logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ MILLI MIRASYNY ÇUŇLAŞDYRYP ÖWRENMEKLIGIŇ YLMY ÄHMIÝETI

Täzelikler

05.06.2025

Ylym – bu ähli ugurlarda, ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň binýadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýen sözlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň täze taryhy döwründe ylmy şamçyrag edinip, geljegiň nurana ýoly bilen öňe barýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Ýaşlaryň ylmy gadamlary», «Suratkeşleriň döredijilik eserlerinde ylym-bilimiň waspy», «Arkadag şäheriniň döwrebap binagärlik taslamalary», «Türkmen dessanlary dünýä ylmynda», «Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan nakgaşlyk eserleri», «Ylym we bilim Watanymyzyň kuwwaty», «Dünýäniň akyldary – Magtymguly Pyragy», «Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşi» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam bermekde ähmiýetiniň uludygyny yzygiderli bellediler.

No image
HASABAT KONSERTI

Täzelikler

03.06.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda medeniýet we sungat, ylym-bilim syýasaty giňden öňe sürülýär. Ýurdumyzda ýaşlary aýdym-saza, sungata höweslendirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Medeniýet hepdelikleriniň geçirilmegi, bäsleşikleriň, festiwallaryň, konsertleriň yzygider gurnalmagy aýdylanlaryň subutnamasyna öwrülýär. Aýdym-saz sungatyndan ýokary bilim berýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplar halypa mugallymlardan tälim alyp, saz barada umumy medeniýet we sungat barada ençeme zatlary öwrenip saza içgin aralaşýarlar. Ýokary okuw mekdebimizde mugallymlar zehinli talyp ýaşlaryň ýerine ýetirijiligini ösdürmekde olary yzygiderli konsert çykyşlaryna taýýarlamak işlerini hem alyp barýarlar. Ýakynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hasabat konserdinde hem zehinli ýaşlaryň birnäçesini öz hünärlerinden ýokary derejede taýýarlygyny görkezmegi başardylar. Konserdiň dowamynda bagtyýar talyp ýaşlary diňe türkmen kompozitorlarynyň eserlerini däl-de, eýsem daşary ýurt kompozitorlarynyň hem dünýä meşhur eserlerini ussatlarça ýerine ýetirdiler Ýerine ýetirilen eserlerden «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Rasul Nagiýewiň we 2-nji ýyl talyby Kerwen Mirzoýewiň F.Mendelsonyň «Trio» eseri, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ismail Sähetmyradowyň ýerine ýetiren rus kompozitory P.Çaýkowskiniň «Skerso» atly eserini, «Fortepiano» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şaislam Komiljanowyň ýerine ýetiren F.Şopeniň Etýud №24 eseri, «Aýdym sungaty» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Sähra Akmämmedowanyň ýerine ýetiren belli türkmen kompozitory D.Öwezow, A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan Şasenemiň ariýasy ýaly eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin ýatda galyjy eserler boldy. Hasabat konserdiniň ahyrynda konserwatoriýanyň bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» atly aýdymy dabara gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlandy. ###### Altyn ÝANGYÝEWA ###### Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTAN-BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

Täzelikler

31.05.2025

1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni bolup, dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli seneleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylaryny tanyşdyrmak üçin çeperçilik sergisi guraldy. Bu sergide Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän dürli surat eserleri ýerleşdirildi. Häzirki günlerde bu senä bagyşlanan dabaralar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigi bilen raýdaşlyk bildirip, bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşilýär. Ýaş raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň saglygyny berkitmek, ýokary hilli bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde durmuş goldawyna mätäç bolan çagalara uly üns berilýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gazna durmuş goldawyna mätäç çagalar üçin ynsanperwerlik hemaýatlaryny yzygiderli alyp barýar. Biziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz, hakykatdan hem, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Munuň özi ýaş nesil barada atalyk aladasyny edýän milli Liderimiziň asylly işleriniň aýdyň netijesini döwrebap sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde, toplumlarynda görüp bilýäris. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda hem döwrebap toplumlar, seýilgähler, merkezler gurlup halkymyza sowgat edildi. Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Watanymyzda Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylygy, ynsanperwerligi, dostlugy, raýdaşlygy dabaralandyrýan sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ajaýyp künjekleri bolan Arkadag şäherinde, Gökderede we Hazaryň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ertekilerdäki köşkleri ýada salýan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn ösmekleri, çagalyk döwrüni şadyýan, täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilýär. Mukaddes Garaşsyz Watanymyzy şanly wakalar, dabaralar bilen şöhratlandyrýan 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda hem bu halkara baýramyň şanyna merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherdir obalarynda, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan milli öwüşginli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanyp, şadyýan gülküleri zemini doldurýar. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýändir. Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza il-halk, ýurt bähbitli, sebit we umumyadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyk, üstünlik arzuw edýäris! ###### Göwher SAPARMYRADOWA ###### Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

No image
ÇAGALAR WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELEJEGI

Täzelikler

30.05.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Murgap etrap Medeniýet öýünde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly çäre gurnaldy. 1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň güni giňden bellenilýär. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýete eýedir. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.