logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Okuw maslahaty

Medeni miras

28.10.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ÝUNESKO bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýdy. Mirasymyzy gorap saklamak boýunça öz strategiýasyny işläp düzmekde, Türkmenistan degişli Konwensiýanyň esasy ýörelgelerine we düzgünlerine esaslanýar. Türkmen döwleti tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar ÝUNESKO tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Oktýabrda bellenilýän Halkara maddy däl medeni miras güni, 2003-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda kabul edilen ÝUNESKO-nyň "Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky" Konwensiýasyna laýyklykda döredildi. Bu baýramçylygyň maksady – däp-dessurlara, senetçilige we aýdym-saz ugurlaryna ünsi çekmek we olary geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Bu sene dürli ýurtlarda sergiler, konsertler, ussatlyk sapaklary we ylmy maslahatlar ýaly dürli görnüşlerde bellenilýär. Türkmenistan ýurdumyzda Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramaklarynda «Dünýä halklarynyň saz guraly» atly aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary we Sazşynaslyk fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň kafedralaryndan we klublaryndan gelen wekiller konserwatoriýanyň muzeýinde ýerleşdirilen saz gurallarynyň sergisi bilen tanyşdylar hem-de halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen milli we häzirki zaman sazlaryny diňlediler. Okuw maslahatynyň esasy maksady – milli mirasymyzy gorap saklamak, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak hem-de adamzadyň medeni köpdürlüligini berkitmekden ybaratdyr. MADDY DÄL MEDENI MIRAS MÜDIRLIGI

No image
“PALAS ÖNÜMLERI – DOKMAÇYLYGYŇ GADYMY NUSGALARY”

Medeni miras

08.10.2026

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Dünýäniň taryhynda halkymyzyň mynasyp orny bar. Şonuň üçin türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir” diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, türkmen halky dünýä derejesinde ykrar edilýän gymmatlyklary bilen tanalýan iň gadymy halklaryň biridir. Şeýle baý mirasymyzyň nepis nusgalarynyň biri hem palas önümleridir. Palas önümleri çeper elli zenanlarymyzyň ýeňil bolmadyk, inçe we çylşyrymly el işleriniň biridir. Palas dokamaklyk yhlasly zähmeti, irginsizligi talap edýär. Bu nepis el işi ejeden gyza, gelnejeden baldyza, aýal dogandan uýalaryna geçip nesilme-nesil dowam edip gelýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz tarapyndan döredilen medeni mirasymyzy öwrenmekdäki we gorap saklamakdaky gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän beýik işleriniň guwandyryjy netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý mirasymyzyň naýbaşy nusgalaryny öwrenmekdäki ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde palas önümleriniň sergisi guraldy we “Dünýä nusgalyk miras” atly gepleşigiň çäginde “Palas önümleri – dokmaçylygyň gadymy nusgalary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Diýarymyzda milli - medeni we taryhy ähmiýetli mirasymyzyň iň gadymy nusgalarynyň biri bolan palas önümlerini öwrenmekde, olaryň asyl nusgalaryny dikeltmekde alnyp barylýan işler, palas önümleriniň türkmen durmuşynda tutýan mynasyp orny, dokalyş aýratynlyklary, usullary dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny öwrenmekde döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, alyp barýan döwletli işlerinde baky rowaçlyk arzuw etdiler. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
«MILLI MIRASYMYZ – GARAŞSYZLYGYMYZYŇ BERK BINÝADYDYR»

Medeni miras

07.10.2026

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Milli mirasymyz – Garaşsyzlygymyzyň berk binýadydyr» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde amaly-haşam sungatynyň sergisi, çeper höwesjeňleriň we döredijilik toparynyň çykyşlary hem guraldy. Halkara maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Gülşat Ýusupowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Gurban Myradow, şeýle hem Belarus, Gazagystan, Gyrgyz we Türkiýe Respublikalarynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň wekilleri gatnaşyp (onlaýn) çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim we medeniýet ulgamy babatynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we daşary ýurtlarda ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, federasiýalarynyň hem assosiasiýalarynyň hereket etmegi we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagy babatda döredilýän mümkinçilikler barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi.

No image
BAŞ SALDY DÄBI

Medeni miras

30.09.2026

#### Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan “Dünýä nusgalyk miras” atly gepleşikde türkmeniň baş saldy däbi barada söhbetdeşlik geçirildi Durmuşymyzy dabaralandyrýan toýdur tomaşalarymyz, olaryň şüweleňli geçmeginde uly orun eýeleýän däp-dessurlarymyz türkmeniň nusgalyk terbiýe mekdebiniň ömürlik hemrasyna öwrülip dowam edip geldi. Toýlaryň içinde täze maşgalanyň döremeginiň alamaty bolan durmuş toýy möhüm orun tutýar. Halkymyzyň agzybirlik baradaky garaýyşlary, garyndaşlyk gatnaşyklaryndaky mizemez ýörelgeler tutumly toýlaryň üsti bilen ýüze çykýar. Türkmen halkynyň asylly, terbiýeçilik ähmiýetli, ruhuňy göteriji däplere baýdygyna baş saldy däbiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Toý tutulan gününiň ertesi goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar ýygnanyşyp gelne baş salýarlar. Muňa, esasan, gelin-gyzlar, orta ýaşlaryndaky zenanlar gatnaşýarlar. Has ýaşuly zenanlar, ýaşajyk gyzlar oňa tomaşa edýär. Gelne baş salnanda iki topar bolup göreşilýär. Gyzlar gelni aldyrmaly däl, gelinler topary bolsa ony hökman alaýmaly. Baş saldyda üç gezek göreşilip, gelni üç gezek almak bu däbiň esasy şerti bolup dowam edýär. Bu göreş ahyry gelniň alynmagy bilen tamamlanýar. Şol bir zenan üç gezek gelne ýetmegi başaran bolsa oňa bu “göreşiň” ýeňijisi hökmünde baýrak berýärler. Şonuň ýaly hem üç gezekde aýry-aýry zenanlar gelni alan bolsa, olaryň hem hersine ýörite baýraklar berilýär. Ondan soňra gelniň başyndaky şaýly tahýany alyp “abraý bilen durmuşa çykmak saňa-da nesip etsin” diýen arzuw-niýet bilen ony täze gelniň baldyzynyň başyna geýdirýärler. Beýleki gyzlar hem şeýle derejelenip, abraý bilen durmuşa çykmagy arzuwlap, gezekli-gezegine ony başlaryna geýip görýärler. Ondan soňra täze gelniň gelinlik dünýäsine gadam basmagynyň aňlatmasy hökmünde onuň başyna gyňaç daňýarlar. Gyňaç daňylandan soň, gelinlik dünýäsine salmagyň aňlatmasy hökmünde täze gelniň iki örüm saçyny arka atmagyň däpleri ýerine ýetirilýär. Gyňaç daňan zenan gelniň saçyny emaý bilen arkasyna geçirmekçi bolýar. Ýöne gelin saçlaryny eline dolap, berk saklap oturýar. Töwerekdäkiler gelniň gaýynenesine “Gelniňiz-ä saçyny berenok, hany näme sowgat berjek” diýenlerinden soň, gaýynene gelnine niýetläp taýýarlan sowgadyny berýär. Şondan soň gelin saçyny berýär, ony yzyna atýarlar. Häzirki döwürde gaýynene gelnine köýneklik, gyňaç ýaly zatlary sowgat berýär. Öňki döwürlerde gaýynene gelnine hökman saçlyk bermeli eken. Bu gaýyn-gelniň arasynda dowam edip gelýän gadymy däplerimiziň biridir. Käbir ýerlerde bu däp häzirki günlere çenli saklanyp gelýär. Eneler köplenç “gelnime bererin” diýen ýagşy niýet bilen, gyzyl çaýylan kümüş şaý-sepleri öňünden ýygnap goýupdyr. Gelinler bolsa “gaýnymyň beren sowgady” diýip, gymmatbaha şaý-sepleri hemişe aýawly saklapdyr. Ogultäç HOJANAZAROWA, Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
BAŞ SALDY DÄBI

