logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
MILLI MIRAS–YNSAN KALBYNYŇ NURYDYR

Kitaphanalar

28.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Milli miras–ynsan kalbynyň nurydyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam sungatynda gazanan üstünlikleri tutuş adamzadyň öçmejek baýlygy bolup durýandygy, bu bolsa gadymy türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halylaryň, şaýsepleriň, zergärçilik külalçylyk sungatynyň türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligi, milliligi we özboluşlylygy bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PARAHATÇYLYGY WASP EDÝÄN ÝAŞLARYŇ JOŞGUNY

Täzelikler

28.04.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi, mynasyp kesp-käre eýe bolmagy, yhlasly zähmet çekmegi, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Olara ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde, ylmy-amaly maslahatlarda, konsertlerde yzygiderli çykyş etmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň esasy maksady bolsa, Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagynda, isleg bildirýän hünärlerini ele almagynda, döredijilik ukyplarynyň kämilleşmeginde, gözýetiminiň giňelmeginde jemlenendir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şatlyk-şowhuna beslenýän günlerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan Ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2025-nji ýylda tamamlaýan uçurymlaryň arasynda «Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny» atly bäsleşigiň geçirilmegi hem şunuň ýaly üstünlikli amala aşyrylýan taslamalaryň aýdyň şaýady bolup durýar. Bu bäsleşik Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2025-nji ýylyň 24-26-njy aprelinde geçirildi. Bellenen wagtyň dowamynda bäsleşik bilen bir wagtda konserwatoriýanyň “Açyk gapylar” güni hem yglan edildi. Şunuň bilen taslamanyň çäginde dabaraly konsert çykyşlary, döredijilik duşuşyklary, dürli hünärler boýunça ussatlyk sapaklary we okuw-usuly maslahatlary gurnaldy. Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady bolsa, saýlap alan hünärinde ökde, ukyp-başarnykly hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Aprel aýynyň 24-inde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny” atly bäsleşigiň hem-de “Açyk gapylar” gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Onda konserwatoriýanyň rektory Rasul Amangeldiýew özüniň giriş sözleri bilen çykyş etdi. Ol sözüniň dowamynda bäsleşige gatnaşyjylary taslamanyň çäklerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamalary, bäsleşigiň talaplary bilen tanyş etdi. Açylyş dabarasynda Akmyrat Çaryýew hem-de Meret Annamyradow ýaly halypa mugallymlara-da söz berildi. Halypalar öz durmuş tejribesinden täsirli pursatlary gatnaşyjylar bilen paýlaşyp, olara bäsleşikde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Bäsleşik “Türkmen milli saz gurallary”, “Kirişli saz gurallary”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Hor dirižýorlygy”, “Fortepiano”, “Sazşynaslyk we Kompozisiýa”, “Ýekelikde aýdym aýtmak”, “Bagşy”, “Halk saz gurallary” hünärleri boýunça, iki tapgyryň dowamynda geçirildi. Onuň birinji tapgyry açylyş dabarasynyň yz ýanyndan yglan edildi. Emin agzalarynyň adalatly baha bermegi bilen, birinji tapgyrda has-da tapawutlanyp çykyş eden talyplardyr okuwçylar ikinji tapgyra saýlandy. Birinji tapgyryň jemi jemlenenden soň, günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň halk artisti Ata Ilamanowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertde ussadyň ýurdumyzyň saz sungatynda bitiren hyzmatlary barada täsirli gürrüňler edildi. Onuň egindeşleri, bilelikde zähmet çeken kärdeşleri özleriniň ýürek tolgundyryjy gyzykly ýatlamalaryny tomaşaçylar bilen paýlaşdylar. Konsert zalynyň sahnasyny halypany hormatlap ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar bezedi. Şunuň bilen ýatlama konserti tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy hem-de gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Aýyň 25-inde konserwatoriýanyň “Açyk gapylar” güni mynasybetli dürli hünärler boýunça halypa mugallymlar tarapyndan ussatlyk sapaklary we okuw-usuly maslahatlary geçirildi. Oňa bäsleşige gatnaşyjylar, ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň uçurymlary, mugallymlary, şeýle-de ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler gatnaşdylar. “Açyk gapylar” gününiň çäklerinde, gelen myhmanlar konserwatoriýanyň taryhy we onuň ýeten üstünlikleri barada giňişleýin maglumatlar bilen tanyş boldular. Taslamanyň jemleýji gününde «Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny» atly bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Maksada okgunly ýaşlar özleriniň irginsiz zähmeti netijesinde jemleýji tapgyrda üstünlikli çykyş etdiler. Emin agzalarynyň bahalary bilen bäsleşigiň jemi jemlenip, zehinliler öňe saýlandy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýürek tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda ýeňiji bolan talyplara hem-de okuwçylara diplom, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Pursatdan peýdalanyp, biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Jeýran JORAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby

No image
«AÝDYM-SAZA BAGLANAN ÖMÜR» ADY BILEN MEŞHUR MUKAMÇY BAGŞY AMANGELDI GÖNÜBEK ORAZALY OGLUNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 195 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

28.04.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen meşhur mukamçy bagşy Amangeldi Gönübek Orazaly oglunyň doglan gününiň 195 ýyllygyna bagyşlap, «Aýdym-saza baglanan ömür» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat mukamçy bagşynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýetimizde we sungatymyzda yz goýýan halypalarymyza goýulýan hormat-sarpa barada hem aýratyn nygtaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ýaş nesillere has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
BEÝIK ÝEŇŞIŇ HORMATY

Muzeýler

28.04.2025

Watanymyzyň we dünýä halklarynyň häzirki asudalyk döwrüni, parahatçylyk söýüjilik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan Beýik Ýeňiş güni ýurdumyzda ulydan bellenip geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: -“Biz merdana watandaşlarymyzyň söweşlerde görkezen edermenlikleri, tylda çeken tutanýerli zähmetleri bilen bütin adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine tüýs ýürekden guwanýarys” diýip belleýşi ýaly, ynsan kalplarynyň çuňlugynda orun tutan taryhy sene mynasybetli hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli künjeklerinde medeni çäreler, dabaralar uruş weteranlary bilen duşuşyklar ýaýwaňlandyrylýar. Şeýle medeni çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçylary Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynyň çägindäki “Baky ot” ýadygärligine ter gül desselerini goýup, Watan gerçeklerini hatyraladylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň hemişelik sergi zallaryna aýlanyp gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda muzeýiň hünärmenleri tarapyndan ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly, Beýik Watançylyk söweşinde gahrymançylyk görkezen Türkmenistanly esgerlerimiziň, olaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban atasy, ilhalar ynsan ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň geçen gahrymançylykly ömür ýolunyň ýaş nesilleri watançylyk ruhynda terbiýelemekde görelde mekdebi bolup durýandygy barada täsirli gürrüň berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutan ýerli başlangyçlary netijesinde bu günki gün, Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ähli döwletlerini parahatçylyga çagyryjy merkez bolup, dost-doganlyga uly hormat goýýan döwletdir.

No image
BEHIŞDI BEDEWLERIŇ SUNGATDAKY WASPY

Täzelikler

28.04.2025

Diýarymyzda her ýylda türkmen bedewiniň milli baýramy uludan toýlanyp, türkmen halkynyň milli-ruhy bitewüligi dünýä dabaralanýar. Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewlerimiziň hormatyna bagyşlanyp guralýan dabaralar hem toplumlaýyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşigine hödürlenen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, erkin suratkeşleriň döreden sungat eserleri özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Döredijilik bäsleşigine hödürlenen 300-e golaý sungat eserleriniň iň naýbaşylary saýlanyp, eminler topary tarapyndan ýokary baha berildi. Sungat eserlerinde gözellikde, ýyndamlykda, çydamlylykda, wepadarlykda öçmejek yz goýan aýlawlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň ajaýyp keşbi belentden wasp edildi. Bäsleşikde haly eserini döretmek boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk, arhitektura we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni Ýusup Gulowyň «Bedew batly Watanym!» atly haly eseri, zergärçilik eseri boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Şazada Orazberdiýewiň «Altyn bezeg» atly at şaý-sep toplumy, surat eseri boýunça «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Jumamyrat Gurbanowyň «Behişdi bedewler» atly nakgaş eseri, heýkel eseri boýunça «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Goçmyrat Hanowyň «Şan-şöhrata beslenen türkmen bedewi» atly heýkel eseri, neşir önümi boýunça «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Gutlyýewiň «Şa serpaýly bedewli halylar» atly senenama neşir işi, teleoperatorçylyk işi boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň operatorlar bölüminiň bölüm müdiri, Baýram Garlyýewiň «Owazasy dünýä dolan Galkynyş» atly wideo şekili üçin ýeňiji diýlip yglan edildi. Döredijilik wekillerine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan degişli şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy. Döwrümiziň ösüşlerini, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny wasp edýän döredijilik eserleri şekillendiriş sungatynyň taryhynda aýratyn orun tutjakdygy şübhesizdir. Bu bolsa, geljekki ýaş nesillerimizde milli gymmatlyklarymyza bolan belent söýgüni döretmekde ähmiýeti uludyr. Bilbil ÇARYÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MONAKO KNÝAZLYGYNYŇ ŞAZADASYNYŇ GEŇEŞÇISINI KABUL ETDI

Täzelikler

28.04.2025

27-nji aprelda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniňmilli baýramy mynasybetli gutlady. Sahawatly toprakda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ganatly bedewlere bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. Žoel Buzu şu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimize Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa mähirli salamyny, olara berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Žoel Buzudan haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Ahalteke bedewleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary şu ýylyň ýanwarynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlik gazandy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny belledi. «Türkmenistan» gazeti

No image
AHALTEKE ATLARYNYŇ MEKANYNDAKY DABARA

Täzelikler

28.04.2025

27-nji aprelda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäheriniň şanly senäniň hormatyna guralýan giň möçberli çäreleriň geçirilýän esasy merkezine öwrülmeginde bolsa çuňňur many bar. Bu künjek şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekany hasaplanýar. Şu gün halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen nurana bedewleriň şanyna guralýan baýramçylygyň çäklerinde Arkadag şäherinde “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli aralykda durky täzelenen Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de täze gurlan “Taýçanak” atly binanyň açylyş dabarasy boldy. Hepdäniň şenbe gününde bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirilip, ol Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna guralýan dabaralaryň ähmiýetini artdyrdy. Nurana şäheriň görküne görk goşan Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de “Taýçanak” atly binanyň açylyş dabaralary bu künjekde guralan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi. Joşgunly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabarada aýdym-sazlara giň orun berildi. Baýramçylyk lybasyna beslenen “Taýçanak” binasynyň ýanyndaky meýdançada türkmen toýlaryna mahsus görnüşler emele geldi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ýaýbaňlandyrylan edebi-sazly kompozisiýa bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çykyşda Taýçanak atly bedewiň tarypy ýetirilip, häzirki döwürde milli atşynaslykda öçmejek yz goýan Aba seýis ýaly ussatlaryň tagallasy esasynda ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä dolandygy baradaky maglumatlar çeper beýan edildi. «Türkmenistan» gazeti

No image
BEHIŞDI BEDEWLER-HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY WE GYMMATLY BAÝLYGY

Täzelikler

28.04.2025

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy 27-nji aprelda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan milli atşynaslygyň baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, bu ugurda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. …Ir bilen hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bu ýerde gurnan ak öýleri gadymy türkmen obasyny ýadyňa salýar. Gelin-gyzlar ajaýyp sazlaryň owazy astynda haly dokaýarlar we keçe basýarlar. Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri-de görkezilýär. Halylarda, özboluşly heýkeltaraşlyk işlerinde, grawýuralarda, fotosuratlarda behişdi bedewleriň keşbi şekillendirilipdir. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENİSTAN–BEHİŞDİ BEDEWLERİŇ MEKANY

Täzelikler

26.04.2025

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda gözel ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar, gülleýär, ösýär we özgerýär. Hormatly Arkadagymyzyň “Ganatly bedewler”, “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly döreden eserlerinde türkmen bedewlerimizi waspy giňden beýan edilýär. Onun müñyyllyklaryň dowamynda sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiyetleri barada beýan edilip, gymmatly maglumat çeşmesi bolup duryar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar sapa-da” atly kitabynda halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewlerimiziň orny has ýokary bolupdyr. Bedew atlarymyzyň tarypy bizin milli medeniýetimizde, edebiýatymyzda we aýdym-saz sungatymyzda tutyan orny aýratyn bellärliklidir. Bu barada «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» eposlarynda giňden beýan edilyär. Muña mysal edip “Görogly” – da «Saňa at diymerin, gardaş diyerin» diyip bedew atyň özüniň dine bir hyzmatyny edyän jandary däl-de, eýsem ýoldaşy hökmünde görýändigi eserde beýan edilýär. Bu bolsa milli gahrymanymyz bolan Göroglynyň «Gyrat» atly atynyň ýanyndan aýrylman onuň bilen dost-ýar, ýoldaş bolandygyny görkezýär. Mysal hökmünde «Görogly» şadessanyndan başgada duş gelyän birnäçe aýdymlary, türkmen halk sazlary bolan «At çapan», «At çapar», «Göroglynyň at oýnadyşy», «Gyrat» ýaly sazlary, hem-de «Gyrat meni Çandybile sen ýetir», «Bedew atly, demir donly Görogly», «Gyrat sen», ýaly eposda duş gelýän birnäçe ýola salynyp aýdylýan aýdymdyr-sazlary getirip bileris. Türkmen nusgawy we mukamçy kompozitorlarymyzyň «Meleguş», «Gyratym», «Bedewler». «Gyratym girse meýdana, «Sen ak atda, sen gyratda ganatda», «Gyratym» ýaly bedew atlarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary görkezmek bolar. Bu aýdym sazlarda bedew atymyza bolan söygi, owadanlygy, çeýeligi we ýyndamlygy beýan edilyär. Bedew atlarymyz häzirki wagtda dünýa ýüzünde owadanlygy, ýyndamlygy bilen tanalyp älem-jahana ýaň salýar. Bu aýdymdyr-sazlar biziň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň döredijilik topary, şeýle-de bagşy-sazandalarymyzdan düzülen milli, halk we simfoniki orkestr toparlary tarapyndan dabaraly ýerine ýetirilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen milli bedewiniň baýramçylygy uly dabara bilen bellenip geçilýär. Şol geçjek çäreleriň hatarynda orun alýan Milli bedew baýramçylygy mynasybetli okuwymyzyň bagşy-sazandalary, milli we halk saz gurallar topary, hem-de öz gatnaşmagymyzda simfoniki orkestr topary bilen dabaraly konsertler toplumyny bermegi meýillişdirýäris. Bagşy-sazandalarymyzyň bedew atlarymyza bagyşlan birnäçe “Arkadagym atlananda bedewe” “Gyrat meni Çandybile sen ýetir” atly aýdymlary “At çapan”, “Göroglynyň at oýnadyşy„ “At çapar„ ýaly şirin sazlary diňleýjilere üçin uly gyzyklanma döretjek aýdymdyr-sazlaryň biridir. Simfoniki we halk saz gurallary orkestr toparymyz bilen bolsa, Çary Nurymowyň «Meniň dostum Meleguş» atly kino filminden «Meleguşym» atly sazynyň orkestr üçin täzeden işlemeginde ýerine ýetirmeklikde halk köpçüligine görkezmäge taýyarlyk görýäris. Ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki topary biziň milli we nusgawy kompozitorlarymyzyň döreden ýokarda bellenip geçilýän aýdymdyr – sazlarynyň astynda şolardan ruhlanyp, birnäçe döwletlerde üstünlikli çykyş edip, ba6rakly orunlara mynasyp bolýarlar. İne, ýaňy-ýakynda hem Fransiýanyň Monako şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalyna ýurdumyzyň bu topary onlarça ýurduň arasynda gatnaşyp, ady agzalan halkara abraýly ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna mynasyp bolanlygy bellemek ýerliklidir. Sözümiň ahyrynda bilen şular ýaly dabaraly konsertlerde çykyş etmekde, gurnamakda, giň mümkinçilikler berýän, biz ýaşlara görelde mekdebi bolup duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, onuň nesil daragtyny berk dowamatyny ýöretýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtmak bilen, olaryň janynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýüregimden arzuw etýärin. Garýagdy GARÝAGDYÝEW Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» fakultetiniň «Türkmen sazy» kafedrasynyň mugallymy

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

26.04.2025

25-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy intellektual eýeçilik gatnaşyklaryny düzýän kadalaryň hukuk esaslary, gümrük meseleleri, ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynyň kanunçylyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzüm birlikleri we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklara gatnaşyp, kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Deputatlar Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly raýatlaryň tekliplerini öwrenmek babatda-da degişli işleri alyp barýarlar. Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, welaýatlarda iş saparlarynda bolup, öz saýlaw okruglarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. «Türkmenistan» gazeti