logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GURJAK TEATRY HALKARA FESTIWALYNDA ÇYKYŞ ETDI

Teatr we kino dünýäsi

28.10.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda ýurdumyzyň teatrlary täze döredijilik eserlerini döredip, sungat muşdaklaryny yzygiderli begendirýär. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylymyzyň dowamynda ýurdumyzyň teatrlarynda täze sahnalaşdyrylan spektakllaryň ilkinji görkezilişi yzygiderli guralyp gelinýär. Sahna oýunlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli buýsanjymyz bolan gymmatlyklarymyz, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzdan miras bolup gelen milli ahlak-edep ýörelgeleri mynasyp wasp edilýär. Elbetde, sahna oýunlarynyň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde beýan edilýän çuň mazmunly tymsallar hem-de gyzykly rowaýatlar giňden şöhlelendirilýär. Şonuň bilen birlikde türkmen teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi, ýurdumyzda milli medeniýetimiziň dürli ugurlary bilen birlikde teatr sungatynyň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 21-26-sy aralygynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçirilen «Çodary haýol» atly gurjak teatrlarynyň VIII halkara festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/%D0%BF%D0%BA%D1%8B%D0%BF%D1%83%D1%8B%D0%BF.jpg) Biziň ýurdumyzdan wekilçilik eden döredijilik topary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Heňňamlar hekaýaty» atly sahna eseri bilen gatnaşdylar. Bu sahna eserinde parahatçylyk, agzybirlik, dostluk, ynsanperwerlik ýaly ruhy ýörelgelerimiz gurjak teatrynyň özboluşly çeper tilsimleri arkaly beýan edilýär. Sahnada pederlerimiz tarapyndan türkmen mertebesi we ajaýyp milli başgaby bolan türkmen telpeginiň äpet keşbi janlandyrylýar hem-de soňraky wakalar hut milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini dabaralandyrmak bilen bagly wakalar bilen utgaşyklylykda dowam edýär. Sahnada dana ata öz perzendine suwa sarpa goýmakda hem ony tygşytly ulanmakda pederlerimiziň «Suw damjasy altyn dänesi» pähimine uýmagy, men-menlik etmezligi, dostluga wepaly bolmagy wesýet edýär. Mahlasy, bu spektaklda durmuş tejribeleri hem heňňamlaryň-döwürleriň döreden durmuş sapaklary, pederlerimiziň pähim-parasatly ündewleri çeper hekaýata öwrülip sahna dilinde tomaşaça ýetirilýär. Şoňa görä-de, Täjigistan Respublikasynda geçirilen halkara festiwalynda türkmen artistleriniň sahna eseri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu spektakla tomaşa edip, şowhunly el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşylan sungaty söýüjiler Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän türkmen halkynyň rowaýatlarynyň ýiti pähim-paýhasa ýugrulandygyny aýratyn nygtadylar. Türkmen döwlet gurjak teatry üstünlikli çykyş edendigi üçin, halkara festiwalynyň Diplomyna hem-de Kubogyna mynasyp boldular. Bu halkara gurjak teatr festiwalynda Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan hem-de Täjigistan Respublikasyndan gurjak teatr toparlarynyň birnäçesi sahna oýunlaryny görkezdiler. Festiwalyň çäginde teatr artistleriniň arasynda, sungatda gazanylýan üstünlikleri we öňdebaryjy tejribeler, hususan-da gurjaklary ýasamakdaky täze tehnologiýalar boýunça tejribeleri alyşmak boýunça ussatlyk sapaklary hem guraldy. Ussatlaryň gatnaşmagynda ýaş artistler bilen sungat sapaklary, amaly maslahatlary hem geçirildi. Munuň özi, sungat işgärlerine birek-biregiň döredijilik üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Teatr artistleri türkmeniň milli sungatyny ösdürmäge, teatrlaryň döredijilik hazynasyny täze sahna eserleri bilen baýlaşdyrmaga, halkara medeni çärelerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
TEATRYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

