logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Çagalar-durmuşyň gülleri

Kitaphanalar

23.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat etmek” bölüminiň kitaphanaçylary, Türkmenabat şäheriniň 35-nji çagalar bagynda çagalar ertirligini geçirdiler. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy biziň dünýämizi has-da nurlandyrýar. Durmuşymyzyň gülleri bolan çagalara guwanjymyz çäksizdir. Olar durmuşymyzy bagtyýarlyga besleýärler. Körpeler bagtyýar çagalara ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitap sergisi

Kitaphanalar

23.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi tarapyndan “Şugundyr –iýmitlik önüm” atly kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da, şugundyr bilen bagly edebiýatlar hem sergilendi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Sergä gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Güýz paslynyň şirin owazlary

Täzelikler

23.10.2026

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda "Zehin joşguny" atly täsirli konsert geçirildi. Konsert maksatnamasy dünýä nusgawy sazynyň görnükli wekilleriniň eserlerini özünde jemläp, diňleýjileriň ünsüni skripka saz guralynyň baý çeperçilik mümkinçiliklerine gönükdirdi. Maksatnamanyň mazmuny dürli döwürleriň sazçylyk däplerini özara utgaşdyrmak, nusgawy mirasyň gözelligini açyp görkezmek we ýaş zehinleriň ýerine ýetirijilik ukybyny şöhlelendirmek bilen tapawutlandy. Sungat adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, onuň duýgularyny terbiýeleýän we gözellige bolan garaýşyny kämilleşdirýän güýçdir. Aýratyn-da, saz sungaty söz arkaly beýan etmek kyn bolan inçe duýgulary owazlaryň üsti bilen diňleýjiniň kalbyna ýetirýär. Skripka saz guraly bolsa giň ses mümkinçilikleri, baý dinamiki öwüşginleri bilen dünýä saz medeniýetinde möhüm orun eýeleýär. Konserwatoriýanyň ýaş mugallymlary Mährijemal Nazarowanyň we Selbi Ataýewanyň konsert maksatnamasy hem bu saz gurallarynyň çeperçilik mümkinçiliklerini dürli kompozitorlaryň döredijiligi arkaly açyp görkezmäge gönükdirildi. Konsertiň maksatnamasynda S.Prokofýewiň "Romeo we Julýetta" operasyndan Montekki-Kapuletti pýesasy, I.Bahyň Sonata №1 Sisiliana, A. Glazunowyň Uly adažio, A.Haçaturýanyň Konsert III bölümi hem-de A. Şapoşnikowyň "Türkmen tansy" eserleri ýerine ýetirilmek üçin saýlanylypdyr. Mährijemal Nazarowa hem-de Selbi Ataýewa fortepiano saz guralynda Elmira Jumakulyýewa sazandarlyk etdi. Dünýä saz sungatynyň görnükli wekilleriniň biri bolan Sergeý Prokofýewiň döredijiligi çeperçilik aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Onuň eserleri diňe bir tehniki ussatlygy ösdürmek üçin niýetlenen eserler bolman, eýsem çuňňur liriki mazmuny we özboluşly saz dili bilen tapawutlanýan eserlerdir. Şeýle eserleriň ýerine ýetirilişi sazandadan tehniki takyklyk bilen birlikde saz pikiriniň içki manysyna düşünmegi hem talap edýär. Iogann Sebastýan Bahyň Sonata №1 Sisiliana eseri bolsa nusgawy sazçylyk mekdebiniň baý däplerini we kompozitoryň özboluşly döredijilik dünýäsini şöhlelendirýär. Şeýle eserleriň ýerine ýetirilişinde owazlaryň gatlaklaryny aýdyň tapawutlandyrmak, dinamiki öwüşginleri sazlaşykly guramak esasy şertleriň biridir. Konsert maksatnamasynda Aleksandr Glazunowyň we Aram Haçaturýanyň eserleri özboluşly öwüşginleri arkaly saz sungatynyň umumadamzat medeniýeti bilen arabaglanyşygyny görkezýär. Şeýle hem, A. Şapoşnikowyň "Türkmen tansy" eseriniň bu konsertde orun almagy milli sazçylyk mekdebiniň döredijilik mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Mährijemal Nazarowanyň we Selbi Ataýewanyň konsert maksatnamasynyň ähmiýeti diňe bir dürli kompozitorlaryň eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmeyär. Şeýle çykyşlar diňleýjileriň saz medeniýetini ösdürmekde, ýaş nesli dünýä nusgawy mirasy bilen tanyşdyrmakda we saz sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Bu konsert saz sungatynyň bilim, terbiýeçilik we çeperçilik ähmiýetini ýene bir gezek şöhlelendirdi. Saz — ynsan kalbynyň sözsüz dilidir. Ol dürli döwürleriň we halklaryň ruhy dünýäsini özünde jemleýär. Mährijemal Nazarowanyň, Selbi Ataýewanyň konsert çykyşy hem sungatyň täsirini we saz gurallarynyň çeperçilik güýjüni açyp görkezýän manyly çykyş hökmünde ýatda galdy. Mahym MEDIÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

