logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Watan gahrymanlary-mertlik mekdebi

Muzeýler

08.05.2026

Merdana Watan ogullarynyň Watan ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylyklary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaş nesilleri üçin Watanyny, eziz halkyňy söýmegiň, onuň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir. Şonuň üçin Ýeňiş baýramy türkmen halky üçin iň bir mukaddes baýramlaryň biridir. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Beýik Ýeňşiň dabarasyna çäreler yzygiderli geçirilýär. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bu baýramçylyk mynasybetli “Watan gahrymanlary-mertlik mekdebi” atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu gurnalan wagtlaýyn sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan taryhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi görkezildi. Sergide ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklarymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baý medeni ruhy hem milli mirasyny şöhlelendirýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşyna degişli maglumatlar, uruş ýyllaryň taryhyndan söz açýan türkmenistanly gahrymanlarymyz hakyndaky fotosuratlar, Beýik Ýeňşiň dabaralanyşy we Watan gahrymanlaryna goýulýan hormat-sylagy hem-de Lebap welaýatynyň “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplary sergide öz beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň merdana ogullarynyň ata Watany goramak üçin şirin janyndan geçip beýik gahrymançylyk, edermenlik görkezmekde bitiren işleri, tylda galan halkyň, gelin-gyzlaryň Beýik Ýeňşe, fronta öz şaý-seplerini, dürli zatlary kömek berýän pursatlarynyň fotosuratlary, şeýle-de uruşda görkezen edermenlikleri üçin Türkmenistanly gahrymanlara dakylan orden, medallar ýerleşdirilen. Bu ekspozisiýada görkezilýän fotosuratlarda gazanylan Beýik Ýeňiş baýramynyň dabaralanyşy, uruşa giden ýigitleriň gaýdyp gelişi, uruş ýyllarynda we uruşdan soňky ýyllarda durmuşda ulanylan ýag çyralar, dürli gaplar, beýleki esbaplar hem-de suratkeşleriň döreden surat eserleri sergilenýär. Diýseň köp tomaşaçylary özünde jemlän sergi täsirliligi bilen tapawutlandy. Dabaraly serginiň açylşygyna gatnaşanlar dünýä halklarynyň dostlukly, parahatçylykly, agzybir we asuda durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçly menzillerde rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Jennet MYRADOWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursawody

No image
Eziz mähribanlar ýürekden gitmez, Watan merdanlaryň baky unutmaz

Kitaphanalar

08.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Beýik Ýeňiş gününe bagyşlap “Eziz mähribanlar ýürekden gitmez, Watan merdanlaryň baky unutmaz” atly duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Döwlet arhiwinden uruş ýyllarynda ýazylan üç burç hatlary hormatly myhmanymyz Zaharýan Robert Warastanowiç ýaş nesillere görkezdi. Bu bolsa Beýik watançylyk urşy ýyllarynda jeň meýdanyndaky esgerleriň göwnüni ganatlandyryşy dogrusyndaky ýatlamalary döreden ol üç burç hatlary öz elleri bilen görüp, okamaklary ýaş nesilleriň şu zamany arzuwlap öten pederleriň geçen şöhratly we merdana ýoly bilen tanyş bolmaklaryna esas döretdi. “Men gaýdyp gelerin” atly mekdep okuwçylarynyň goýan gysgaça sahna eserine hem tomaşa edildi. Watançy esger Berdimuhammet aganyň manyly ömür we durmuş ýoly hakdaky täsirli gürrüňler has-da özüne çekiji boldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar uruş weteranlaryna çäksiz sarpa goýýan, halkymyzy parahat asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

08.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler “Ylym” neşirýat gullugy tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen, “Spinal myşsa amiotrofiýalary anyklamak we bejermek”, “ Çaga hirurgiýasynyň gaýragoýulmasyz ýagdaýlarynyň kliniki beýanlary”, “Neonatologi-ýanyň wajyp meseleleri” atly kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplaryň Türkmenistanyň lukmanlar jemgyýetiniň amaly ýardam bermeginde taýýarlanandygyny beýan etdiler. Şeýle-de ýokary okuw we orta hünär mekdepleri üçin taýýarlanan S.Kurbanmamedowyň “Iýmitlenmegiň fiziologiýasy”, “ХХ asyr türkmen dil bilimi”, H.Işangulyýewiň “Deňiz tejribesi” atly kitaplar bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaphana synyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Döredijilik çarbagynyň bagbany

Kitaphanalar

08.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäheriniň 31-nji orta mekdebinde “Döredijilik çarbagynyň bagbany” atly edebi agşam geçirdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran meşhur söz ussatlarynyň, ýazyjy şahyrlarynyň mertebesini belent tutýar. Olaryň ömri-döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikler açýar. Şeýle söz ussatlarynyň biri hem, türkmen edebiýatynda özüniň ajaýyp eserleri bilen öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýew. Ol döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösmegi üçin bitiren işlerini nazarda tutsak, onda ol bir asyrlyk, on asyrlyk işiň iňňän gysga pursatlarda bitirilendigine göz ýetirýärsiň.

No image
Unudylmajak gahrymanlar baky ýaşar gursakda

Kitaphanalar

08.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Unudylmajak gahrymanlar baky ýaşar gursakda» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanan weteranlarymyza we olaryň ojagyny saklan enelerimize goýulýan sarpanyň örän ýokarydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň edermen ogul-gyzlary, beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde, urşuň agyr synagyna döz gelip, dünýäde parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezendikleri barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk bagtymyzyň senasy

Kitaphanalar

07.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmeginde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebinde “Garaşsyzlyk bagtymyzyň senasy” atly duşuşyk geçirdi. Garaşsyzlyk ata-Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyz. Dünýä bileleşigi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýýar we öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Ine, şular dogrusynda kitaphana hünärmeni ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar goşa ganatymyz bolan Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy

Kitaphanalar

07.05.2026

! Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!” ady bilen Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara geçirdiler. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toý-dabara baý Diýarymyzyň ähli ýerlerinde Ýeňiş güni mynasybetli çäreleriň, dabaralaryň, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda gahrymanlary ýatlap, gül goýmak dabarasynyň hem geçirilýändigini bellediler. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň arzyly Ýeňşi golaýlaşdyrmak üçin tylda zähmet çekendiklerini buýsanç bilen ýatladylar. Döredijilik bilen meşgullanýan kitaphanaçylar Beýik Ýeňiş baýramy we gerçeklerimizi ýatlap ýazan ajaýyp şygyrlaryndan okap berdiler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Gaýduwsyzlygyň beýik mekdebi” atly kitap sergisi hem gurnaldy.Watanymyzy goran gahrymanlary hoşallyk duýgusy bilen ýatlamak, olaryň şan-şöhratyna beslenen durmuş ýoluna hormat-sarpa goýmak halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Şeýle ajaýyp ýörelgelerimizi dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

No image
Döwürleriň röwşen ösüşlerine şamçyrag sen – Magtymguly Pyragy

Kitaphanalar

07.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Döwürleriň röwşen ösüşlerine şamçyrag sen – Magtymguly Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman, eýsem, ýer ýüzüniň ähli halklarynyň şahyrydyr. Şahyryň ýazan ähli goşgulary bütin adamzat dünýäsi üçin örän täsir galdyrýar. Dana şahyryň goşgulary köptaraplylygy hem-de çeperçiligi bilen baýdyr. Şahyryň öwüt-nesihat, edep-terbiýe barada ýazan goşgulary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ähmiýeti diýseň uludyr. Şular dogrusynda kitaphanaçylar söhbetlerini dowam etdirip, Magtymguly Pyragynyň watançylyk temasynda ýazylan goşgularyndan labyzly okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Mertler Watany beýgeldýär

Kitaphanalar

07.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Watan mukaddesligi” muzeýinde gezelençde boldylar we “Mertler Watany beýgeldýär” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazdylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar uludan toýlanýar. Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly, mukaddes baýramlaryň biridir. Ata-babalarymyzyň, gerçeklerimiziň söweşde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň nusgalyk edermenligi häzirki döwürde ýaş nesillerimizi watançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Asuda asmanyň astynda, parahat ýurdumyzda ýaşap, halal zähmet çekmegimiz üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

No image
Gahrymanlaryň belent sarpasy

Kitaphanalar

07.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli «Gahrymanlaryň belent sarpasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygynyň şan-şöhrata beslenip uly dabara bilen bellenilip geçilýändigi, ata-babalarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy hakyky mertligiň nusgalyk mekdebi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen gerçekleri edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýaş nesillerimiz üçin görelde mekdebi bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyza bagtyýar, asuda ýaşaýşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.