TEATRLARYŇ TÄZE MÖWSÜMI
Teatr we kino dünýäsi
01.09.2025
Teatr janly dünýä. Teatr jadyly sungat. Teatr sahnasy sungatlaryň ähli görnüşlerini özünde jemläp, köpöwüşginli eserleri bilen sungat muşdaklaryny begendirýär. Şunuň bilen baglylykda teatryň muşdaklary hiç wagt kemelmeýär. Mukaddes sahna zehinliden-zehinli sungat nesillerini ýüze çykarýar. Şoňa görä-de, teatr sungaty müňýyllyklar içre öz ähmiýetini ýitirmän, barha juwanlanýan sungat.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň teatr we sirk sungatynda her ýylyň güýzünde täze döredijilik möwsümini dabaraly açylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, sahna oýunlarynyň we sirk tomaşalarynyň muşdaklaryny diýseň begendirýär. Çünki her ýylyň täze döredijilik möwsümi täze eserleri tomaşaçylary begendirýär.
Şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 30 ýyllyk toýuny ýokary derejede belläp geçmek barada beren tabşyryklary teatr sungatynyň döredijilik toparlarynda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Munuň özi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Şundan ugur alyp, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň teatrlary hem-de sirkleri tomaşaçylar üçin ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy ýyllarynda gazanylan beýik zähmet üstünliklerini hem-de syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda Halk maslahatynyň ähmiýetini wasp edýän, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna, watansöýüjiligine, şöhratly pederlerimiziň hem-de belli şahsyýetleriň döredijilik we ömür ýollaryna bagyşlanan täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri bilen täze döredijilik möwsümini açarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden guramak boýunça beren anyk tabşyryklaryna laýyklykda, teatrlaryň we sirkleriň täze möwsüminiň açylyş dabaralary baýramçylyk derejesinde geçirip, olarda belli artistleriň, režissýorlaryň, dramaturglaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, aýdym-saz ussatlarynyň çykyşlary hem guralar, tomaşaçylar meşhur teatr we kino artistleri, wäşiler ýakyndan tanyşarlar, sungat ussatlarynyň eziz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek babatdaky öwüt-nesihatlaryny diňlärler.


Täze sahna oýunlarynyň aglabasy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana paýhasyndan dörän çuň mazmunly eserleriniň esasynda döredilip, olarda döwrümiziň waspyny belentden dabaralandyrýan durmuşy wakalary, beýik zähmet ýeňişleri, şeýle hem şan-şöhratly pederlerimiziň pelsepe-taglymatlary giňden wagyz edilýär.
1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eseri esasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg G. Daňatarowyň «Dutaryň owazy» atly sahna oýny görkeziler. Bu spektaklda milli aýdym-saz sungatymyzyň taryhy bilen bagly wakalar barada söz açylyp, Şükür bagşynyň watanperwerlik hem-de dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmakdaky tagallalary açylyp görkezilýär. Belli sahna ussatlary M.Annaýewanyň, D.Meläýewanyň, M.Hydyrowyň, S.Artykowyň, B.Rahymowyň döreden täsirli keşpleriniň üsti bilen dutar sazynyň gudraty belentden dabaralandyrylýar.
Ýurdumyzda giňden toýlanyp geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary esasynda «Pursat» atly täze sahna oýny bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenýär. Şowhunly aýdym-saz eserleri bilen utgaşyp gidýän wakalaryň jümmüşinde Magtymguly Pyragynyň döredijilik äleminiň syrlaryny çeper sahna wakalarynyň üsti bilen çözlemäge synanyşylýar. Bu sahna oýnunda Pyragynyň şygyrlaryny düzmäge girişinde düşýän ahwaly – eziz Watanymyza aşyklygy, zenan mertebesine hormaty, halkyň agzybirligine bolan pelsepewi garaýyşlary çeper şöhlelendirilýär.
Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Kitap - köňüller kelamy» atly sahna oýny tomaşaçylara hödürleýär. Sahna oýnunda parasatly pederlerimiziň agzybirlik, jebislik, halallyk, bagtly durmuşa we geljege bolan uly umyt, ýaşlary watansöýüji ruhda terbiýelemäge, kitap okamaga, giň düşünjeli, çuň bilimli bolmaga çagyrýan öwüt-ündewleri durmuş wakalary bilen utgaşdyrylyp, çeper beýan edilýär.
Türkmenistanyň milli Alp Arslan adyndaky drama teatry sungat muşdaklaryny G.Kakabaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Sabyr Ataýewa» atly spektakly bilen begendiren. Spektakl meşhur teatr we kino artisti, milli teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, Türkmenistanyň halk artisti S.Ataýewanyň ömür we döredijilik ýoly barada gyzykly maglumatlary sungat muşdaklaryny ýakyndan tanyşdyrar.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry «Ene sargydy» atly sahna oýny bilen bagtyýar ýaşlarymyzy begendirer. Bu sahna oýnunda ene mukaddesligi, perzent terbiýesi hem-de täze taryhy zamanamyzda türkmen ojagyndaky gündelik bolup geçýän ajaýyp durmuş wakalary çeper janlandyrylýar.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda M.Myşşyýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ene» atly sahna oýny tomaşaçylara hödürlenýär. Oýunda türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym–mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserindäki ynsan kalbyna şuglasyna çaýýan enä hormat goýmak babatyndaky pähim-paýhasynyň dünýäde dabaralanýandygy, adamzat nesilleriniň zenana bolan belent hormat-sarpanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän gyzykly wakalar çeper beýan edilýär.



Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary «Mährem ene» atly gurjak oýny bagtyýar çagalara baýramçylyk şatlygyny goşalandyrar. Gurjak oýnunda parasatly pederlerimiziň nakyla öwrülen öwüt-ündewleriniň üsti bilen ene-ata, mugallym-halypalara hormat-sylag, tebigata bolan söýgi wasp edilýär.
Täze teatr we sirk möwsümi welaýatlarymyzyň teatrlarynyň sahnalarynda hem dabaraly açylyp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ruhy joşguny döreder. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Ö.Galandarowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Baýram han Türkmen» atly sahna oýny atly sahna oýny balkanly watandaşlarymyza görkezilýär. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ygrar ataşy», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda belli şahyr O.Ödäýewiň romany esasynda sahnalaşdyrylan «Altynjan hatyn», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ««Ynsanlygyň göwher gaşy» atly sahna oýunlary teatr muşdaklaryna hödürlener.
Täze teatr we sirk möwsüminiň dabaraly açylyş gününde ýurdumyzyň sirklerinde täze tomaşalar taýýarlanyň sirk sungatynyň täsinliklerini söýüjileri begendirdi. Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Ganatly bedewler», sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bolsa «Galkynyşyň röwşeni» atly ýörite sirk tomaşasy bilen sungat täsinliklerini söýýän sungat muşdaklaryna hyzmat ederler.
Mundan başga-da, altyn güýzüň ilkinji gününde badalga berilýän teatr we sirk möwsüminiň açylyş dabarasy mynasybetli sungat aşyklary üçin ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzy durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdymlary belentden ýaňlanar aýratyn täsirli bolar.
Görnüşi ýaly, täze teatr we sirk möwsüminiň açylmagy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, belli şähsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny wagyz edýän sahna oýunlary görkeziler. Bu sahna oýunlarynyň we sirk tomaşalarynyň bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenmegi 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli özboluşly toý sowgady bolar.
Bagtyýar watandaşlarymyzy, mähriban ýaşlarymyzy täze teatr we sirk möwsüminiň dabaraly açylyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýarys.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň
Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy