logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Muzeýler

30.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ylmy-usulyýet müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem şu ýylyň 29-30-njy maýynda ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly iki günlük ylmy-usuly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň muzeýleriniň ýolbaşçylary muzeýleriň halkara medeni gatnaşyklarynyň orny, muzeý gymmatlyklaryny toplamak, seljermek we kataloglaşdyrmak işleri, muzeýleriň geljegi: sanly giňişlikdäki sergiler we 3D ekspozisiýalar, milli gymmatlyklary wagyz etmekde sergileriň orny we jemgyýetçilik täsiri, muzeý we jemgyýet: ilat bilen gatnaşygy güýçlendirmegiň ýollary, muzeýler – halk döredijilik mirasynyň goragçysy we wagyzçysy, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde muzeýleriň ähmiýeti, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dürli mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda Döwlet muzeýiniň hem-de ýurdumyzyň beýleki muzeýleriniň tejribeli hünärmenleriniň muzeý işinde sanly ulgam, muzeýlerde internet ulgamyny peýdalanmagyň usullary, kompýuter sowatlylygy, muzeý gymmatlyklaryny elektron görnüşine geçirmek barada ylmy-usuly okuw sapaklary giňişleýin esasda sorag-jogaplar we şekilli görnüşler arkaly alnyp baryldy. Ylmy-usuly okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölüminiň esasy hünärmeni Durdymyrat Atdaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangibaýewa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Gökdepe» milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Maýagözel Çaryýarowa, Daşoguz şäher Bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Parahat Durdygylyjow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ylmy usulyýet bölüminiň müdiri Sülgün Berdiýewa çykyş etdiler. Maslahatyň ikinji gününde gymmatlyklary çeper rejelemek we dikeltmek boýunça tejribe okuwy we ussatlyk sapagy geçirildi. Ussatlyk sapagynyň dowamynda dürli görnüşli keramika önümlerini, surat eserlerini, kitaplary we mata önümlerini rejelemegiň aýratynlyklary barada maglumat berildi. Muzeý hünärmenleri Döwlet muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan gymmatlyklaryň rejeleniş aýratynlyklary baradaky ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryna işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen ylmy-usuly okuw maslahaty ýurdumyzyň ähli muzeý hünärmenlerini bir ojaga jemlemek bilen özara tejribe alyşmakda we taryhymyzyň gymmatly hazynalaryny resmi esasda dogry öwrenmekde geljekki üstünliklere itergi berýän deslapky ädim boldy.

No image
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK-ÖMRÜŇI GORAMAK

Muzeýler

29.05.2025

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Daşky gurşawy goramak-ömrüňi goramak” atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Diýseň köp adamly uly ruhubelentlikde, ýokary guramaçylykda geçirilen sergä talyp ýaşlar mugallymlar Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň işgärleri,muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar . Hormatly Prezidentimiz tebigaty goramagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ekologiýa abadançylygy we Daşky gurşawy goramak barada şeýle dürdäne setirleri belleýär:,,Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlük we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär”diýip belleýär Ekologiýa howpsuzlygy meselesi boýunça alnyp barylýan işleriň pugta kanunçylyk binýadynyň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Garaşsyzlyk ýyllarynda bu babatda zerur kanunçylyk namalary işlenilip düzüldi we kabul edildi. Olaryň arasynda “Tebigaty goramak hakynda”, “Ätiýaçlandyryş hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň kanunlary hem bar. Bu kanunlar tebigaty goramak we bu babatda ýüze çykýan dürli meseleleri çözmegiň kanunçylyk esaslaryny kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetli hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilipdir, dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda bellenilýär. Türkmenistanda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir, şunda hojalyk işiniň we beýleki işleriň ösdürilmegi tebigata, onuň baýlygyna aýawly goramak, tebigy resurslary rejeli peýdalanmak bilen, adamyň sagdyn we ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşaw baradaky hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär.Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär. Tebigatda gözel Watanymyzyň nurana keşbi bar.Tebigaty söýmegiň Watany söýmegi aňladýandygy bolsa biziň her birimize mälimdir.Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär.Bu işler ýurdumyzyň bütin ekologiýa ulgamyna, şol sanda topragyň, suwuň, howanyň arassalygyna, biodürlüligiň ýagdaýyna zyýan ýetirmeli däldir.Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň, ruhybelentligimiziň çeşmesidir, ömrümiziň kepilidir, rahatlygydyr.

No image
WELOSIPED-SAGDYNLYGYŇ GIREWI

Muzeýler

29.05.2025

Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Welosipediň oýlap tapylan döwri 1870-nji ýyllara gabat gelýär. Welosiped diňe bir adam tarapyndan oýlanyp tapylmandyr. ХVIII asyra çenli dürli pikirler we oýlap tapyşlar öňe sürlüpdir. Käbir maglumatlarda, welosipediň käbir çyzgylaryny Leonardo da Winçiniň eserlerinde hem duş gelnendigini belleýärler. Welosiped sporty özüniň taryhyny XIX asyrdan alyp gaýdýar. Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 1894-nji ýylda döredilýär. Bu jemgyýetiň welosipedçileriniň ilkinji ýaryşy 1895-nji ýylda geçirilipdir. “Welosiped” adalgasy “velos” (çalasyn) we “pes” (aýak) diýen latyn sözlerinden gelip çykýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Welosiped sporty beden we psihiki sagdynlygy, fiziki işjeňligi gowulandyrmagyň möhüm serişdesi bolup hyzmat edýär. Welosiped dünýäde iň köp ýaýran ulag serişdesi hasaplanylýar. Munuň bilen baglanyşykly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2018-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyçlaryny nazarda tutup, her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde welosiped sportunyň hyzmaty örän uludyr. Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam öz erkini, ukybyny, zehinini çydamlylyk, paýhaslyk, giň göwünlilik ýaly oňat häsiýetler bilen terbiýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda welosport bilen türgenleriň bir topary däl-de, müňlerçe adam meşgullanýar. Çünki ýygy-ýygydan geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişlere her gezek ildeşlerimiziň müňlerçesi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Toýlaryň toýa ulaşýan günlerinde Türkmenistan döwletimiziň ähli ýerlerinde şeýlede Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped-sagdynlygyň girewi” atly gurnalan wagtlaýyn sergini guramagyň esasy maksady, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli özgertmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, şeýle hem ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta giňden çekmek, döwletimiziň sport hem-de sagdyn pikirli, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli ýaşlary ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Gurnalan sergide Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sporty bilen baglanşykly ýazan kitaplary, Türkmenabat şäherinde geçirilen köpçülik çäreleri barada gürrüň berýän welosipet ýaryşyndaky fotosuratlardan pursatlar görkezilýär. Bu ýerde Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň we Türkmenabat şäheriniň sport mekdepleriniň kubok we medallary, welosipediň taryhy baradaky ylmy maglumatlar ýerleşdirilendir.