logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Döredijilik çarbagynyň bagbany

Kitaphanalar

08.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäheriniň 31-nji orta mekdebinde “Döredijilik çarbagynyň bagbany” atly edebi agşam geçirdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran meşhur söz ussatlarynyň, ýazyjy şahyrlarynyň mertebesini belent tutýar. Olaryň ömri-döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikler açýar. Şeýle söz ussatlarynyň biri hem, türkmen edebiýatynda özüniň ajaýyp eserleri bilen öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýew. Ol döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösmegi üçin bitiren işlerini nazarda tutsak, onda ol bir asyrlyk, on asyrlyk işiň iňňän gysga pursatlarda bitirilendigine göz ýetirýärsiň.

No image
Unudylmajak gahrymanlar baky ýaşar gursakda

Kitaphanalar

08.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Unudylmajak gahrymanlar baky ýaşar gursakda» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanan weteranlarymyza we olaryň ojagyny saklan enelerimize goýulýan sarpanyň örän ýokarydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň edermen ogul-gyzlary, beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde, urşuň agyr synagyna döz gelip, dünýäde parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezendikleri barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk bagtymyzyň senasy

Kitaphanalar

07.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmeginde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebinde “Garaşsyzlyk bagtymyzyň senasy” atly duşuşyk geçirdi. Garaşsyzlyk ata-Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyz. Dünýä bileleşigi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýýar we öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Ine, şular dogrusynda kitaphana hünärmeni ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar goşa ganatymyz bolan Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy

Kitaphanalar

07.05.2026

! Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!” ady bilen Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara geçirdiler. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toý-dabara baý Diýarymyzyň ähli ýerlerinde Ýeňiş güni mynasybetli çäreleriň, dabaralaryň, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda gahrymanlary ýatlap, gül goýmak dabarasynyň hem geçirilýändigini bellediler. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň arzyly Ýeňşi golaýlaşdyrmak üçin tylda zähmet çekendiklerini buýsanç bilen ýatladylar. Döredijilik bilen meşgullanýan kitaphanaçylar Beýik Ýeňiş baýramy we gerçeklerimizi ýatlap ýazan ajaýyp şygyrlaryndan okap berdiler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Gaýduwsyzlygyň beýik mekdebi” atly kitap sergisi hem gurnaldy.Watanymyzy goran gahrymanlary hoşallyk duýgusy bilen ýatlamak, olaryň şan-şöhratyna beslenen durmuş ýoluna hormat-sarpa goýmak halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Şeýle ajaýyp ýörelgelerimizi dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

No image
Döwürleriň röwşen ösüşlerine şamçyrag sen – Magtymguly Pyragy

Kitaphanalar

07.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Döwürleriň röwşen ösüşlerine şamçyrag sen – Magtymguly Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman, eýsem, ýer ýüzüniň ähli halklarynyň şahyrydyr. Şahyryň ýazan ähli goşgulary bütin adamzat dünýäsi üçin örän täsir galdyrýar. Dana şahyryň goşgulary köptaraplylygy hem-de çeperçiligi bilen baýdyr. Şahyryň öwüt-nesihat, edep-terbiýe barada ýazan goşgulary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ähmiýeti diýseň uludyr. Şular dogrusynda kitaphanaçylar söhbetlerini dowam etdirip, Magtymguly Pyragynyň watançylyk temasynda ýazylan goşgularyndan labyzly okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Mertler Watany beýgeldýär

Kitaphanalar

07.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Watan mukaddesligi” muzeýinde gezelençde boldylar we “Mertler Watany beýgeldýär” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazdylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar uludan toýlanýar. Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly, mukaddes baýramlaryň biridir. Ata-babalarymyzyň, gerçeklerimiziň söweşde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň nusgalyk edermenligi häzirki döwürde ýaş nesillerimizi watançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Asuda asmanyň astynda, parahat ýurdumyzda ýaşap, halal zähmet çekmegimiz üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

No image
Gahrymanlaryň belent sarpasy

Kitaphanalar

07.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli «Gahrymanlaryň belent sarpasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygynyň şan-şöhrata beslenip uly dabara bilen bellenilip geçilýändigi, ata-babalarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy hakyky mertligiň nusgalyk mekdebi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen gerçekleri edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýaş nesillerimiz üçin görelde mekdebi bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyza bagtyýar, asuda ýaşaýşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bedew şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan

Kitaphanalar

06.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bedew şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. şGürrüňdeşlikde çykyş edenler her bir halkyň milli gymmatlygyna öwrülen milli mirasy bolup, türkmen halkynda ata-babalardan gelýän ajaýyp jümle bar “At agynan ýerde toý bolar” diýip ahalteke, behişdi bedewleriniň toý-baýramlarda ähli döwürlerde-de ýaraşyk berip gelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyz behişdi bedewlere egsilmez söýgüni mydama kalbynyň töründe saklap, at döwletliligiň, abadançylygyň nyşany hasaplanylýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmeniň behişdi bedewleriniň abraý-mertebesini belende götermekde, atçylyk toplumyny ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bakydyr dünýäde Ýeňiş baýramy

Kitaphanalar

06.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli “Bakydyr dünýäde Ýeňiş baýramy” ady bilen çäre geçirdi. Çykyş eden kitaphana hünärmenleri ata Watanymyzyň asudalygy, parahatçylygy ugrunda göreşen gerçeklerimiziň, mert ýigitlerimiziň edermenligi, yzynda ojagynyň oduny öçürmän garaşan käbelerimiz barada täsirli çykyş etdiler. Bu çäre türkmen halkynyň taryhyny hem-de geçmişimizi çuňňur öwrenmeklikde, esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ýardam berýär. Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Ýaşlary terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti

Kitaphanalar

06.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ýaşlary terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, täze taryhy eýýamda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýaş nesle halkara derejede bilim-terbiýe bermek boýunça maksatnamalaýyn işleriň giň gerimde durmuşa geçirilýändigi hakynda gürrüň etdiler. Mundan başga-da kitabyň adamlaryň durmuşynda, ylaýta-da ýaşlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaklarynda tutýan ornunyň uludygyny belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!