logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
YNSANPERWERLIK GATNAŞYKLARY HALKLARY DOSTLAŞDYRÝAR

Halkara gatnaşyklary

18.11.2025

2025-nji ýylyň 12-16-njy noýabry aralygynda Merkezi Aziýa döwletlereiniň Baştutanlarynyň Ýedinji Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde täze gurlup, ulanylmaga berlen Yslam medeniýeti merkezinde geçirilen halkara ylmy kongresine we onuň dowamyndaky medeni-ynsanperwer ugurly dürli çärelere gatnamak üçin medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerinden, alymlardan, ýazyjy-şahyrlardan, metbugat we teleradio žurnalistlerinden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden ybarat topar Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri Yslam medeniýeti merkezinde muzeý gymmatlyklarynyň sergi zallaryna gezelenç etdiler, soňra bu merkezde geçirilýän «Merkezi Aziýa: bir ruh – aň-bilim mirasy we umumy geljek» atly halkara kongresiň dabaraly açylyş maslahatyna gatnaşdylar. Halkara forumyň açylyş dabarasynda Yslam medeniýeti merkeziniň gurluşygy hem onuň muzeý gymmatlyklarynyň aýratynlyklary barada dokumental filme tomaşa edildi. Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini hormatly Ş.M.Mirziýoýewiň halkara Kongresine gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Soňra halkara ylmy Kongresiň açylyş dabarasynyň meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwletleriniň degişli ministrleriniň, şolaryň hatarynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň çykyşy diňlenildi. Halkara kongresiniň açylyş dabarasynyň ikinji bölümindäki maslahatynda Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwletleriniň Ylymlar akademiýalarynyň prezidentleriniň, ylmy institutlaryň ýolbaşçylarynyň, Ýazyjylar, Suratkeşler birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň, türkmen wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy medeni-ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň ýolbaşçysy M.Mämmedow çykyş etdi. Meýilnama laýyklykda kongresiň bölümçelerinde Merkezi Aziýa döwletlerinden hem-de Azerbaýjan Respublikasyndan bu halkara ylmy çäresine gatnaşýan taryhçy we edebiýatçy alymlaryň, kino, muzeý hem-de kitaphana işgärleriniň, suratkeşleriň, ýazyjy-şahyrlaryň, metbugat we teleradio žurnalistleriniň, ýaşlaryň ylmy-döredijilik duşuşyklary geçirildi. Olarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy medeni-ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň ýolbaşçysy M.Mämmedowyň, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory G.Ýangibaýewanyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary L.Şamyradowanyň çykyşlary diňlenildi. 2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Yslam siwilizasiýasy merkezinde geçirilýän halkara kongresiniň bölümçelerinde «Taryhçy alymlarynyň II forumynda» belli taryhçy, arheolog, etnograf, edebiýatçy alymlaryň çykyşlary, şolaryň hatarynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň arasyndan «Maddy medeniýet we ruhy miras» atly bölümde Türkmen döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy M.Çaryýewiň, şol muzeýiň hünärmeni G.Çaryýewiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri J.Ezimowanyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri N.Ataşowaynyň, suratkeşleriň we amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň «Beýik geçmiş – beýik geljek» atly forumynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň ýolbaşçysy Ç.Ýazmyradowyň, «Ýaşlar we sanly eýýäm: gadymy golýazmalardan emeli aňa çenli» atly forumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri B.Meredowyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni A.Mämmetnazarowanyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni G.Atabaýewanyň, «Medeni–aň-bilim teleýaýlymlary: täze formatlar we halkara media hyzmatdaşlyk» atly forumynda «Nesil» gazetiniň jogapkär kätibi O.Myradow çykyş etdi. Şol gün halkara ylmy Kongresiniň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň kino we telewideniýe işgärleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Dokumental filmler, kino sungaty we Merkezi Aziýanyň gözi bilen medeni gymmatlyklar» atly forumyň çäginde «Renaissance» kinoteatrynda «Magtymguly Pyragy», «Kitap», «Gyzyl kürte» atly çeper we dokumental filmleriň, şeýle hem «Cinematica» kinoteatrynda «Uzbekfilm» kinostudiýasy tarapyndan surata düşürilen «Emir Timur we Donna Marina» atly kinofilmiň ilkinji görkezilişine gatnaşdylar. Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwletleriniň suratkeşleriniň bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň ýolbaşçysy Ç.Ýazmyradow Özbegistanyň Suratkeşler birleşiginiň altyn medaly bilen sylaglandy. Soňra türkmen wekiliýeti özbek halkynyň şöhratly ogly, hökümdar Emir Timuryň şanyna gurlan muzeýe hem-de nusgawy şahyry we pelsepeçisi Aýbegiň öý muzeýine guralan tanyşdyrylyş gezelençlerine gatnaşdylar. Şol günüň ikinji ýarymynda Yslam siwilizasiýasy merkeziniň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Geljegiň mirasy» atly Halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistany Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulysy B.Annamyradowa milli sungatyň çeperçilik we amaly-haşam ugry boýunça «Geljegiň mirasy» atly Halkara baýragy gowşuryldy. Şundan görnüşi ýaly, «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» halkara kongresine we onuň dowamynda geçirilen medeni-ynsanperwer ugurly dürli çärelere gatnaşan medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerinden, alymlardan, žurnalistlerden hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerinden ybarat wekiliýetiň agzalary üçin bu iri halkara ylmy-medeni kongres özboluşly tejribe alyş hem-de hünär kämilligi üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Hünärmenler öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bilen ýurdumyzyň degişli ylmy institutlary tarapyndan arheologiýa ýadygärliklerinde ýüze çykarylýan gymmatlyklaryň esasynda şöhratly taryhymyzyň ylmy taýdan çuň öwrenilip, henize çenli mälim bolmadyk maglumatlaryň yzygiderli ylmy dolanyşyga girizilýändigini belläp geçdiler. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwletleriniň halklarynyň arasynda medeni diplomatiýanyň ösdürilip gelnendigini öwrenmek üçin biziň ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigini buýsanç aýtdylar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän eserlerinde beýan edilýän nusgalyk taglymatlarynda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletler bilen ýakyn söwda, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň saklanandygyny ygtybarly golýazma, taryhy, edebi, arheologiýa we etnografiýa maglumatlarynyň subut edýändigi esaslandyrdylar. Mahlasy, bölümçelerdäki maslahatlarda türkmen hünärmenleri öz kärdeşleri bilen şöhratly taryhymyzy dikeltmek, milli edebiýatymyzy, kitaphana, muzeý, metbugat we teleradio žurnalistikasyny, kino, teatr, aýdym-saz sungatlarynyň taryhyny öwrenmekde hem-de geljekde bu ugurdaky işleri has-da baýlaşdyrmakda bilelikdäki meýilnamalary amala aşyrmagyň ähmiýeti we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Halkara ylmy kongresine gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň teleradio ýaýlymlar we metbugat üçin interwýularyň ýazgylary edildi, internet saýtlary, metbugat sahypaly üçin habarlar, fotosuratlar we wideoşekilli görnüşler taýýarlanyp yzygiderli ýerleşdirildi. Halkara kongresine gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, milli medeniýetimizi hem-de ylym-bilimde gazanylýan täze açyşlary daşary döwletlerde wagyz etmäge, geljekde bilelikdäki meýilnamalary alyp barmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga döredip berýän şeýle giň şertleri üçin Hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize köp-köp sagbolsunlaryny aýtdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň güýç-kuwwaty, halkymyzyň ýagty geljegi, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman bolmagyny arzuw edýäris! ___________ Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 21-23-NJI NOÝABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

