logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Dünýä syry kitap bilen açylýar

Kitaphanalar

08.09.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler kitaphananyň çagalar okalga otagyna gelip, özleri üçin niýetlenen sergini synladylar. Çaga durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaplar bilen ýakyndan tanyşdylar. Kitap tekjelerinde ýerleşdirilen körpeleriň okamagy hem-de diňlemegi gowy görýän eserleriniň biri bolan ertekileri, hekaýalary uly höwes bilen synladylar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylarynyň çagalar üçin ýörite ertekili kitaplardan okap beren ertekilerini körpeler uly höwes bilen diňlediler. Türkmen halk ertekileri körpeler üçin örän ähmiýetli bolup durýar. Çünki ertekilerdäki gahrymanlar, olaryň ýagşylyklary ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeginde aýratyn orny eýeleýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar watansöýüji, ilhalar ýaş nesli kemala getirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Bilimli ýaşlar eziz Watanymyzyň daýanjy

Kitaphanalar

07.09.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda ”Bilimli ýaşlar eziz Watanymyzyň daýanjy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geçiren okuw sapagynyň örän many-mazmunly hem-de ýaşlara görelde mekdebi bolandygyny bellediler. Şeýle hem, kitaphana hünärmenleri “Bilim kämillige badalga” atly kitap sergisini gurnadylar.

No image
Şanly toýuň şanyna

Kitaphanalar

07.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýazgy etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň agzybirlikde, jebislikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny uludan toýlaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda bolşy ýaly, kitaphanalarda hem şanly seneler, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli döredijilik işgärleri bilen dabaralary, edebiýat agşamlaryny, söhbetdeşlikleri we ýerlerde göçme kitap sergilerini gurnaýandyklary, kitaphanaň hazynasyny baýlaşdyrýan täze gelen neşirleri tanyşdyrmak maksady bilen, okyjylaryň we kitaphanaçylaryň arasynda kitaphana synyny geçirýändikleri hakynda söhbet etdiler. Bu çäreleriň esasy maksadynyň Garaşsyzlygyň bize eçilen miwelerini wagyz etmekden, ýaş nesilde Watana söýgi, milli buýsanç we kitaba hormat goýmak duýgularyny berkitmekden ybaratdygyny nygtadylar. Çykyşlarynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Ýaş nesil-röwşen geljek

Kitaphanalar

07.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan netijelerinden ugur alyp, medeni- köpçülik işleri bölümi “Ýaş nesil-röwşen geljek” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi we bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde kitaphanada alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

No image
Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

Kitaphanalar

07.09.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphanaň ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde her ýyl ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlap ýaş nesilleriň arasynda duşuşyk geçirdi. Kitaphana hünärmeni ýollarda, köpçülik awtobuslarynda özüňi medeniýetli alyp barmaklygyň, diňe bir ýol düzgünlerini bilmek we olara eýermek däl, eýsem, beýleki ýol hereketine gatnaşyjylara bolan hormatyň we jogapkärçiligiň wajyplygy barada ýaş okyjylara täsirli gürrüňleri berdiler. Köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri hakynda we ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berildi. Ýaş nesiller bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň saglygy we howpsuzlygy ugrunda toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Ylym-bilimiň we kitaphanalaryň ähmiýeti

Kitaphanalar

07.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk“ teleýaýlymy bilen bilelikde “Ylym-bilimiň we kitaphanalaryň ähmiýeti” hakynda ýazgy edildi. Çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim almagynda we kitap okamaklarynda, milli mirasymyzy, medeniýetimizi, geçmiş taryhymyzy öwrenmeklerinde kitaphanalaryň ornunyň uludygyny belledilerr. Ýaşlary, körpe nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde we pederlerimiziň paýhas mirasyny öwrenmekde kitaplaryň, çeper edebiýatlaryň, türkmen halk ertekileriniň uly gollanma bolup hyzmat edýändigi hakynda gürrüň etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýy bilen mähirli gutladylar.

No image
Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet

Kitaphanalar

07.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň iňlis dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Taryhy-medeni seýilgähinde “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet” atly söhbetdeşligi gurady. Ýaş nesillere kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde beýan edilýän şöhratly taryhymyz barada täsirli gürrüňleri berdi. Bu taryhy ýadygärliklere gezelençleriň guralmagy, olaryň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmeklerine, geçmiş baradaky bilimlerini ylmy maglumatlaryň üsti bilen baýlaşdyrmaklaryna, döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, ylmy iş bilen gyzyklanmalaryna esas döreder.

No image
Bedew bady bilen galkynan Diýar, şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar!

Muzeýler

04.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy, döwletimiziň ykdysady hem-de syýasy kuwwatynyň has-da artýan şöhratly eýýamydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ata Watanymyz asyrlara barabar beýik menzilleri geçip, ähli ugurda bedew batly ösüşler gazanyldy we halkara giňişliginde ykrar edilen belent sepgitlere ýetildi. Garaşsyzlyk-bu biziň iň uly baýlygymyz, at-abraýymyz we mizemez binýadymyzdyr. Bu mukaddes baýram türkmen halkynyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, erkanalygynyň we döredijilik güýjiniň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy özeni, baş maksady “Döwlet adam üçindir!” hem-de “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer, beýik ýörelgelerden ugur alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler we ajaýyp ýeňişler her bir türkmenistanlynyň kalbynda çuňňur buýsanç duýgusyny döredip, täze zähmet ýeňişlerine, beýik işlere ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler we ýurdumyzyň ýagty geljegine gönükdirilen beýik işler türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň mizemez kepilidir. Şöhratly taryhymyzyň täze sahypasyny açýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy eziz Diýarymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde has-da belende göterýär. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Çärjew etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli ,,Garaşsyzlyk biziň milli buýsanjymyz, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkararlyk binýadydyr” atly maslahat geçirildi. Welaýatyň il sylagly ýaşuly nesliniň wekilleriniň bilim we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahat täsirliligi bilen tapawutlandy. Maslahata gatnaşyjylar muzeýde baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergä uly ruhubelentlikde tomaşa etdiler. Olar maslahatyň hem-de sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler, şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Gülnur Pygamowa, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

No image
Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik

Muzeýler

04.09.2026

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşik guraldy. Gepleşikde çykyş edenler, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy okuw sapagynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin durup geçdiler. Milli Liderimiziň ýiti paýhasynyň, durmuş tejribesiniň halkymyzy, ýaşlary beýik işlere ruhlandyrýandygy baradaky söhbetler hem gepleşigiň özenini düzdi. Oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň edepterbiýesi, maşgala gymmatlyklary, milli mirasymyz, beýik şahsyýetlerimiz barada hem durup geçip, alym Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda sözlän sözlerini uly buýsanç bilen nygtadylar. Iň gymmatly mirasyň terbiýedigini bellediler. Milli Liderimiziň milli edep-terbiýämizde halkymyzyň ynsanperwerlik, päklik, ruhubelentlik, kiçi göwünlilik, mertlik, dogry sözlülik ýaly ahlak gymmatlyklarynyň jemlenendigini hem-de zähmet terbiýesine aýratyn üns berlendigini ýaşlara aýtmagy, türkmen halkynyň köp müňýyllyk baý taryhynda milli gymmatlyklarymyzy, ýörelgelerimizi gorap saklamakda hem-de nesilden-nesle geçirmekde zenanlarymyzyň eýeleýän ornunyň uludygyna şaýatlyk edýär. Zenan eli degen her bir işde ajaýyp bir nepislik, gaýtalanmajak gözellik we ýylylyk bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli zähmeti, el hünäri milli medeniýetimiziň bezegidir. Inňä sapak ötürilip, mata geçirilen her bir ilme, haly çitimlerine siňdirilen her bir hyýal – bu diňe bir zähmet däl, eýsem, hakyky sungatdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň elinden çykan keteni köýnekler, begresler, nepis keşdelenen ýakalar hem-de gözüňi dokundyrýan halylar dünýä medeniýetinde özüne mynasyp orun eýeleýär. Enelerimiziň gyzlaryna, mamalarymyzyň agtyklaryna öwredýän el hünäri terbiýe mekdebi bolup durýar. Türkmen zenany eline inňe-sapak alanda diňe bir bezeg döretmän, eýsem, öz ýürek mährini, arzuw-umytlaryny siňdirýär. Keşdedäki her bir nagyş özüne mahsus mana eýe. Şonuň üçin hem zenan yhlasyndan döreýän her bir iş özboluşly bir nepislikdir. Zenanlaryň yhlasy hem-de döredijilik zehini milli sungatymyzy baýlaşdyrýan tükeniksiz çeşmedir. Olaryň nepis el işleri öýlerimize ýylylyk, köňüllerimize bolsa buýsanç paýlaýar. Bu gepleşik Arkadag teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

No image
Ajaýyp eserler pähimleriň öçmejek aýdymy

Kitaphanalar

04.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary esasynda «Ajaýyp eserler pähimleriň öçmejek aýdymy» ady bilen kompozisiýa gurnaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan çykan çuň manyly kitaplarynyň üsti bilen ýaşlarda Watana söýgi, milli mirasa sarpa we ylym-bilime höwes döretmekde ajaýyp eserleriň ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýaş nesilleri Watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde esasy gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna türkmen halkymyz öz toý sowgatlary bilen barýarlar, şolar bilen bir hatarda kitaphanaçy hünärmenleri hem zähmet üstünlikleri bilen öz goşantlaryny goşýarlar.