logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
2026-njy ýylyň 15-18-nji maýy aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

12.05.2026

#### **Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda** ##### * 16.05.2026ý. «Çynymy aýtsam» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Giýewleriň bäsleşigi» atly sahna oýny 19:00 #### **Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda** ##### * 16.05.2026ý. «Demir aýal» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Super gaýyn ene» atly sahna oýny 19:00 ##### * 18.05.2026ý. «Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» atly baýramçylyk konserti 19:00 #### **Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda** ##### * 15.05.2026ý. «Gurbagajyk» atly sahna oýny 11:00 ##### * 16.05.2026ý. «Sabyr Ataýewa» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Yşk mekany Hindistan» atly sahna oýny 19:00 #### **A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda** ##### * 15.05.2026ý. «Sekiz söýgüli zenan» atly sahna oýny 19:00 ##### * 16.05.2026ý. «Düwmejik» atly sahna oýny 12:00 ##### * 16.05.2026ý. «Çehowyň wodowilleri» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Çeburaşkanyň ogurlanmagy» atly sahna oýny 11:00 ##### * 17.05.2026ý. «Çeburaşkanyň ogurlanmagy» atly sahna oýny 13:00 ##### * 17.05.2026ý. «Maşgala syry» atly sahna oýny 19:00 #### **Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry** ##### * 16.05.2026ý. «Sakawyň soňuna seret» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Arşyn mal alan» atly sahna oýny 19:00 ##### * 18.05.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny 19:00 #### **Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry** ##### * 16.05.2026ý. «Ýagyş ýagan gijesi» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Syrly sandyk» atly sahna oýny 19:00 #### **Türkmen döwlet gurjak teatry** ##### * 16.05.2026ý. «Baky rowaýatlar» atly sahna oýny 17:00 ##### * 16.05.2026ý. «Jüýteniň toýy» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Bir towşanjyk bar ekeni...» atly sahna oýny 12:00 ##### * 17.05.2026ý. «Bir towşanjyk bar ekeni...» atly sahna oýny 17:00 ##### * 17.05.2026ý. «Aladdin» atly sahna oýny 19:00 #### **Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry** ##### * 16.05.2026ý. «Yşkymyň ykrary sen» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Bir güniň aladasy» atly sahna oýny 19:00 #### **Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry** ##### * 16.05.2026ý. «Durna umydy» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Çynymy aýtsam» atly sahna oýny 19:00 #### **Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry** ##### * 16.05.2026ý. «Täze gelin» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Gaýyn ene» atly sahna oýny 19:00 #### **Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry** ##### * 16.05.2026ý. «Söýgüniň ýolunda» atly sahna oýny 19:00 ##### * 17.05.2026ý. «Dowamat» atly sahna oýny 19:00

No image
Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Konstitusiýa – kalbymyzyň güýjüdir

Kitaphanalar

12.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Konstitusiýa – kalbymyzyň güýjüdir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli esasy Kanunymyz we ýaşyl Baýdagymyz halkymyzyň agzybirligini dabaralandyrýandygyny, Konstitusiýadan gözbaş almak bilen, ýurdumyzyň özygtyýarlygynyň aňlatmasy bolan Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň, Döwlet senasynyň, döwlet nyşanlary hökmünde esasy kanunymyza berkidilmeginiň uly syýasy-hukuk manysynyň bardygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagt Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz – bagtyýar döwrümiziň beýik ösüşleriniň ylham çeşmesidir

Kitaphanalar

12.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Bagt Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz – bagtyýar döwrümiziň beýik ösüşleriniň ylham çeşmesidir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda mähriban halkymyz goşa baýramçylygy – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden toýlaýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Baş Kanuny bolmak bilen, her bir raýatymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolup hyzmat edýändigi, biziň asuda, demokratik ýol bilen erkin ösýän ajaýyp Watanymyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybarat bolup durýandygy, ýurdumyzyň esasy sütünleri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini, gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen deňäp bolmaýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde halkymyzy, Watanymyzy, Döwlet baýdagymyzy, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar!

No image
Çagalary söýýän şahyr

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen Aşgabat şäherindäki №51-nji orta mekdebiň okuwçylary ýaňy ýakynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at myradyň mekany” ýylynda “Çaglary söýýän şahyr” atly, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi, şahyr Bazar Şalyýewiň 75 ýyllygyna bagyşlap edebi sazly ertirlik geçirildi. Geçirilen ertirlige Türkmenistanyň “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň bölüm redaktory, ýaş şahyr Gurbanjemal Annakowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym-kätibi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, ýazyjy Goçy Annasähedow, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň wagyz-ündew hünärmeni Gülnar Çaryýarowa şeýle hem mekdep müdiri Ogulbeg Annaýewa, halypa mugallym Ogulnabat Owlakowa dagy gatnaşdylar. Çäräniň başynda mekdebiň 4-nji “Ç” synp okuwçylary şahyryň “Arkadagyň nesli biz” atly goşgusyny labyzly aýtdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň “Ýazlar” aýdymyny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şahyr Bazar Şalyýew kitap sergisiniň ýanynda ýaşajyk okyjylara birnäçe täsirli gürrüňler edip berdi. Gelen myhmanlar öz gezeginde kitaplary köpräk okamagy, kitap okamak bilen tebigatyň gözelligini, haýwanlar hakynda gyzykly wakalary, umuman kitaplaryň üsti bilen köp soraglara jogap tapmak bolýandygyny wagyz etdiler. Çäräniň dowamynda şahyr “Älemgoşar” atly kitabyndan birnäçe tapmaçalardyr, matallary ýaşajyk okyjylar bilen şowhunly sorag-jogap etdiler. Geçirilen edebi ertirligiň ahyrynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp zamanasynda bagtyýar ýaşaýan nesillerimiz üçin, bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy!