18.11.2025

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda 22.11.2025ý. «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 ______________ Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 22.11.2025ý. «Ene» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Durmuş diňe düýş däl» sagat 19:00 _________ Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 21.11.2025ý. «Sakarja geçi» sagat 11:00 21.11.2025ý. «Bir gijäniň gudraty» sagat 19:00 22.11.2025ý. «Yşk mekany Hindistan» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Magnitafon» sagat 19:00 ___________ A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda 21.11.2025ý. «Исполнитель желаний» sagat 19:00 22.11.2025ý. «Золотой цыпленок» sagat 12:00 22.11.2025ý. «Сестры» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Три поросенка и серый волк» sagat 11:00 23.11.2025ý. «Три поросенка и серый волк» sagat 13:00 23.11.2025ý. «Аршин мал алан» sagat 19:00 ____________ Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry 22.11.2025ý. «Arşyn mal alan» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 _____________ Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry 22.11.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Zor aýakdan tebip bolan» sagat 19:00 __________ Türkmen döwlet gurjak teatry 22.11.2025ý. «Maşa we aýy» sagat 17:00 22.11.2025ý. «Alladin» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Çagalyk älemgoşary» sagat 12:00 23.11.2025ý. «Çagalyk älemgoşary» sagat 17:00 23.11.2025ý. «Jüýteniň toýy» sagat 19:00 _________ Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry 21.11.2025ý. «Aldanan möjek» sagat 17:00 22.11.2025ý. «Yşgymyň ykrary sen» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 _________________ Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry 22.11.2025ý. «Şyrak» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 _____________________ Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry 22.11.2025ý. «Gelinler» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Söýmedige süýkenme» sagat 19:00 ______________________ Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry 22.11.2025ý. «Müneçjim» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Elwan ýaglykly serwim» sagat 19:00

No image
SAHNADA DOST-DOGANLYK BINÝADY

Teatr we kino dünýäsi

10.11.2025

Şu ýylyň 17-nji oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly ulgam arkaly geçirlen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda geçiriljek «Hemişelik Bitaraplyk-dost-doganlyk binýady» atly hepdeliginiň meýilnamasyny tassyklady. Şonda Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini belläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmegi, Medeniýet günlerini, festiwallary, şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk-dost-doganlyk binýady» atly hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi degişli wise-premýere tabşyrdy. Mälim bolşy ýaly, teatr sungatynda döwletimizde alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz edýän täze, döwrebap sahna eserleriniň ençemesi sahnalaşdyrylyp gelinýär. Şanly ýylymyzyň dekabr aýynyň 6-12-si aralygynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär. Sungat muşdaklary hepdeligiň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Oskar», azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Är-aýal», özbek yazyjysy we dramaturgy Alişer Ezizhojaýewiň «Giýewleriň bäsleşigi» hem-de özbek ýazyjysy we dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňy» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gelinler», iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Nadaranyň nogtalanyşy», ýene-de şol awtoryň «Romeo we Julýetta» ýaly spektakllara tomaşa edip bilerler. Hepdeligiň ilkinji gününde bu teatr ýapon dramaturgy Dzýunzi Kinositaniň «Durna ýelekleri» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bilen tomaşaçylara gapylaryny açarlar. Ýapon ýazyjysynyň bu eserinde ýaşy gartaşan halyçy är-aýalyň ykbalynda güzeran kynlaşanda, olaryň dadyna ýetişen durna guşuň görlüp-eşidilmedik nepis halyny dokap bermegi, şeýdibem, ynsan bilen tebigatyň dostana gatnaşyklaryny dabaralandyrmaga bagyşlanandyr. Geçiriljek sungat hepdeliginiň dowamynda ýurdumyzyň baýry teatrlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň «Oskar», özbek dramaturgy Hoja Abbasyň «Gyzyl alma», gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim», ýene-de şol meşhur ýazyjynyň «Ak gämi», tatar ýazyjysy we dramaturgy Zaki Zaýnulliniň «Alty gelin», ýene-de bir belli tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Hüwdi» atly sahna oýunlaryny tomaşaçylara hödürleýär. Teatryň döredijilik topary Ç.Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söweşe garşy söweş» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bilen bu teatr hepdeligini jemlärler. Oýunda gyrgyz obasynyň sada ilatynyň dünýäde parahatçylygy goramak, umumadamzat agzybirligini berkitmek baradaky tagallalary beýan edilýär. Bu sahna eseriniň baş gahrymanlary halklara hem köňüllere, ömürlere hem ykballara ýüzlenýär, dünýäde parahatçylygy gormaga çagyrýar. Spektaklyň soňunda zenan gursagyndan syzlyp, yklyma ýaň salýan asudalyk aýdymynyň beýik namasy tomaşaçylaryň kalplaryna müdimilik siňýär. Aýdym-sazly, gülkili sahna eserleriniň muşdaklary üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatry hem gyzykly sahna oýunlary taýýarladylar. Teatryň sahnasynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi», özbek dramaturgy Sanjarali Imanowyň «Super gaýynene», özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň «Körpe gelin», gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Mar Baýjyýewiň «Dil tapyşanlar», rus şahyry we dramaturgy Nikolaý Gogolyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Öýleniş» atly sahna oýunlaryny görkeziler. Hepdeligiň dowamynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda amerikan ýazyjysy we dramaturgy Edgar Allan Ponuň «Garga» «Güneş», azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Arşyn mal alan» ýaly ajaýyp sahna oýunlary talyp ýaşlaryň söýgüsini gazanar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/h22.jpg) A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda daniýaly ýazyjy we dramaturg Hans Kristian Anderseniň «Dýumowoçka», gruzin dramaturgy Awksentiý Sagareliniň «Hanuma» şeýle hem bu meşhur rus şahyrynyň «Daş myhman», «Alybaba we kyrk garakçy» atly arap ertekisi esasynda rus dramaturgy Maksim Sadownikowyň ýazan pýesasy boýunca sahnalaşdyrylan «Alybaba», azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň «Arşyn mal alan», fransuz ýazyjysy we dramaturgy Rober Tomanyň «Sekiz magşuk zenan», rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň «Gurtlar we goýunlar», rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň «Wodowil», ispan dramaturgy Lope de Weganyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ukyply magşuk» ýaly gyzykly oýunlar bilen öz tomaşaçylaryna döredijilik sowgatlaryny ýaparlar. Teatryň döredijilik topary sungat hepdeliginiň dowamynda norweg dramaturgy Genrih Ibseniň «Gurjaklaryň öýi» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişini gurarlar. Bu spektaklda Noranyň hem-de Helmeriň bagtly maşgalasy, üç çagasyny söýgidir, mähiriň içinde ulaldyşy ýöne maşgalanyň güzerany bilen baglanyşykly ýüe çykýan gapma-garşylyklar beýan edilýär. Bu sahna eserinde maşgala mukaddesligi, zenanyň belent mertebesi dabaralandyrylýar. Oýnuň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň ýokary. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/h33.jpg) Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Kim Meşkowyň «Bir towşanjyk bar eken», iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetta», rus ertekisi esasynda dramaturg Mihail Sadowskiniň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Maşa we aýy», siriýaly ýazyjy we dramaturg Hanna Diýabyň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Alladin», Uzeýir Gajybekowyň «Arşyn mal alan», rus şahyry we dramaturgy Samuil Marşagyň «Külbejik», şeýle hem rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň «Balykçy we balyjak» ýaly dünýä meşhur eserleriň esasynda sahnalaşdyrylan gurjak oýunlaryny körpe nesle hödürlär. Teatryň döredijilik topary hepdeligiň ahyrky gününde iňlis dramaturgy Jozef Redýard Kiplingiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Maugli» atly sahna oýnunyň ikinji görkezilişini gurarlar. Bu sahna oýnunda haýwanat dünýäsi bilen ynsanyň mizemez dostlugy wasp edilýär. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz dramaturgy Žan-Batist Poklen–Molýeriň «Mejbury tebip bolan», şeýle hem gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Deňiz ýakasynda gezýän ala köpek» powesti esasynda sahnalaşdyrylan «Arzyly kenar» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişini tomaşaçylara hödürlär. Dünýä nusgawy sahna eserleriniň görkezilişiniň hepdeligi ýurdumyzyň welaýat teatrlarynda hem ýokary derejede guralyp, tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhlary barha joşdurar. Hepdäniň dowamynda ozal sahnalaşaydyrlan eserleri bilen birlikde täze sahnaşdyrylan oýunlaryň ilkinji görkezilişi guralar. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus dramaturglary Ýuriý Osnosyň we Wiktor Winnikowyň «Ýeke-täk söýgi» (Ak lotos) hem-de rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň «Daş myhman», Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda italýan dramaturgy Karlo Goldoniniň «Kojidäki wakalar», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda azerbaýjan dramaturgy Nazim Musazadanyň «Gaýynene» hem-de tatar ýazyjysy we dramaturgy Tufan Minnuliniň «Bir gyza dört aşyk», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Prosper Merimäniň «Söýginiň ýolunda» atly sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri guralar. Şundan görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanýete nusgalyk parahatlyk ýollarynyň belent manysy siňen oýunlar bolup, bu döredijilik eserleri ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna özboluşly toý sowgady bolar. _________________ Agamyrat BALTAÝEW Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 14-16-NJY NOÝABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

10.11.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 15.11.2025ý. «Är we aýal» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Syrly sandyk» sagat 19:00 ______________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 15.11.2025ý. «Talyp söýgüsi» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 ______________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 14.11.2025ý. «Aç möjek» sagat 11:00 14.11.2025ý. «Magnitafon» sagat 19:00 15.11.2025ý. «Alty gelin» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Oskar» sagat 19:00 ______________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 14.11.2025ý. «Свободные бабочки» sagat 19:00 15.11.2025ý. «Раз и два» sagat 12:00 15.11.2025ý. «Волки и овцы» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Золушка» sagat 11:00 16.11.2025ý.«Золушка» sagat 13:00 16.11.2025ý.«Андро и Сандро» sagat 19:00 ______________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 15.11.2025ý. «Oýun bir, maza iki» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ______________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Şowhunly tomaşa» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Älemgoşarly tomus» sagat 19:00 ______________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 15.11.2025ý. «Altyn jüýje» sagat 17:00 15.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Böwenjik» sagat 12:00 16.11.2025ý.«Böwenjik» sagat 17:00 16.11.2025ý.«Çagaly öý bazar» sagat 19:00 ______________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 14.11.2025ý. «Bir Aždarha bar eken» sagat 17:00 15.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 ______________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Şygyr diwany» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ______________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Goňşular» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 ______________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Geliň gülşeliň» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 21-23-NJI NOÝABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

31.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 22.11.2025ý. «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 ___________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 22.11.2025ý. «Ene» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Durmuş diňe düýş däl» sagat 19:00 ___________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 21.11.2025ý. «Sakarja geçi» sagat 11:00 21.11.2025ý. «Bir gijäniň gudraty» sagat 19:00 22.11.2025ý. «Yşk mekany Hindistan» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Magnitafon» sagat 19:00 ___________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 21.11.2025ý. «Исполнитель желаний» sagat 19:00 22.11.2025ý. «Золотой цыпленок» sagat 12:00 22.11.2025ý. «Сестры» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Три поросенка и серый волк» sagat 11:00 23.11.2025ý. «Три поросенка и серый волк» sagat 13:00 23.11.2025ý. «Аршин мал алан» sagat 19:00 ___________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 22.11.2025ý. «Arşyn mal alan» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ___________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 22.11.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Zor aýakdan tebip bolan» sagat 19:00 ___________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 22.11.2025ý. «Maşa we aýy» sagat 17:00 22.11.2025ý. «Alladin» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Çagalyk älemgoşary» sagat 12:00 23.11.2025ý. «Çagalyk älemgoşary» sagat 17:00 23.11.2025ý. «Jüýteniň toýy» sagat 19:00 ___________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 21.11.2025ý. «Aldanan möjek» sagat 17:00 22.11.2025ý. «Yşgymyň ykrary sen » sagat 19:00 23.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 ___________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 22.11.2025ý. «Şyrak» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ___________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 22.11.2025ý. «Gelinler» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Söýmedige süýkenme» sagat 19:00 ___________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 22.11.2025ý. «Müneçjim» sagat 19:00 23.11.2025ý. «Elwan ýaglykly serwim» sagat 19:00

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 14-16-NJY NOÝABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

30.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 15.11.2025ý. «Är we aýal» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Syrly sandyk» sagat 19:00 __________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 15.11.2025ý. «Talyp söýgüsi» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 __________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 14.11.2025ý. «Aç möjek» sagat 11:00 14.11.2025ý. «Magnitafon» sagat 19:00 15.11.2025ý. «Alty gelin» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Oskar» sagat 19:00 __________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 14.11.2025ý. «Свободные бабочки» sagat 19:00 15.11.2025ý. «Раз и два» sagat 12:00 15.11.2025ý. «Волки и овцы» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Золушка» sagat 11:00 16.11.2025ý. «Золушка» sagat 13:00 16.11.2025ý. «Андро и Сандро» sagat 19:00 __________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 15.11.2025ý. «Oýun bir, maza iki» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 __________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Şowhunly tomaşa» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Älemgoşarly tomus» sagat 19:00 __________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 15.11.2025ý. «Altyn jüýje» sagat 17:00 15.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Böwenjik» sagat 12:00 16.11.2025ý. «Böwenjik» sagat 17:00 16.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 __________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 14.11.2025ý. «Bir Aždarha bar eken» sagat 17:00 15.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 __________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Şygyr diwany» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 __________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Goňşular» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 __________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Geliň gülşeliň» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 7-9-NJY NOÝABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

30.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 08.11.2025ý. «Wah siz aýallar...» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Gelin gelýä...» sagat 19:00 _________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 08.11.2025ý. «Super gaýyn ene» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Päk söýgüniň güýji» sagat 19:00 _________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 07.11.2025ý. «Sakarja geçi» sagat 11:00 07.11.2025ý. «Söýgi duralgasy» sagat 19:00 08.11.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Hüwdi» sagat 19:00 _________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 07.11.2025ý. «Когда сияет душа молодая» sagat 19:00 08.11.2025ý. «Три поросенка и серый волк» sagat 12:00 08.11.2025ý. «Индийская любовь» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Али-Баба» sagat 11:00 09.11.2025ý. «Али-Баба» sagat 13:00 09.11.2025ý. «Изобретательная влюбленная» sagat 19:00 _________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 08.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 _________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 08.11.2025ý. «Ýagyş ýagan gijesi» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 _________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 08.11.2025ý. «Çagalyk säheri» sagat 17:00 08.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Bir towşanjyk bar ekeni...» sagat 12:00 09.11.2025ý. «Bir towşanjyk bar ekeni...» sagat 17:00 09.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 _________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 07.11.2025ý. «Kejir kürre» sagat 17:00 08.11.2025ý. «Baýram han Türkmen» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Baýram han Türkmen» sagat 19:00 _________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 08.11.2025ý. «Älemgoşarly tomus» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 _________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 08.11.2025ý. «Demir aýal» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Ilkinji söýgim» sagat 19:00

No image
2025-nji ýylyň 1-2-nji noýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

29.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 01.11.2025ý. «Giýewleriň bäsleşigi» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Hindi rowaýaty» sagat 19:00 ___________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 01.11.2025ý. «Ynsap» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Bir ojakda iki dünýe» sagat 19:00 ___________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 01.11.2025ý. «Yşk mekany Hindistan» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Söweşe garşy söweş» sagat 19:00 ___________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 01.11.2025ý. «В гостях у сказки» sagat 12:00 01.11.2025ý. «Восемь любящих женщин» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Похищение Чебурашки» sagat 11:00 02.11.2025ý. «Похищение Чебурашки» sagat 13:00 02.11.2025ý. «Ханума» sagat 19:00 ___________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 01.11.2025ý. «Amanat giýew» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ___________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 01.11.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Şowhunly tomaşa» sagat 19:00 ___________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 01.11.2025ý. «Altyn jüýje» sagat 17:00 01.11.2025ý. «Aşyklar» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Çagalyk älemgoşary» sagat 12:00 02.11.2025ý. «Çagalyk älemgoşary» sagat 17:00 02.11.2025ý. «Jüýteniň toýy» sagat 19:00 ___________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 01.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 ___________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 01.11.2025ý. «Durna umydy» sagat 18:00 02.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 18:00 ___________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 01.11.2025ý. «Syrak» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Gaýyn ene» sagat 19:00 ___________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 01.11.2025ý. «Garry oýnasa gaý turar» sagat 19:00 02.11.2025ý. «Bildiriş» sagat 19:00

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 24-26-NJY OKTÝABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

22.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 25.10.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Nadaranyň nogtalanyşy» sagat 19:00 _______________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 25.10.2025ý. «Durmuş diňe düýş däl» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 _______________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 24.10.2025ý. «Söýgi duralagasy» sagat 19:00 25.10.2025ý. «Magnitafon» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Geliň gülşeliň» sagat 19:00 _______________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 24.10.2025ý. «Исполнитель желаний» sagat 19:00 25.10.2025ý. «Алладин и волшебная лампа» sagat 12:00 25.10.2025ý. «Аршин мал алан» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Золушка» sagat 11:00 26.10.2025ý. «Золушка» sagat 13:00 26.10.2025ý. «Когда сияет душа молодая» sagat 19:00 _______________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 25.10.2025ý. «Sakawyň soňuna seret» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Amanat giýew» sagat 19:00 _______________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 25.10.2025ý. «Şowhunly tomaşa» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 _______________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 25.10.2025ý. «Maşa we aýy» sagat 17:00 25.10.2025ý. «Alladin» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Balykçy we balyjak» sagat 12:00 26.10.2025ý. «Balykçy we balyjak» sagat 17:00 26.10.2025ý. «Aşyklar» sagat 19:00 _______________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 24.10.2025ý. «Garry möjek» sagat 17:00 25.10.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Bir güniň aladasy» sagat 19:00 _______________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 25.10.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 18:00 26.10.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 18:00 _______________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 25.10.2025ý. «Kalba siňen owazlar» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Söz aýdyş» sagat 19:00 _______________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 25.10.2025ý. «Ýegşerme goja ýegşerme» sagat 19:00 26.10.2025ý. «Altyn jüýje» sagat 17:00 26.10.2025ý. «Dowamat» sagat 19:00

No image
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GEÇIRILJEK DÜNÝÄNIŇ NUSGAWY AWTORLARYNYŇ ESERLERI ESASYNDA SAHNALAŞDYRYLAN SAHNA OÝUNLARYNYŇ «HEMIŞELIK BITARAPLYK–DOST-DOGANLYK BINÝADY» ATLY HEPDELIGINIŇ MEÝILNAMASY

Teatr we kino dünýäsi

20.10.2025

2025-nji ýylyň 6–12-nji dekabry aralygynda 2025-nji ýylyň 6-njy dekabry, şenbe 12.00 – 13.00 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda daniýaly ýazyjy we dramaturg Hans Kristian Anderseniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Dýumowoçka» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 17.00 – 17.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Kim Meşkowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Bir towşanjyk bar eken» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Balzaminowyň öýlenişi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Oskar» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda amerikan ýazyjysy we dramaturgy Edgar Allan Ponuň «Garga» poemasy esasynda sahnalaşdyrylan «Güneş» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.40 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ýapon dramaturgy Dzýunzi Kinositaniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Durna ýelekleri» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.45 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda gruzin dramaturgy Awksentiý Sagareliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Hanuma» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Romeo we Julýetta» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.25 Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus dramaturglary Ýuriý Osnosyň we Wiktor Winnikowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ýeke-täk söýgi» (Ak lotos) atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.10 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňy» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gelinler» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.15 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda azerbaýjan dramaturgy Nazim Musazadanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gaýynene» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.10 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Prosper Merimäniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söýginiň ýolunda» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 2025-nji ýylyň 7-nji dekabry, ýekşenbe 11.00 – 12.00 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Alybaba we kyrk garakçy» atly arap ertekisi esasynda rus dramaturgy Maksim Sadownikowyň ýazan pýesasy boýunca sahnalaşdyrylan «Alybaba» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 12.00 – 12.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus ertekisi esasynda dramaturg Mihail Sadowskiniň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Maşa we aýy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 17.00 – 17.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus ertekisi esasynda dramaturg Mihail Sadowskiniň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Maşa we aýy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda özbek yazyjysy we dramaturgy Alişer Ezizhojaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Giýewleriň bäsleşigi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.35 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Sanjarali Imanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Super gaýynene» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda özbek dramaturgy Hoja Abbasyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gyzyl alma» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz dramaturgy Žan-Batist Poklen – Molýeriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Mejbury tebip bolan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Arşyn mal alan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda arap ertekisi esasynda siriýaly ýazyjy we dramaturg Hanna Diýabyň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Alladin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ene toprak» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.15 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Şaraf Başbekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Demir aýal» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.10 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Wampilowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Myhmanhanada» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 8-nji dekabry, duşenbe 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Oskar» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.35 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Türkmen döwlet gurjak teatrynda azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Arşyn mal alan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Rober Tomanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Sekiz magşuk zenan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.10 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Bagbanyň gyzy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.15 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 9-njy dekabry, sişenbe 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Är-aýal» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Mar Baýjyýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Dil tapyşanlar» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda tatar ýazyjysy we dramaturgy Zaki Zaýnulliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Alty gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gurtlar we goýunlar» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 19.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus şahyry we dramaturgy Samuil Marşagyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Külbejik» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus dramaturglary Ýuriý Osnosyň we Wiktor Winnikowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ýeke-täk söýgi» (Ak lotos) atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda italýan dramaturgy Karlo Goldoniniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Kojidäki wakalar» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.10 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söz aýdyş» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 10-njy dekabry, çarşenbe 19.00 – 20.40 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Nadaranyň nogtalanyşy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.35 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda rus şahyry we dramaturgy Nikolaý Gogolyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Öýleniş» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Wodowil» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 19.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Balykçy we balyjak» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Arşyn mal alan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Deňiz ýakasynda gezýän ala köpek» powesti esasynda sahnalaşdyrylan «Arzyly kenar» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.25 Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Daş myhman» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.10 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňy» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gelinler» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Wampilowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Myhmanhanada» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 11-nji dekabry, penşenbe 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňy» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gelinler» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Hüwdi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda norweg dramaturgy Genrih Ibseniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gurjaklaryň öýi» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Romeo we Julýetta» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Daş myhman» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ene toprak» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.10 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda tatar ýazyjysy we dramaturgy Tufan Minnuliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Bir gyza dört aşyk» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.20 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry, anna 19.00 – 20.50 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Romeo we Julýetta» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söweşe garşy söweş» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda iňlis dramaturgy Jozef Redýard Kiplingiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Maugli» atly sahna oýnunyň ikinji görkezilişi. 19.00 – 20.45 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ispan dramaturgy Lope de Weganyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ukyply magşuk» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda amerikan ýazyjysy we dramaturgy Edgar Allan Ponuň «Garga» poemasy esasynda sahnalaşdyrylan «Güneş» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.00 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Bagbanyň gyzy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.10 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Prosper Merimäniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söýginiň ýolunda» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi.