logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Döwür we Watan

Muzeýler

06.11.2026

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnamagynda «Döwür we Watan» atly gepleşigiň täze sany ýazga geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz medeniýet we sungat ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda, milli medeniýetimiz täze öwüşginlere eýe bolýar. Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigi hakynda bu gepleşikde muzeý hünärmeni Aýjemal Rahimowa giňişleýin çykyş etdi.

No image
MUGALLYMLAR WE OKUWÇYLAR MUZEÝDE MYHMANÇYLYKDA BOLDULAR

Muzeýler

03.11.2026

Ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraşly, şanly taryhymyza we milli gymmatlyklarymyza wepaly nesiller bolup ýetişmeginde muzeýleriň orny örän uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, çagalaryň we ýaşlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak maksady bilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Arkadag şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar muzeýiň giň zallarynda sergilenýän gymmatlyklar, taryhy tapyndylar we halkymyzyň köpasyrlyk maddy-ruhy mirasynyň nusgalary bilen tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleri tarapyndan okuwçylar üçin ýörite taýýarlanan gyzykly gürrüňdeşlikler çagalaryň taryha bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Okuwçylar halkymyzyň durmuşynda ulanan gadymy zähmet gurallaryny, amaly-haşam sungatynyň seýrek duş gelýän nusgalaryny, ene-mamalarymyzyň ellerinden dörän nepis türkmen halylaryny we milli şaý-seplerini ünsli synladylar. Aýratyn-da mekdepde okadylýan taryh we edebiýat derslerinde öwrenilýän taryhy wakalaryň we şahsyýetleriň muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen janlandyrylmagy okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, olar muzeýiň ülkäni öwreniş we tebigat bölümine aýratyn gyzyklanma bilen aýlandylar. Bu ýerde sebitiň özboluşly ekologik gurşawy, haýwanat we ösümlik dünýäsi barada gurnalan täsirli sergiler, okuwçylara daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek we ekologik medeniýeti ösdürmek boýunça uly amaly sapak boldy. Biologiýa we geografiýa derslerine degişli maglumatlaryň interaktiw we sanly ulgamlar arkaly görkezilmegi bolsa okuwçylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

No image
Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar

Muzeýler

03.11.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde bolup, muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu çäre talyplaryň halkymyzyň baý taryhy we medeni mirasy baradaky bilimlerini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen amala aşyryldy. Gezelenjiň dowamynda institutyň wekilleri muzeýiň gymmatlyklary, şol sanda sebitiň gadymy taryhyna, arheologik tapyndylaryna hem-de türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungatyna degişli seýrek duş gelýän nusgalar bilen ýakyndan tanyşdylar. Muzeý hünärmenleri myhmanlara görkezilýän taryhy tapyndylar we halkymyzyň medeni gymmatlyklary barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Aýratyn-da, ýurdumyzyň ilkinji "akylly" şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy, geljekki ösüş ugurlary baradaky bölümler talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Geljekki hünärmenler döwrebap muzeý şertlerinde taryh bilen şu günüň baglanyşygyny aýdyň görkezýän gymmatlyklara ýokary baha berdiler.

No image
MUZEÝE GURALAN GEZELENÇ

Muzeýler

03.11.2026

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar muzeýiň döwrebap zallarynda sergilenýän gymmatlyklar, arheologik tapyndylar we halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy-ruhy mirasynyň seýrek duş gelýän nusgalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Geljekki binagärler, gurluşykçy inženerler we dizaýnerler hökmünde talyplar muzeýdäki taryhy binalaryň çyzgylary, gadymy şäherleriň we galalaryň binagärlik aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. Muzeýiň hünärmenleriniň ata-babalarymyzyň ulanan gurluşyk tilsimleri, serişdeleriň hili we desgalary tebigy şertlere laýyklykda meýilleşdirmek başarnygy barada beren täsirli gürrüňleri ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin özboluşly ylmy-tejribe sapagyna öwrüldi. Mundan başga-da, talyplar muzeýiň ülkäni öwreniş we tebigat bölümine, şeýle hem dünýä belli ahalteke bedewlerimiziň taryhyna bagyşlanan sergilere uly üns berdiler. Taryh bilen häzirki zaman innowasiýalarynyň muzeý zallaryndaky utgaşmasy talyplary täze ylmy-döredijilikli taslamalary taýýarlamaga ruhlandyrdy.

No image
Rysgal-bereketli topragym

Muzeýler

02.11.2026

Eziz Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy giňden bellenilip geçilýär. Ene topragyň sahawatyny, daýhanlarymyzyň çeken halal zähmetiniň miwesini dabaralandyrýan Hasyl toýy, halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biridir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýuna bagyşlanyp «Rysgal-bereketli topragym» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň “Gül dessesi”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ogulgurban Atabalowanyň “Natýumort”, “Pile saýlanyşy”, şeýle hem, ussat suratkeşlerimiz Çary Öwwäýewiň “Hasyl”, Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Erik ýygymy”, Merdan Kakabaýewiň “Ak bugdaý”, Hezret Rejepowyň “Pagtaçylar” ýaly nakgaş, grafika we gobilen eserleri sergilendi. Şeýle hem, sergide nakgaş eserleri bilen birlikde Muhammet Ýüzbaşowyň “Hasyl baýramy”, Baýrammyrat Esengeldiýewiň “Zähmet ýeňşi”, Çaryýar Durdyýewiň “Hasyllylyk”, “Miweler” ýaly heýkel we keramika eserleri hem sergilendi. Baýramçylyk sergisinde sergilenen sungat eserleriniň her biri, Diýarymyzyň tebigatyny, asuda asmanyň, parahat zeminiň çeper keşbini beýan edip ene topragyň rysgal-berekedini açyp görkezýär.

No image
Ýaşlaryň muzeýe gezelenji

Muzeýler

02.11.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary üçin gyzykly gezelenç guraldy. Ýaş zehinleriň kalbynda halkymyzyň baý taryhyna, medeniýetine we sungatyna bolan buýsanjy artdyrmak maksady bilen guralan bu gezelenç okuwçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Gezelenjiň dowamynda muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde okuwçylar Berkarar döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan taryhy üstünlikler we ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ýakyndan tanyşdylar. Mekdepde sungat syrlaryny öwrenýän çagalar üçin Sungat bölüminde görkezilýän milli we dünýä wekilleriniň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk işlerini hem-de beýleki çeper eserleri uly gyzyklanma bilen synladylar. Tebigat bölüminde Ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, täsin tebigy künjekleri hem-de ekologiýa aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlar okuwçylaryň gözýetimini has-da giňeltdi. Taryh we etnografiýa bölüminde bolsa çagalar ata-babalarymyzdan miras galan gadymy tapyndylary, milli lybaslary, öý goşlaryny we zergärçilik sungatynyň seýrek duş gelýän nusgalaryny synlap, halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasy barada gymmatly maglumatlary diňlediler. Bu gezelenç diňe bir taryhy we medeni maglumatlary öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem ýaş aýdym-saz we sungat öwrenijileriň döredijilik ylhamyny has-da galkyndyrdy. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde milli gymmatlyklarymyzy wagyz edýän şeýle çäreleriň ähmiýeti örän uludyr.

No image
«Ajaýyp Hytaý: Sinziýanyň sungaty we gözelligi» atly şekillendiriş we fotosuratlaryň sergisi

Muzeýler

30.10.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Hytaý Halk Respublikasynyň Edebiýat we sungat işgärleriniň birleşmesiniň Halkara aragatnaşyk bölümi, Sinziýan Uýgur awtonom sebitiniň Edebiýat we sungat işgärleriniň birleşigi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan «Ajaýyp Hytaý: Sinziýanyň sungaty we gözelligi» atly şekillendiriş we fotosurat eserleri sergilenýär. Sergide Sinziýanyň ussat suratkeşleriniň döreden hytaý ruhuny we Sinziýan sebitiniň özboluşly keşbini özünde jemleýän sungat eserleri görkezilýär. Týan-Şan daglarynyň demirgazygyndan günortasyna çenli uzap gidýän gözel tebigatyny, köp öwüşginli milli däp-dessurlaryny we döwrüň joşgunly ruhuny wasp edýän bu ekspozisiýa giň mazmuny bilen tapawutlanýar. Nakgaş eserlerinde ýerli halkyň gündelik durmuşy hem-de gadymy däp-dessurlary dürli çeperçilik ugurlarda açylyp görkezilýär. Hytaýyň gadymy grafika sungatyna degişli eserlerinde bolsa Hytaý tebigatynyň dürli pasyllardaky owadanlygy inçeden ýerine ýetirilip, olarda dag-düzleriň arassa howasy we ruhy gözelligi aýdyň duýulýar. Şeýle hem, sergide görkezilen fotosuratlarda Hytaýyň täsin tebigaty, şäher peýzažlary we gazanylan uly üstünlikler beýan edilýär. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň resmi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda şeýle medeni-sungat çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi iki döwletiň baý medeni mirasyny, parahatçylykly hem-de dostlukly ýörelgelerini giňden wagyz etmäge uly ýardam berýär. Bu döredijilik duşuşyklary diňe bir sungat söýüjileriň gözýetimini giňeltmän, eýsem iki halkyň arasyndaky ruhy ýakynlygy, özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerini has-da berkidýär.

No image
Türkmen hünärmenleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hünär sapary

Muzeýler

30.10.2026

2026-njy ýylyň 17-nji oktýabry–7-nji noýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw saparlary» atly maksatnamasynyň çäklerinde medeni mirasy gorap saklamak, muzeýleri dolandyrmak boýunça ABŞ-nyň tejribeleri bilen tanyşmak maksady bilen geçirilýän «Medeni miras» subregional taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň muzeý işgärleri, ylmy-medeni edaralaryň wekilleri hem-de medeni mirasy goramak boýunça hünärmenler Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hünär saparyny amala aşyrýarlar. Maksatnamanyň esasy hünär maksatlary medeni mirasy gorap saklamak we muzeýleri dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden, sergileri meýilleşdirmek we olaryň dizaýnyny taýýarlamak, muzeý desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä tejribesini alyşmakdan ybaratdyr. Şeýle hem, bu çäre ABŞ-nyň muzeýleri we ylmy-medeni edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ýurduň 250 ýyllygy mynasybetli onuň taryhy-medeni üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilendir. Hünär saparynyň ilkinji tapgyry Waşington şäherinde amala aşyryldy. Bu döwürde wekiller medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasaty bilen tanyşdylar. Hünär sapary Los-Anjeles şäherinde dowam edip, Pol Getti adyndaky merkezde we Getti muzeýinde duşuşyklar geçirildi. Muzeýiň Antik döwrüň eksponatlaryny dikeltmek we gorap saklamak boýunça tejribe alyşdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/muze%C3%BDler%20123.jpg) Ylmy barlaglaryñ netijesinde toplanan iş tejribesi bilen tanyşlygynyň we duşuşygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň seýrek we gymmatly, Merwden tapylan «Buddanyň kelle heýkelini» dikeltmek (restawrasiýa we konserwasiýa) boýunça halkara taslamanyň çäklerinde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellenilip geçildi. Şeýle hem, saparyň dowamynda Los-Anjelesiň çeperçilik muzeýi we Tebigy taryh muzeýleri ýaly dünýä belli ylmy-medeni edaralarda sergiler, ylmy barlaglar hem-de ABŞ-nyň 250 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanýan ýörite medeni taslamalar bilen tanyşdyryldy. Wekiliýetiñ Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.

No image
Milli mirasyň nusgalary

Muzeýler

29.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde, milli mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 28-nji oktýabrynda ýurdumyzyň mirasa sarpaly, millilige hormatly, göreldeli raýatlarynyň birnäçesi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň baý gaznalaryna ýene-de birnäçe gymmatlyklaryň tabşyrylmagyna bagyşlanan «Milli mirasyň nusgalary» atly dabara hem-de sergi gurnaldy. Sergide Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy Maýa Berdigylyjowa, bu welaýatyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy Aknabat Towyýewa, şeýle hem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Täjigözel Amanalyýewa tarapyndan muzeýiň gaznalaryna tabşyrylan ХIХ–ХХ asyrlara mahsus bolan gadymy milli gymmatlyklar, türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny özünde jemleýän milli lybaslaryň dürli görnüşleri, amaly-haşam sungatynyň aýrylmaz bölegi bolan milli şaý-sepler, düýe ýüňünden dokalan agar çäkmeni, türkmen zenanlarynyň milli egin-eşigi bolan ýaşyl kürte, gyzyl çabyt hem-de gyzyl keteni köýnegi ýaly gymmatly eksponatlar uly orun eýeleýär. Bu gymmatlyklar geçmişde türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli gymmatlyklarymyzyň häzirki wagtda halkymyzyň buýsanç çeşmesine öwrülýändigini açyp görkezýär. Şöhratly geçmişimizden hem-de halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan saldamly goşandyndan habar berýän şeýle ajaýyp gymmatlyklaryň ildeşlerimiz tarapyndan muzeýe gowşurylmagy görelde alynmaga hem-de buýsanylmaga mynasypdyr. Dabaranyň dowamynda milli gymmatlyklaryň birnäçesini muzeýe tabşyran mähriban zenanlarymyza, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

No image
Muzeý işi we maglumatlary sanlylaşdyrmak

Muzeýler

27.10.2026

2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda ABŞ-nyň «Fulbright» Maksatnamasynyň hünärmeni Daniýel Waýsyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde duşuşyk geçirildi. Amerikan alymy Daniýel Waýsyň iş saparynyň maksady medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda sanlylaşdyrmak we resminamalaşdyrmak usullary boýunça Türkmenistanyň muzeýleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny we tanyşdyryş maslahatlaryny geçirmekden hem-de Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerine gezelenç etmekden ybarat bolup durýar. Döwlet muzeýinde geçirilen duşuşykda Daniýel Waýs «Maglumatlar we sanlylaşdyrmak» atly temadan çykyş etdi. Ol çykyşynda muzeý gymmatlyklaryny sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti barada öz tejribesinden mysal getirip gürrüň berdi. Duşuşykda muzeý işgärleri alym bilen rejeleýiş işlerinde sanly ulgamyň ähmiýeti barada sorag-jogap alyşdylar. Amerikan hünärmeni duşuşykdan öň muzeýiň taryh we arheologiýa sergi bölümlerine aýlanyp gördi. Muzeýde görkezilen arheologiýa gymmatlyklarynyň örän täsin hem-de ylmy nukdaýnazardan täsirlidigini, şeýle-de sergi bölümlerinde kartalaryň, çyzgylaryň, maglumatlaryň ýerlikli we sowatly ulanylandygyny, munuň bolsa ekspozisiýanyň ylmy derejesini güýçlendirýänligini belläp geçdi.