Teatr we kino dünýäsi

26.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, milli sungatymyzy dünýäde wagyz etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat, şeýle hem döredijilik işgärleri dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän festiwallara, sergilerdir döredijilik duşuşyklaryna gatnaşyp üstünlikli çykyş edýärler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. 2026-njy ýylyň 18-23-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň eminler toparynyň agzasy hökmünde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, şeýle hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry ahalteke bedewiniň dünýädäki şöhratyny, şeýle hem, türki halklaryň dost-doganlygyny dabaralandyrýan, B.Annanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak at» atly spektakly bilen gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler. Mälim bolşy ýaly, belli kino aktýor, režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow «Ak at» atly pýesasyny öz durmuşyndan we taryhy wakalardan ylham alyp döredipdir. Onda Aşgabat ýer titremesinde ýanýoldaşyny we 3 aýlyk çagasyny ýitiren Jemal ejäniň Baku şäherinde uzak ýyllaryň dowamynda bejergi alansoň, öz perzendiniň gözlegine çykyşy hem-de Nazira atly özbek zenanyň Daşkent şäherindäki çagalar öýünden alyp, ogullyk edip terbiýeleýşi örän tasirli wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Jemal ejä perzendi Alyşiri tapmaga, seýis kakasy tarapyndan ýasalyp, çagaka boýnuna dakylan dagdandan bejerilen ak atyň heýkeljigi ýardam edýär. Alyşiri terbiýeläp ýetişdiren Daşkendiň teatr-çeperçilik institutynyň professory, Özbegistanyň halk artisti, belli kino we teatr artisti Nazira Alyýewa, halypa artistimiz B.Annanowyň halypasy-hünär dersleri mugallymy bolýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE.jpg) Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalyna gatnaşan, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary bu sahna eserinde şeýle täsirli wakalaryň üsti bilen köp asyrlyk taryhly halkymyzyň parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik hem-de dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrdy. Sahna eserinde bedew atyň türkmen bilen ykbaldaşlygy hem-de ýigidiň goşa ganatydygy durmuş wakalarynyň üsti bilen janlandyryldy. Spektakl tamamlanansoň, baş gahryman Nazira Alyýewanyň agtygy, häzirki wagtda Özbegistanyň döwlet gurjak teatrynyň baş režissýory bolup zähmet çekýän, belli artist we halypa dramaturg Dinara Ýoldaşowanyň sahna çykmagy hem-de dünýäde parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik hem-de halklaryň dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýtmagy örän tolgundyryjy duýgulary bagyşlady. Tomaşaçylar ýerlerinden ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna hem-de halkara teatr festiwalyna şeýle döredijilik sowgadyny getiren teatr artistlerine sagbolsunlaryny bildirdiler. Halkara festiwalyň emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijelerine görä, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň «Ak at» atly sahna eseri halkara teatr festiwalynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de dostluk mowzugy boýunça «Iň gowy sahna eseri» atly baýragyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň teatrlary indi üç ýyl bäri Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň arasynda geçirilýän halkara teatr festiwalynda baş baýraga eýe bolup gelýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen «TÜRKSOÝ» atly II halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligine bagyşlanan «Pursat» atly sahna eseri, 2025-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwalynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Baýram han Türkmen» atly sahna eseri üçin baş baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzyň teatr ussatlaryna şeýle abraýly halkara üstünligini gazanmak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary «Ak at» atly sahna eseri bilen mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda teatryň döredijilik topary halkara festiwalyň birnäçe baýraklary bilen sylaglandy. Hususan-da, türkmen teatrynyň sahnalaşdyran ajaýyp drama eseri bolan «Ak at» atly spektakly TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň kubogy, şeýle hem, bu sahna eseri üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Andijan şäheriniň häkimliginiň IV halkara teatr festiwalynda parahatçylyk, ynsanperwerlik we dostluk mowzugyndan iň gowy spektakl atly baýragyny tassyklaýan Diplom, halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň baş ýolbaşçysy N.Hojaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň oýun goýujy režissýory M.Jumabaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Sport, syýahat we saglyk» bölüminiň müdiri G.Hemraýewa Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hormat haty, halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy we festiwalyň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant goşandygy üçin, Türkmenistandan gatnaşan döredijilik wekiliýetiniň ähli agzalary Minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy. Festiwalyň çäginde mundan başga-da Türki medeniýetiniň halkara guramasyna – TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV teatr festiwalynda türki halklaryň teatr sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmakda, teatr artistleriniň, režissýorlarynyň özara tejribeleri alyşmaklarynda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli ussatlyk sapaklary, tejribe alyş maslahatlary geçirildi. Olara belli režissýorlar hem-de dramaturglar, teatr sungatyny öwreniji alymlar, belli teatr artistleri gatnaşdylar. Ýurdumyzdan halkara festiwalyna wekilçilik eden sungat we medeniýet işgärleri festiwalyň çäklerinde Andijan şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler. Şäheriň gözellikleri sungat ussatlarynyň döredijilik ylhamyny has-da joşdurdy. Bu halkara teatr festiwalynyň ýokary baýragyna mynasyp bolan teatr artistleri dostlukly döwletleriň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen, bu sungat baýramynyň köňülleri birleşdirýändigini, birek-birekden sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga ýardam berýändigini aýratyn belläp, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar. Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
“Leýli-Mejnun” operasy – köňüllerde ýaşaýar

Teatr we kino dünýäsi

13.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň aýdym-saz sungatyny, taryhda yz goýan kompozitorlarymyzyň döredijiligini, türkmen halk dessanlaryny we operalaryny dünýä äşgär etmekde mynasyp işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan sungat eserleri bu gün täzeden sahnalarymyzyň bezegine öwrülýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda “Leýli-Mejnun” operasy ilkinji gezek 1946-njy ýylda saz-sungat ussatlary Daňatar Öwezow we Ýuliý Meýtus tarapyndan döredilip, režissýor Alty Garlyýewiň ýolbaşçylygynda sahnada görkezildi. Opera 4 aktdan we 5 görnüşden ybarat bolup durýar. “Leýli-Mejnun” operasy ýaly ajaýyp sungat eserlerimiziň sahna gaýdyp gelmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda uly waka öwrülýär. Ýakynda opera ikinji gezek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyryldy. Sahna oýnuna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň sazandarlyk etmeginde, halypa mugallymlar we talyplar, şeýle hem, hor topary gatnaşdylar. Sahna oýnunyň režissýory Aýnazar Batyrow we simfoniki orkestriň dirižýory Döwletmämmet Ökdirow yhlasly zähmetlerini gaýgyrman, operanyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy ugrunda mynasyp işleri bitirdiler. Operanyň her sahnasy tomaşaçylaryň ýüreginde orun tapyp, gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.

No image
HALKARA TEATR FESTIWALYNDA GAZANYLAN ÜSTÜNLIK

Teatr we kino dünýäsi

12.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň durmuşynyň dürli ugurlary bilen birlikde medeni ulgamda, hususan-da, halkara medeni gatnaşyklarda asyrlara ýaň saljak işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň milli sungatymyzy dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek baradaky tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet işgärlerine, şonuň bilen birlikde ýaş sungat nesillerine täze-täze eserleri döretmäge, dürli ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge hem-de sahna eserleriniň üsti bilen milli medeni mirasymyzy giňden wagyz etmäge ähli şertler döredilýär. 2026-njy ýylyň 5-9-njy oktýabry aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplaryndan ybarat döredijilik topary, TÜRKSOÝ-yň guramagynda Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/4646846.jpg) Ýurdumyzyň talyp ýaşlary bu halkara festiwalyna Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaplary esasynda sahnalaşdyrylan «Bedew sarpasy» atly sahna eseri bilen gatnaşdylar. Gyzykly wakalara, aýdym-sazlara beslenen bu sahna eserinde türkmen ýigidiniň behişdi bedewlere bolan söýgüsi, milli mirasymyzyň köpöwüşginliligi açylyp görkezilýär. Sahna eserinde baş gahrymanlar soltan Baýkaranyň, Myralynyň, Gülpamyň çeper keşpleriniň üsti bilen, sada oba adamlarynyň durmuşynda türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewleriň tutýan orny hem-de milli seýisçilik sungatymyza bolan hormat-sarpa beýan edilýär. Türkmen halky üçin ýigidiň goşa ganaty-myrady bolan atlaryň, ynsanyň tebigata bolan söýgüsiniň belentliginiň nyşany hökmünde janlandyrylýar. Halkara teatr festiwalyna türkmen ýaşlary bilen birlikde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan talyplar teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Festiwala Türkmenistandan emin agzasy hökmünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow gatnaşdy. Halkara talyplar teatr festiwalynyň jemleýji dabarasynda emin agzalary türkmen ýaşlarynyň görkezen sahna eseriniň sungat kämilligine aýratyn baha berdiler. Hususan-da, bu sahna eserinde bedewlere goýulýan hormat-sarpanyň ýokary derejede dabaralanýandygyny nygtadylar. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar toparynyň «Bedew sarpasy» atly sahna eseri Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalynyň «Milli mowzugyň iň gowy işlenen sahna eseri» atly ýörite baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň talyplar teatr toparyna halkara festiwalyna gatnaşandygy üçin festiwalyň kubogy, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň hormat haty, Türküstan şäher häkimliginiň minnetdarlyk haty gowşuryldy. Türkmen talyp ýaşlarynyň halkara festiwalynda behişdi bedewlerimizi wasp eden sahna eseri, türkmen halkynyň ruhy dünýäsini giňden dabaralandyrýan baý mazmunly sahna eseri hökmünde tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmen ýaşlary halkara medeni çärelerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
TEATR BÄSLEŞIGI ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

Teatr we kino dünýäsi

11.09.2026

Şu günler eziz Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy giň gerimde toýlanylýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamy hem mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri, döredijilik sowgatlary bilen geldi. Täze döredilýän döredijilik eserleri halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň arasynda bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym, Watanym — seždegähim» atly teatr bäsleşiginiň üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/yrjtjuuuuuuuuuuuuuuu.jpg) Sahna oýunlarynda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylýan ösüşler, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda kemala gelen däp-dessurlary, watansöýüjilik, merdanalyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Bu eserleriň ýaşlarymyzy parasatly pederlerimiziň ruhlaryna ygrarly, watanperwer nesil edip terbiýelemekde, teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen tomaşaçylarynyň ruhy isleglerini kanagatlandyrmakda, teatr işgärlerini täze döredijilik üstünliklerine höweslendirmekde aýratyn orny eýelejekdigine ynanýarys. Teatr bäsleşigi 2026-njy ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda geçirildi. Teatr bäsleşigi özboluşly sungat baýramyna öwrüldi. Halypa režissýorlardan, tejribeli artistlerden hem-de ussat mugallym-professorlardan düzülen eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, teatr bäsleşiginiň baş baýragyna «Halk hakydasy» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry (režissýory Handurdy Berdiýew), I orna - «Agzybirlik rowaýaty» atly sahna oýny üçin Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry (režissýory Serdar Ataýew), II orna - «Howandar» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry (režissýory Eziz Işangulyýew), III orna - «Türkmen soltany» atly sahna oýny üçin Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry (režissýory Ata Gullarow) hem-de «Eşit meni!» atly sahna oýny üçin A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry (režissýory Baýram Garajaýew) mynasyp boldy. Bäsleşikde sahna ussatlygynyň dürli ugurlary boýunça hem baýraklar goýuldy. «Iň oňat saz bezegi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry (baş ýolbaşçysy Myrat Aradow), Ýaş režissýoryň iň oňat işi üçin» atly ýörite baýraga Türkmen döwlet gurjak teatrynyň režissýory Batyr Gurbanow, «Režissýoryň täze gözlegleri üçin» atly ýörite baýraga Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň režissýory Döwran Joraýew, «Sahnada milli däp-dessurlary wagyz edýändigi üçin» atly ýörite baýraga Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry (baş ýolbaşçysy Orazmeňli Igdirow), «Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowa, «Iň oňat sahna eseri üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy Gadam Kakabaýew, «Iň oňat sahna eseri üçin» atly ýörite baýraga Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň II derejeli artisti, dramaturg Abdylazym Rejebow, «Suratkeşiň iň oňat işi üçin» atly ýörite baýraga Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň suratkeşi Merdan Akmämmedow, «Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýragy Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Oguljan Bekiýewa, «Iň ýaş zehin üçin» atly ýörite baýraga Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Begli Dowlyýew mynasyp boldy. Teatr bäsleşiginde aýratyn tapawutlanyp çykyş edendigi üçin artistleriň birnäçesi sylaglandy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Kakamyrat Bazarow, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Baýramtäç Hojamämmedowa, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Mariýa Durdyýewa, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussady Zyýada Kakalyýewa, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Nurýagdy Döwletow, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Gerçek Orazmuhammedow Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlaryna hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlaryna mynasyp boldular. Ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi babatda taýsyz tagallalary üçin, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
GARAŞSYZLYGY WASP EDÝÄN TÄZE SAHNA ESERLERI

Teatr we kino dünýäsi

11.09.2026

Bagtyýar watandaşlarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Garaşsyzlygymyz – barlygymyz». Şu jähetden, Garaşsyzlyk – biziň eziz Watanymyza söýgimizi we sarpamyzy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan, halkymyzyň berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, özbaşdaklyk, hemişelik Bitaraplyk barada telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolan mukaddes gymmatlygymyzdyr. Pederlerimiziň toý-baýrama sowgatly-serpaýly barmak asylly däbine eýerip, ýurdumyzyň teatrlary hem sirkleri şanly baýramymyza täze sahna eserleri bilen geldiler. Baş baýramymyzyň toýy giňden dabaralanýan aýyň 11,12,13-inde ýurdumyzyň ähli teatrlarynda hem-de sirklerinde täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri guralýar. Sahna oýunlarynda hem-de sirk tomaşalarynda mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik zähmet üstünlikleri hem-de syýasy, durmuş we jemgyýetçilik durmuşynyň şanly wakalary, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygy, watansöýüjilik, şöhratly pederlerimiziň hem-de belli şahsyýetleriň döredijilik we ömür ýollary wasp edilýär. Gazna tarapyndan hemaýat ýetirilen çagalaryň ene-atalarynyň, hossarlarynyň, tutuş halkymyzyň, dünýä halklarynyň alkyşy çäksizdir. Şu jähetden, «Howandar» sahna eseri ynsan ömrüni iň gymmatly baýlyk hasaplaýan lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sogap işlerine halkymyzyň senasy, haýyr işleriniň çeper hekaýatydyr. Bu eser garagöz çagajyklaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” atly kitabynyň esasynda döredilen «Jennet mukamy» atly aýdym-sazly sahna eserini taýýarlady. Eser halkymyzyň milli guwanjy bolan dutara hem türkmen halysyna bagyşlanandyr. Sahnada taryhda «Beýik Ýüpek ýolunyň» ugry bilen milli baýlyklarymyzyň çawunyň dünýä ýaýraýşy halyçy gyzyň hem-de dutarçy ýigidiň päk söýgüsi hem-de wepalylygy baradaky rowaýatyň üsti bilen giňden dabaralandyrylýar. Alp Arslan adyndaky milli drama teatry mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli sahnalaşdyran spektakly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bina edilen gözel Aşgabat şäheriniň waspyny ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň kämil köňlüniň kelamy «Ak şäherim Aşgabat» kitabyndan ruhlanylyp döredilen bu täze eserde Aşgabat ýer titremesiniň pajygaly wakalaryndan soňra merdana halkymyzyň Watanymyzyň ýüregini bolan paýtagtymyzy dikeltmek, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek babatda zähmet gahrymançylygy täsirli durmuş wakalarynyň üsti bilen çeper beýan edilýär. Onda halkymyzyň dogumlylygy, gaýratlylygy, wepalylylygy, birek-birege mähribanlygy sahna sungatynyň dili bilen dabaralandyrylýar. Türkmen döwlet gurjak teatry körpe tomaşaçylaryny «Dostluk mukamy» atly sahna oýny bilen begendirýär. Sahnada çykyş edýän erteki gahrymanlary aýdym-sazly, şowhunly çykyşlar bilen ýaşajyk tomaşaçylara ýene bir ýola, birek-birek bilen agzybirlikde ýaşamaklygyň, birek-biregi goldamaklygyň, mähirli gatnaşyklaryň ýaşaýyş üçin zerur zatlardygyny ündew edýär. Umuman, bu sahna eseri tokaýdaky wakalar hem türkmen tebigatynyň täsin jandarlarynyň şowhunly çykyşlaryndan ybarat bolup durýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/4896467987879798798.jpg) Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry bagtyýar ýaşlarymyzyň ykbalyndan söz açýan sahna oýny bilen tomaşaçylary begendirýär. Pýesa Gahryman Arkadagymyzyň «Atda Wepa-da bar sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary esasynda çeperleşdirilip ýazylan eser. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry M.Kazakowanyň «Eşit meni» atly sahna eseri bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar. Sahnada Aýperi atly ýaş gyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda öz saýlan dizaýnerlik hünäri boýunça ýokary bilim alyp, söýgüli hünäriniň inçe syrlaryny öwrenişi, ökde hünärmen bolup ýetişip Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin çekýän päk zähmeti ýaýbaňlandyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Agzybirlik rowaýaty» atly dramasy eserini sahnalaşdyrdy. Bu eser Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyndan ylhamlanyp döredildi. Sahnada agzybirligiň güýjüniň ähli ösüşleriň hem-de parahat ýaşaýşyň girewidigi dabaralandyrylýar. Bu eserde ykbal ýollary Polady galada Pugta atly gyz bilen duşurýar. Olaryň mukaddes söýgüsi bagtly durmuşa ýetirýär. Mahlasy bu spektaklda gyzykly wakalaryň üsti bilen pelsepewi ýörelgä daýanýan parasatly halkymyzyň watansöýüjilik hem-de parahatçylyk ideýalary giňden wasp edilýär. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry şanly baýramçylygymyz mynasybetli «Mukaddesdir bu Watan» atly sahna oýnynyň ilkinji görkezilişini guraýar. Sahna oýnunyň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeltýär” kitabyndaky Watan mukaddesligi baradaky aýdan pähim-parasatly öwüt-ündewleri öz beýanyny tapýar. Onda Gorkut atanyň ýaş Watançy ýigitlere sargydy esasynda «Gorkut ata» eposynyň «Bekel ogly Ymran» boýundaky wakalar sahnada janlanýar. Oguz döwletiniň serhedini sak goraýan watançy ýigit Bekeliň gahrymançylygy mynasybetli Oguz iliniň toý tutup, muňa-da Gorkut ata gelip, bu «Oguznamany» aýtmagy bilen utgaşýar. Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky sazly drama teatry belli şahyr hem dramturg N.Rejebowyň «Döwletli döwran geldi» atly pýesasy esasynda sahna oýnunyň ilkinji görkezilişini tomaşaçylara hödürleýär. Dramada ýaş nesilleriň päk söýgüsini hem-de döwürleriň arasazlaşygy açyp görkezýär. Wakalar dost-doganlyk kenaryna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň täsin tebigy gözelligi we häzirkizaman ösüşleri bilen utgaşýar. Deňze dynç almaga baran Gummandyr Dilber, Ojardyr Göwher ýaly ýaşlar hut şu ajaýyp künjekde biri-birine duşup, bagtyny tapýarlar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň belent ösüşlerini, ýaş juwanlaryň yşky duýgularyny beýan edýän bu oýun aýdym-sazlar bilen bezelen liriki tomaşadyr. Eseriň dowamynda durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlaryň arassa duýgulary gyzykly wakalaryň üsti bilen görkezilýär. Oýun adaty durmuş çäklerinden çykyp, döwlet syýasatynyň her bir ynsana, her bir ojaga berýän bimöçber aladasyny simwoliki dilde wasp edýär. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan dramaturg G.Daňatarowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Oguz ýigidi» atly sahna oýnunda Gorkut ata eposynyň Däli Garçar boýundaky gyzykly wakalar janlandyrylýar. Bu eserde çaga terbiýesi, türkmen gelin-gyzlaryň päk ahlaklylygy, asylly edep-ekram ýörelgeleri giňden ündelýär. Eseriň gahrymany Tulpar gyzyň öz öýündäki tekepbirligi gaýyn öýüne baryp, Oguz ýigidiň terbiýesini görenden soňra tutanýerlilige, başarjaňlyga, pespällige, maşgala bolan söýgä öwrülýär. Bu sahna eserinde „Balam eziz, edebi ondanam eziz“ diýen türkmen nakylynyň çuň manysynyň bardygy ýaýbaňlandyrylýar. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry «Türkmen soltany – Jelaleddin” atly sahna oýnynyň ilkinji görkezilişini guraýar. Sahnada keşbi janlandyrylýan Jelaleddin soltanyň edermenligi türkmen halkynyň uzak geçmişindäki watanperwerli taryhy wakalary bilen utgaşýar. Belli türkmen taryhçysy An Nesewiniň taryhy ýazgylary esasynda döredilen bu eserde halkymyzyň gahrymançylygy giňden dabaralanýar. Sahna eseri Jelaleddiniň Watan, halkyň jebisligi, bir bitewiligi, hakyndaky pikirleri «Watan gurulýandyr ata-baba yhlasyndan, Watan gurulýandyr halkyň beýik ykraryndan» diýlip tamamlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sirklerinde täze tomaşalar taýýarlanyp sirk täsinliklerini söýüjileri begendirýär. Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Behişti bedewler – şöhrat-şanymyz», sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bolsa «Galkynyşyň röwşeni siz, ýelden ýyndam bedewler» atly ýörite sirk tomaşasy bilen sungat täsinliklerini söýýän muşdaklaryna hyzmat eder. Mundan başga-da, teatrlaryň hem-de sirkleriň ajaýyp sahnalarynda ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanar. Wäşileriň baýramçylyk gutlaglary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Ýurdumyzyň teatrlary we sirkleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, belli şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny wagyz edýän sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri bilen tomaşaçylary begendirer. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza teatr we sirk sungatynyň işgärleri milli sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýäde ýaýmak üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri, goldaw-hemaýatlary üçin soňsuz alkyşlar aýdýarlar. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
TEATR IŞGÄRLERI HALKARA TEJRIBE ALYŞ OKUW HEPDELIGINE GATNAŞDYLAR