No image
Aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi

Kitaphanalar

23.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyz hem Bitarap tarypy ajap dessan, bedew batly at – myradyň mekany Türkmenistan” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýändigini, gazanylan hem gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýratyn röwşen nuruny çaýyp, agzybir halkymyzyň şu gününe buýsanjyny, ýagty ertirimize ynamyny artdyrýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de halkymyzda “At agynan ýerde toý bolar” diýen pähim bolşy ýaly behişdi bedewler ösüşiň, öňe ymtylyşyň, toý-baýramlaryň buşlugy hasaplanýandygy hem-de ahalteke bedewlerimize goýulýan buýsanç, hormat barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Şadyýan pursatlar

Kitaphanalar

23.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap” bölüminiň kitaphanaçylary, Türkmenabat şäheriniň 19-njy çagalar bagynda “Şadyýan pursatlar” ady bilen çagalar ertirligini geçirdi. Çagalarymyzyň okamaklary, gowy dynç almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinini açmaklary üçin yzygiderli alada edilýär. Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap terbiýe bermek, olaryň tebigy zehinini açmak, ukyp-başarnyklaryny artdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Halkymyzyň agzybirligi, ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän, ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

23.10.2026

zTürkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan “Bilim işgärleriniň özara pikir alyşmalary – döwrebap ösüşiň açary” atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Kitaba ýerleşdirilen ylmy makalalarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň terbiýesindäki pedagogik gymmaty, türkmen halkynyň taryhyny we baý pedagogik mirasyny öwrenmegiň ylmy esaslary, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmagyň ylmy-amaly çözgütleri, mekdebe çenli hem-de başlangyç bilimde gazanylan milli tejribeler baradaky ylmy seljermeler beýan edilýändigini mälim etdiler. Şeýle-de I.Batyrowyň“C programmalaşdyrma dili”, B.Atajanowyň “Programmirlemegiň dilleri we usullary”, atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar. Kitaphana synyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ösüşleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
LÝANÇŽU FORUMY MEDENI GYMMATLYKLARY YZYNA GAÝTARMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN DIALOGY

Halkara gatnaşyklary

22.10.2026

2026-njy ýylyň 18-20-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde IV Lýançžu forumyň çäginde «Medeni gymmatlyklary yzyna gaýtarmak we restitusiýa babatda hyzmatdaşlygyň we ylalaşyklaryň täze görnüşleri» atly Aziýa-Ýuwaş umman sebitleýin dialogy geçirildi. Lýançžu ýadygärliginiň açylmagynyň 90 ýyllygyna bagyşlanan forum dürli ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, ÝUNESKO-nyň, ICCROM-yň, muzeýleriň we ylmy merkezleriň wekillerini bir ýere jemledi. 18-nji oktýabrda geçirilen açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary, Medeni miras boýunça döwlet dolandyryşynyň ýolbaşçysy Rao Çýuan, Gresiýanyň Medeniýet ministri Lina Mendoni, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça kömekçisi Naýef Al-Fäýez we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler. Dabaranyň çäginde iki ähtnama gol çekildi. Esasy çykyşlar Lýançžunyň arheologik açyşlaryna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem-de howanyň üýtgemegi we urbanizasiýa şertlerinde mirasy gorap saklamaga bagyşlandy. Gatnaşyjylar mirasy ýerinde gorap saklamagyň, şol sanda emeli aňy goşmak bilen, täze tehnologiýalaryň onuň goralyşyndaky ähmiýetini, medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň zerurlygyny nygtadylar. Ýaşlary işe çekmäge we siwilizasiýalaryň gözbaşlaryny öwrenmekde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/56565656565656565656565.jpg) 18-19-njy oktýabrda geçirilen sebitleýin dialog medeni gymmatlyklary gelip çykan ýurtlaryna gaýtarmak meselesine bagyşlandy. Hindistanyň, Niderlandlaryň, Kambojanyň, Awstraliýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Taýlandyň we beýleki ýurtlaryň hünärmenleri amaly tejribelerini paýlaşdylar. Seredilen mysallaryň arasynda Leýden uniwersitetinden gadymy hatlaryň Hindistana, Awstraliýanyň Milli galereýasyndan bürünç heýkeller Kambojana we Zidankudan tapylan ýüpek golýazmanyň tomlarynyň Hytaý Halk Respublikasyna gaýtarylmagy bar. Gatnaşyjylar restitusiýanyň üstünlikli bolmagynyň eserleriň gelip çykyşyny garaşsyz öwrenmäge, döwletleriň we muzeýleriň arasyndaky gepleşiklere, şeýle hem ylmy seljermä we jikme-jik resminamalara daýanýandygyny bellediler. Etiki meselelere hem uly üns berildi. ICOM-yň täzelenen Etika kodeksi, muzeýleriň öz ýygyndylarynyň gelip çykyşyny yzygiderli öwrenmek borjy we karar kabul etmekde gelip çykyş jemgyýetleriniň gatnaşmagynyň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Eseriň yzyna gaýtarylmagynyň mundan beýläk-de ylmy we medeni hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup durýandygy baradakys pikir hem aýdyldy. Goşmaça çäreleriň çäginde gatnaşyjylar Lýançžu arheologik ýadygärligine, Lýançžu muzeýine we Hançžoudaky Hytaý Halk Respublikasynyň Neşirler we milli medeniýet arhiwine baryp gördiler. Ýurdumyzdan bu çärelere Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni Güljan Igdirowa gatnaşdy. Bu forum medeni mirasy gorap saklamak babatda dünýä tejribesi bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berdi.

No image
Türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasynyň Balikesir we Çanakkale şäherlerine metbugat sapary

Halkara gatnaşyklary

22.10.2026

2026-njy ýylyň 10-14-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň birnäçe şäherlerine metbugat saparyny amala aşyrdylar. Bu metbugat syýahat sapary «Türkhowaýollary» kompaniýasynyň, Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Türkiýäniň syýahatçylygy ösdürmek we ilerletmek agentligi tarapyndan gurnaldy. Metbugat saparynyň maksatnamasy doganlyk ýurduň dürli sebitleriniň medeni mirasy, taryhy we tebigy gözellikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Saparyň ilkinji güni Balikesir welaýatynyň zeýtun baglarynyň, zeýtun ösdürip ýetişdirmekde däpleri meşhur bolan Edremit etrabyna baryldy we bu ýeriniň täsin tebigaty ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Metbugat saparyna gatnaşyjylar zeýtun ýagynyň muzeýine baryp gördüler. Etrabyň Kaz Daglary milli seýilgähine hem gezelenç etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/9e523143-1523-456a-8fdc-7b6002a6b9a5-1_all_1844.jpg) Soňra metbugat sapary Çanakkale welaýatynda dowam edip, welaýatda ýerleşýän Troýa şäheriniň we onuň töweregindäki ýerleriň ýadygärlikleri goramak üçin, 1996-njy ýylda döredilen taryhy we arheologik goraghana – Troýa milli seýilgähine baryldy. 1998-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen seýilgähinde gadymy diwarlaryň, Afina ybadathanasynyň, megaronlaryň, Rim odeonynyň yzlary, şeýle hem, Troýa atynyň simwoliki agaçdan ýasalan nusgasy bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde dürli döwürlere degişli dokuz sany medeni gatlak ýüze çykarylyp, olaryň taryhy üç müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Gadymy Troýa Gomeriň "Iliada" dessany we Troýa urşy baradaky rowaýatlar bilen hem dünýäde giňden tanalýar. Şeýle hem, türkmen wekiliýetine Tevfikiye arheologiýa obasyna baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Bu oba sebitiň arheologik mirasy bilen ýakyndan tanyşmak üçin möhüm ugurlaryň biridir. Obanyň Troýa bilen baglanyşygy, Troýa şäheriniň golaýynda ýerleşmegi onuň taryhy-medeni ähmiýetini has-da artdyrýar. Troýa muzeýine, gadymy Troýa şäherine, Tevfikiye arheologiýa obasyna guralan gezelençler, Türkiýäniň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Bu ýerler Çanakkale welaýatynyň arheologiýa hem-de medeni syýahatçylyk ugurlarynyň möhüm bölegini düzýär. Türkiýe Respublikasynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyran metbugat sapary ýatda galyjy pursatlara beslendi. Amanmämmet Täçmämmedow, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň režissýory.

No image
"Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti" atly sergi gurnaldy

Muzeýler

22.10.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergilenen «Türkmen bedewiniň we atşynaslyk sungatynyň taryhy-medeni ähmiýeti» atly sergi gadymy medeniýetimiziň we ruhy baýlygymyzyň aýdyň şöhlesidir. Çünki çydamlylygyň, gözelligiň hem-de wepalylygyň nusgasy bolan ahalteke bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde, türkmen atçylyk sungaty hem-de atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzatyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň we zergärçilik däpleriniň halkara derejesinde ykrar edilmegidir. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznalarynda aýawly saklanýan kämil gymmatlyklar hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk we dizaýn bölümleriniň zehinli talyplarynyň döreden ajaýyp eserleri bu serginiň baý mazmunyny has-da gözelleşdirýär. Serginiň çäginde Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetiren şirin owazly aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň ruhuny has-da belende göterdi. Muzeýde gurnalan sergi ýaş nesillerimizde gymmatly milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini we buýsanjy terbiýeleýär. Aýnur Akynowa, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölümi.

No image
Sungatyň ajaýyp ýoly

Täzelikler

22.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde özüniň mynasyp goşandyny goşan sungat işgärleriniň biri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” kafedrasynyň dosenti Muhammetmyrat Gapurowdyr. Ol 1975-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynda okap, 2-nji ýyl talybyka şol ýerde açylan halk döredijiligi barlaghanasynda işe başlaýar. Bu barlaghananyň işleri bolsa 1925-1930-njy ýyllarda ilkinji gezek türkmen aýdym-saz sungatyny düýpli öwrenen rus alymlary W.Uspenskiniň we W.Belýaýewiň başlangyçlaryny dowam etmeklige esaslanýar. Muhammetmyrat Gapurow 1976-njy ýyldan başlap, saz sungatyny öwreniji alym Ş.Gullyýew bilen bilelikde ýurdumyzda birnäçe sazly etnografik ekspedisiýalarda bolýar. Olaryň içinden moskwaly alym W.M.Şurow bilen 1978-nji ýylda Balkan welaýatynda, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Oraztaganow bilen Türkmenistanyň dürli künjeklerinde şeýle-de, 1992-nji ýylda alymlar A.Jykyýew, Ş.Halmuhammedow, Ş.Gulluýew dagy bilen bilelikde Stawropol türkmenleriň birnäçe obalarynda ekspedisiýalarda bolýar. M.Gapurow bagşy-sazandalary öwreniji alym A.Aşyrow bilen bilelikde, 1889-njy ýylda Türkmenistanyň birnäçe ýerlerinde bolup, rus saz öwrenijisi S.Rybakowyň şol wagt Leningradda saklanylýan türkmen aýdym-sazlarynyň ses ýazgylary bilen tanyşýarlar. Köp sanly sazly ekspedisiýalarda bolan M.Gapurow bu ugurdan ylmy iş ýazmagy ýüregine düwüp, 1989-njy ýylda sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, Özbegistanyň at gazanan ylmy işgäri F.Karomatowyň ýolbaşçylygynda “Çärjew oblastyndaky türkmenleriň aýdym-saz mirasy” atly tema boýunça kandidatlyk dissertasiýasynyň üstünde işlemäge başlaýar hem-de 1992-nji ýylda bu ylmy işini gorap, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Häzirki wagtda Muhammetmyrat Gapurow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary kafedrasynda” talyplara hünär dersinden sapak bermek bilen bir hatarda, “Türkmen saz folklory” atly tema boýunça doktorlyk işini ýazdy. Onuň bu doktorlyk işi ýurdumyzyň hemme ýerinde etnografik ekspedisiýalarda bolup, halkyň sazly folklorynyň dürli görnüşlerini, olaryň gurluşy, saz serişdeleriniň häsiýetli aýratynlyklary, folklor žanrlary baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ylmy işdir. M.Gapurow birnäçe ylmy makalalaryň hem-de kitaplaryň hem awtorydyr. Olardan: A.Ökdirow bilen bilelikde ýazylan “Döwletgeldi Ökdürow” (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010), H. Muhammetgulyýew bilen bilelikde “Halk saz gurallary orkestri üçin eserleriň partiturasy” (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015), H. Muhammetgulyýew bilen bilelikde Halk saz gurallary orkestri üçin eserleriň ýygyndysy I-II kitaplar (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019), Halk saz gurallary ansambllary üçin eserler (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2024), degişlidir. M.Gapurowyň ylmy gözlegleri boýunça 2016-njy ýylda “Ylym” neşirýaty tarapyndan “Türkmen saz folklory” monografiýasy neşir edildi. Şeýle hem, konserwatoriýada geçirilýän konferensiýalarda, çärelerde çykyş edip talyplara öwüt-ündewlerini, gymmatly maslahatlaryny berýär. Şu ýyl Muhammetmyrat Gapurowyň 70 ýyllyk ýubileýi bellenilip geçilýär, biz hem, halypa döredijilik üstünliklerini, jan saglygyny, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris. Gülbahar ÝUSUPOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.