No image
Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi!

Kitaphanalar

12.05.2026

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Gurjak teatry hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şeýle hem Aşgabat şäheriniň 51-nji orta we Tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdepleri bilen bilelikde “Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi!” atly çagalar şahyry, çagalar edebiýatynyň halypasy Azat Rahmanowyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, şahyryň şygyrlarynyň çeper okaýşyna bagyşlanyp edebi ertirlik geçirildi. Geçirilen edebi ertirlige “Edebiýat we sungat” gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy şahyr Bazar Şalyýew, ýazyjy Goçy Annasähedow, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy şahyr Annaberdi Çoçamanow, Güneş” žurnalynyň habarçysy, şahyr Garahanjar Baýhanow, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň halypa kiyaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa, birnäçe çagalar degişmeleriniň awtory, žurnalist Akgül Saparowa, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň wagyz-ündew hünärmeni Gülnar Çaryýarowa gatnaşdylar. Çäräniň başynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary tarapyndan Çagalar şahyry Azat Rahmanowyň “Umyt guşjagazy” atly goşgusy esasynda taýýarlanan gysgajyk sahna oýnuny görkezdiler. Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 4-nji “Ç” synp okuwçylary şahyryň hüwdi atly goşgusyna sahna oýny hem gyzykly goşgylaryny labyzly okamak çykyş etdiler. Şeýle hem tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçylary hem öz gezeginde türkmen halk ertekisi “Böwenjik” ertekini sahna esasynda görkezip, arassaçylyk, dostluk-doganlyk häsiýetlerini görkezdiler. Ähli myhmanlar kitaplar hakynda gyzykly gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň soňunda göwünleri galkynan çagalaryň dillerinde ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna egsilmez alkyşlar aýdyldy. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
Şahyr kalbynyň öwüşginli joşguny

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 51-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi Bazar Şalyýewiň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap “Şahyr kalbynyň öwüşginli joşguny” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Özüniň “Älemgoşar”, “Hasyl”, “Ynam”, “Rubagylar” atly kitaplary bilen giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan B.Şalyýewiň döredijiliginde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleri, ýurdumyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edilip, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, nesil terbiýesi, tebigat gözellikleri ýaly inçe duýgular beýan edilýär. Çärämiziň hormatly myhmanlary şahyryň döredijilik ýoly barada hem-de onuň döreden eserleriniň ähmiýeti barada täsirli gürrüňleri berdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar häzirki zaman türkmen edebiýatyny täze eserler bilen baýlaşmagyna ýardam edýän ýazyjy-şahyrlara sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Konstitusiýa – döwletiň mizemez binýady

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Konstitusiýa – döwletiň mizemez binýady” ady bilen söhbetdeşlik gurnady. Bu söhbetdeşlikde Baş Kanunymyz Konstitusiýamyz hakynda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri barada giňişleýin söhbet edildi. Bu söhbetdeşlik okyjylarda uly täsir galdyrdy. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Aşgabat – gözelligiň nusgasy

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Aşgabat – gözelligiň nusgasy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Aşgabat – şäherleriň seresi. Onuň göz gamaşdyryjy ýalkymy görenleri haýrana goýýar. Has görkana görünýän ajaýyp Aşgabadymyzyň keşbi-ýaraşygy has ýakymlydyr. Onuň her bir binasy durşy bilen tarypnama. Owadan güllere beslenip oturan paýtagtymyzyň her bir künjegi hakyky gözellik donuna bürenip dur. Bu gün söýgüniň we umytlaryň gül açýan mekany hökmünde taryhyň şöhratly töründe orun tutan Türkmenistanyň paýtagty – ak mermerli Aşgabat Orta Aziýanyň merjen şäherine, ähli halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar täsirli çykyş etdiler. Paýtagtymyzyň waspyny ýetirýän ajaýyp şygyrlardan okap berdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar pursatdan peýdalanyp, şeýle ajaýyp ýurtda ýaşap, üstünlikli zähmet çekýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Aşgabat-ak arzuwlaryň şäheri

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Aşgabat-ak arzuwlaryň şäheri” ady bilen sergi gurnady. Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Paýtagtymyz Aşgabat bu gün döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilýän gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri bendi edýär. Prezidentimiziň tagallasy bilen gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlas bilen döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sergä gatnaşyjy okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
Bilimler çeşmesi – Kitaphanalar

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gezelençde boldylar we kitaphananyň bölümleriniň alyp barýan iş aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyş boldylar. Mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan bölümleriň işi hakynda okuw sapagyny geçdiler we kitaphanaçylar bilen sorag-jogap alyşdylar. Kitaphanaçylyk işi bilen gyzyklanýan talyp ýaşlarda şeýle gezelençleri gurnamak we okuw sapagyny geçirmek kitaba bolan höwesiniň artmagyna uly ýardam berýär. Bagtyýar ýaşlaryň okap, dünýä ülňülerine laýyk bilimlerini artdyrmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.