logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«ŞHG+» FORMATYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI UGURLARY KESGITLENILDI

Täzelikler

02.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY 1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. «ŞHG+» formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak «ŞHG+» formatynyň esasy maksady bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu format özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Başlyk Si Szinpin şu gün sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň netijeli geçjekdigine ynam bildirdi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-ä we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris.

No image
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE BAGYŞLANYP YLMY-AMALY MASLAHATY

Täzelikler

29.08.2025

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlary geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň gymmatyny öwretmekde bilimiň orny» ady bilen mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Maslahatda «Bilim berk binýatly binadyr», «Ylym-bilim umumadamzat gymmatlygydyr», «Halkara gatnaşyklarynda bilim ulgamynyň aýratynlygy», «Orta asyr çeşmelerinde Merw kitaphanalary», «Nesil terbiýesi, nusgalyk mekdep», «Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilimiň orny», «Milli terbiýe–asylly ýörelge», «Medeni gatnaşyklarda sungatyň döredijilik ýoly», «Şekillendiriş sungatyň döredijilik aýratynlygy», «Binagärlik we heýkeltaraşlyk sungatynyň sazlaşygy» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi.

No image
MILLILIK–NESIL TERBIÝESINIŇ ÖZENI

Täzelikler

28.08.2025

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryny, şeýle hem ýokary derejede guramaçylykly geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Millilik–nesil terbiýesiniň özeni» atly söhbetdeşlik geçirildi.

No image
BILDIRIŞ!

Täzelikler

27.08.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Görogly» adyndaky döwlet atçylyk sirki we «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Görogly» şadessanyndan sahnalaşdyrylan «Görogly» atly sirk çykyşyny Size hödürleýar. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň tanymal artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95. Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.

No image
BILDIRIŞ!

Täzelikler

25.08.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Görogly» adyndaky döwlet atçylyk sirki we «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Görogly» şadessanyndan sahnalaşdyrylan «Görogly» atly sirk çykyşyny Size hödürleýär. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň tanymal artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95

No image
KÖPASYRLYK DOSTLUK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK RUHUNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRYP

Täzelikler

23.08.2025

22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazdan ozal, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň üç ýurduň Döwlet baýdaklarynyň hem-de duşuşygyň banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra üçtaraplaýyn görnüşde gepleşikler geçirildi. Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda üç döwletiň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklar döwrebap görnüşde ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşygyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de onuň netijeleri boýunça wajyp ylalaşyklara gol çekiljekdigini aýtdy. Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi ýurtlaryň tebigy çig mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiz şular barada aýdyp, bar bolan mümkinçilikleri netijeli we doly kuwwatynda ulanmagyň biziň doganlyk halklarymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletlerimiziň dünýädäki geosyýasy we geoykdysady ornuny berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we jebisleşmegine itergi berer.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

Täzelikler

23.08.2025

22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi. Bu şanly waka mynasybetli üç döwletiň baýdaklary bilen bezelen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, mähirli garşylanyldy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, howa menzilinden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady. Dostlukly ýurduň Lideriniň ulag kerweni Awazanyň döwrebap ýollary bilen ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan Kongresler merkezine tarap ýola düşdi. Häzirki döwürde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde türkmen-özbek döwletara hyzmatdaşlygy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Özbegistan Respublikasy şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda daşary söwda dolanyşygy boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň hatarynda bäşinji orny eýeleýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bu möhüm görkezijisi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda eksport-import amallarynyň ösüş depgini durnukly derejede saklanýar. Aýratyn-da, daşdan, gipsden we sementden taýýarlanylýan, metal, keramika, aýna we aýna önümleri Türkmenistanyň Özbegistana eksportynyň esasy ugurlary bolup durýar. Bu ugruň ösüş depginleri bolsa yzygiderli ýokarlanýar. Munuň özi iki doganlyk ýurduň senagat kärhanalarynyň, işewür düzümleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändiginiň beýanydyr.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

Täzelikler

23.08.2025

22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyndan çykyp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ugrady. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Az salymdan hormatly Arkadagymyzyň uçary Türkmenbaşynyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Ýokary derejeli üç taraplaýyn duşuşygy kabul edýän kenarýaka şäheriň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary parlaýar. Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň esasy şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilýän mekany hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinden soňky ýyllarda keşbi düýpli özgeren «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady. Syýahatçylyk zolagyna barýan, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän ýollar onuň häzirki zaman amatlyklaryny özünde jemleýän binalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygy kabul edýän Awazada ekologik meseleleriň oňyn çözülýändigini aňladýan görnüşler göwnüňi göterýär. Bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän tokaý zolaklaryny döretmek strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

No image
AŞGABATDA ÇAGALAR ÜÇIN HALKARA SERGI-ÝARMARKA AÇYLDY

Täzelikler

22.08.2025

21-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkanyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Ol diňe bir çagalar üçin harytlary we hyzmatlary hödürlemek bilen çäklenmän, Diýarymyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşmaklary üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Sergi we onuň bilen utgaşyklylykda geçirilýän köp sanly gyzykly çäreler çagalarda, olaryň ata-enelerinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Serginiň açylyş dabarasy çagalar döredijilik toparlarynyň bagtyýar çagalygy, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp mysalydyr. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli okamaklaryna, dynç almaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Soňra ýygnananlar sergi-ýarmarkanyň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän, şeýle-de iýmit kärhanalarynyň 80-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň wekilleri bar.

No image
«ÇALSANA, BAGŞY!» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY

Täzelikler

21.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Dutarçylyk sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu sungaty ähli döwürlerde aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda türkmen dutarynyň şirin owazy berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Döredijilik bäsleşigine 18-35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň güwäsidir. Onuň jemleýji tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna orun berildi. Çalnan halk sazlarynda halkymyzyň milliligi, durmuş pelsepesi, ruhy dünýäsi öz beýanyny tapdy. Dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Çalsana, bagşy!» aýdymy dabaranyň iň şowhunly pursatlarynyň birine öwrüldi. Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/binalar/22%D0%B8.jpg)