Medeni miras

14.09.2026

#### Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan “Dünýä nusgalyk miras” atly gepleşikde türkmeniň baş saldy däbi barada söhbetdeşlik geçirildi Durmuşymyzy dabaralandyrýan toýdur tomaşalarymyz, olaryň şüweleňli geçmeginde uly orun eýeleýän däpdir dessurlarymyz türkmeniň nusgalyk terbiýe mekdebiniň ömürlik hemrasyna öwrülip dowam edip geldi. Toýlaryň içinde täze maşgalanyň döremeginiň özboluşly alamaty bolan durmuş toýy möhüm orun tutýar. Halkymyzyň agzybirlik baradaky garaýyşlary, garyndaşlyk gatnaşyklaryndaky mizemez ýörelgeler tutumly toýlaryň üsti bilen ýüze çykýar. Türkmen halkynyň asylly, terbiýeçilik ähmiýetli, ruhuňy göteriji däplere baýdygyny baş saldy däbiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Toý tutulan gününiň ertesi goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar ýygnanyşyp, gelne baş salýarlar. Muňa, esasan, gelin-gyzlar, orta ýaşlaryndaky zenanlar gatnaşýarlar. Has ýaşuly zenanlar, ýaşajyk gyzlar oňa tomaşa edýär. Gelne baş salnanda iki topar bolup göreşilýär. Gyzlar gelni aldyrmaly däl, gelinler topary bolsa ony hökman alaýmaly. Baş saldyda üç gezek topulyp, gelni üç gezek almak bu däbiň esasy şerti bolup dowam edýär. Bu göreş ahyry gelniň alynmagy bilen tamamlanýar. Şol bir zenan üç gezek gelne ýetmegi başaran bolsa oňa bu “göreşiň” ýeňijisi hökmünde baýrak berýärler. Şonuň ýaly hem üç gezekde aýry-aýry zenanlar gelni alan bolsa, olaryň hem hersine ýörite baýraklar berilýär. Ondan soňra gelniň başyndaky şaýly tahýany alyp “abraý bilen durmuşa çykmak saňa-da nesip etsin” diýen arzuw-niýet bilen ony täze gelniň baldyzynyň başyna geýdirýärler. Beýleki gyzlar hem şeýle derejelenip, abraý bilen durmuşa çykmagy arzuwlap, gezekli-gezegine ony başlaryna geýip görýärler. Ondan soňra täze gelniň gelinlik dünýäsine gadam basmagynyň aňlatmasy hökmünde onuň başyna gyňaç daňýarlar. Gyňaç daňylandan soň, gelinlik dünýäsine salmagyň aňlatmasy hökmünde täze gelniň iki örüm saçyny arka atmagyň däpleri ýerine ýetirilýär. Gyňaç daňan zenan gelniň saçyny emaý bilen arkasyna geçirmekçi bolýar. Ýöne gelin saçlaryny eline dolap, berk saklap oturýar. Töwerekdäkiler gelniň gaýyn enesine “Gelniňiz-ä saçyny berenok, hany näme sowgat berjek” diýenlerinden soň, gaýyn ene gelnine niýetläp taýýarlan sowgadyny berýär. Şondan soň gelin saçyny berýär, ony yzyna atýarlar. Häzirki döwürde gaýynene gelnine köýneklik, gyňaç ýaly zatlary sowgat berýär. Öňki döwürlerde gaýyn ene gelnine hökman saçlyk bermeli eken. Bu gaýyn–gelniň arasynda dowam edip gelýän gadymy däplerimiziň biridir. Käbir ýerlerde bu däp häzirki günlere çenli saklanyp gelýär. Eneler köplenç “gelnime bererin” diýen ýagşy niýet bilen, gyzyl çaýylan kümüş şaý-sepleri öňünden ýygnap goýupdyr. Gelinler bolsa “gaýnymyň beren sowgady” diýip, gymmatbaha şaý-sepleri hemişe aýawly saklapdyr. Ogultäç HOJANAZAROWA, Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
«YNSAN ÜŞÜKLI – GÖWHER ZYNATLY BEDEW»