Teatr we kino dünýäsi

20.07.2026

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli işlemekleri, kämil eserleri döretmekleri, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara medeni çärelerine gatnaşmagy hem-de uly üstünlikleri gazanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, milli medeniýetimizi ösdürmekde aýratyn tapawutlanyp zähmet çekýän ýaş hünärmenlere daşary ýurtlarda tejribelerini artdyrmaga giň ýollar açylýar. Şeýle goldawlaryň netijesinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň hünärmeni A.Gutlyýew, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň çeper döredijilik bölüminiň režissýory B.Garajaýew, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti A.Pawlow, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň çeper döredijilik bölüminiň suratkeşi D.Allakow 2026-njy ýylyň 13-17-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň teatr işgärleri Birleşiginiň guramagynda geçirilen Halkara teatr hyzmatdaşlygy günlerine hem-de halkara hünär kämilleşdiriş okuw hepdeligine gatnaşdylar. Bu halkara hünär kämilleşdiriş okuw hepdeligine 11 döwletden 30-dan gowrak teatr işgärleri gatnaşdy. Okuw hepdeliginiň dowamynda türkmen teatr işgärlerine Russiýanyň abraýly teatrlarynda zähmet çekýän tejribeli teatr we kino artistleriniň, režissýorlaryň, teatr suratkeşleriniň gatnaşmaklarynda «BRIKS we GDA döwletleriniň teatr kartasy: ösüşiň badalgalary we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri», «Halkara teatr taslamasy: döredijilik pikirinden – sahna oýnunyň tomaşaça ýetirilmegine çenli», «Döredijilik başlangyçlary – halkara hyzmatdaşlygyň köprüsi», «Ýaşlaryň we medeniýetleriň dialogy: Gündogar we Günbatar teatrlary sungatyň kämillik menzilini nazarlaýar», «Teatr sungaty: öňde durýan wezipeler we geljekki mümkinçilikler», «Halkara teatr hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti hem-de geljegi» ýaly mowzuklardan tejribe alyş hem-de hünär ussatlygy okuwlaryna gatnaşdylar. Mundan başga-da, ýaş türkmen teatr artistlerine Moskwa şäheriniň Mossowet teatry, Moskwanyň Uly teatry («Московский Большой театр») bilen tanyşdyrylyş gezelençleri guraldy. Bu abraýly sungat öýlerine barlanda ýaş türkmen artistleri baýry teatrlaryň taryhy, olarda zähmet çekýän hem-de tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan keşpleri döreden artistleriň döredijilik mirasy, teatrlaryň artistleri we olaryň özboluşly sungat däpleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem, Moskwanyň Uly teatrynda sahnalaşdyrylýan «Anna Korenina» atly spektaklynyň taýýarlyk pursatlaryna gatnaşdylar. Bu abraýly teatrlaryň halypa artistleri bilen tegelek stol görnüşindäki döredijilik duşuşygy hem geçirildi. Onda ykbalyny sungata örklän halypa teatr işgärleriniň ündew-nesihatlaryny diňlediler. Teatrlaryň medeni we milli aýratynlyklaryna garamazdan, döwrebap öwüşginli spektakllary sahnalaşdyrmagyň ussatlyk tejribeleri hem-de teatrlaryň döredijilik kuwwatyny berkleşdirmekde artistleriň ussatlyklaryny kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň at gazanan sungat işgäri, belli teatr we kino artisti B.Morozowyň sahna sungatynda emeli aň mümkinçiliklerini, täze innowasion tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary barada geçen hünär öwreniş okuwlary aýratyn täsirli geçdi. Okuw hepdeliginiň dowamynda ýaş teatr işgärleri Moskwa şäheriniň Mossowet teatrynda «R.R.R.», Moskwanyň Uly teatrynda («Московский Большой театр») «Anna Korenina» atly spektakllaryna tomaşa etdiler. Bu teatrlarda sahnalaşdyrylýan spektakllarda ulanylýan döwrebap sahna we saz bezegleri, waka laýyklykda egin-eşikleri ulanmagyň täzeçil usullary bilen ýakyndan tanyşdylar. 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda bu halkara okuw hepdeligine gatnaşyjylaryň rus teatr sungatynyň düýbüni tutujylarynyň hem-de režissura sungatynyň görnükli wekilleriniň biri K.Stanislawskiniň öý muzeýine baryp görmekleri hem-de dünýä belli teatr nazaryýetçisiniň teatr sungatyny ösdürmek boýunça ýazan kitaplary, döredijilik mirasy bilen tanyşmaklary ýaşlar üçin örän ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Mundan başga-da, halkara okuw hepdeliginiň dowamynda türkmenistanly döredijilik wekiliýeti üçin Moskwanyň kitaphanalaryna, muzeýlerine we beýleki medeniýet ojaklaryna tanyşdyrylyş gezelençleri guraldy. Russiýa Federasiýasynyň teatr işgärleri Birleşiginiň guramagynda geçirilen «Halkara teatr hyzmatdaşlygy» atly halkara hünär kämilleşdiriş okuw hepdeliginiň ahyrky gününde, işjeň gatnaşandygy üçin türkmen teatr işgärlerine Halkara şahadatnamalary gowşuryldy. A.Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
2026-njy ýylyň 12-14-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

10.06.2026

#### Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ##### * 13.06.2026ý. «Sen söýseň meni» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Syrly sandyk» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ##### * 13.06.2026ý. «Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli hem-de Magtymguly Pyragy – halkymyzyň şam çyragy» atly baýramçylyk konserti 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Sawçy hem sallahlar» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ##### * 13.06.2026ý. «Magnitafon» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny 19:00 #### A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ##### * 12.06.2026ý. «Arşyn mal alan» atly sahna oýny 19:00 ##### * 13.06.2026ý. «Hudaýberdiniň başdan geçirenleri» atly sahna oýny 12:00 ##### * 13.06.2026ý. «Ýelden ýyndam» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Alladin we jadyly çyra» atly sahna oýny 11:00 ##### * 14.06.2026ý. «Alladin we jadyly çyra» atly sahna oýny 13:00 ##### * 14.06.2026ý. «Hindi söýgüsi» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry ##### * 13.06.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Süýji durmuşyň gapysy» atly sahna oýny 19:00 #### Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Gumly gelin» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Zor aýakdan tebip bolan» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmen döwlet gurjak teatry ##### * 13.06.2026ý. «Maşa we aýy» atly sahna oýny 17:00 ##### * 13.06.2026ý. «Çagaly öý bazar» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Balykçy we balyjak» atly sahna oýny 12:00 ##### * 14.06.2026ý. «Balykçy we balyjak» atly sahna oýny 17:00 ##### * 14.06.2026ý. «Arşyn mal alan» atly sahna oýny 19:00 #### Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Daş myhman» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Bir günüň aladasy» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Synag» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Seýis» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Çyn aşyk» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «At-myrat» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Dowamat» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Körpe gelin» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
2026-njy ýylyň 5-7-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

03.06.2026

#### Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ##### * 06.06.2026ý. «Är we aýal» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Mukaddeslige tagzym» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ##### * 06.06.2026ý. «Atdyr ýigidiň myrady» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Talyp söýgüsi» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ##### * 06.06.2026ý. «Mähriban dideler» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Gyzyl alma» atly sahna oýny 19:00 #### A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ##### * 05.06.2026ý. «Arzuwlary hasyl ediji» atly sahna oýny 19:00 ##### * 06.06.2026ý. «Böwenjik» atly sahna oýny 12:00 ##### * 06.06.2026ý. «Pamela üçin ýanýoldaş» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Çal möjek» atly sahna oýny 11:00 ##### * 07.06.2026ý. «Çal möjek» atly sahna oýny 13:00 ##### * 07.06.2026ý. «Möjekler we goýunlar» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry ##### * 06.06.2026ý. «Sakawyň soňuna seret» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny 19:00 #### Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Ýagyş ýagan gijesi» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmen döwlet gurjak teatry ##### * 06.06.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny 17:00 ##### * 06.06.2026ý. «Ýartygulak» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Bir towşanjyk bar ekeni» atly sahna oýny 12:00 ##### * 07.06.2026ý. «Bir towşanjyk bar ekeni» atly sahna oýny 17:00 ##### * 07.06.2026ý. «Söýgi bizi halas eder» atly sahna oýny 19:00 #### Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Söýgi sarpasy» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Söýgi sarpasy» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Şyrak» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Saňa ýetermi owazym» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Goňşular» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Gelinler» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Ýegşerme goja ýegşerme» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Söýgüniň ýolunda» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
Teatryň halkara üstünligi

Teatr we kino dünýäsi

01.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli teatr sungatymyz halkara ülňülerine laýyklykda ösýär, kämilligiň täze belentliklerine ýetýär. Sahna oýunlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan kuwwatly güýji dabaralandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, milli teatr sahnalarymyzda dünýäniň nusgawy drama eserlerini sahnalaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlarymyzy beýik watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, milli baýlyklarymyza, şöhratly pederlerimiziň nurana ruhlaryna ygrarly bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Teatr sahnalarynda umumadamzat gymmatlyklarynyň göwher gaşyna öwrülen milli baýlyklarymyz çeper sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar hem-de milli teatr sungatymyzyň, teatr sungatynyň wekilleriniň abraý-mertebesi dünýä dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, 2026-njy ýylyň maý aýynyň 22-31-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Moskwa şäherinde belli rus ýazyjysy we dramaturgy A.P.Çehowyň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen «Melihowanyň bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry hem gatnaşdy. Teatryň döredijilik topary ýaş režissýor B.Garajaýewiň sahnalaşdyran «Çehowyň degişmeleri» («Чеховские водевили») sahna oýny bilen gatnaşdylar. Sahna oýnunyň pýesasy belli rus ýazyjysynyň ýaşlaryň watanperwerlik, adamçylyk terbiýesine täsir edýän inçe psihologik oýlanmalaryna ulaşýan degişmelerini özünde jemleýär. Sahna oýny başdan-aýak janly saz bilen bezelýär. Oýnuň sahna bezegindäki çeperçilik çözgütleri ynsanyň ýaşaýşa bolan söýgüsini joşdurýar, nesilme-nesil aşyp gelýän maşgala mukaddesliklerini dabaralandyrýar. Türkmen teatrynyň halkara sungat baýramyna işjeň gatnaşmagy milli sahna sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik berdi. Türkmen sahna ussatlarynyň rus dilinde oýnan bu sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Esasan hem, sahna oýnunyň režissýorlyk kämilligi aýratyn baha eýe boldy. Bu halkara festiwalyna 10-dan gowrak döwletden 27 sahna oýny gatnaşdy. Türkmen teatr artistleri mundan başga-da, festiwalyň çäginde beýleki döwletleriň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Sahna oýunlarynyň ara alnyp maslahatlaşmalaryna, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar. Döredijilik duşuşyklarynda türkmen hünärmenleri hem çykyş edip, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda, şeýle hem, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyzda hem-de sirklerimizde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara festiwallarynda gazanýan abraýly ýeňişleri barada çykyş edip wideoşekilli görnüşleri görkezdiler. Geçirilen bu döredijilik duşuşyklaryna dünýäniň belli teatr we kino sungatynyň wekilleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri, dramaturglar, edebiýatçylar, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, şahyrlar we belli döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy ösdürmekde, berýän yzygiderli goldaw-hemaýatlarynyň, dünýä döwletleri bilen häzirki zaman medeni gatnaşyklarynyň barha berkemeginde alyp barýan işleriniň nusgalyk ýörelge bolup durýandygy bellenildi. Moskwada geçirilen bu sungat baýramynyň netijeleri boýunça A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy. Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallaryna gatnaşmaga, sungat we medeniýet işgärleri bilen tejribe alyşmaga, milli medeniýetimizi daşary döwletlerde wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň binýadynyň has-da berkemegi, halkymyzyň ýagty geljegi, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin.