logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Bildiriş

Muzeýler

11.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Kämil hukuk binýady” atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
Türkmen halk ertekilerine syýahat

Kitaphanalar

11.05.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäherindäki 61-nji çagalar bakja-bagynda “Türkmen halk ertekilerine syýahat” atly gürrüň geçirdi. Ertekileriň esasy maksady, olardaky baş gahrymanlaryň edermenligi, şeýle-de çagalary terbiýelemekdäki uly orny barada täsirli, gyzykly gürrüňler berdiler. Ertekileriň gahrymanlary barada çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli, sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

No image
Dünýä döwletleri – Türkiýe

Kitaphanalar

11.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri – Türkiýe” atly kitap sergisi gurnaldy. “Dünýä döwletleri – Türkiýe” atly kitap sergisiniň esasy maksady okyjylary Türkiýe döwletiň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, edebiýaty hem-de syýahatçylyk ýerleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Sergide Türkiýe döwletiniň taryhy, geografiýasy, syýahatçylygy, çeper eserleri we ertekileri ýerleşdirildi. Şeýle hem türk ýazyjylaryň eserleri, sözlükler, ensiklopediýalar we suratly edebiýatlar görkezildi. Bu kitaplaryň üsti bilen okyjylar Türkiýe döwletiniň gadymy taryhy, häzirki zaman ösüşi we baý medeni mirasy barada giňişleýin maglumatlar bilen has içgin tanyşdylar. Häzirki wagtda ylmy, bilimi ösdürmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitaplar kämillik mekdebidir

Kitaphanalar

11.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 47-nji çagalar bakja-bagynda körpejeler bilen “Kitaplar kämillik mekdebidir” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, tapmaçalar, nakyllar, ýaňyltmaçlar aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Birnäçe ertekili kitaplar, tapmaçalar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri bilen çagalaryň arasynda labyzly okalan ertekilerden, tapmaçalardan sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Watanymyzyň ösüşleri – rowaçlygyň şuglasy

Kitaphanalar

11.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Garaşsyzlyk” seýilgähinde «Watanymyzyň ösüşleri – rowaçlygyň şuglasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ähli işler, ilkinji nobatda, adamlaryň eşretli ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş ýörelgesi “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlar halkymyzyň eşretli, abadan durmuşy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eşretli zamanany peşgeş beren, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

Täzelikler

11.05.2026

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Hoş owazly aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp zähmet üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan giň möçberli işleri öz beýanyny tapdy. «Türkmenistan» gazeti

No image
Eziz diýara buýsanç

Kitaphanalar

08.05.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Eziz diýara buýsanç” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. “At-myrat” diýlişi ýaly, bu ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny baýram edýär. Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Köp asyryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi, bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek, biz kitaphanaçylaryň hem paýyna düşýär. Duşuşygyň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TEATR SUNGATY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Teatr we kino dünýäsi

08.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, teatr sungaty ösüşiň täze belentliklerine ýetýär. Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan kuwwatly güýji bilen döredilýän täze sahna oýunlarynda, watansöýüjiligimiz, ajaýyp geljegi gurýan bagtyýar halkymyzyň milli baýlyklary, döredijilik hyjuwy, zähmet joşguny sahna eserlerinde giňden dabaralandyrylýar. Umumadamzat gymmatlyklarynyň göwher gaşyna öwrülen milli baýlyklarymyz çeper sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli teatr sungatymyzyň, teatr sungatynyň wekilleriniň abraý-mertebesi dünýä dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde, 2026-njy ýylyň 1-nji - 10-njy maýy aralygynda, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirligi tarapyndan Trabzon şäherinde guralan «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalyna bilermenler hökmünde türkmen hünärmenleri hem gatnaşdylar. Trabzon halkara teatr festiwaly dünýäniň abraýly sungat baýramy hökmünde meşhurdyr. Halkara festiwal şu ýyl 26-njy gezek geçirilip, oňa dünýäniň dürli yklymlaryndan onlarça belli teatrlar gatnaşdylar. Şu ýyl geçirilen «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalynyň çäginde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň 15-si, çagalar üçin gurjak oýunlarynyň 7-si, sergileriň 3-si, kino we sahna egin-eşikleriniň sergileriniň 8-si, teatr hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky maslahatlaryň 2-si geçirildi. Türkmen hünärmenleri halkara bilermenler toparynyň agzalary hökmünde, sahna oýunlarynyň kämilligine baha berdiler, ara alnyp maslahatlaşmalaryna, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyz we sirklerimiz barada türkmen hünärmenleriniň çykyşlary hem-de ýurdumyzyň teatrlarynda, sirklerinde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara festiwallarynda gazanýan abraýly ýeňişleri bilen tanyşdyrýan wideo şekiller halkara teatr festiwalyna gatnaşanlarda aýratyn buýsanç döretdi. Geçirilen bu döredijilik duşuşyklaryna dünýäniň belli teatr we kino sungatynyň wekilleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri, dramaturglar, edebiýatçylar, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, şahyrlar we belli döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy ösdürmekde, berýän yzygiderli goldaw-hemaýatlarynyň, dünýä döwletleri bilen häzirki zaman medeni gatnaşyklarynyň barha berkemeginde alyp barýan işleriniň nusgalyk ýörelge bolup durýandygy bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen sebitiň ilkinji akylly ajaýyp Arkadag şäheriniň gözellikleri, Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda döredilen mümkinçilikleri wasp edýän wideo şekiller görkezildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/fest.jpg) Halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirliginiň wekilleri hem-de teatr ýolbaşçylary bilen teatrlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri, şeýle hem, halkara teatr festiwallaryny geçirmek boýunça tejribe alyşmak işleri ara alyp maslahatlaşyldy. «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy üçin festiwalyň kubogy hem-de teatr sungatynda halkara gatnaşyklary ösdürmekde goşantlary üçin, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy M.Sylabow Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandylar. Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallaryna gatnaşmaga, medeniýet we sungat işgärleri bilen tejribe alyşmaga, milli medeniýetimizi daşary ýurtlarda wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriňiz üçin, Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň güýç-kuwwaty, halkymyzyň ýagty geljegi, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara

Täzelikler

08.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly sungatymyzyň we medeniýetimiziň bedew bady bilen öňe barýan ýyllarynyň birine öwrülýär. Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym-saz toparlary hem özleriniň ajaýyp eserlerden düzülen konsertleri bilen ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde, dürli künjeklerde çykyş edýärler. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda Köpetdag etrap häkimliginde, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminde baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Bu çäre Watan goragçylarynyň ýadygärligini hormat bilen ýatlamaga gelen tomaşaçylardan, talyp ýaşlardan, halypa mugallymlardan, myhmanlardan doly boldy. Konsertde mekdebiň mugallymy Amangeldi Hudagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestriniň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllarynyň hemmelere tanyş bolan aýdymdyr sazlary bilen deň hatarda, türkmen kompozitorlarynyň hem eserleri ýaňlandy. Ýüreklerde galan türkmen kompozitorlaryň R.Rejebowyň “Ýalňyz ýoda”, N.Halmämmedowyň “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Duran ýerleri, D.Hydyrowyň “Özgeleri diňledim”, A.Agajykowyň “Mirasdar”, B.Hudaýnazarowyň “Ene elleri” ýaly aýdymlar ýaňlandy. Aýdymlary mekdebiň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV ýyl talyplary Y.Welhanow, A.Abdullaýewa we M. Muhammedow, şol bölümiň mugallymlary B.Çerkezow, M.Ataýew, I.Atahanow, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň I ýyl talyby R.Kakamyradow dagy ýerine ýetirdiler. Konsertde “Estrada sungaty” bölüminiň talyplary R.Kamilow we A.Şaripow ýekelikde daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Saz gurallarynda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen Aleksandr Pahmutowyň “Поклонимся тем великим годам”, Dawid Tuhmanowyň “День Победы” ýaly aýdymlar köpmilletli ýeňiji halkyň gahrymançylygynyň ebedi nyşanyna öwrüldi. Konsert tomaşaçylaryň bir agyzdan ýerine ýetirmeginde ýeňiş aýdymy bilen tamamlanyp, gyzgyn el çarpyşmalar uzak wagtlap dowam etdi. Bägül AÝDOGDYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

No image
MIRASYMYZ – GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNAMYZ

Medeni miras

08.05.2026

#### *Ahal welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy* Ençeme müňýyllyklary başdan geçirip, kämillige we meşhurlyga eýe bolan milli gymmatlyklarymyz dünýäniň gözelligine bakylyk bolup siňen medeni-ruhy hazynamyzdyr. Täze taryhy eýýamymyzda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzyň baý medeni mirasa eýedigini tassyklap, dünýä medeniýetinde möhüm orun eýelän ol gymmatlyklarymyzy öwrenmek maksady bilen ýerlere ylmy-döredijilik saparlaryny, ylmy-etnografik ekspedisiýalary guramak indi asylly däbe, sogaply işe öwrüldi. Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan türkmeniň miras gymmatlyklaryny öwrenmek maksady bilen döredilen ylmy-döredijilik topar Ahal welaýatynda iş saparynda boldy. Bu topar öz iş saparynyň dowamynda welaýatyň senetkärleri, ussalary, mirasgärleri bilen duşuşyp baý maglumatlary toplamagy başardylar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň amaly-haşam sungaty milletimiziň baý mirasynyň kämil nusgalaryny dünýä çykardy. Olaryň arasynda türkmen halysy çeper döredilen naýbaşy önüm hökmünde mynasyp orun eýeleýär. Ekspedisiýanyň dowamynda türkmen milli halyçylyk sungaty, onuň dowam edip gelýän milli tejribeleri barada hem maglumatlary toplamak işleri alnyp baryldy. Mirasa baý halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň arzyly gymmatlyklarynyň biri hem keçe senedidir. Islegiň artmagy bilen bu gadymy senet sungat derejesine ýetirilipdir. Keçeler ak öýlere örtmek, gapysyna tutmak, düşenmek, atlara basyryk, içirgi, jul, öý goşlaryny salmak üçin horjun, çopanlar üçin oýluk, ýiti, uçly we tiz döwülýän zatlar üçin gap hökmünde giňden peýdalanylypdyr. Biziň toplan maglumatlarymyz keçe basmagyň milli usullary bilen has hem baýlaşdy. Dutar ussaçylygy hormatly kär. Senetçiligiň kämil mekdebini geçen ussalar bu mukaddes käri ussatlarça ele alyp, milli saz gurallaryny ýasamagy hem sungat derejesine ýetiripdirler. Ekspedisiýamyzyň dowamynda dutar we agaç ussaçylygy bilen baglanyşykly toplanylan maglumatlar toparymyzyň bu ugurda çeken zähmetiniň netijeliligini artdyrdy. Maşgala we toý däp-dessurlary, tebipçilik, düýedarçylyk, hüwdi, keşdeçilik sungaty, gurama önümlerini taýýarlamak, palas önümlerini dokamak, jorap örmek, şeýle hem toý tagamlaryny taýýarlamakdaky tejribeleri özünde jemleýän maglumatlar hem işjeň ýagdaýda toparymyzyň agzalary tarapyndan toplanyldy. Türkmeniň şöhratly geçmişinde we şu gününde halkyň çeper döredijiligi bilen döredilen milli- medeni gymmatlyklaryna uly hormat goýulýar. Çünki, olar milli-ruhy dünýämiziň özenini düzýär. Biziň ylmy-etnografik ekspedisiýamyz Ahal welaýatynda jemlendi. Elimizi ýüregimiziň üstünde goýup aýtsak, bu ekspedisiýa soňlanmajak täsiri bilen ýatda galdy. Çünki, bu ekspedisiýa nesillere ýörelgelik miras baýlyklary toplamak bilen çäklenmedi. Biz, halkyň arasynda bolup, halkyň öz miras baýlyklaryna bolan sarpasynyň, söýgüsiniň çäksizdiginiň hem şaýady bolduk. Eziz Diýarymyzyň her bir pursatyny buýsandyryjy üstünliklere besläp, bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň ýüreginde nähili güýçli hormatyň, egsilmejek alkyşyň bardygyna hem has aýdyň göz ýetirdik. Ol hormat, ol söýgi bizi hem ruhubelentlik duýgusy bilen gaplap aldy. Ekspedisýanyň täsirleri bilen ýazylan bu ýazgymyzy bizi baky bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň ak alkyşlaryny ýetirmek bilen jemleýäris: Garaşsyzlyk şuglasyna nur saçyp, Alkyş size Gahryman Arkadagymyz, Alkyş size Arkadagly Serdarymyz. Watanyň waspyna ýürekler joşup, Alkyş size Gahryman Arkadagymyz, Alkyş size Arkadagly Serdarymyz. Ýagşyzadalaryň asly ýurdumyz, Gün deňinde ony belent gurduňyz. Bagtyýarlyk zamanany berdiňiz, Alkyş size Gahryman Arkadagymyz, Alkyş size Arkadagly Serdarymyz. OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy.