logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
No image
Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Malaýziýanyň Halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar

Syýahatçylyk

09.10.2026

2026-njy ýylyň 2-4-nji oktýabry aralygynda Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «INTAC-2026» halkara syýahatçylyk sergisine, Türkmenistanyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalarynyň birnäçesi gatnaşdylar. «Döwletli jahan», «Gadymy miras», «Eşretli syýahat» syýahatçylyk kärhanalary serginiň giň zalynda, Türkmenistanyň pawiliýonlarynda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyrýan wideorolikleri we bukletler hem-de milli sowgatlyk önümleri bilen çykyş etdiler. Şeýle hem, sergä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlara türkmen tagamlaryny hödürlediler. Aşgabat-Kuala-Lumpur-Aşgabat göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy, Türkmenistan bilen Malaýziýa döwletiniň arasynda syýahatçylaryň akymyny has-da köpeltmek üçin örän ähmiýetlidir. Malaýziýa bilen syýahatçylyk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, bu ýurtdan ýurdumyza gelýän we ýurdumyzdan syýahat etmek maksady bilen gidýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna itergi berýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly ÝUNESKO-nyň maddy medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimizi halkara syýahatçylyk sergilerinde we syýahatçylyk platformalarynda mahabatlandyrmak, taryhy ýadygärliklerimiz barada gyzykly maglumatlary ýaýratmak arkaly ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri dünýä ýaýylýar.

No image
Syýahatçylyk hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Syýahatçylyk

08.10.2026

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýahatçylyk Geňeşi bu ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny dolandyrmakda esasy orna eýedir. 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň (GDA) daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde, GDA-nyň agza döwletleriniň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027-2028-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Türkmenistanyň arasynda syýahatçylyk ulgamy babatdaky dowamly gatnaşyklar täze herekete eýe bolýar. Türkmenistan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýahatçylyk Geňeşi bilen syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklarda GDA-nyň “Arkalaşygyň syýahatçylyk paýtagty” atly Döwletara maksatnamasyny kabul etmek, Işewürler merkeziniň syýahatçylyk babatda bilelikdäki meýdançany döretmek baradaky tekliplerini goldap, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi tarapyndan yzygiderli GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýahatçylyk Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän ekspert toparynyň maslahatlaryna gatnaşylýar. GDA-nyň agza döwletleriniň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027-2028-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy, ulgamyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegini kämilleşdirmek, statistiki hasaba alnyşy we syýahatçylyk hyzmatlarynyň hil standartlaryny ösdürmek, syýahatçylaryň we syýahatçylyk kärhanalarynyň howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmekden başga-da, GDA döwletleriniň arasynda syýahatçylaryň akymynyň has-da köpelmegine, bilelikdäki Merkezi Aziýa we GDA döwletlerini öz içine alýan syýahatçylyk bukjalaryny düzmekde, ýurtlaryň milli däp-dessurlaryny we taryhy ýerlerini giňden mahabatlandyrmakda hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirer.

No image
CAREC Maksatnamasynyň Syýahatçylyk ugry boýunça mejlisi geçirildi

Syýahatçylyk

14.09.2026

Aziýa Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasynyň Sekretariaty tarapyndan 2026-njy ýylyň 9-11-nji sentýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň 1-nji mejlisi geçirildi. Iş toparynyň mejlisine CAREC Maksatnamasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ulgamy boýunça ýorite bellenilen döwlet edarasynyň we syýahatçylyk boýunça hususy ulgamyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň, Mongoliýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Aziýa Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin «Aziýa Ösüş Banky bilen Sebitleýin syýahatçylygy ösdürmek we Maksatnama laýyklykda, 2026-2030-njy ýyllar üçin syýahatçylyk boýunça sebitleýin tehniki kömek bermegiň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. CAREC Maksatnamasynyň Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili çykyş etdi. Ol çykyşynda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmäge örän uly mümkinçilikleriň, esasan hem, taryhy we ekosyýahatçylygy ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi we bu ugurda CAREC Maksatnamasynyň goşandyny nygtady. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan 2026-2030-njy ýyllar üçin syýahatçylyk boýunça sebitleýin tehniki kömek bermegiň taslamasynyň işlenip düzülýändigi bilen baglylykda hem teklipler hödürlenildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/fewwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwww.jpg) Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň mejlisiniň üçünji güni has-da täsirli geçdi. Mejlise gatnaşyjylar üçin Samarkand şäherindäki Halkara Ýüpek ýoly we medeni miras uniwersitetiniň we BMG-Syýahatçylyk Guramasynyň Syýahatçylyk Akademiýasynyň okuw we iş tejribesi bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, Samarkand şäheriniň XV we XVII asyrlara degişli bolan gadymy Registan syýahatçylyk desgalaryna gezelenç guraldy.

No image
“Köneürgenç” taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlaryna syýahatçylyk gezelenji guraldy

Syýahatçylyk

01.09.2026

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda, 2026-njy ýylyň 28-30-njy awgusty aralygynda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Köneürgenç” taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlaryna içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/1111111111111111111111111111111111.jpg) Syýahatçylyk gezelenjine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Köneürgenç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary şeýle hem, “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň işgärleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň garamagyndaky “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni taryhy hem-de medeni ýadygärlikleriň taryhy we ähmiýeti barada baý maglumatly gürrüňleri berdi. Şeýle hem, bu syýahat gezelenji “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

No image
«Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghananyň ýadygärliklerine syýahatçylyk gezelenji guraldy

Syýahatçylyk

22.08.2026

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda, 2026-njy ýylyň 19-21-nji awgusty aralygynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghananyň ýadygärliklerine içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy. Syýahatçylyk gezelenjine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, şeýle hem, Baýramaly we Garagum etraplarynyň medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy we giň ähmiýeti barada örän täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem, bu syýahat gezelenji “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

No image
Syýahatçylyk gezelenji guraldy

Syýahatçylyk

03.08.2026

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda, şu ýylyň 31-nji iýulynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Seýit Jemaleddin orta asyr binagärlik toplumyna, Köne Nusaý galasyna içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy. Syýahatçylyk gezelenjine «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet müdirliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy hem-de ähmiýeti barada örän täsirli gürrüňleri berdiler.

No image
Brifing geçirildi

Syýahatçylyk

25.07.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýylyň iýul aýynyň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň gatnaşmaklarynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň bellenilen tertipde ylalaşylan sanawyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda, Özbegistan Respublikasynyň syýahatçylyk pudagyndaky ösüşleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen brifing geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak iki ýurda gezelenç etmek isleýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak barada söhbet edildi. Şonuň ýaly-da Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi Ilçihana tarapyndan Özbegistan Respublikasyna gitmek isleýän syýahatçylar üçin wizalary resmileşdirmekde, ilçihananyň işgärleriniň resminamalary kabul edişinde, bilelikdäki syýahatçylyk bukjalaryny döretmekde duşuşyga gatnaşyjylardan tekliplerini we maslahatlaryny sorady. Şeýle-de Ilçi öz çykyşynda Hywa-Köneürgenç-Aşgabat-Mary-Türkmenabat-Buhara ugurlary boýunça bilelikdäki bukjalary döretmegi teklip etdi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi syýahatçylyk kärhanalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Türkmen tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherindäki Halkara Ýüpek ýoly uniwersitetiniň binýadynda ýurdumyzyň syýahatçylyk ugrundan bilim berýän okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary üçin tejribe we hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň guralmagy teklip edildi.

No image
Syýahatçylyk gezelenji

Syýahatçylyk

23.07.2026

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Ahal welaýatynyň çägindäki, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Abiwerd galasyna we Abu Seýit Abul Haýryň kümmetine (Mäne baba) içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy. Syýahat gezelenjine Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kärhanasynyň hünärmenleri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary, şeýle-de Kaka hem-de Altyn asyr etraplarynyň orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy hem-de halkyň durmuşyndaky möhüm ähmiýeti hakynda giň maglumatlary özünde jemleýän örän täsirli gürrüňleri berdiler.

No image
«Malaýziýa syýahatçylyk üçin ugur» atly okuw maslahaty geçirildi

Syýahatçylyk

18.07.2026

2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Malaýziýa syýahatçylyk üçin ugur» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýa döwletiniň arasynda syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak, iki dostlukly ýurda gezelenç etmek isleýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de okuw maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň we Malaýziýa döwletiniň syýahatçylyk mümkinçilikleri giňden mahabatlandyryldy. Okuw maslahatyň ahyrynda ýurdumyza gelen myhmanlar habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler hem-de olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler.

No image
Seul halkara syýahatçylyk sergisi

Syýahatçylyk

06.06.2026

2026-njy ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde COEX atly Sergi merkezinde, Seul halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär. Bu Aziýa sebitinde uly halkara syýahatçylyk sergisi dünýäniň ençeme ýurtlaryndan syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalary, awiakompaniýalary, işewür we saglyk syýahatçylygy boýunça hünärmenleri giň meýdançada jemledi. Serginiň esasy mowzuklary halkara we içerki syýahatçylyk, lukmançylyk we saglyk syýahatçylygy, ekosyýahatçylyk we syýahatçylykda innowasiuýalar, tehnologiýalar bolup durýar. Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bolan «Eşretli syýahat», «Gadymy mirasa syýahat» hem-de başga-da birnäçe syýahatçylyk kärhanalary, bu iri syýahatçylyk sergisine öz mahabat önümleri bilen gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini sergä gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara mahabatlandyrýarlar.