logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
MEDENIÝET WE YLYM JEMGYÝETIŇ RUHY BAÝLYGYDYR

Täzelikler

27.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ,,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri’’ ady bilen 3-nji tom kitaby bilen tanyşdyryş dabara we aýdym-sazly çäre geçirildi. Eziz Diýarymyza şan-şohrat, il günümize bagtyýarlyk getiren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň çar ýanynda döwlet derejesinde gürnalýan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň agzybirligini we geljege bolan uly ynamyny alamatlandyrylýan ajaýyp pursatlara beslenip ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylyna gadam basylmagy ýurdumyzda täze ösüşleriň, parahatçylygyň we rowaçlygyň buşlyçyksy hökmünde giňden dabaralynýär. Kitabyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen taryhynyň iň ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwür–Watanymyzyň şanly geljeginiň döwri, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdymyzda jemgyýetiň syýasy ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýandygy barada netijeli maslahat etdiler. Dabaranyyň dowamynda mekdep okuwçylary Gülälek Gurdanmuhammedowanyň, Jelil Täjowyň, Aýjemal Hojamgulyýewanyň, Rahman Şohradowyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy eziz Diýarymyzy wasp edýän aýdym–sazlary bilen röwşen geljege uzaýan ak ýollara halkymyzyň, bagtyýar durmuşyny dowamata besläp çäräni tamamladylar. Goý, 2026-njy ýyl her bir maşgala agzybirlik rowaçlyk getirsin. Halkymyzy eşretli zamanada ýaşatmak ugrunda uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.

No image
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NETIJELI DUŞUŞYKLAR

Täzelikler

24.02.2026

23-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyna üns çekildi. Taraplar şu barada aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Myhmanlaryň ýurdumyza iki günlük saparynyň maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr. Wekiliýet agzalarynyň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bolan duşuşygynda geçen ýylyň dowamynda hem-de şu ýyl ministrlik tarapyndan degişli ylalaşygyň taslamasyna birnäçe gezek garalandygy hem-de taslama boýunça garaýyşlaryň beýan edilendigi nygtaldy we şu saparyň çäklerinde bu ylalaşygyň gutarnykly görnüşiniň ylalaşylmagyna umyt bildirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ileri tutulýan ugurdan ybarat. Şolaryň biri ulag ulgamynda, mysal üçin, Hazarüsti ulag geçelgesini maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen baglydyr. Hazarüsti ulag geçelgesiniň döredilmegi Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletleriniň ulag boýunça arabaglanyşygyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, häzirki wagtda SPECA maksatnamasynyň çäklerinde bu geçelgäni sanlylaşdyrmak babatda “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy. Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýene bir ugry sanly ulgamy öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde sanly özgertmelere aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Energetika, suw hojalygy ulgamyndaky taslamalar hem möhüm maýa goýum taslamalarydyr. Şoňa görä-de, duşuşykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine üns çekilip, Türkmenistanda bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Ýewropa banklarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna we täze başlangyçlara gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri bar. ______________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI

Täzelikler

24.02.2026

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, topar tarapyndan geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak bilen berk baglanyşyklydyr. Mejlise gatnaşyjylar hasabat döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, döwletiň kanunçylyk ulgamyny pugtalandyrmak babatda birnäçe çäreleriň durmuşa geçirilendigini bellediler. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk, adamyň we raýatyň abadançylygy ugrunda çykyş edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de adam hukuklaryny üpjün etmegiň hukuk we guramaçylyk-tejribe çäreleriniň toplumy bilen baglanyşyklydyr. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren halkara başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi baradaky tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek teklibi parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda wajyp ädimdir. Pudagara toparyň agzalary ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adam hukuklarynyň, ynsanperwer hukugyň ileri tutulmagyna esaslanýan halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri amala aşyrmakda geljekki işleriň esasy ugurlary barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri we beýleki halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar. Pudagara topar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işi alyp barýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijileri ilatyň bagtyýar, abadan durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmekden, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda raýatlaryň mynasyp zähmetini guramak boýunça anyk strategik wezipeler kesgitlenendir. Bu wezipeleri netijeli amala aşyrmakda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zähmeti innowasion esasda guramak wajypdyr. Kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde zähmeti guramak we goramak çykyş edýär. Bularyň hemmesi raýatlaryň intellektual ukyplaryny netijeli durmuşa geçirmek üçin zähmeti ylmy hem-de innowasion esasda guramaga gönükdirilendir. ________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

24.02.2026

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, beýleki azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini we tohumyny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. __________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI

Täzelikler

23.02.2026

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň(ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda milli toparyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, 2026-njy ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi aýdyldy. Olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. ÝUNESKO we onuň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasy tarapyndan geçirilen halkara hem-de sebit maslahatlaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlara saparlar guraldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde türkmen jemgyýetiniň ruhy, aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga, milli medeniýetimizi kämilleşdirmäge, taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerimizi goramaga hem-de aýawly saklamaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Baý medeni mirasymyz halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi medeni ýadygärlikleri, tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanýan açyk dialog üçin amatly şertleri döredýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hereket etmegi hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. ______________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
DIALOGA WE YNSANPERWER TAGLYMLARA YGRARLYLYK

Täzelikler

21.02.2026

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI 20-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy parahatçylyk söýüjiligiň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy bolup durýar. Her ýyl Diplomatik işgärleriň gününiň baýram edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan dünýä giňişliginde alnyp barlan giň möçberli işleriň netijelerini jemlemäge mümkinçilik berýär. Bu gün türkmen diplomatiýasy diňe bir döwlet bähbitlerini goramagyň guraly bolman, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň diplomatik işgärlerine aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Ählumumy howpsuzlyk arhitekturasynyň üýtgäp durýan häzirki şertlerinde döwletimiz “Dialo-parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny işjeň ilerledýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç döwletleriň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler tejribe bilen utgaşdyrylyp, ol geljekki diplomatlara protokolyň we gepleşikleri geçirmegiň inçe tärlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýaş diplomatlar pederlerimiziň parasatly däplerini, sanly tehnologiýalary we häzirki zaman halkara standartlaryny içgin öwrenýärler. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Guramanyň çäklerinde ýurdumyz ekologiýa, ulag, howpsuzlyk ulgamlarynda köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmeginiň öňbaşçysy boldy. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak, Aral meselesini çözmek boýunça başlangyçlary işjeň ilerledip, sebitiň ekologiýa gün tertibine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Bu bolsa döwletimiziň daşary syýasatynyň jogapkärçilikli we öňdengörüjilikli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi-de wajyp ugur bolup, ol Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen diplomatlary uzak möhletli ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýadyny düzýän ýokary derejedäki duşuşyklary guramakda möhüm orny eýeleýärler. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň diplomatik gullugyndan yzygiderli kämilleşmegi we halkara hyzmatdaşlykda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasy Türkmenistany dünýä ýurtlary bilen baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär. _________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

21.02.2026

20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda milli hem-de halkara tejribeler öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly hem-de başga-da hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Mejlisiň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna gatnaşdylar. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekili BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan geçirilen okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda, mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza hormat goýmak däbini dowam etdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň zenan-gyzlaryna gowşuryljak pul serişdeleriniň möçberi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny, olar üçin ähli döwrebap şertleriň döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekendigini aýdyp, wise-premýere baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy. ___________________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«KONSERWATORIÝA UÇURYMLARYNY ÇAGYRÝAR» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

19.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn hormat goýulýar. Ýaş nesliň kämil sungat ussatlary bolup ýetişmekleri üçin uly şertler döredilýär. Ynha, şeýle maksatlary göz öňünde tutup, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Konserwatoriýa uçurymlaryny çagyrýar” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu gezekki geçirilen döredijilik duşuşygynyň myhmany “Türkmengaz” döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew. Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew 1976-njy ýylda Bäherden etrabynyň Arçman obasynda dünýä inýär. Heniz çaga wagty onuň maşgalasy Daşoguz şäherine göçýär. Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdebine gatnap, halypa bagşy sungat ýoluna gadam basýar. Soňra Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky sungat mekdebine okuwa girýär. Okan döwri ussat halypalardan bagşyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip, 1993-nji ýylda geçirilen “Ýaňlan diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. 1995-nji ýylda bolsa hünärini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bu ýerde ussat halypalar Akmyrat Çaryýew, Ýolaman Nurymow ýaly halypalardan sapak alýar. Häzirki wagtda özi halypalyga ýetişen ussat bagşy Döwletgeldi Durdyýew bu günki geçirilen duşuşykda birnäçe aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirdi. Olardan : türkmen halk aýdymy “Ýar-ýar”, “Ýigitlik çagy”, “Oýanmaz, “Şasenem-Garyp” dessanyndan “Ýar bolaýyn”, “Döker ganymy”, “Gül-Bilbil” dessanyndan “Ýetişdi” aýdymlaryny görkezmek bolar. Şeýle-de “Görogly” dessanyndan bir parçany ýerine ýetirdi. Bu günki geçirilen döredijilik duşuşygy örän gyzyklylygy bilen tapawutlandy we talyp ýaşlaryň sungata bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzda şular ýaly halypalar bilen döredijilik duşuşygyny geçirmäge, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmäge, türkmen sungatyny dünýä ýaýmaga döredilip berilýän aýratyn şertler we giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin. ______________________ Aýläle Gulmuradowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANDA INDONEZIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Täzelikler

18.02.2026

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Indoneziýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemirat ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. _______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
AŞGABATDA ÄHLUMUMY SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA DIPLOMATIÝA BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOG ÖZ IŞINE BAŞLADY

Täzelikler

17.02.2026

16-njy fewralda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli forumyň guralmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Okuw maslahaty häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli platformany döretmäge gönükdirilendir. Ählumumy derejede üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Çärä gatnaşyjylaryň ýokary wekilçilikli düzümi halkara bileleşigiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Syýasatçylary, lukmanlary we alymlary bir ýere jemlän halkara forum tutuş adamzadyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze mehanizmlerini işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilelikde guraýan forumyna iri halkara düzümleriň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, abraýly bilermenler gatnaşýarlar. Şeýle ähmiýetli çäräniň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmek boýunça işjeň ornunyň ykrarnamasydyr. Onuň açylyşynyň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda we Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde yglan edilen Saglygy goramagyň ýylyna gabat gelmegi çärä aýratyn many berýär. Türkmen tarapynyň wekili foruma gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki döwrüň lukmançylyk ulgamynda ählumumy meseleleri çözmek üçin täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi. Bu gün saglygy goraýyş diňe bir hünär ulgamy däl-de, eýsem, daşary syýasatyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasyna halklaryň arasynda ynanyşmagy we raýdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde garaýar. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ähli başlangyçlary adamlaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. 2025-nji ýylda Türkmenistan saglygy goramagy ählumumy durnuklylygyň binýady hökmünde ykrar edip, “Geljegiň lukmançylygy-raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk” başlangyjyny işjeň öňe sürdi. Forumyň açylyş dabarasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň sebitleýin direktory Hans Klýuge hem çykyş etdi. Ol BSGG-niň tagallalaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty saglygy goraýşyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň bähbitlerine hyzmat etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar. _________________________________ «Türkmenistan» gazeti