Medeni miras

01.09.2026

#### Ahalteke atçylyk sungatyna we atlaryň bezeg esbaplaryna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ynsan üşükli – göwher zynatly bedew» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige mirasy öwrenijiler, etnograflar we sungaty öwreniji ylmy işgärler, mugallymlar gatnaşdylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyzyň behişdi bedewleri barada gürrüň etmek diýseň ýakymly boldy. Biz hem şol söhbetlerden galan täsirleri size ýetirmegi makul bildik. Ahalteke atlary diňe bir türkmenleriň milli guwanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sähranyň hereket, tizlik we ruhy güýjüne eýe bolan gymmatlykdyr, türkmeniň medeni mirasynyň möhüm bölegidir. Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Türkmenler ýaşaýyş-durmuşyny, tutuş milletini taryhyň synaga salan pursatlarynda hem bedewinden elini üzen däldir. Ol, gaýtam, özi heläk bolsa-da, bedewini halas edendir» diýip, jaýdar belleýär. Ynha şu aýdylanlardan hem mälim bolşy ýaly, halkymyz bedew atyny iň ýakyn hossary derejesine ýetiripdir. Ahalteke atlarynyň döreýiş taryhy müňýyllyklary öz içine alýar we ähmiýeti taýyndan adaty atçylykdan has ýokarydyr. Ahalteke bedewleri türkmeniň mele topragynyň mährini süňňüne siňdirip ýetişdirilen gymmatlyklarymyzyň iň meşhurydyr. Olar seýisçiligiň milli tejribesi bilen terbiýelenen gylykly atlardyr. Halkymyz gözüniň üstündäki gaşyna deňän atlaryny hem çeper sungaty bilen döreden esbaplary, şaý-sepleri bilen ýokary derejede bezäpdir. Uz ýörüşli atlarymyz üçin haly-palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek ýaly el işlerine ussat ene-mamalarymyz haly horjunlary, atyň üstüne ýapylýan ýapynjalary, bökdergileri dokapdyrlar. Bu hünärler häzirki wagtda hem kämil we döwrebap röwüşde gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. At esbaplary we onuň bezeg şaý-sepleri demirçi ussalar, gön bilen iş salyşýan hünärmenler hem-de hünärine ussat zergärler tarapyndan nepislik bilen ýerine ýetirilipdir. Demirçi ussalar, atlaryň nallaryny, üzeňňisini, dürli tokalary, gön bilen iş salyşýan hünärmenler atlar üçin jylawlary, kellekileri, gamçylary, eýerleri ýasapdyrlar. Zergärler atlaryň beýleki bezeg şaý-seplerini kümüşden ýasap, ýüzüne altyn suwuny çaýypdyrlar. Häzirki täze taryhy döwrümizde ahalteke bedewleriniň sarpasy dünýä derejesinde has belende galdy. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyny bezedi. At: «ýyksam samandanam ýumşak ýere ýykaryn, pälim-niýetim gowy. Şonuň üçin meniň agynan ýerimde toý bolar» diýermiş. Her daban ýeri taryh bolup ýatan topragymyz türkmen bedewleriniň agynan topragy. At agynan mukaddes topragymyzda, eziz Diýarymyzda toýlar uludan tutulsun. Milli gymmatlyklaryň mesgeni bolan mähriban Watanymyzyň baý we kämil mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde ýörelgelik ýoly döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, illeri aman bolsun. Baky bagtyýarlyga beslenen ýurdumyzyň at-abraýy dünýä dolsun. Ogultäç Hojanazarowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
«KÄMIL SUNGATYŇ EÝESI»

Medeni miras

24.08.2026

#### Türkmenistanyň halk artisti Kiçi Geldimyradowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan #### aýdym-sazly dabara geçirildi Türkmeniň ömürlik hemrasyna öwrülen aýdym-saz sungatyny we bu sungatyň dowam edip gelýän ýollaryny, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny öwrenmekde alym Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly ajaýyp kitaby biz mirasy öwrenijiler üçin taýsyz ylmy gollanma bolup durýar. Bu ajaýyp kitapda türkmeniň meşhur milli saz guraly barada söz açylyp: “Iki kirişli dutar rowaýatçylaryň, ozanlaryň, bagşylaryň hemmesiniň hemişelik hemrasy bolupdyr. Türkmen bagşy-sazandalary ony hemişe egninden asyp gezipdirler, oňa janly zat, dost hökmünde garapdyrlar we iň bir ähmiýetli hem pynhan syrlaryny ynanypdyrlar” diýmek bilen, türkmen dutarynyň her bir bagşy-sazanda üçin keramatly saz guraly hökmünde görülendigi barada örän jaýdar bellenilýär. Şeýle gudratly saz guralyna erk edip, ençeme ilhalar aýdymlary ýerine ýetirip, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan bagşylaryň biri hem Kiçi Geldimyradowdyr. Ol 1911-nji ýylda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasynda dünýä inýär. Kiçi Geldimyradowyň bagşyçylyk sungatyna bolan ukyby eýýäm ýaşlyk ýyllarynda ýüze çykýar. Ýetginjeklik ýyllary hem ol gargydan tüýdük ýasanyp, saz çalar eken. Aşgabada göçüp gelenlerinden soň bagşy Oraz salyr, Garly bagşy, Amangeldi Gönübekow, Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Baky Maşak ýaly halypalar bilen işleşmegi aýdym-saz sungatyna has içgin aralaşmagyna we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Bagşy diňe bir halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, mukamçy bagşylaryň döreden täze eserlerini, şeýle hem goşa gargy tüýdügiň ýanynda ýanama aýdymlaryny hem ýerine ýetirer eken. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan Kiçi Geldimyradowa köp ýyllar çeken döredijilikli zähmeti üçin «Türkmenistanyň at gazanan artisti», soňra bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar. Häzirki döwürde türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyny özüniň şirin owazlary, ilhalar aýdymlary bilen bezän bagşylarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Olaryň döredijilik mirasyna bagyşlanan birnäçe dabaraly çäreler geçirilýär. Golaýda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi hem-de Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan halypa bagşymyz Kiçi Geldimyradowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan “Kämil sungatyň eýesi” atly aýdym-sazly dabara hem muňa ýadyň mysaldyr. Bu aýdym-sazly dabara hormatly ýaşulylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem bagşynyň nebereleri gatnaşdy. Dabarada bagşynyň durmuş, ömür we döredijilik ýoly barada gyzykly söhbetler edildi. Aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Dabara gatnaşanlar türkmen durmuşynyň ruhy hemrasyna öwrülen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde, bu sungatyň halypa bagşy-sazandalaryny sarpalamakda döredilen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Bizem ildeşlerimiziň ýürek arzuwlaryna goşulýarys. Goý, bagşyly hem bagtly ilimiziň iki kirişli meşhur dutarynyň sesi parahatçylygyň, bagtyýarlygyň sesi bolup ýaňlanyp dursun. Milli sungatymyzy dünýä derejesinde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Mähriban halkymyzyň her biriniň öý-ojagyna rysgal-bereket, bagtyýarlyk ýar bolsun. Ogultäç HOJANAZAROWA, Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
KEÇE BASMAGYŇ MILLI TEJRIBESI

Medeni miras

17.08.2026

Türkmen milli amaly-haşam sungatynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hem bahar ýaýlasy deýin owadan keçelerdir. Keçeler türkmen durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bu gadymy senet, müdimi sungat gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň miwesi bolup, milletimiziň döreden maddy we ruhy medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasydyr. Örän irki döwürlerden bäri keçe önümçiligi tutuş türki halklarynyň arasynda giň gerime eýe bolupdyr. Keçe taýýarlamak türkmen halkynyň hem gadymy we çeper el hünärleriniň biridir. Ol häzirki günlere çenli milli özboluşlylygyny saklap gelýär. Keçe önümçiligi çig malynyň elýeterliligi bilen has hem meşhur bolupdyr. Ulanmak üçin amatly, saglyk üçin diýseň peýdaly bolan türkmen keçesi gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli zähmeti bilen gözelligiň nusgasy derejesine ýetirilipdir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, döwletli Diýarymyzyň medeni mirasyny, taryhy ähmiýetli gymmatlyklaryny ylmy esasda çuňňur öwrenmek, goramak we aýawly saklamak, olary indiki nesillerimize geçirmek, halk arasynda giňden wagyz etmek babatynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Hut şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe milli muzeýinde “Keçe basmagyň milli tejribesi” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynyň çäginde keçe önümleriniň we milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy. Duşuşyga Ahal welaýatynyň keçe taýýarlamaga ussat gelin-gyzlary gatnaşdy. Duşuşygyň çäginde keçe senetçiligi, keçe basmakda ulanylýan gurallar, çig malyny taýýarlamak, keçe önümleri, ulanylýan ýerleri, nagyşlary, döwrebap keçeler, ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmeklige berilýän üns barada giňişleýin söhbetler edildi. Sözümiziň ahyrynda, sungat derejesine ýetirilen gymmatlyklarymyzyň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, mertebeli başlarynyň belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, bahar ýaýlasyny ýatladýan gülli keçeler baý mirasymyzyň gaýtalanmajak ajaýyp nusgasy bolup törlerimize gelşik-görk bersin. Kemine şahyryň aýdyşy ýaly türkmen zenanynyň döreden nusgawy gymmatlyklary “nusga bolup galsyn ilden-illere”.

No image
“DÜÝE MALY - DÜNÝE MALY”

Medeni miras

11.08.2026

#### (Ylmy-etnografik ekspedisiýalaryň maglumatlaryndan) Halkymyzyň ajaýyp bir aýtgysy bar: “Düýe maly – dünýe maly”. Düýe: “eýäm hiç haçan ýykylmasyn. Ýykylsa-da paşmagymdan hem ýumşak ýere ýykylsyn” diýermiş. Düýe malynyň häsiýetiniň türkmeniň ruhy ahwalaty bilen, gör, nähili inçe baglanyşygy bar. Hut, şonuň üçin türkmen halkynyň durmuşy düýe maly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmeniň “dünýe maly” diýip atlandyran düýeleri geçmişde oba hojalygynda, esasan hem çarwaçylykda iş maly hökmünde giňden ulanylypdyr. Geçen asyryň ortalaryna çenli maldarçylyk bilen meşgullanýan oba ýerlerinde esasy ýük ulaglarynyň biri düýeler bolupdyr. Düýesi bolan maşgala gurply hasaplanypdyr we özüni ýörite tebibi bar ýaly duýupdyr. Çünki düýäniň süýdi, çaly, agarany jana ýokumly, derde şypaly. “Düýe malynyň yrýa zady ýok” diýlişi ýaly, onuň derisinden çaryk, çokaý tikipdirler. Düýäniň ýüňi mukaddes hasaplanýar. Halkymyzda “düýe ýüňüni aýak astyna düşemeli däl” diýen berk düzgün saklanýar. Düýe maly her ýylyň maý aýlary bir gezek gyrkylýar. Düýäniň ýüňüni gyrkybam alýarlar, el bilen sypalap hem alýarlar. Onuň daraklap alnyşy hem bar. Köşegiň ilkinji gyrkymyna “torum gapdaly” diýilýär. Düýäniň ýüňi ýumşak hem owadan bolansoň, ondan agarçäkmen, aýal hem erkek guşaklary, saçaklyk ýaly zatlar dokalýar. Çäkmen üçin torumyň örküjiniň iki gapdaly daraklanyp alynýar. Düýäniň ýüňüni gyrkyp almasaň özi gaçýar, diňe gyllawy galýar. Eger düýäniň ýüňi daraklanyp alynsa, onuň hili ýokary bolýar. Öňki wagtlarda aýal maşgalalarda ýedi gat aýlanýan guşaklar bolupdyr. Ol bili gös-göni saklaýar. Düýe ýüňünden edilen guşagyň böwrege, bil oňurga peýdasy köpdür. Düýe: “Süýdümi bişirme, ýüňümi aýagyňa düşeme” diýipdir. Şonuň üçin türkmenler düýäniň ýüňünden aýak astyna düşelýän düşek etmeýärler. Süýdüni bişirmän içýärler. Düýe selin, selme, şora, çeti, ýandak ýaly otlary iýýär. Düýe maly bir hepde, on gün töweregi suwsuz gezmäge ukyplydyr. Düýe topragy süýji ýerlerden ot iýse, onuň süýdüniň tagamy has süýji hem-de dermanlyk ähmiýeti uly bolýar. Düýe öwreden gylyklaryňy tiz kabul edýär. Şonuň üçin düýä turuwbaşdan gowy gylyklar öwretmeli. Eger-de düýe haýsydyr bir ters hereket edýän bolsa, oňa eýesiniň bigeleňligi ýa-da biperwaýlygy sebäpdir. Gündogarda Lukman Hekim adyny alan Ibn Sina: ”Men giňligi hem irginsizligi - şol bir hereketi yzygider gaýtalamagy düýeden öwrendim” diýer eken. Düýe maly duýgur, akylly, ýatkeş, düşbi, uzak ýollary geçýän, sowuga-yssa, suwsuzlyga çydamly güýçli mal. Düýe ýatkeş bolýar. Ol başga oba satylsa, birnäçe ýyldan hem öňki obasyny tapyp bilýär. Düýe gözüne ýaş aýlasa bir zadyň alamatydyr. Ony urmaly däl, urulsa otuny hem iýesi gelmeýär. Düýe endik eden hereketlerinden birbada el çekmegi gaty kyn görýär. Şonuň üçin düýäniň ýatagy üýtgese-de, otuny iýesi gelmeýär. Düýe uzak aralykdan hem öňki ýatagyny päsgelçiliksiz tapyp bilýär. Düýe maly eýesiniň gapysyna gelende-de töweregine garanjaklap gelýär. Eger-de gapynyň öňüne taýak ýa-da ýüpden germew etseň, şol germewi aýyrýançaň garaşýar. Aýranyňdan soň girip, öz ýatagyna sowulýar. “Çök” diýseň çöküp, “çüw” diýseň turýan düýelere baş öwretmek hem irginsiz zähmeti we düýe malyna bolan hormaty talap edýär. Eýesiniň hereketlerinden öwrenip, ugramaly ugruny, ýöremeli ýoluny, barmaly ýerini, aýlanmaly örüsini, gaýtmaly wagtyny anyk bilýän bu keramatly malyň düşbidigine haýran galaýmaly. Uzak aralyklara ýol aşmakda düýä taý gelýän ulag ýok. Şeýle hem halkyň içinde gadymdan bäri diýilýän gürrüňe görä, eşek “men üstümde oturany ýyksam, toýnagymdan hem gaty ýere ýykaryn”, düýe bolsa, “men üstümde oturany tötänlikde ýyksam hem, dabanymdanam ýumşak ýere ýykaryn” diýenmiş. Ogultäç Hojanazarowa, Maddy däl medeni miras müdirligi.

