galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan köp sanly arheologik tapyndylar hem hut şu binada jemlenipdir. Sowet döwründe bu taryhy metjit binasy ülkäni öwreniş muzeýi hökmünde hyzmat edip şäheriň gelim gidimli ýerleriniň biri bolupdyr. Köne binanyň otaglary uly bolmanlygy sebäpli ekspozisiýalar dykyz we özboluşly ýerleşdirilipdir, galalardan tapylan tapyndylar köne binanyň iň esasy zallarynyň biri bolan Arheologiýa zalynda ýerleşdirilipdir. Ol ýerde gazuw agtaryş işlerinde tapylan uly hum küýzeler syrçaly we galyň diwarly gadymy jamlar aýratyn aýna gaplarda goýlupdyr. Syýahatçylaryň hem-de bu ýere gelýänleriň iň köp ünsüni çeken zatlaryň biri hem Amuldan tapylan ýüzüne burma şahly sugun şekillendirilen toýun möhürler hem-de şol döwür ulanylan mis we kümüş şaýy pullaryň toplumy bolupdyr. Çärjew şäherinde düýbi tutulan bu medeniýet mekany gündogar Türkmenistanyň çägindäki ilkinji uly muzeý bolup, ol sebitleýin taryhyň we medeniýetiň baş mukaddesligine öwrüldi. Amyderýanyň altyn akymy diňe bir topraga bereket däl eýsem bu mekanda ýaşan ata-babalarymyzyň baý taryhyny we medeniýetini gürrüň berýär. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bolsa şol baý mirasy öz goýnunda mähir bilen saklaýan geçmişiň syrly sahypalaryny şu günki nesillere ýetirýän hakyky bilim we medeniýet ojagydyr. Taryhy gyzykly bolan bu köne bina Türkmenabat şäheriniň taryhy we binagärlik ýadygärligi hökmünde heniz hem öz gymmatyny ýitirmän saklaýar. 2010-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykaran kararyna laýyklykda 2011-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-e Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde dabaraly ýagdaýda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi açylyp ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan bu bina 3 gatdan, 5 sany bölümden ybarat bolup, muzeýde ,,Garaşsyzlyk”, ,,Arheologiýa”, ,,Etnografiýa”, ,,Şekillendiriş sungaty”, ,,Tebigat” zallary hereket edip, taryhy eksponatlar bilen birlikde fotosuratlar hem-de maglumatlar bilen ýakyndan tanyşyp bolýar. Häzirki wagtda milli gymmatlyklarymyzyň 23024 gowragy saklanyp muzeý gaznasy has-da baýlaşdyrylýar. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bolsa şol baý mirasy öz goýnunda mähir bilen saklaýan geçmişiň syrly sahypalaryny şu günki nesillere ýetirýän hakyky bilim we medeniýet ojagydyr. Muzeý diňe bir eksponatlaryň ýeri bolman, eýsem ylmy-öwreniş we terbiýeçilik merkezidir. Geçen ýyllaryň dowamynda muzeý gazanasy has-da baýlaşyp müňlerçe ekskursiýalar, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen bilelikde dürli söhbetdeşlikler, gyzykly gezelençler şeýle-de muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklaryndan düzülen sergiler düzüldi. Halypa muzeý işgärleriniň hem-de olaryň şägirtleri arman-ýadaman bagtyýar zamanamyzdan ruhlanyp yhlasly zähmet çekýärler. Biz hem öz gezegimizde Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurulup ulanylmaga berilmeginiň 15 ýyllyk şanly senesi bilen ähli muzeý işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap muzeýde işlemäge döredijilikli zähmet çekip, milli mirasymyzy giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Gülälek Batyrowa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi