logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
2025-nji ÝYLYŇ GÖRKEZIJILERI BOÝUNÇA ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABY SYLAGLANYLDY

Täzelikler

17.02.2026

16-njy fewralda ýurdumyzda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy. 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, ajaýyp özgertmelere, adam hakyndaky aladalara esaslanýan beýik işlere giň ýol açýar. Ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda gazanylýan ýokary derejedäki üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere tüýs ýürekden guwanýar. Garaşsyz Diýarymyzda her ýyl ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda iň gowy görkezijileri gazanmak ugrunda bäsleşigi guramak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, geçen ýylda hem durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy etraby kesgitlemek boýunça degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçen 2025-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde kesgitlenildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýeňiji bolan etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu waka ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şu mynasybetli guralan dabaranyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny ebedilik adyna ýazan Bitaraplyk şäherçesinde geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şäherçäniň medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabara welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýerde gurnalan ak öýleriň töwereginde türkmeniň milli toý däp-dessurlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy, bagtyýar döwrümize bagyşlanan sungat eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Medeniýet we sungat ussatlary, dessançy bagşylar joşgunly aýdym-sazlary bilen çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Köneürgenç etrabynyň zähmetkeşleriniň geljekde hem ähli yhlasyny we tagallalaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi. “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. ________________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BSGG-niň ÝEWROPA SEBITI EDARASYNYŇ DIREKTORYNY KABUL ETDI

Täzelikler

17.02.2026

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny gowşurdy. Şeýle-de ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzy 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi hem-de bu ýylyň Arkalaşygyň giňişliginde “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hans Klýugäniň Türkmenistana saparynyň dowamynda gatnaşjak «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly okuw maslahatynyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ilatyň saglygyny goramak esasy wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman saglyk öýleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, Arkadag lukmançylyk klasteri gurulýar. Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn iýmitlenmek, temmäkä garşy göreşmek boýunça işler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýola goýlan oňyn tejribeden ugur alyp, türkmen tarapynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýuge birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. ______________________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
MANYLY ÖMRÜŇ MERTEBE MEKDEBI

Täzelikler

16.02.2026

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen milli şekillendiriş sungaty uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde muzeýleriň we Sergiler köşgüniň açylmagy, sergileriň ýygy-ýygydan geçirilip durmagy hem munuň aýdyň şaýadydyr. Sungat eserleriniň sergisi paýtagtymyzda we welaýat muzeýlerinde şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýygy-ýygydan geçirilip durulýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän sergileriň ýylyň dowamynda meýilnamasy düzülip, ol diňe bir baýramçylyklarda geçirilmän, eýsem adaty günlerimizde hem geçirilýär. Oňa mugallymlarymyzyň geçirýän şahsy sergileri hem mysal bolup biler. Mugallymlaryň geçirýän şahsy sergileri biziň talyplarymyzyň okuw we döredijilik işlerine öz täsirini ýetirýär. Çünki mugallymlarymyzyň döreden we sergilere hödürlän sungat eserleri talyp ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeltmäge, olardan şekillendiriş sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenmäge uly itergi berýär. “Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýen jümläni özlerine tutaryk edinýän mugallymlar, talyplaryň okuw we döredijilik işleriniň kämilleşmegine, olaryň döwrebap sungat eserlerini döretmegine, döreden sungat eserleriniň dogruçyl beýan edilmegine aýratyn üns berýärler. Halypalarynyň berýän ündewlerine dogry düşünen we olaryň her bir sözüni özlerine nusga edinýän talyplarymyz yhlas bilen sungatyň inçe syrlaryny öwrenip, ajaýyp sungat eserlerini döredýärler. Olar öz eserlerinde türkmen tebigatynyň gözelliklerini, oba we şäher durmuşyny, günsaýyn ösüp barýan ýurdumyzyň ösüşlerini şekillendirip, olary sergileriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirip durýarlar. Sergilere gatnaşýan we teleýaýlymlaryň üsti bilen halka ýetirilýän sungat eserleri her bir tomaşaçyda uly täsir galdyrýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/896.jpg) Şeýle sergileriň biri hem, şu ýylyň fewral aýynyň 14-ne geçirilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Kakageldi Gurbangeldiýewiň şahsy sergisidir. Kakageldi Gurbangeldiýew birnäçe ýyllardan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýär. Halypa mugallym akademiýada köpsanly şägirtleri ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren şägirtleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýärler. Kakageldi mugallym 70 ýaş senesine bagyşlap “Manyly ömrüň mertebe mekdebi” atly uly sergi açdy. Sergide halypa magallymyň döwrümiziň ösüşleri we türkmen oba durmuşy bilen baglanşykly eserleri ýerleşdirilipdir. Halypanyň 1978-nji ýylda döreden türkmen milli oýny bilen baglanşykly “Göz daňdy”, oba durmuşy bilen baglanşykly 1984-nji ýylda döreden “Ýaz aladalary”, “Magtymguly halkyň arasynda”, 1985-nji ýylda döreden “Bahar”, 1988-nji ýylda döreden “Jiglerim”, 1989-njy ýylda döreden “Oba toýy”, “Hiňňildik” ýaly nakgaş eserleri sergä gelen tomaşaçylarda has-da täsir galdyrdy. Bu sungat eserleri biziň häzirki döwrümiziň ösüşlerini, halkymyzyň ajaýyp durmuşyny, tebigatymyzyň gözel künjeklerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny, il-ýurt bähbitli işlerini wasp edýär. Halypa suratkeşiň yhlas bilen döreden her bir sungat eserleri tomaşaçyda eziz Watanymyza, milli sungatymyza, gözel tebigatymyza, ajaýyp döwrümize bolan mähirli duýgyny we ruhubelentligi döredýär. Çünki ata-babalarymyzyň “yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýip belleýşi ýaly, yhlas bilen edilen iş ýerine düşýär. Çünki halypa mugallymlarymyz mydama gözelligiň gözleginde. Olar döwrümiziň ajaýyp waspçylarydyr. _______________________________________ Orazgözel Utomyşewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

16.02.2026

14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar, şol sanda Lebap welaýatynda gurlan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar hem-de desgalar toplumy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyşyna ak pata berendigi üçin döwlet Baştutanymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri üçin harby hünärmenleri taýýarlamak, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Baş prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem prokuratura edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hakynda hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, hasabatda Balkan welaýatynyň Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň ulanmaga berlendigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň, kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi. Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ministr Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň, Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli täze ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berlendigi hakynda hasabat berdi. ______________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI

Täzelikler

14.02.2026

13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2025-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” amala aşyrylyşy barada hasabat berildi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de onda ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. _____________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÝURDUMYZDA SAÝLAWLARYŇ ÖŇ ÝANYNDAKY MÖWSÜM DOWAM EDÝÄR

Täzelikler

13.02.2026

12-nji fewralda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda açyklyk esasynda, ýurdumyzyň raýatlarynyň işjeň gatnaşmaklarynda 29-njy martda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny öz içine alýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar döwletimiziň demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi bolar. Milli saýlaw kanunçylygyna we tassyklanan degişli meýilnama laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň degişli komitetleri hem-de raýatlar toparlary gatnaşýarlar. Saýlaw gününe çenli 25 ýaşy dolýan, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenip bilinýändigini, ýerli halk maslahatlaryna we Geňeş agzalygyna dalaşgärleriň bolsa 21 ýaşy dolan hem-de degişli çäkde hemişelik ýaşaýan raýatlar bolmalydygyny bellemek gerek. Geçirilýän ýygnaklarda zähmeti bilen Watana wepalylygyny subut eden, ilat arasynda uly hormata eýe bolan mynasyp raýatlar dalaşgärlige hödürlenilýär. Çykyş edýänler dalaşgärleriň hünär ussatlygyny, guramaçylyk başarnyklaryny, ýokary ruhy-ahlak häsiýetlerini belläp, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimini giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirmäge taýýardyklaryny nygtaýarlar. Giň wekilçilik ýörelgesiniň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Her bir saýlaw okrugyna birnäçe dalaşgäriň hödürlenilmegi saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we adam hukuklary çygrynda umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçiriljekdigini subut edýär. Şeýlelikde, öňde boljak saýlawlar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň binýadyny berkider hem-de demokratik ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly bolar. _____________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
SPORT-PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI «Arkadag» we «Al-Nassr» FUTBOL TOPARLARY DUŞUŞDY

