logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
TELEFON BELGISI

+99312 92-72-25 +99312 92-72-44

SALGYSY

Aşgabat şäheri, A.Nowaýy köçesi, jaý 88

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýek
09:00
18:00
- 09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi


Muzeý Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda çykaran 7069 belgili Karary esasynda döredilýär we 17-nji fewralda muzeýiň täze, döwrebap binasy dabaraly ýagdaýda açylýar, muzeýiň 4832 inedördül metr sergi meýdany bolup, hemişelik sergi zallarynyň 10-sy we 1 sany wagtlaýyn sergi zaly bar. Muzeýiň gurluşygyny Fransiýanyň “Buig” gurluşyk firmasy ýerine ýetirdi.

Muzeý ak mermere bürenip, depesinde gögümtil gümmez bina edilendir. Bina üç gatdan ybarat bolup, birinji, ikinji gatynda muzeýiň ekspozisiýasy görkezilýär. Ikinji gatda muzeýiň işgärleri üçin iş otaglary hem-de 215 orunlyk mejlisler otagy ýerleşýär. Üçünji gatda kitaphana we okalga zaly bar. Muzeýiň iň aşaky, ýarym ýerzemin gatynda bolsa muzeý esbaplary saklanylýan otaglar, barlaghanalar we eserleriň durkuny dikeldiş ussahanalary ýerleşýär. Muzeýde jemi 16 müňe golaý muzeý gymmatlygy saklanylýar. Ekspozisiýa meýdany 4832 inedördül metr bolan bu muzeýde 133 hünärmen işleýär.