logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
AHALTEKE ATLARY – TIZLIGIŇ, ÇYDAMLYLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Täzelikler

17.04.2026

Şu günler eziz Diýarymyzda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Bu ajaýyp baýram mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda “Ahalteke atlary – tizligiň, çydamlylygyň we gözelligiň nusgasy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Seýisleriň, atşynaslaryň we bu ugurdaky hünärmenleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, türkmen milli atçylyk sportuny ösdürmekde alnyp barylýan köpugurly işler hem-de türkmen milli seýisçilik tejribesi barada gyzykly söhbetler edildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan sergi geçirilen söhbetdeşlik bilen ajaýyp derejede sazlaşdy. Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň mährini süňňüne siňdirilip ýetişdirilen gymmatlyklarymyzyň iň meşhurydyr. Olar seýisçiligiň milli tejribesi bilen terbiýelenen gylykly atlardyr. Mynasyp atlary ösdürip ýetişdirmek, idetmek ýokary derejeli ussatlygy talap edýär. Geçmişde aty bolan maşgala gurply hojalyklaryň biri hasaplanypdyr. Gapyda gamyş gulak atyň kişňemegi bagtdan nyşan saýylypdyr. Ady dünýä ýaýylan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde ökde seýisleri öz içine alýan seýisçilik mekdebi döräpdir. Olar atlaryň hakyky janköýerleri bolupdyr. Çünki atlary taýçanaklygyndan kämil derejä ýetirmek abyrsyz zähmeti, irginsiz yhlasy talap edipdir. Atyň gowy seýislenendigini ýa-da seýislenmändigini onuň sypatyndan, endamyndan, ýöreýşinden, iýmitlenişinden, özüni alyp barşyndan bilmegi başaran seýisler çyn bedewleri ösdürip ýetişdiripdirler. Atlar maşgalanyň gözüniň guwanjyna, ýüreginiň buýsanjyna öwrülipdir. Syzgyr, düşbi atlar bilen sözleşilipdir. Olar mähir-söýgi bilen gurşalypdyr. Özüne bolan mähri duýup ulalan bedewler ynsan ýaly üşükli, häsiýetli bedewler bolup ýetişipdir. Halkymyz behişdi bedewleri çeper sungaty bilen döreden şaý-sepleri bilen bezäpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke atlarymyz özüniň mynasyp bahasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyklykda atçylyk toplumlary, aýlawlar guruldy, türkmen bedewiniň syratly keşbi Döwlet tugrasynda orun aldy, at çapyşyklary yzygiderli guralýar. Atlar gözellik bäsleşiklerine gatnaşýar, şeýle hem, türkmen bedewiniň şanyna uludan dabaraly toý tutulýar. 2023-nji ýylda türkmen milli seýisçilik sungatynyň ýokary kämilliginiň milli tejribesini özünde jemleýän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Bize ahalteke atlary ýaly at-abraýy, şan-şöhraty dünýä dolan milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde nusgalyk ýol görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
Sungat äleminiň nury: Suhan Tüýliýewiň döredijilik dünýäsine syýahat

Täzelikler

17.04.2026

Türkmenistanyň medeniýet we sungat älemi ýene-de bir taryhy wakanyň şaýady boldy. Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Türkmenistanyň sungatda yz goýan zehinli kompozitory Suhan Tüýliýewiň “Ömrümiň bentleri” atly döredijilik duşuşygy we konserti geçirildi. Bu agşam diňe bir saz däl, eýsem, türkmen ruhunyň, taryhynyň we filosofiýasynyň saz dili bilen beýan edilen dabarasy boldy. Konsertiň maksatnamasy gaty baý we manyly bolup, agşamyň açylyşy Suhan Tüýliýewiň “Bentler” atly simfoniki orkestr üçin poemasy bilen başlanýar. Bu eser kompozitoryň döredijilik ýolunyň özboluşly bir özeni ýalydyr. Döwletmämmet Ökdirowyň dirižýorlyk etmeginde simfoniki orkestr diňleýjini ynsan ömrüniň dürli pursatlaryna, ýagny, şol “bentlere” alyp gitdi. Suhan Tüýliýewiň döredijiliginde edebiýat we poeziýa aýrylmaz orun tutýar. Gülşirin Hanowanyň sözlerine düzülen “Nejoldy?” atly soprano we orkestr üçin aýdymy Güljemal Taýlyýewanyň belent owazda ýerine ýetirilmegi türkmen zenanynyň kalbyndaky näzik duýgularyň sazlaşygyny görkezdi. Konsertiň iň täsirli bölümleriniň biri hem “Uzuklar” sazly rowaýatydyr. Bu eser birnäçe saz guralynyň — fleýta, goboý, klarnet we skripkanyň — simfoniki orkestr bilen dialogydyr. Batyr Çaryýewiň çeper okaýyşynda (rawynyň dilinden) beýan edilen bu rowaýat diňleýjini türkmen sährasynyň jümmüşine äkitdi. “Uzugyň lälesi”, “Näzigiň lälesi” we “Läligiň lälesi” ýaly bölümler arkaly senediň, sabyr-takatlylygyň we gözelligiň nusgasy bolan türkmen gyzlarynyň keşbi janlandyrylýar. Didar Ýomudow, Seýran Atanyýazow, Şirhan Batyrow we Oguljan Nepesowa ýaly ussat sazandalaryň ýerine ýetirmegindäki bu bölümler milli saz gurallarynyň we simfoniki sazlaşygyň iň kämil nusgasydyr. Aýratyn hem “Ýagma bulut” (çopanyň tüýdük sazy) bölümi halkymyzyň tebigat bilen bolan sarsmaz baglanyşygyny alamatlandyrdy. Suhan Tüýliýewiň döredijiliginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen eserlerdir. “Ýeldim tut!” aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň gaýtalanmaz bariton sesi bilen belentden ýaňlandy. Bu eser ynsan durmuşynyň pelsepesini we şahyryň dünýägaraýşyny saz arkaly beýan edýän hakyky sungat eseridir. Konsertiň ahyrynda bolsa, Atamyrat Atabaýewiň sözlerine düzülen “Döwletli döwran” kantatasy ýerine ýetirildi. Bu eser döwrümiziň dabaralanmasyny, agzybirligimizi we bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrýan uly göwrümli eserdir. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri we hory, solistler Röwşen Baýramow, Wepa Ödäýew (gargy tüýdük) we Baýramgül Ahmedowa (gopuz) bilen bilelikde bu dabaraly sazy jemlediler. Bu döredijilik duşuşygy diňe bir Suhan Tüýliýewiň şahsy üstünligi däl, eýsem, umumy türkmen medeniýetiniň ýeten belent sepgitleriniň subutnamasydyr. Sazyň dili bilen taryhymyzy, şu günümizi we geljegimizi beýan edýän bu eserler kalplara ylham, ruhlara galkynyş berýär. Şeýle ajaýyp medeni çäreleriň geçirilmegine, sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys! Jeren ÖWLÝAKULOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

Täzelikler

16.04.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Medeniýet öýleriniň we medeniýet merkezleriniň işini kämilleşdirmek, oba ilatyna medeni taýdan hyzmat etmek, oba ýaşaýjylarynyň dynç alyş wagtlaryny täsirli geçirmek maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 10-11-nji aprelinde Daşoguz welaýatynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem täsirli pursatlara baý boldy. Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde, Gubadag etrap medeniýet öýünde geçirilen «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşyklarynda «Biznes reklama» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Dädebaý Nartyýew, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibinur Aşyrowa, Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Halmyrat Şyhyýew, Babadurdy Babaýew dagy çykyş etdiler. Aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, şahyrlarymyzyň okan goşgularyny, artistleriň çykyşlaryny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. 11-nji aprelde Görogly etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyjyň doglan gününiň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynda halypa ýazyjy-şahyrlar, şeýle hem, Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyjyň ogly, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrgylyç Durdygylyjow, Daşoguz şäher 2-nji çagalar sungat mekdebiniň müdiri, şahyr Kakabaý Ylýasowyň agtygy Gülnabat Ylýasowa, Boldumsaz etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Aýgül Nazarowa, Görogly etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň mugallymy Bahar Annaşowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow dagy çykyş edip, halypa şahyrlaryň edebi mirasy, ömri, döredijiligi, olaryň eserlerinde ündelýän watansöýüjilik pikirleri barada tomaşaçylara gyzykly gürrüňleri berdiler. Soňra bu ýerde guralan dabaralar Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky 46-njy orta mekdebinde «Watansöýüjiligi ündän şahyr» atly duşuşyk bilen dowam etdi. Durdy Gylyç adyndaky 46-njy orta mekdebiň binasynyň öňündäki Durdy Gylyjyň ýadygärliginiň öňünde mekdep okuwçylary çykyş edip, şahyryň goşgularyny okadylar. Bu mekdepdäki Durdy Gylyjyň edebi mirasyna degişli muzeý bilen tanyşlyk has-da täsirli boldy. Döredijilik duşuşyklarynda çykyş edenler türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Akmyrat REJEBOW, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

No image
Şekillere siňen bedewler

Täzelikler

15.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur, baýramlara beslenýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň taryhy ýoluny, häzirki ösüşlerini hem-de geljege bolan beýik ynamyny özünde jemläp, döwletimiziň okgunly ösüşleriniň bedew bady bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimizi hem-de ajaýyp atşynaslyk sungatyny ylmy taýdan öwrenilmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde ägirt uly açyşlary eden, kämilligiň beýik nusgasyny jahana peşgeş beren türkmen halky çydamly, wepaly, ýyndam bedew atlaryň saýlama tohumlaryny hem döredipdir. Ahalteke bedewlerimiz bu günki gün bagtyýar döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depgininiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň alamatyna öwrüldi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilmegi we dürli bäsleşikleriň, döredijilik sergileriň, at çapyşyklaryň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň türkmen bedewleri sungat äleminiň genji-hazynasy» atly döredijilik eserleriniň sergisi geçirildi. Bu sergide ýaş mugallymlar we zehinli talyp ýaşlar şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlary boýunça nakgaşçylyk, grafika, dizaýn, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungaty eserlerinde behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygyny, owadanlygyny, wepadarlygyny ussatlyk bilen wasp etdiler. Şeýle ajaýyp eserleriň biri hem «Grafika» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Astankul Magtymgulyýewiň «Erkin bedew» atly nakgaş eseridir. Ýaş suratkeş ahalteke bedewlerimiziň owadanlygyny, ýyndamlygyny, wepadarlygyny öziniň nakgaş eserinde ussatlyk bilen görkezipdir. Ahalteke bedewleri eseriň merkezinde ýerleşdirilipdir. Eserdäki ak şäherimiz gözel Aşgabadyň ajaýyp keşbi, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bedew bady bilen öňe sary barýan Watanymyzyň aýdyň nyşany bolup alamatlandyrylýar. Eserdäki ak kepderiler bolsa, Watanymyzyň asudalygyny, parahatçylygyny we agzybirligini aňladýar. Mundan başga-da zehinli talyplarymyz Yhlas Allanazarowyň «Erkana bedewler», Ýazgeldi Ilýasowyň «Bedew aty», Nurana Babamyradowanyň «Merjen atym», Güljahan Orazmämmedowanyň «Bedew bady» atly eserleri giň mazmunlylygy bilen has-da tapawutlanýar. Sungat ojagymyzda bilim alýan talyp ýaşlar türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimizi sungatyň ähli ugurlary boýunça wasp etdiler. Her bir esere seredeniňde talyplaryň ýürek buýsanjyny görmek bolýar. «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Jeren Hudaýberdiýewanyň «Türkmen bedewi» atly haly eserinde-de behişdi bedewlerimiziň gözelligi wasp edilýär. Bu eser gözelligiň iň uly nusgasy bolup, ahalteke bedewini türkmen ýaýlasynda şekillendiripdir. Talyp çitimleriň üsti bilen gül-gülälege beslenen türkmen ýaýlasynda, erkin hereketde duran bedewiň ajaýyp keşbini janlandyrýar. Eseriň dört gyrasyny bolsa guşly göl nagşy bilen bezeýär. Türkmen halkynyň asyrlardan aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, giňden wagyz etmek hem-de ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýän bu döredijilik sergisi türkmen bedewine bagyşlanan baýramçylyk sowgady boldy. Oguljan DAÝYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň III ýyl talyby

No image
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kamera horunyň konserti

Täzelikler

15.04.2026

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çärelere we dabaralara uly orun berilýär. Şeýle konsertleriň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kamera horunyň konserti geçirildi. Bu aýdym-sazly agşam diňe bir sungat dabarasy bolman, eýsem, aýdym-saz dili bilen dabaralanýan ylmy-medeni çärä öwrüldi. Milli saz sungatymyzyň hazynasy bolan türkmen kompozitorlarynyň täzeçe äheňli eserleri, dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, kalplary heýjana salýan aýdymlar ýaňlandy. Konsertiň başynda türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, Türkmenistanyň halk artisti W.Muhadowyň sazyny hor üçin täzeden işlän D.Sahatowyň “Söýgülim gelýär” eseri gyzlar tarapyndan ýerine ýetirildi. Kinofilm sazlarynyň nusgalary hem dabaranyň bezegine öwrüldi. R.Wildanowyň “Alowly ýollar” kinofilmi üçin ýazan “Elegiýa” eseri özboluşly öwüşginde ýaňlandy. Soňra beýik rus kompozitory P.Çaýkowskiýiň “Noçewala tuçka zolotaýa”, Awstriýaly kompozitor F.Şubertiň sazyny hor üçin täzeden işlän S.Strokiniň “Serenada”, häzirki zaman türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri S.Tüýliýewiň “Ýaşaýşa söýgi”, gyzlar toparynyň ýerine ýetirmeginde bolsa P.Çesnakowyň “Zelýonyý şum”, D.Nuryýewiň “Çal dutarym” eserleri diňlendi. Türkmenistanyň halk artisti, ýiti zehinli kompozitor R.Allaýarowyň “Leýli saç” eserini aýdymçylar A.Hemraýew we III ýyl talyby Ö.Nepesowa, tanymal kompozitor B.Umitjanowyň “Eý, sanam” A.Hemraýew hor topary bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Hor topary bilen A.Hemraýewiň ýerine ýetiren A.Bäşimowyň “Mähriban Watan” aýdymy konsertiň jemleýji eseri boldy. Saz agşamynda ýaňlanan eserler diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Konsert medeni gatnaşyklaryň saz sungatyndaky dabaralanmasyna öwrüldi. Konsertiň dowamynda kamera horunyň ýerine ýetirilen eserlerine Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýew dirižýorlyk etdi we oňa Aziza Arslanowa sazandarlyk etdi. Şeýle döredijilikli çäreler talyplaryň hor we wokal sungatynyň inçe tärlerini özleşdirmekleri we dünýä saz mirasyna bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekleri üçin möhüm ähmiýete eýedir. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Bize baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany, parahat durmuşy peşgeş beren, halkyny kalbynyň töründe ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan alyp işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
YLMY-AMALY MASLAHAT

Täzelikler

15.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl kafedralaryň hepdeligi bellenip geçilýär. “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde-de, birnäçe ylmy-amaly maslahatlar we leksiýa konsertler, döredijilik duşuşyklar geçirmek göz öňünde tutulýar. “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň açylyşy hem uly dabara bilen geçirildi. Soňra görnükli türkmen kompozitorlary – D.Öwezowyň, N.Muhadowyň, S.Tüýliýewiň ýubileýlerine bagyşlanyp, “Türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meseleleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahat konserwatoriýada bilim alýan talyp ýaşlar we irginsiz zähmet çekýän mugallymlar üçin görnükli kompozitorlaryň aýdym-saz sungatyny içgin öwrenmek üçin möhüm çäreleriň biri boldy. Bu ylmy-amaly maslahaty görnükli kompozitor, halypa mugallym, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri S.Tüýliýew açyp berdi. Maslahatyň dowamynda görnükli kompozitor D.Öwezowyň, W.Muhadowyň, S.Tüýliýewiň döredijilik ýolundan täsirli maglumatlary özünde jemleýän çykyşlar bilen dowam etdi. Ýagny, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymlary A.Açylowyň, G.Magtymgulyýewanyň, G.Ýazmämmedowanyň, L.Babaýewanyň, bulardan başga-da D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.Baýryýewanyň, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary B.Aýdogdyýewanyň we J.Orazowanyň ylmy çemeleşmeler bilen taýýarlan çykyşlary has-da täsirli boldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi saz ylmynyň hem döredijilik işleriniň has-da ösmegine uly goşant goşýar we ýaş sazşynaslary ýene-de döredijilik işlerine ruhlandyrýar. Arzygül ÝAGMYROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby

No image
PAÝTAGTYMYZDA SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNA BAGYŞLANAN HALKARA FORUM GEÇIRILÝÄR

Täzelikler

15.04.2026

14-nji aprelde paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär. Ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň giňeldilmegi, döwrebap şertleri özünde jemleýän dynç alyş we myhmanhana toplumlarynyň döredilmegi, milli syýahatçylyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy we onuň ählumumy ulgama goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikler açylýar. «TÜrkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

14.04.2026

13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. «Türkmenistan» gazeti

No image
W.A.MOSARTYŇ 270 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERT

Täzelikler

11.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dünýä belli kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň doglan gününiň 270 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert boldy. Konsertiň maksatnamasy gaty baý we dürli-dürli bolup, onda beýik kompozitoryň iň meşhur eserleri ýaňlandy. Sahna çykan zehinli sazandalar we mugallymlar Mosartyň eserleriniň inçe ruhuny diňleýjilere ýetirmegi başardylar. Konsertiň dowamynda “Sonata C-dur” Umumy fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy Ýelena Arakelýan we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow bilelikde ýerine ýetirdiler. Soňra 4-nji sazçylyk mekdebiniň “Saýrak bilbiller” hor toparynyň ýerine ýetiren “Ave verum”, “Harplyk” eserleri täsirli boldy. Dabarada “Figaronyň öýlenişi” operasyndan Kerubinonyň ariýasyny Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewa, şeýle-de “Don Zuan” operasyndan duet Begenç Gaýypow bilelikde ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda “Diwertisment D-dur” we “Gijeki serenada” eserleri Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky “Melodiýa” kamera orkestri ýerine ýetirdiler. Konsert ýokary ruhubelentlikde geçdi. Çykyşlar diňleýjiler tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyp, nusgawy sazlaryň adamyň ruhy dünýäsine ýetirýän oňyn täsiriniň bardygyny ýene bir gezek subut edildi. Konsertiň ahyrynda belent owazly sazlar we zehinli ýerine ýetirijileriň ussatlygy diňleýjileriň göwnüni galkyndyrdy. Bu ajaýyp agşamy gurap, bize nusgawy sazyň dünýäsine syýahat etmäge mümkinçilik döreden ähli mugallymlara, talyp sazandalara we guramaçylara köp sag bolsun aýdýarys! Hudaýguly HANOW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMEN BEDEWI – 2026

Täzelikler

11.04.2026

Hormatly watandaşlar! Sizi, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynyň 15-ne Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda sagat 15:00-da açyljak «Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň türkmen bedewleri – sungat äleminiň genji-hazynasy» atly zehinli talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik sergisine çagyrýarys!