Täzelikler

12.02.2026

11-nji fewralda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda sporty ösdürmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe, Olimpiýa hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Belent ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän halkara sport hereketine goşant goşýan bu işler Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda futboly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda futbolyň ösüşiniň esasy tapgyrlary barada aýdylanda, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini hem-de şol ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň oýunlarynyň we ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryşlaryň geçirilip başlanandygyny bellemek gerek. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň hem-de Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Şol ýyl futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykmagy başardy. Futbol boýunça milli ýygyndy toparymyz 1995-nji ýyldan bäri her ýyl halkara ýaryşlara gatnaşyp gelýär. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2014-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Her ýyl milli federasiýamyz FIFA bilen bilelikde ýurdumyzda futbol boýunça eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara okuw maslahatlaryny geçirýär, onuň jemleri boýunça synaglary üstünlikli geçen eminlere halkara derejeli emin derejesi berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlar dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmegi sport hyzmatdaşlygynda täze sahypalary açýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi hem-de onuň dowamynda döwlet Baştutanymyza FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurmagy türkmen futbolynyň dünýä derejesinde gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasy boldy. ___________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ASUDALYK WE PARAHATÇYLYK WATANY

Täzelikler

10.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen medeniýetine, sungatyna, ylma we bilimdäki ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýär. Döredijilik – diňe bir şahsy zehin däl, eýsem halk ruhunyň, milli mirasynyň dowamaty bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň şygary bilen bagly birnäçe döredijilik duşuşyklary, teleýaýlym ýazgylary, gepleşikler we ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen “Şan goşar sen, ýyllaň şanyna bedew” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary Otuzowa G,Hojamämmedowa A,Ýagşyýewa A,Ylmy bölüminiň başlygy Jümiýewa L, Ýaşlar guramanyň başlygy Amannazarow T hem-de 2-nji ýyl talyp Mätiýewa S. çykyş etdiler. Mugallymlar ylmy-amaly maslahatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanmyzda dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Milli saz sungaty – bu biziň ruhy mirasymyzdyr. Ýaşlarymyzyň bu mirasa bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň diňe bir hünärmen däl, eýsem ýokary medeniýetli şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam eder diýip aýdyp geçdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at–myradyň mekany” atly ýylynda ýurdumyz toýdur baýramlara beslenýär. Çykyşyň soňunda maslahata gatnaşyjylar türkmen medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! _________________________ Aýjemal HOJAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2-t%C3%A4ze-fon.jpg)

No image
BEDEW BATLY WATANYM

Täzelikler

10.02.2026

2026-njy ýyl «Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly atly şygarymyz bilen ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamy gün-günden bedew batly ösüşlere eýe bolýar. Ýylyň şygaryna esaslanyp, biziň ýokary okuw jaýymyzyň sergiler jaýynda «Bedew batly Watanym» atly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasyndaky uçurymlaryň we talyp ýaşlaryň eserlerine bagyşlanyp ajaýyp sergi açyldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasynda saklanylýan uçurymlaryň eserleri milli sungatyň ösüş ýoluny, ýaş zehinleriň döredijilik gözleglerini we döwür bilen baglanyşykly çeper pikirlenmäni aýdyň görkezýän gymmatly çeşmedir. Serginiň aýratynlygy diňe bir uçurym ýaşlaryň däl, eýsem häzirki wagtda bilim alyp ýören talyplaryň hem tapawutlanan eserleriniň görkezilmegidir. Bu ýagdaý biziň ýokary okuw jaýymyzda döredijilik işiniň yzygiderli dowam edýändigini, ýaş zehinleriň okuw döwründen başlap sungat meýdançasynda öz sözlerini aýdyp bilýändiklerini görkezýär. Sergide görkezilýän eserlerde türkmen topragynyň gözelligi, bedew atyň mukaddes keşbi, halkyň ruhy kuwwaty we ata Watana bolan söýgi esasy tema hökmünde öňe çykýar. Bedew at bu ýerde diňe bir haýwan däl-de, eýsem erkinligiň, güýç-kuwwatyň we milli buýsanjyň nyşany hökmünde beýan edilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/11-2.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22-i.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33--.jpg) Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasyna girizilen bu eserler ýokary hünär derejesini aýdyň subutnamasydyr. Uçurym we talyp ýaşlaryň akademiki bilimini döredijilik erkinligi bilen utgaşdyryp bilmegi, olaryň geljekde sungat ýolunda uly mümkinçiliklere eýedigini görkezýär. “Bedew batly Watanym” atly sergi tomaşaçyny ata Watanymyzyň taryhy, häzirki döwri we geljegi barada oýlanmaga iterýär. Bu sergi arkaly sungat diňe bir estetik lezzet bermän, eýsem watançylyk duýgusyny pugtalandyrýan, milli aňy terbiýeleýän güýçli ruhy çeşme hökmünde çykyş edýär. Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň döredijilik mekdebi hökmünde ähmiýetini, uçurym we talyp ýaşlaryň sungat arkaly Watana bolan söýgüsini hem-de milli çeperçilik däpleriniň häzirki zaman ruhunda dowam etdirilýändigini aýdyň subut edýär. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp zamanada okamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden köp sagbolsun aýdýarys. Olaryň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. ________________________ Ogulmaral Çaryýarowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
«ARKADAG» FUTBOL TOPARY DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

Täzelikler

10.02.2026

9-njy fewralda paýtagtymyzda «Arkadag» futbol topary-türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirilen forum türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketini höweslendirmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport merkezleri, iri sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbidine gönükdirip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, Türkmenistanda futboly ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň futbolda gazanýan üstünlikleriniň, hususan-da, «Arkadag» futbol toparynyň ýeňişleriniň möhüm ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu futbol topary Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2023-nji ýylda döredildi. Toparyň esaslandyrylan ýylynda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy onuň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezdi. 2025-nji ýylda «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bolsa türkmen sportunyň abraýyny has-da dabaralandyrdy. Daşary ýurtly žurnalistler toparyň gazanýan üstünlikleriniň Türkmenistanda professional sporty ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň netijesidigini bellediler hem-de «Arkadag» futbol toparynyň gysga wagtyň içinde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen bir hatarda, bu futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasyna gatnaşmagynyň toparyň halkara sport giňişliginde täze belentliklere ýetmegi üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň döwrebap infrastrukturasynyň islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýändigi we ýurdumyzy Aziýanyň möhüm sport merkezine öwürýändigi bellenildi. Pikir alyşmalar «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygynyň ähmiýeti baradaky gürrüňler bilen dowam etdi. Bilermenler bu duşuşygy dünýäde millionlarça tomaşaçyny özüne çekjek iri sport wakasy hökmünde häsiýetlendirdiler, dünýä derejesindäki ýyldyzlaryň çykyş edýän toparyna garşy oýnamagyň diňe bir türkmen futbolçylary üçin ussatlyk synagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen futbolyny tutuş yklyma tanyşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikdigini nygtadylar. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar sporty ösdürmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanda geçirilýän sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, bu çäreleri ýaýlyma bermekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem olar dünýä metbugatynda «Arkadag» futbol toparynyň üstünlikleriniň giňden beýan edilmeginiň halkara sport jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrjakdygyny nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary bilen Türkmenistanda sportuň yzygiderli ösdürilýändigi, ýurdumyzyň parahatçylygyň ilçisi hökmünde sportuň ornuny berkitmäge aýratyn üns berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly myhmanlar netijeli dialog üçin döredilen şertlere tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň halklaryň we yklymlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. ____________________ «Türkmenistan» gazeti