logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KATAR DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

Täzelikler

19.11.2025

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniňdöwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hormatly Prezidentimizi ýakynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy-«Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nasser bin Ahmed Al Taherini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Katar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň, ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyz bu gatnaşyklary mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda pugtalandyrmagy hem-de täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejedäki özara saparlar bolsa ony has-da ilerletmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny ilkinjileriň biri bolup goldaýandygy üçin katar tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda, türkmen we katar halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Duşuşygyňahyrynda Katar DöwletiniňTürkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduňarasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. _____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«GELJEGIŇ MIRASY» HALKARA BAÝRAGYNYŇ EÝESI

Täzelikler

18.11.2025

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen medeniýeti we sungaty uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen amala aşyrýan dost-doganlyk gatnaşyklary ajaýyp zamanamyzyň her bir gününe gözellik, bagtyýarlyk bagyş edýär. 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda taryhymyzyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly wakalaryň şaýady bolmak uly bagtdan nyşandyr. Mälim bolşy ýaly ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Özbegistan Respublikasyna üstünlikli döwlet iş sapary amala aşyryldy we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Ýokary derejede geçirilen konsultatiw duşuşygyň çäginde görnükli sungat ussatlaryna «Geljegiň mirasy» atly halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Karary bilen esaslandyrylan bu halkara baýrak edebiýat, medeniýet, sungat, ylym, bilim hem-de sanly tehnologiýalar ulgamlarynda uly üstünlik gazanan ýerli we daşary ýurtly döredijilik işgärlerini höweslendirmäge gönükdirilendir. Dünýä giňişliginde medeni, ylmy we ynsanperwer gymmatlyklaryny häzirkizaman galkynyşy ruhunda ilerletmekde, halkara dialogyny berkitmekde aýratyn hyzmatlary bitiren Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Hormatly doktory, ýokary okuw mekdebimiziň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Babasary Annamyradowa “Geljegiň mirasy” atly halkara baýragynyň gowşurylmagy ýatdan çykmajak wakalara besledi. Türkmenistanyň heýkeltaraşlyk sungatynyň gülläp ösmeginde özüniň irginsiz zähmeti bilen tanalýan ussat halypamyz Babasary Annamyradowyň döreden monumental we stanok heýkelleri sungatyň taryhynda aýratyn uly orun tutýar. Ussadyň döredijilik ýolunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ebedileşdirilen beýik şahsyýetlerimiziň heýkel ýadygärlikleri Garaşsyzlyk döwrümiziň çeperçiligini has-da artdyrýar. Taryhy şahsyýetlerimiz bolan edermen serkerdelerimiziň, şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiliklerini öwrenmek, ony halka ýetirmekde, ýaş nesli watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik ruhunda terbiýelemekde, ynsanperwer garaýyşlary dünýä ýaýmakda halypa mugallymyň döredijilik ýoly uly mekdepdir. ______________ Bilbil Çaryýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

No image
TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARY: DOSTLUK WE STRATEGIK HYZMATDAŞLYK KÖPRÜSI

Täzelikler

18.11.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI 17-nji noýabrda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň netijeleri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary türkmen we özbek halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimdir. ...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine bardy we bu ýerde “Garaşsyzlyk” ýadygärligine gül goýdy. Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli açylan bu medeni-dynç alyş seýilgähi ýurtdaky iň iri seýilgähleriň biridir. Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň şekili ýerleşdirilipdir. “Garaşsyzlyk” ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň eteginde: “Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň mizemez hakydasyna” diýen sözler ýazylypdyr. Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Özbegistany ösdürmek boýunça hereketleriň strategiýasynyň bäş ileri tutulýan ugruny alamatlandyrýar. Toplumda doganlyk özbek halkynyň baý medeni mirasy, beýik serkerdelerdir esgerleriň, alymlardyr akyldarlaryň şekilleri şöhlelendirilipdir. Ýadygärligiň barelýeflerinde Özbegistanyň taryhynyň esasy tapgyrlary, şol sanda ýurduň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyzlyk döwri aýdyňlyk bilen şekillendirilipdir. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY

Täzelikler

17.11.2025

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň, milli we halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda gazanan ýeňişleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýän kitaplaryna aýratyn orun berildi. Hormatly Prezidentimiz 14-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. “Ýaşlar—Watanyň daýanjy” diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olary zähmete we döredijilige höweslendirmegiň nusgalyk ulgamy döredildi. Häzirki döwürde ýaşlar diňe bir döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan ösüşinde strategik güýç bolmak bilen çäklenmän, jemgyýetiň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryna hem işjeň gatnaşyjylardyr. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylan gününden bäri beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Guramanyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak, olary has-da höweslendirmek boýunça degişli bäsleşigi yglan etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 426-sy hödürlenildi. Şolardan 141-si bolsa ýeňijiler diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyndan ugur alnyp, sylaglanyş dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ondaky çykyşlarda häzirki döwürde durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgerdýändigi, hormatly Prezidentimiziň üstünliklere beslenýän döwlet syýasatynyň, şol sanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň Watanymyzyň ykbaly we geljegi üçin jogapkärçiligine has oňat düşünýän ýaşlar tarapyndan giňden goldanylýandygy bellenildi. Ýaş kalby buýsançdan we hyjuwdan doly türkmenistanlylaryň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň çekilmegine aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň Ýer ýüzünde abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILI BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

17.11.2025

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşdy. ÝUNISEF-niň wekili gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bilen duşuşmagyň we çagalaryň saglygyny, abadan durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işi üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, bu düzümiň howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini we durmuş goldawyny bermek boýunça alyp barýan işi Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr. Oguljahan Atabaýewa diplomaty mähirli mübärekläp, ÝUNISEF-niň haýyr-sahawat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu düzüm Türkmenistan bilen birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda inklýuziw bilim konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, hususan-da, bejergi işlerine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, çagalaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen maksatnamalary işläp taýýarlamak, howandarlyga mätäç çagalar bilen işleýän lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Hanym Jalpa Ratna ÝUNISEF-niň hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikdäki tagallalarynyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýdyp, BMG-niň Çagalar gaznasynyň bu ugurda toplan halkara tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda 22-nji noýabrda Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçiriljek çärä taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna çagalaryň saglygyny goramak we abadan durmuşyny üpjün etmek ýaly asylly işiň bähbidine hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

17.11.2025

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň uly hormata mynasypdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, çagalar baradaky alada, hususan-da, howandarlyga we lukmançylyk kömegine mätäç çagalar baradaky alada islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň ileri tutýan ugry bolup durýar. Gaznanyň alyp barýan asylly işi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň güwäsidir. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasyny däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, umumy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny, ýurtlarymyzyň özara ynanyşmak syýasatyny alyp barýandyklaryny belledi. Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim, durmuş ulgamlarynda çagalara hödürlenilýän hyzmatlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns berýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilip, çagalara, hususan-da, ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara hemmetaraplaýyn kömek berýär. Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary ýerine ýetirildi. Şeýle-de gaznanyň binýadynda sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Diňe şu ýylyň dowamynda merkezde 900-e golaý çaga tölegsiz esasda sagaldyş-dikeldiş bejergisini aldy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti şu ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, bu forumyň zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ünsi çekdi. Ilçi Pakistanda Türkmenistanyň gender deňligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berilýändigini belläp, bu maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň we Pakistanyň durnukly geljegini gurmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. ___________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN SEBIT HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRÝAR

Täzelikler

17.11.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY: GÜN TERTIBINDE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasaty sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Olaryň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge yzygiderli, sazlaşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Bu bolsa sebitiň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy derejede hem ornunyň artýandygyny göz öňünde tutmak bilen, aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Häzirki wagtda köpasyrlyk taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki doganlyk halky has-da ýakynlaşdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki bilen türkmen-özbek gatnaşyklary soňky ýyllarda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Ýokary derejedäki özara döwlet we resmi saparlary döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagyň hem-de açyklygyň aýdyň beýanydyr. Bu işjeň dialog dürli meseleleri, şol sanda halkara giňişlikdäki strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan hem-de Özbegistan halkara guramalaryň çäklerinde möhüm sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlaryny utgaşdyryp, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde çykyş edýärler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Senagat kooperasiýasyny ösdürmäge, bilelikdäki kärhanalary döretmäge, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini döretmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Bu taslama söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, serhetýaka söwdanyň möçberini artdyrmaga, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ulag-logistika pudagy-da hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurtlarymyz sebiti dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hazar deňzinde döwrebap port infrastrukturasy bolan Türkmenistan goňşy ýurtlara, şol sanda Özbegistana ulag geçelgelerini döretmek üçin bähbitli ugurlary teklip edýär. Mundan başga-da, ýurtlarymyz strategik taýdan ähmiýetli energetika ulgamynda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. _____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«TÜRKMENISTAN-BITARAPLYK MEKANY» ATLY GOŞGY ÝAZMAK BOÝUNÇA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Täzelikler

15.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşlere, belent özgertmelere eýe bolýar. Türkmenistanyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň dowamyndaky işleriň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda ýaş nesilleri milli ruhda, Bitaraplyk ýörelgeleri syýasatynda terbiýelemek, olarda bilimiň ähli görnüşleri boýunça düşünjelerini has-da artdyrmak, döredijilik endiklerini we başarnyklaryny güýçlendirmek boýunça işler giň gerimde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli tabşyryklaryndan gelip çykan wezipelerinden ugur alyp, Bitaraplyk hem-de parahatçylyk ýörelgämizi wagyz etmek, şeýle-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde talyplaryň arasynda “Türkmenistan-Bitaraplyk mekany” atly goşgy ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrda talyp Bitaraplyga bagyşlap döreden goşgusyny labyzly ýerine ýetirmeli, 2-nji tapgyrda talyp özüniň döreden islendik temadaky goşgusyny labyzly ýerine ýetirmeli. Bäsleşige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dürli hünärler boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjy talyplar Ýusup Ýazgylyjow, Ýusup Meredow, Baýramgül Ahmedowa, Aýläle Gulmuradowa, Mähri Tekäýewa, Miýesser Üljäýewa, Ylham Allagulyýew, Altyn Taganowa, Ogulbeg Ýegenowa, Nargiza Berdiýewa, Göwher Haýydawa dagylar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda özleriniň döreden goşgulary bilen üstünlikli çykyş etdiler. Örän çekeleşikli geçen bu bäsleşik ýörite emin agzalary tarapyndan adalatly bahalandyryldy. Ýeňiş gazanan talyplara ýörite Diplom we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Eziz Watanymyzda ýaýbaňlandyrylýan ýaşlar syýasatynda ýaş nesilleri milli ruhda, Bitaraplyk ýörelgesi esasynda terbiýelemek, parahatçylykly döwlet syýasatymyzy ýaýbaňlandyrmak hem-de ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ýurdumyzda birnäçe bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşiklere gatnaşyp ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! _________ Aýläle Gulmuradowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby

No image
ÝAŞ MINIATÝURAÇYLAR

Täzelikler

15.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda medeniýet we sungat äleminde uly sepgitlere ýetilýär. Türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan baý medeniýeti we şekillendiriş sungaty bar. Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan miniatýura we kalligrafiýa sungaty hem häzirki döwürde has-da içgin öwrenilip ösdürilýär. Miniatýura eserlerine gözüň düşende gözlerimize däl, eýsem, ruhumyzda uçgun çaýýar. Ajaýyp miniatýura eserlerini bolsa, türkmen alymlary hem-de ýazyjylary dünýä tanatýarlar. Garaşsyzlyk döwrümizde miniatýurany tanadyjy makalalary ýazan türkmen alymlarynyň hatarynda Almaz Ýazberdiýew, Kakajan Baýramow we beýlekileri agzamak bolar. Garaşsyz Türkmenistanyň miniatýurasyny ösdürmäge Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary Abdylla Mämmetberdiýew bilen Laçyn Toýlyýewanyň mynasyp goşandy bar. Abdylla Mämmetberdiýew 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde mugallym bolup işleýär. Ol özüniň döredijiliginde birnäçe ajaýyp miniatýura we nakgaş eserleri döretdi. Suratkeş talyplyk döwründen bäri ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky döredijilik sergilere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär. Ol 1998-nji ýylda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde özüniň ilkinji şahsy sergisini gurnady. Ussat suratkeş döreden her bir eseri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň döreden miniatýura we nakgaş eserleri talyp ýaşlara uly bir mekdep bolup hyzmat edýär. A. Mämmetberdiýew özüniň miniatýura eserleriniň aglabasyny deriniň ýüzünde ýerine ýetirýär, onuň «Halypa-şägirt», «Täze gelin», «Baş saldy», «Monjugatdy», «Buşluk» ýaly eserleri has-da tapawutlanýar. Suratkeşiň ençeme ýyldan bäri mugallymçylyk kärinde zähmet çekip, birnäçe talyp ýaşlara bilim berýär we şägirleri ýetişdirýär. Aşgabat şäherindäki geçirilýän dürli sergilere işjeň gatnaşyp gelýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/r-2.jpg) Laçyn Toýlyýewa hem ýaş miniatýuraçylaryň biridir. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde mugallym bolup işleýär. Laçyn Toýlyýewanyň hem döredijilik ýoly özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Suratkeş agajyň ýüzünde miniatýura işleri ussatlyk bilen ýerine ýetirýar. Ýaş suratkeşiň her bir döreden miniatýura eseri türkmen halkynyň medeniýetini, gündelik durmuşyny we däp-dessuryny açyp görkezýär. Onuň döreden «Zenan bagşy», «Mirasy ýatlap», «Zyýaratçylar», «Çaparlar», «Göç» ýaly eserlerinde türkmen maşgalasynyň durmuşyndan sahnalary, milli egin-eşikleri we nagyşlarymyzy, türkmen halkynyň ýadygärliklerini görmek bolýar. Golaýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň «Mekdebe öwürlen ömür» atly şägirtleri bilen bilelikdäki döredijilik sergisi geçirildi. Bu sergä Abdylla Mämmetberdiýew hem-de Laçyn Toýlyýewa döredijilik eserleri bilen işjeň gatnaşdylar. Suratkeşleriň köptaraplaýyn döredijilik eserleri esasan taryhyň sahypalaryna bagyşlanýar. Belli şahsyýetleriň keşbini ýerine ýetirmek bilen özleriniň döredijilik dünýäsinde çeper sazlaşykly wasp edýärler. Ýaş nesillerimizi sungat eserleriniň üsti bilen taryhymyzy tanyşdyrýarlar. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, giňden wagyz etmek hem-de ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! ____________ Oguljan Daýyýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

15.11.2025

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Mejlisde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Oba hojalygy we oba işleri boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşyklar barada-da aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň wekilleri BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti tarapyndan guralan maslahatlara gatnaşdylar, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 151-nji Assambleýasyna we BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde guralan çärä gatnaşmak üçin iş saparlary amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, toparyň nobatdaky mejlisini noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. __________ «Türkmenistan» gazeti