logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
TELEFON BELGISI

+993(00222) 4-91-26

SALGYSY

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Uzboý köçesi

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi


Muzeý Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ady bilen Balkan welaýatynyň häkiminiň 2000-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran karary esasynda, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň 2000-nji ýylyň 29-njy fewralynda çykaran 20-nji buýrugy esasynda döredildi. Welaýatyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän welaýat muzeýi ýerli sebitde muzeý işini amala aşyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirýär.

Muzeýiň gaznahanasy örän baý bolup, ol welaýatyň ykdysady, durmuş, medeni, ylym we bilim ulgamlarynyň gazananlaryny açyp görkezýär. Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän gurluşyk, önümçilik kärhanalarynyň gazanýan netijeleri we üstünlikleri muzeýiň sergi ekspozisiýasynda öz beýanyny tapýar. Muzeýde Hazaryň meselelerine degişli aýratyn ekspozisiýa has-da täsirliligi bilen tapawutlanýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyzyň bu sebitinde Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen syýahatçylyk ulgamy, döwrebap dynç alyş we bejeriş merkezleri, olaryň ilatymyza hem-de daşary ýurtly myhmanlara hödürleýän hyzmatlary, milli seýilgähler toplumy baradaky maglumatlara muzeýiň sergi zallarynda uly orun berilýär.

Muzeý ilata muzeý hyzmatyny amala aşyrýan medeni aň-bilim we ylmy-barlag döwlet edarasydyr. Muzeýiň alyp barýan işi we gaznasy Balkan welaýatynyň çäginde aýratyn ähmiýete eýe bolan, welaýatyň, welaýatdaky şäherleriň, etraplaryň taryhy, medeniýeti we tebigaty bilen bagly maddy we ruhy gymmatlyklary toplaýan, gorap saklaýan we sergilemek arkaly halka ýetirýän döwlet gaznasynyň merkezidir. Ol muzeý gymmatlyklaryny toplamak, gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, olary sergilemek arkaly ilata ýetirmek ýaly maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 12-nji maýynda çykaran 9817 belgili Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ajaýyp täze binasy guruldy we 2011-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda dabaraly açyldy. Muzeý 3 gatdan ybarat. 1-nji, 2-nji gatlarda sergi zallary ýerleşýär. Muzeýiň 3-nji gatynda 100 orunlyk mejlisler zaly we işgärler üçin iş otaglary bar. 2-nji gatda kitaphana, okalga zaly ýerleşen. Muzeýiň ýerzemininde gaznahanalar, rejeleýiş işlerini geçirmek üçin ussahanalar, barlaghanalar, goragçylaryň enjamlaşdyrylan otaglary ýerleşýär.

Muzeýde sergi zallarynyň 6-sy bolup, olardan Häzirki zaman zaly, Ülkäni öwreniş zaly we Şekillendiriş sungaty zaly binanyň 1-nji gatynda, Taryh we arheologiýa zaly, wagtlaýyn sergiler zaly hem-de Etnografiýa zaly binanyň 2-nji gatynda ýerleşýär. Muzeýde jemi 7 600-den gowrak muzeý gymmatlygy goralyp saklanylýar, muzeýiň ekspozisiýa meýdany 2879 inedördül metre deň. Balkan welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli jemi 6 sany döwlet muzeýi bar.