logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.
TÜRKMEN SURATKEŞLERIŇ DÖREDIJILIK SAPARYNDA TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ GÖZELLIGI

Halkara gatnaşyklary

04.06.2025

2025-nji ýylyň 24-nji maý 01-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow hem-de «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäheriniň 2025-nji ýylda türki dünýäniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan geçirilýän Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşyp, iş saparynda boldular. Iş saparynyň esasy maksady döwletleriň biri-biri bilen sungat barada tejribe alyşmak, ýaşaýyş durmuşyny hem-de milli däp-dessuryny döredijilik eserlerinde görkezmegi gazanmakdyr.

HYTAÝ ATŞYNASLYK MEDENIÝETINIŇ WE DEHUA AK FARFORYNYŇ SUNGATY

Halkara gatnaşyklary

03.06.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda dabaralanýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümiziň altyn sahypasynyň beýik gymmatydyr. Köp asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň, hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň ýokary derejede ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda geçirilýän «Medeniýetler bilen tanyşmak we özara dialog» atly medeni çäräniň çäginde 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Hytaý dehua ak farforynyň sungaty» we «Hytaý atşynaslyk medeniýetiniň sergisi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu sergide birnäçe eksponatlar – eýerler, bedew atlaryna bagyşlanan suratlar we heýkeller, dehua ak farforynyň häzirki zaman ajaýyp eserleri görkezildi. Sergide görkezilen eýerleriň ählisi haşam bezegliligi bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Dürli materiallardan döredilen bezeglerinde bagt getirýän mifiki jandarlaryň keşbi suratlandyrylan kümüş haşamlanan eýerler has hem täsir galdyryjydyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/hhnj.jpg) Bu sergide örän ussatlyk bilen döredilen dehua farforynyň ajaýyp dünýäsine syýahat boldy. Bedewleriň hormatyna bagyşlanyp birnäçe taslama eserleri ýerine ýetirilipdir. Muňa mysal edip «Rahat seýil», «Tiz şowlulyk», «Möwç urýan akym», «Bilelikde ösüşe tarap», «Şanly syrat», «Dessine gazanylan üstünlik», «Täsir galdyryjy» ýaly sungat eserlerini agzamak bolar. Bu döredilen sungat eserleriň her biri janly suratlandyrma eýedir. Ondan başga-da dürli temada ýerine ýetirilen «Tämizligiň damjasy», «Asman we ýeriň arasynda», «Müň nesliň halypasy», «Çäksiz», «Perişdejigiň süýji ukusy», «Pion telärindäki düýş», «Aý zenan hudaýy», «Uýalar» ýaly her bir taslama çuň mazmuna eýe bolup, gözellik düşünjesi sungatda ajaýyp pikirler bilen beýan edilýär. Arassa we nepis dehua farfory – bu hytaý sungatynyň müdimi gözelligidir. «Hytaý dehua ak farforynyň sungaty» we «Hytaý atşynaslyk» medeniýetiniň sergisi tomaşaçylarda ruhybelentlik duýgularyny oýaryp, ýakymly täsir galdyrdy. ###### Şemşat HEZRETGULYÝEWA, ###### Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy