logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
ÜSTÜNLIKLI DOWAM EDÝÄN SERGI

Halkara gatnaşyklary

26.02.2026

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde dabaraly açylan, 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam etmeli «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde, bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu sergide sergilenen, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan gadymy gymmatly tapyndylar syýahatçylarda, muzeý öwrenijilerde, taryhçylarda, giň halk köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda häzirki wagtda arheologiýa we binagärlik mirasyny öwrenmek boýunça özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlan bu gatnaşyklar häzirki döwürde has-da üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, ata-babalarymyzyň miras goýan medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Bu arheologik tapyndylarynyň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde guralan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergide hem görkezilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/85274.jpg) Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. Italiýanyň arheologlary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirip gelýärler. Bu netijeli hyzmatdaşlyk gymmatly taryhy tapyndylary ýüze çykarmaga, öwrenmäge we olary halk köpçüligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Serginiň dünýäniň iň gadymy muzeýleriniň birinde guralmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar we Türkmenistanyň baý taryhy mirasyny dünýä ýaýýan medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň Rim şäherinde geçirilmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasynda köpri hökmünde çykyş edýändigini hem-de gadymy döwürlerden bäri medeniýet merkezi bolup gelýändigini görkezýär. Bu sergi 2025-2026-njy ýyllarda halkara medeniýet senenamasyna möhüm wakalaryň biri hökmünde girip, baý taryhy mirasy bolan döwlet hökmünde, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Serginiň açylan döwründen bäri, Türkmenistanyň baý medeni taryhy bilen gyzyklanýanlaryň müňlerçesi bu sergä tomaşa etdiler.

HYTAÝ ÝAZGYLARYNYŇ SAZLAŞYKLY GÖZELLIGI

Halkara gatnaşyklary

23.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Muňa şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän «Ýüpek ýoly karnawaly-Bahar baýramy festiwaly» atly bilelikdäki medeni çäresi aýdyň mysal bolup biler. Bu döwlet ähmiýetli sungat çäresiniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bilen Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk okuw sapagy geçirildi. Aslyýetinde kalligrafiýa sözi-grekçeden terjime edilende “owadan ýazgy” diýen manyny aňladyp, şekillendiriş sungatynyň özboluşly ugrudyr. Häzirki zamanyň döwrebap kesgitlemesinde bolsa kalligrafiýa «labyzly, sazlaşykly we nepis äheňde nyşanlary bezemek» diýen manyny aňladýar. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilen şu günki ussatlyk sapagynda hem Hytaý medeniýetinde esasy orunda duran hem-de gözellik düşünjelerini özüne siňdirip ösen ýazuw sungatynyň taryhy, onuň inçe usullary barada Şanhaý Halkara Medeniýet assossiasiýasynyň Geňeş agzasy, Şanhaý Sazandalar we Şanhaý Dramaturglar assossiasiýasynyň agzasy Çýen Li giňişleýin gürrüň berdi. Her bir harpyň many-mazmuny, özboluşly aňladyş häsiýeti barada Hytaý halk respublikasynyň Pop saz birleşiginiň agzasy, uly saz mediýa hünärmeni we meýilnamalaşdyryjysy, Şanhaý Uniwersitetiniň we Şanhaý Inženerçilik Ylymlary Uniwerstiteniň professory Sü Biň ussatlyk bilen beýan etdi. Ussatlyk sapagynda her bir harpyň ýazylyş usuly, olary ýazmakda ulanylýan gurallar hem-de reňkleriniň taýýarlanyşy, harplaryň manyly nyşany, çalasynlyk bilen ýerine ýetiriliş usullaryny görkezme sahypalary arkaly Pekin operasynyň aktýory Ýeň Peň Doň görkezdi. Ol bu sapakda talyp ýaşlar bilen bilelikde işledi we her bir haryň ýazylyş usullaryny bilelikde ýerine ýetirdi. Şeýle sapaklar talyp ýaşlarymyza gadymy medeniýetleriň çuňluklaryny içgin öwrenmäge we hat ýazuw sungatlarynyň taryhy ýazylyş usullaryny ele almaga ýardam berýär. _______________________________________ Göwher Saparmyradowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

«KOMPOZITOR» ATLY FILM TÜRKSOY TARAPYNDAN ÝÖRITE BAÝRAKLARA MYNASYP BOLDY

Halkara gatnaşyklary

20.02.2026

«Kompozitor» atly çeper film 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde, Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde görkezildi hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Kino eserleriniň saz bezegi ugrunda gazanylan ýokary üstünlikler üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy. Onuň işi kino pudagynyň hünärmenleri, tankytçylary we halkara medeni jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň filme goşan uly goşandy aýratyn bellenildi. Gazna «Uly ganatly laçyn» baýragy bilen sylaglandy. Dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň milli medeniýeti we sungaty ösdürmekdäki, zehinli kinorežissýorlary goldamakdaky möhüm ornuna aýratyn üns çekildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/t%C3%A4ze-2.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/t%C3%A4ze-3.jpg) Baýrak gowşurylyş dabarasyny TÜRKSOY guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew alyp bardy hem-de baýraklary filmiň döredijilerine we hyzmatdaşlaryna gowşurdy. Türkmen tarapyndan baýraklary Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamuradow kabul etdi. Öz çykyşynda ministr türkmen kino işgärleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli kinematografiýanyň ösdürilmegine berilýän goldaw aýratyn bellenildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy häzirki zaman türkmen kinosynyň milli däpleri we medeni gymmatlyklary gorap saklamak bilen bir hatarda, halkara medeni giňişlige işjeň goşulýandygyny hem-de dünýä kinematografiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşýandygyny görkezdi.

MILLI BARLAGHANALARYŇ TANYŞDYRYLYŞY WE «BILELIKDÄKI GARAÝYŞ» MASLAHATY

Halkara gatnaşyklary

13.02.2026

Stambul şäherinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasynyň» jemleýji güni Milli barlaghanalaryň tanyşdyrylyşy we «Bilelikdäki garaýyş» atly maslahat bilen dowam etdirildi. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň geografik we ruhy ýüregi bolan, türki siwilizasiýasynyň iň çuňňur gatlaklaryny saklap gelýän ýurdumyz-Türkmenistanyň adyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türki dünýäsi diňe bir dilleriň umumylygy däl-de, eýsem, tehnologik we çeperçilik gymmatlyklarynyň hem-de däp-dessurlarynyň umumylygy barada nygtap geçdi. Şu günki günde döwletleriň arasyndaky serhetler medeni alyş-çalyş üçin açyk we aýdyň bolýan wagtynda biziň umumy wezipämiz-mirasy gorap saklamak babatdaky ylmy gazananlarymyzy hem dünýä aýdyň we elýeterli etmekden ybaratdyr diýip belledi. Şeýle-de Türki dünýäsiniň çäginde geçirilýän şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy tarapyndan Ismail Orazowa uly dabara bilen Şahadatnama gowşuryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2020.jpg)

BARLAG INFRASTRUKTURASY WE TEHNIKI SESSIÝALAR

Halkara gatnaşyklary

12.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda muzeý gaznalarynyň gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda görkezilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak we öwrenmek işlerini giňden wagyz etmek meselelerine möhüm ähmiýet berýändikleriniň aýdyň netijesidir. Ynha, şu günlerde dowam etdirilýän Stambul şäherindäki «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasynda» türki döwletleriň mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde «Barlag infrastrukturasy we tehniki sessiýalar» barada professorlar öz işlerini dowam etdirýärler. Köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde taryhy ýadygärliklerden tapylan gyzykly açyşlar edildi. Arheologlar bu ýerde taryhy tapyndylary rejeläp, olaryň durkuny dikeltmek ýaly köp sanly işleri alyp barýarlar. Şeýle işleriň baş maksady dünýäniň taryhyny, medeni-mirasyny, ýadygärlikleri hem-de arheologiki tapyndylary öwrenmekden, gorap saklamakdan we dikeltmekden ybaratdyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/221.jpg)

DIKELDIŞ WE GORAP SAKLAMAK TEJRIBELERI

Halkara gatnaşyklary

11.02.2026

Taryhy gymmatlyklar-bu diňe bir geçmişiň galyndylary däl-de, eýsem adamzat siwilizasiýasynyň maddy we medeni mirasy. Dünýä derejesinde bu mirasy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek we aslyna laýyk görnüşde rejelemek häzirki wagtda iň wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» atly halkara maslahaty 11-nji fewralda Stambul şäheriniň Stambul merkezi we sebit restawrasiýa we konserwasiýa müdirýetinde «Dikeldiş we gorap saklamak tejribeleri» boýunça dowam etdirilýär. Bu ýerde professorlar barlag işini hem-de rejeleýiş işini geçirişleri boýunça çykyş etdiler. Türki dünýäsiniň taryhyny öwrenmek, gorap saklamak, maddy we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek barada sorag-jogap alşyldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2012.jpg)

TÜRK DÜNÝÄSINDE TEATR SUNGATYNA GOŞAN GOŞANDY ÚÇIN SUNGAT USSATLARYNY SYLAGLAMAK MAKSADY BILEN DABARA GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

11.02.2026

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 9-na Ystambul şäherinde TÚRKSOÝ guramasynyň we Anadolu gazetiniň guramagynda Türk dünýäsinde teatr sungatyna goşan goşandy úçin sungat ussatlaryny sylaglamak maksady bilen dabara geçirildi. Dabarada Türksoýa agza ýurtlardan saýlanan sungat işgärlerine öz ugurlarynda üstünlikli işleri üçin baýraklar gowşuryldy. Bu dabarada biziň ýurdumyzdan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş Akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew «Iň gowy aktýor» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy. TÜRKSOÝ-yň baş sekratarynyň kömekçisi Seýit Ýusuf oňa ýadygärlik nyşan gowşurdy. Bu dabarada Batyr Çaryýew sungatymyzyň hak Howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçiliklerini bilen türkmen teatrynyň üstünligi barada aýdyp, ata Watanymyz barada şygyr okap çykyş etdi. Bu bolsa ol ýere gatnaşanlaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen utgaşdy.

BARLAGHANA USULLARY WE ÝERINDÄKI SELJERMELER

Halkara gatnaşyklary

10.02.2026

Häzirki wagtda maksatnama laýyklykda gozgalýan we gozgalmaýan medeni mirasy goramak we dikeltmek, öňüni alyş işlerini, materiallaryň seljermesi, sanly resminama we barlaghana esasly gözlegler boýunça Türki döwletleriň arasynda ylmy tejribe alşylýar. 10-njy fewralda – Ankara şäherinde geçirilýän maslahatda «Barlaghana usullary we ýerindäki seljermeler» barada içgin tanyşlyk bilen dowam etdirildi. Şeýlelik-de dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalaryna, muzeýleriň gorap saklaýyş bölümlerine we miras ýerlerine meýdan saparlary, türkiýeli hünärmenler bilen duşuşyklar we Türki dünýäsiniň dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalarynyň torunyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek we umumy ylmy we amaly ülňelerini döretmek üçin niýetlenen tehniki seminarlar geçirildi. Olaryň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy.

ANATOLIÝA MEDENIÝETLERI MUZEÝINDE MASLAHAT

Halkara gatnaşyklary

10.02.2026

«Türki dünýäsiniň dikeldiş we ulgamlaýyn barlaghanalarynyň toruny (TWRCLN)» döretmegiň çäklerinde, Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy we Türkiýäniň beýleki degişli edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2026-njy ýylyň 9-13-nji fewraly aralygynda Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» öz işine başlady. 9-njy fewralda–Ankara şäherinde Arheometriýa we muzeýşynaslyk ugry boýunça maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow gatnaşdy. Maslahatyň barşynda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen bagly işlenen taslamalaryň çäklerinde medeni gymmatlyklary rejelemek, olary dikeltmek, şeýle hem şol gymmatlyklaryň sanly tehnologiýalar arkaly nusgalaryny taýýarlamak barada çykyşlarda beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20.jpg)

DOST-DOGANLYK GATNAŞYGY

Halkara gatnaşyklary

15.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, şol ilçihananyň Medeniýet bölüminiň işgäri Bageri Morteza, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň terjimeçisi Dünýägözel Berdigylyjowanyň terjimeçilik etmeginde gezelençde boldylar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, şol ilçihananyň Medeniýet bölüminiň işgäri Bageri Morteza duz-çörek bilen garşy alyndy. Soňra gelen myhmanlar Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň terjimeçisi Dünýägözel Berdigylyjowanyň terjimeçilik etmeginde kitaphana gezelenç etdiler we ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlary” bölüminde ýerleşdirilen pars dilli kitaplaryň we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt dillerinde terjime edilen eserleri bilen tanyş boldylar. Soňra “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyş boldylar. Gezelenjiň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasyndan gelen myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy bilen Medeniýet we ylym-bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň pars dilinde terjime edilen nusgasyny pars dilinde neşir edilen 45-e golaý edebiýatlary sowgat berdi. Munuň özi ýurdumyzda dost-doganlyk we halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.