logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞKENT ŞÄHERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WEKILLERINI BIRLEŞDIRÝÄN HALKARA ÇÄRELER DOWAM EDÝÄR

Syýahatçylyk

14.11.2025

Şu gün Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Medeniýet ministrleriniň birinji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş edip, Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny, köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Geçirilen halkara çäreler dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge, medeni-ynsanperwer ulgamynda baý tejribe toplamaga ýardam bermek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň ruhy we medeni mirasyna, aň-bilimine gyzyklanmalary höweslendirmekde netijeli häsiýete eýe boldy. Ýurdumyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürip diňe bir sebitde däl, eýsem, bütindünýäde parahatçylygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar.

No image
ZENANLARYŇ WE ÇAGALARYŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK

Täzelikler

14.11.2025

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYGY 13-nji noýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gaznanyň çagalaryň saglygyny goramaga we olaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işine ýokary baha berdi. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri BMG-niň doly hukukly agzasy bolup durýandygyny we gurama bilen jemgyýetiň durmuşynyň ähli esasy ulgamlaryny öz içine alýan netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işinde çagalaryň saglygy, ösüşi, bilimi, durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp, BMG-niň hut şu meseleler boýunça işleýän ýöriteleşdirilen edaralarynyň bardygyny kanagatlanma bilen nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahatda degişli resminama gol çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrar. ________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
SEBITIŇ RUHY WE MEDENI JEBISLIGINE TÄZE ÄDIM

Syýahatçylyk

13.11.2025

Merkezi Aziýa halklary hoşniýetli goňşuçylyk, jebislik, birek-biregi goldamak, ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda çykyş edýär. Döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen halkara ähmiýetli çäreler giň gerim alýar. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongres öz işine başlady. Çärä Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň dürli düzümlerinden we edaralaryndan wekiliýetler gatnaşýarlar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/Ministr%203.jpg) Türkmenistanyň adyndan plenar mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň medeni gatnaşyklarynyň gadymy kökleriniň bardygyny we umumy taryhy mirasa hem-de däp-dessurlara esaslanýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de Merkezi Aziýada ruhy mirasy gorap saklamak, aň-bilimi ösdürmek biziň esasy wezipelerimiziň biridigini, munuň özi ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň we özara medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm ugurlary bolup durýandygyny belledi. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän bu halkara çäre medeni-ynsanperwer we ruhy ähmiýete eýe bolup, geljekde umumy medeni kökleri bolan Merkezi Aziýa halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam berer. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/Ministr-1.jpg)

No image
«PITCH PERFECT PRESENTATION» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Täzelikler

13.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda medeni-gumanitar ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary, biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenler taýýarlamak üçin uly işler amala aşyrylýar. Ynha, şu gün hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde iňlis dili dersi boýunça «PITCH PERFECT PRESENTATION» atly şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik talyplaryň başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak şeýle-de, iňlis dilinde pikirlenmek we çykyş etmek endiklerini ösdürmek, ýurdumyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmek syýasatynda öňe sürýän wajyp başlangyçlary barada talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjy talyplar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny wasp etmekde prezentasiýa taýýarlap, iňlis dilinde çykyş etdiler. Bäsleşikde çykyşyň many-mazmunyna laýyklykda sözleriň dogry aýdylyşyna, slaýdlary bezeýşine, gürrüňiniň yzygiderli beýan edilişi boýunça emin agzalary tarapyndan aýratyn bahalandyryldy. Talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik örän ähmiýetli we çekeleşikli boldy. Her bir talyp özüniň taýýarlan temasy boýunça prezentasiýalary bilen üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşige «Kirişli saz gurallary» bölüminiň II ýyl talyby Jemal Nuryýewa, «Estrada sungaty» hünäriniň I ýyl talyby Muhammetkerim Hojamämmedow, «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby Aýläle Gulmuradowa, «Estrada sungaty» hünäriniň III ýyl talyby Gunça Şeraliýewa, «Fortepiano» hünäriniň II ýyl talyby Laçyn Ataýewa, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň III ýyl talyby Daýançmyrat Nurmedow, «Sazşynaslyk» hünäriniň II ýyl talyby Maral Akmämmedowa, «Estrada sungaty» hünäriniň I ýyl talyby Begenç Atabaýew, «Saz mugallymçylygy» hünäriniň III ýyl talyby Ogulnur Injikowa dagylar gatnaşdylar. Bäsleşik emin agzalarynyň adalatly bahalandyrmagy esasynda jemlendi we ýeňijiler diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Bäsleşige gatnaşyjylar döredilip berilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! ___________________ Aýläle Gulmuradowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby

No image
AŞGABATDA ULAG-KOMMUNIKASIÝA TOPLUMYNA DEGIŞLI IRI HALKARA FORUMLAR GEÇIRILÝÄR

Täzelikler

13.11.2025

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel-2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär. Foruma Türkmenistandan we daşary döwletlerden, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Azerbaýjandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Germaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan jemi 80-den gowrak ugurdaş kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, sebitiň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalara işjeň gatnaşyjylardyr. Birnäçe kompaniýalar bolsa depginli ösýän türkmen bazary üçin öz hödürleýän harytlarydyr hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar. Irden halkara forumyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen badalga aldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmentel-2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady çäkde ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça täze üstaşyr ulag düzümlerini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Biz dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN ZENANY ÇEPER DÖREDIJILIGIŇ USSADY

Täzelikler

12.11.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan ýokary okuw mekdebimiziň mejlisler jaýynda zenan mugallymlaryň hem-de talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda zenan döredijiligini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmen zenany çeper döredijiligiň ussady» atly maslahaty geçirildi. Maslahatda türkmen zenanynyň çeper döredijilige bolan ussatlygy barada çykyşlar ýerine ýetirildi.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZIÝANYŇ ÖSÜŞ BANKYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

12.11.2025

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de saparynyň dowamynda geçirjek gepleşikleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, geçen 25 ýylyň içinde Aziýanyň ösüş banky ýurdumyzda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Şol taslamalar dürli ugurlary, hususan-da, elektroenergetika, üpjünçilik we demir ýol ulgamlaryny öz içine alyp, Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýurdumyz boýunça kabul edilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalar Watanymyzyň ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistanda ilata hödürlenilýän saglyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak we lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işine aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi. Şunda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlary işjeňleşdirilmelidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde energetika, suwy we energiýany tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýol açýar. Ýangyç-energetika pudagynda özara hereketleri pugtalandyrmak hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. ____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ZEHINLI ZENAN ŞAHYR BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

11.11.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda zehinli ýaş zenan şahyry, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Gülşirin Hanowa bilen konserwatoriýamyzyň talyplarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Gülşirin Hanowanyň döredýän goşgulary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Birnäçe goşgulary aýdyma öwrülip, ýurdumyzyň ussat aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Şol ýerine ýetirilen aýdymlar bolsa halkyň söýgüsine mynasyp bolan aýdymlar hasaplanylýar. Bu döredijilik duşuşygy «Sazşynaslyk» hünäriniň II ýyl talyby Gülnar Ataýewa alyp bardy. Duşuşygyň başynda Gülşirin Hanowa öz döredijilik ýoluna başlaýşy, halypalary baradaky ýatlamalary, goşgy düzüliş usullary, 2020-nji ýylda çap edilen «Uçup barýan ak durna» goşgular ýygyndysy barada gürrüň berdi. Soňra konserwatoriýamyzyň Saz mugallymçylygy hünäriniň II ýyl talyby Ýusup Meredow hem-de IV ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow, Kompozisiýa hünäriniň II ýyl talyby Aýläle Gulmyradowa öz düzen goşgularyny okap berdiler. Şahyr talyplara öz degerli maslahatlaryny berip, olara şygryýet we döredijilik äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşyga gatnaşan talyp ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça şahyr Gülşirin Hanowa bilen sorag -jogap alyşmaklary duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy. Soňra zenan şahyrymyz talyplaryň islegi boýunça öz düzen «Aýal dogan», «Mähriban gyzym», «Eje» goşgularyny labyzly aýdyp berdi. Geçirilen döredijilik duşuşygy talyplar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşy alyndy. Duşuşygyň ahyrynda talyplar zenan şahyr Gülşirin Hanowa bilen ýadygärlik surata düşdiler. Şahyr zenan Gülşirin Hanowa şu duşuşyga gatnaşany üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Jogapkärli işinde abraý, döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, mundan beýläk-de döredijilik galamynyň has-da ýiti bolmagyny arzuw edýäris. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, şeýle döredijilik duşuşyklarydyr gyzgalaňly konsertleri geçirmäge uly-uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmekligini tüýs ýürekden arzuw edýärin! ______________ Ogulbeg Ýegenowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

11.11.2025

10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak babatda zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim sebitde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, topraga aýawly we jogapkärçilikli çemeleşmegiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we häkime möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň talaplarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň babadaýhanlary pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak boýunça ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny bökdençsiz işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň babadaýhanlaryny gazanan zähmet üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaýa ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. _______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
SAHAWATLY TÜRKMEN TOPRAGYNYŇ ŞANYNA BAÝRAMÇYLYK DABARALARY

Täzelikler

10.11.2025

9-njy noýabrda türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedi alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda azyklyk bugdaýyň hem-de “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylda edermen gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, pileçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendiklerini bellemek gerek. Munuň özi oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň oňyn netijelere beslenýändigini görkezýär. Gök-bakja önümlerini, miweleri öndürijiler hem şu ýyl bol hasyl ýetişdirdiler. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda 8-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň we beýleki hünärmenleriň hormatynyň hemişe belentdediginiň aýdyň güwäsidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly maslahatda pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, durnukly oba hojalyk önümçiligi, azyk howpsuzlygy, sagdyn iýmitlenmek, azyk önümleriniň howpsuzlygy bolelin ýaşaýşyň esasy şertleri hasaplanýar. Häzirki döwürde Watanymyz gülläp ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň abadançylygyny, durmuş üpjünçilik şertlerini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu pudagyň girdejili ugurlaryň birine öwrülmegi üçin iri möçberli çäreler amala aşyrylyp, pudaga iň täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň tejribeleri giňden ornaşdyrylýar. ____________ «Türkmenistan» gazeti