No image
Milli lybaslar – halk mirasynyň medeni gymmatlygy

Medeni miras

07.08.2026

#### (Ylmy-etnografik ekspedisiýalaryň maglumatlaryndan) Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň nusgalyk derejesine ýetirilen baý mirasyny, milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmek we wagyz etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, şu ýyl – 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ylmy-etnografik ekspedisiýalar guraldy. Biz hem şol ekspedisiýalaryň dowamynda toplanan gymmatly maglumatlary yzygiderli dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Türkmen halkynyň milli lybaslary medeni-taryhy mirasyň häzirki zaman gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup galan ajaýyp nusgalarydyr. Halkymyzyň milli lybaslary şu günki günlerde-de özüniň biçüwini, reňk öwüşginini we medeni ähmiýetini saklap, tebigy ýagdaýda durmuşymyzyň möhüm bir bölegi bolmagynda galýar. Türkmenistan özüniň ýokary hilli dokma önümçiligi bilen meşhurlyga eýe bolan ýurtdyr. Bu mukaddes toprakda dokma sungatynyň kemala gelmegine sebitiň howa şertlerindäki çarwa we ýarym çarwa durmuş ýörelgeleriniň aýratynlyklary täsir edipdir. Mata dokmaçylygynda ýüň, pagta we elde dokalýan milli ýüpek matasy hökmünde tanalýan keteni uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Türkmenleriň geýinmek medeniýetinde ýaş aýratynlygyna möhüm ähmiýet berlipdir. Öýde, adaty günler geýilýän egin-eşikler örän oňalylygy, toý lybaslary bolsa ýokary derejede çeper bezemenligi bilen tapawutlanypdyr. Zenanlaryň uzyn köýnekleriniň giň biçüwi hereket edeniňde rahatlygy üpjün edipdir hem-de çölüň yssysyndan gorapdyr. Egin-eşigiň her bir böleginiň amaly ähmiýeti bolup, olar şol bir wagtyň özünde çuňňur many-mazmuny hem özünde jemläpdir. Bu aýratynlyk gelin-gyzlaryň lybasynda has-da aýdyň ýüze çykýar. Gelin-gyzlaryň geýim-gejiminiň esasyny göni biçüwli uzyn köýnekler tutupdyr. Hünärmenleriň bellemegine görä, köýnegiň reňkine, ýakasynyň keşdesine we başgaplaryň görnüşine görä zenanyň ýaşyny, maşgala ýagdaýyny, hat-da haýsy taýpadandygyny hem anyklap bolupdyr. Halk ynanjyna görä goýy gyrmyzy reňk ýaşaýyş güýjüni alamatlandyrypdyr we gelin-gyzlaryň toý lybaslary esasan, gyrmyzy-gyzyl reňkli matalardan taýýarlanylypdyr. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen keşdeçilik sungatynyň ajaýyp nusgalary milli lybaslarymyzyň bezegi hökmünde kämillik derejesine ýetirilipdir. El işleriniň iň nepisleriniň hatarynda durýan, köýnekleriň ýakasyndaky örän çylşyrymly el keşdeleri ony geýýäne aýratyn bezeg beripdir we anyk bir sebitiň nagyşlaryny özünde jemläpdir. Gyz-gelinleriň bu gözelligini maşgala abadançylygynyň nyşany bolan, hakyk daşy goýlan kümüş şaý-sepler has-da kämilleşdiripdir. Gelin-gyzlarymyzyň ýanly köýnekleri özüniň biçüw aýratynlygy hem-de örän oňaýlylygy bilen tapawutlanýar. Ýanly geýmek biziň şu günlerimizde hem ýoň bolup dowam edýär. Biz, ýerlere guralan ekspedisiýalaryň dowamynda ýanly köýnegiň biçilişi we tikilip taýýarlanylyşy barada gyzykly maglumatlary topladyk. Zenanlar köýnek biçjek, tikjek bolanda “Çarşenbe güni çar ýana” diýip, biçim-tikime çarşenbe güni başlapdyrlar. Ýanly köýnek biçilen wagtynda ilki aşyrysy alnypdyr. Tikilip başlananda bolsa, ýeňinden başlanýar. Halk arasynda “Ýeňinden başlasaň, ýeňersiň, ýanyndan başlasaň ýanarsyň” diýen düşünjä eýerilip, köýnek ýeňinden tikilip başlanypdyr. Ýanly köýnekler, esasan, üç bölekden durýar: köýnegiň aşyrysy, ýany hem-de ýeňi. Ilki bilen haýsy matadan kime niýetlenilip köýnek tikilýän bolsa, onuň ölçegini almaly. Köýnek biçilende ilki bilen mata uzynlygyna iki eplenýär. Soňra matanyň bir gyrasyndan tutup, zenanyň boýnunyň ýeňsesindäki tüňňüje süňküniň üstünde goýlup, aşaklygyna goýberilýär. Köýnegiň aşyrysynyň ini köýnek tikinýän zenanyň iki egniniň aralygy ölçelip, şoňa laýyklykda kesilip alynýar. Ondan soň aşyrynyň egninden aşaklygyna garyş sere epläp, şondan aşaklygyna ýan ölçelýär. Ýan gytaklaýyn eplenip kesilýär. Galan matadan ýeň biçilýär. Ýeň biçmek üçin matanyň bir ujuny egniňde goýup, beýleki ujuny külbike barmagyň ujuna deňäp ölçemeli we kesmeli. Ýeň biçilende onuň agzynyň ölçegi hem alynýar. Soňra ýana birikdiriljek ýeri ölçelýär. Şonda ýanyň ýokarsyna goýuljak begeýik hem göz öňünde tutulýar. Eger begeýik edilmese, ýanyň ujy gytaklanyp alynýar. Munuň üçin ýanyň başyna goltuga görä uç bermeli. Irki döwürlerde begeýik dürli reňkdäki matalardan edilipdir. Begeýiklik mata alnanda reňkleriň sazlaşygyna aýratyn üns beripdirler. Ýanly köýnek tikilende ilki aşyrynyň egni, ýagny öňi hem arkasy birikdirilýär. Soňra ýaka açylýar. Ýaka boýnuň daşyna laýyk bolup durar ýaly açylýar. Çünki, zenan maşgalanyň ezenegi agyp dursa gelşikli däl. Soňra aşyrynyň öň tarapy iki eplenip, kelle sygaýar ýaly şekilde dikligine ýaka açylýar. Ýaka zenanyň ýaşyna, islegine görä dürli nagyşlar bilen bejerilýär. Soňra onuň dört oky birikdirilýär. Ene-mamalarymyz köýnegiň ýagyrny bölegine nah matadan içlik tikipdirler. Oňa ýagyrniçlik diýilýär. Köýnege der siňmezlik üçin onuň ähmiýeti uly. Köýnek taýýar bolansoň, ýaka bagjyk etmeli. Bagjygyň ujy dürli reňkli sapaklardan gotazlansa has gelşikli bolýar. Bagjyk halka görnüşinde daňylýar. Täze köýnek geýene “Nesip etsin, toýda tozsun, toýda geýmek nesip etsin” diýen ýaly ýagşy dilegler edilýär. Şu pursatdan peýdalanyp, halk mirasynyň gadymy we nepis nusgalary baradaky maglumatlary toplamak we halk köpçüligine ýetirmek babatda giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Güljan Igdirowa, Ogultäç Hojanazarowa, Maddy däl medeni miras müdirligi.