logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
TELEFON BELGISI

+99312 92-18-65 +99312 92-04-67

SALGYSY

Aşgabat ş. Görogly köçesiniň 46-njy jaýy

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýek
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

”Watan” kinokonsert merkezi


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 12-nji maýyndaky Aşgabat şäherinde “Watan” kinokonsert merkeziniň binasynyň durkuny täzelemek hakyndaky belgili kararyna laýyklykda “Watan” kinokonsert merkeziniň durky “Doganaý Ýapy Prože we Inşaat Tijaret LTD. ŞTI” türk firmasy tarapyndan täzelenip dünýä ülüňlerine gabat gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.

2010-njy ýylda Hormatly Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylyp ulanylmaga berildi. “Watan” kinokonsert merkeziniň tomaşa zaly 517 tomaşaça niýetlenip şu günki günüň talabyna laýyk ýumşak we ýakymly oturgyçlar bilen üpjün edilen.

Durky täzelenen “Watan” kinokonsert merkeziniň esasy wezipesi Türkmen nusgawy we häzirki zaman kinofilmleri şeýle-de daşary ýurtlarda öndürilen çeper we multiplikasion filmleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna görkezmekden ybarat bolup durýar. Bulardan başgada “Watan” kinokonsert merkezinde dynç alyş konsertlerini, döredijilik işgärleri bilen dürli duşuşyklar aýdym-saz agşamlaryny, çagalar üçin niýetlenen ýörite medeni köpçülik çärelerini şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeniýet we sungat, ykdysady ösüşini halka giňişleýin wagyz etmek boýunça dürli çäreler gurnalýar. Mundan başga-da merkezde daşary ýurt medeniýet we kino günlerini paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýetirýär. Häzirki günlerde merkeziň agzybir işgärleriniň tagallasy bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli kinokonsert merkezinde maksatlaýyn medeni köpçülik çärelerini dabaraly geçirmek meýilleşdirilýär.

Kinokonsert merkezine 22, 26,40, 10 belgili awtobuslar bilen gelip bilersiňiz.