logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitap sergisi

Kitaphanalar

06.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Bol hasyl rysgal bereket” ady bilen baýramçylyk kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da hasyl bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Hasyl toýy – topraga yhlasyň ýoly

Kitaphanalar

06.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Hasyl toýy – topraga yhlasyň ýoly” atly oba hojalygynyň görnükli wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynda oba hojalygyna berilýän ünsüň uludygy barada giňişleýin gürrüň berildi. Mundan başga-da hasyl toýunyň ähmiýeti barada hem söhbetdeşlik edildi. Duşuşykda ýaş neslimize milli ekerançylyk däplerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Rysgal berekediň mekany

Kitaphanalar

06.11.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Bagtyýar Nesiller” 74-nji orta mekdebiniň ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde “Rysgal berekediň mekany” ady bilen Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen daýhanlarymyzyň her ýyl ak bugdaýdan, gowaçadan, bol hasyl alýandyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Topragymyzdan önýän dürli ir-iýmişler, bakja önümleri gök önümler bazarlarymyzy bereket çeşmesine öwürýär. Topraga hyzmat eden ondan diňe bereket tapýar diýip alyp baryjy söhbetdeşligini gyzykly dowam etdi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly täsirli sorag-jogap bilen dowam edildi. Şeýle hem “Bereketli saçagyň baýramy” atly çärämizde sergi gurnaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

06.11.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw – terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli çagalar bölümi bilen bilelikde guramagynda “Dünýäň syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu günki günde çagalar bakja baglary ene-atalaryň ýakyn ýardamçylary bolýarlar. Esasan hem olara çaga terbiýesinde ýakyndan ýardam berip, terbiýeçiler çaganyň irki ösüşi barada pikirlerini beýan edýärler. Bu bolsa ene-atalaryň çaga terbiýesinde asylly ýörelgelere, milli terbiýä ýykgyn etmeklerine itergi berýär. Ata-enäniň çagalar bilen alyp barýan işleriniň, okap berýän çeper eserleriniň, halk döredijilik eserleriniň görnüşleriniň sapaklarda ulanylmagy, olary körpeleriň ýadyna salmagyna, gaýtalamagyna, öwrenen maglumatlarynyň berkemegine ýardam edýär. Munuň özi çaga terbiýesinde alnyp barylýan işleriň täsirliligini ýokarlandyrýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda körpelere “Haýyrly hazyna” atly hekaýany gürrüň berildi. Bu bolsa has hem çagalara kitap okamaklyga bolan höwesini artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar

Kitaphanalar

06.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, Merkeziň Zenanlar guramasy bilen bilelikde “Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar” atly wagyz - nesihat çäresi geçirildi. Çärede ene-mamalarymyzdan gelýän millilikleri ýaş gyz-gelinlerimize öwretmeklik, ene-atasyndan alýan edep terbiýesi, görüm-göreldesi, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda ýerine ýetirilýän işler dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlarymyza goýulýan sylag-sarpasy, döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Ösüşlere tarap ak ýol

Kitaphanalar

06.11.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara şanly senelere beslenýär, hem-de taryhy wakalara eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, kitaphananyň işgärleri bilen hem-de, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komiteti bilen bilelikde “Ösüşlere tarap ak ýol” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda myhmanlar öz ýürek joşgunlaryny beýan etdiler. Türkmenistan syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ösüşleriniň giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda döwletli diýarymyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň barha gülläp ösmegine halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara giňişlikdäki abraý-mertebesi belent derejelere göterilýär diýip, myhmanlar öz sözlerini soňladylar. Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Wepaly dost, edermen goragçy

Kitaphanalar

06.11.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň 35-nji çagalar bagynyň körpelerine “Wepaly dost, edermen goragçy” ady bilen kitaphana syýahat geçirdiler. Kitaphana hünärmenleri türkmen alabaý itleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Çagalar “Türkmen alabaýy” atly kitaby bilen tanyşdylar. Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, asylly däbe eýerilip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda uludan bellenip geçilýär. Bu bolsa häzirki döwürde ýaş nesillerde milli gymmatlygymyz hasaplanýan türkmen alabaýlaryna bolan söýginiň has-da artmagyna ýardam berýär.

No image
Täze neşire kitaphana syny

Kitaphanalar

05.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen kitaphana synynda çykyş edenler, Özbegistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň Döwlet kitaphanasyna sowgat beren özbek dilinde neşir edilen, “Görogly” atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Bu kitapda Rahmatulla şahyr Ýusuf oglunyň dilinden ýazga geçirilen 27 sany dessanyň ýerleşdirilendigini beýan etdiler. Dessanlarda rowaýata öwrülen halk gahrymanynyň dünýä inişi, onuň batyrlyk bilen geçen ýaşlygy, başdan geçiren söweşleri, erkinlik ülkesi bolan Çambyl şäheriniň gurulmagy, onuň perzentleriniň – Hasanhanyň we Awazhanyň Çambyla getirilmegi, olaryň gahrymançylyklary söýgi we wepalylyk, ata-ene hormaty, doganlyk, dostluk hem-de Watana bolan söýgi temalarynyň beýan edilýändigini mälim etdiler. Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitaba hem-de hünäre sarpa

Kitaphanalar

05.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda geçirilen “Türkmenistan – ösüşleriň Diýary, ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry mynasybetli söhbetdeşlikler ýazgy edildi. Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana işini döwrebap ýola goýmakda uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny peşgeş berýän ajaýyp eserlerinde hem görmek bolýandygyny, eserleriň ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly, ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de “Altyn asyr: Türkmenistan”, ”Miras” we “Aşgabat” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edilen hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boýunça söhbet etdiler.

No image
Edep ynsan kalbynyň aýnasy

Kitaphanalar

05.11.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan golaýda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň ýazgy etmekliginde “Edep ynsan kalbynyň aýnasy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Edep-terbiýe adamzat jemgyýetiniň iň möhüm sütünleriniň biri bolup, ynsanyň içki dünýäsiniň aýnasy hasaplanylýar. Türkmen halkynyň asyrlardan aşyp gelýän baý medeni mirasynda, pähim-parasatly kitaplarynda we rowaýatlarda ýaş nesle berilýän terbiýe hem-de ahlak gymmatlyklary uly orun eýeleýär. Kitaplarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän dost-doganlyga, goňşuçylyga, agzybirlige we birek-birege goldaw bermek arkaly kemala gelýän medeniýet wasp edilýär. Kitaphana hünärmenleri tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde şular hakynda täsirli gürrüňleri etdiler.