logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÄZE OKYJYLARYMYZY UMUMY OKYJYLARYMYZYŇ SANAWYNA HASABA ALMAK WE OLARA OKYJY BILEDINI GOWŞURMAK IŞLERINI YZYGIDERLI ALYP BARÝARYS

Kitaphanalar

30.04.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň kitaphana ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak babatda döredip berýän uly mümkinçiliklerinden ruhlanyp, kitaphanamyza ýaşajyk okyjylary çekmek, olarda okamaklyga bolan höwesi, söýgini döretmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Ýaňy-ýakynda hünärmenlerimiz paýtagtymyzda ýerleşýän 132-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň arasynda myhmançylykda bolup, mekdebiň kitaphanasy ýakyn aragatnaşyk saklaýan, okamaga, kitaba höwesi bolan okuwçylaryny kitaphanamyza täze okyjy edip hasaba alyp, olara bir ýyllyk möhleti bolan okyjy biledini gowşurdylar. Şeýle-de kitaphanamyzyň hazynasyndan çagalar edebiýatyna degişli bolan neşirleri göçme serginiň üsti bilen höwesjeň, kitap söýüji ýaşlara ýetirdiler. Göçme sergi okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda bagtyýar çagalar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN HALKARA SÖWDA WE HYZMATLAR ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄR

Täzelikler

30.04.2025

29-njy aprelda paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat öz işine başlady. Üç günläp dowam edýän forum önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy, özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze önümçilik toplumlaryny döretmek, içerki bazary ýerli önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiz okgunly ösüşe eýe bolýar. Giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi barha artyp, ýurdumyzyň eksport kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. Şunda öndürilýän önümleriň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelmegi möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Ýokary tehnologiýalara esaslanýan senagat düzümleriniň, kärhanalaryň yzygiderli gurulmagy ýokary hilli önümleriň öndürilmegini, iş şertleriniň gowulandyrylmagyny we ekologik abadançylygy üpjün edýär. Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda “işjeňsynçy” derejesiniň berilmegi dünýäniň häzirki zaman ykdysady ulgamynyň ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýerli önümleriň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistan» gazeti

No image
BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ ŞATLYKLY DÖWRI

Kitaphanalar

29.04.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Bagtyýar çagalaryň şatlykly döwri» atly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli başlangyçlaryny Hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirmegi esasynda soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, körpeje çagalarymyz okuw sapaklaryndan daşary özleriniň ukyp başarnyklaryny, gyzyklanýan el işleri bolan dürli reňkli kagyzdan dürli şekilleri ýasamak bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz bilen duşuşyklary, söhbetdeşlikleri, gürrüňdeşlikleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bu bolsa çagalar üçin boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmäge niýetlenen oňyn mümkinçilikleriň biridir. Höwesli çagalar üçin döredijilik duşuşyklaryň, ýüze çykýan özara gatnaşygyň uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalarynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

No image
BILDIRIŞ !

Täzelikler

29.04.2025

Hormatly tomaşaçylar, Türkmenistanyň Döwlet sirki maý aýynyň 04-ne täze sirk tomaşasyny Size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň ýaş zehinli artistleriniň, tälim berlen haýwanlaryň, mundan başgada dürli-dürli žanrlardaky sirk çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 36-10-95 / 36-10-34 / 39-80-44 / 39-80-45

No image
TALYPLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI

Täzelikler

29.04.2025

“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün-günden ösýär we özgerýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda Medeniýet-sungat ulgamynda-da öňe gidişikler gazanylýar. Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etmek üçin giň ýol açylýar. Muňa mysal edip Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Aprel aýynyň 22-26 aralygynda Ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2025-nji ýylda tamamlaýan uçurymlaryň, ýagny IV ýyl talyplarynyň arasynda “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny” atly bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik 10 sany ugurlar boýunça yglan edilip, olar: 1. Türkmen milli saz gurallary (dutar, gyjak, gargy tüýdük); 2. Halk saz gurallary (baýan, akkardeon, plektra dutar, ud, kanun, çeň, baglama, bas dutar); 3. Kirişli saz gurallary (skripka, alt, wiolonçel, kontrobas); 4. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (fleýta, gaboý, klarnet, fagot, truba, waltorna, trambon, tuba, ksilofon); 5. Ýekelikde aýdym aýtmak; 6. Hor dirižýorlygy; 7. Bagşy; 8. Fortepiano; 9. Sazşynaslyk; 10. Kompozisiýa. Bäsleşige bäş welaýatyň sungat mekdeplerinden talyplar gatnaşyp, biziň hem Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-den zehinli talyp ýaşlarymyz hem baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan: mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminden Döwranowa Aýlar hormat hatyna, “Kompozisiýa hünäri” boýunça Artykow Yhlas I ýere, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyplary Baýryýewa Ogulgerek, Agaýew Allamyrat hormat hatyna, Döwletmyradowa Bägül II ýere, Mätgeldiýew Joşgun I ýere, “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminden Rejepmyradow Kakamyrat III ýere, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminden bolsa Täçmuhammedow Azat hormat hatyna, Ulugbekow Umytbek III ýere, Agaýewa Aýnur II ýere, “Fortepiano” bölüminiň talyby Pinäýewa Aýna hormat hatyna, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminden Hanow Seýitmuhammet, Begenjow Berdimyrat hormat hatyna, Orazdurdyýew Begenç III ýere, Çaryýew Kadyrjan II ýere, “Kirişli saz gurallary” bölüminden bolsa Ibragimow Ýunus hormat hatyna, “Hor dirižýorlyk we Saz mugallymçylygy” bölüminden Hojageldiýewa Dursunjemal hormat hatyna eýe boldular.Ýeňiji bolan talyplary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar. Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde hem ýeňiji bolan talyplary mekdebimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, işlemäge ylymly-bilimli döwrebap talyp ýaşlary ýetişdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işlerinde uly rowaçlyklarynyň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Maýa ORAZMUHAMMEDOWA Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň mugallymy

No image
«AÇYK GAPYLAR» GÜNI MYNASYBETLI GÖÇME SERGI

Täzelikler

29.04.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýaş nesilleri hünäre ugrukdyrmak işiniň çäklerinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. «Açyk gapylar» güni diýseň täsirli, gyzykly boldy. Çünki bu çärä Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Bu çärä mekdebiň kitaphanasy hem göçme sergisini gurnady. Göçme sergide mugallymlar, talyplar, okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de belli kompozitorlarynyň ýazan ajaýyp kitaplary has täsirli bolup gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiz «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalýan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsany täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar. «Açyk gapylar» güni mynasybetli gurnalan göçme sergä gatnaşyjylar bize ajaýyp durmuşa bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Maýsa NURYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndanky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kitaphana müdiri

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

29.04.2025

28-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyny belledi we häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. «Türkmenistan» gazeti

No image
HALTEKE ATLARY GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Kitaphanalar

28.04.2025

Aşgabat şäherindäki Köpetdag etrabynyň 47-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölümi «Kitaphana–ylym ojagy» ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Sergide goýulan dürli-dürli kitaplar okuwçylarda kitaphanada kitap okamak höwesini döretdi, olar sergimiziň dowamynda kitaplar hakda özlerine gyzykly bolan soraglaryna peýdaly jogaplar tapdylar. Kitaphanaçylar hem öz gezeginde kitaphanada kitap okamagyň peýdasy hakynda wagyz-nesihat etdiler.

No image
«ARKADAGLY SERDARYŇ DÜNÝÄ UZAN AK ÝOLY-HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

28.04.2025

Mary welaýat kitaphanasynda ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda halypa ýazyjy-şahyrlar–“Biznes reklama” gazetiniň bölüm redaktory Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatyrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň Halk artisti Gülälek Akmyradowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Muhammetjuma Hydyrow, “Türkmenistan” gazediniň habarçysy Muhammetberdi Annageldiýew, murgap etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň mugallymy, şahyr Aýnäzik Esenowa, Mary şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Zylyha Ýazberdiýewa dagy çykyş edip, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara özleriniň gymmatly öwüt-nesihatlaryny berdiler. Olaryň çykyşlarynyň özenini ýurdumyzda ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup kemala gelmekleri, şeýle-de, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilýändigi dogrusyndaky täsirli gürrüňler düzdi. Döredijilik duşuşygynda halypalaryň ýerine ýetirmeginde okalan şygyrlar bolsa, oňa gatnaşyjy ýaşlarda ýakymly duýgulary döretdi. Turuwbaşdan ýokary ruhubelentlikde geçen maslahatda oňa gatnaşyjylar eşretli zamany, bagtyýar durmuşy berkarar edip, halkyna ýagty ertiri bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp olaryň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
USSATLYK SAPAGY GEÇIRILDI

Täzelikler

28.04.2025

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň gurnamagynda “Ussatlyk sapagy” geçirildi. Bu geçirilen ussatlyk sapagy sungata ýaňy gadam basan talyplarda uly gyzyklanma döretdi,olara sungat äleminde tejribe toplamaklarynda uly ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda ”Türkmen sazyny diňläniňde, ondan ünsüňi sowup bolanok. Onuň özüne çekiji gözelligi we şireli öwüşgini hiç kimi biparh goýmaýar. Halk sazy özüne bendi edýär, hyýaly arzuw-islegleriň dünýäsine alyp gidýär. Bu bolsa diňe biziň beýik sungatymyza, türkmen halkynyň söýgüli we iň giň ýaýran saz guraly bolan dutara mahsusdyr” diýip belleýşi ýaly, türkmen dutaryndan çykýan şirin owazlary halkymyzyň gymmatly mirasydyr, öwrenilmäge mynasypdyr. Çäräniň başynda halypa mugallymymyz Çarymyrat Ahunow meşhur Amangeldi Gönübek, Garadäli gökleň, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Nobat bagşy, Sahy Jepbarow ýaly ençeme türkmen aýdym-sazynyň ussat ýerine ýetirijileri hakynda we olaryň döreden eserleri barada gyzykly gürrüňleri berdi. Şeýle hem Aman Agajykowyň “Aýryldym” sazyny we Türkmen halk sazlary: “Maral geledir”, “Bibijan”, ”Şirin-Şeker” ýaly sazlary çalyp berdi we halk sazlarynyň döreýiş taryhy hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar. Çäräniň dowamynda konserwatoriýanyň kitaphanasynyň gurnamaklygynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň kitaplaryndan we Ahunow Çarymyrat mugallymyň türkmen aýdym-saz sungatyndan ýazan kitaplaryndan we gollanmalaryndan kitap sergisi hem gurnaldy. Halypa mugallymymyz Çarymyrat Ahunow çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” kitabyndan halypa şägirtlik däpleri barada parasatly jümlelerini belläp geçdi we talyplar bilen söhbetdeşlik arkaly dowam etdirildi. Türkmen sungatynyň özi ýaly gadymy bolan halypaçylygyň milli mekdebiniň däp-dessurlary örän täsin durmuşa ukyplylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Uzak geçmişde ussatlygy bilen diňleýjileri özüne bendi eden bagşy-sazandalar hünär taýdan kämilleşdirmekligiň uly mekdebini geçipdirler. Olar öz halypalaryndan dessanlary, aýdym-saz sungatynyň öçmez nusgalaryny, ýokary ahlak-estetiki gymmatlyklaryny we türkmen bagşylarynyň mizemez däp-dessurlaryny gorap saklamagyň we ösdürmegiň ýokary jogapkärçiligini üstlerine alypdyrlar. Halk bagşy-sazandalary özleriniň tebigy zehinleri bilen gadymy ata-babalarynyň ýokary saz-estetiki sungatyny ýüreklerden-ýürege geçirip, olaryň gymmatly mirasyny nesilme-nesil baýlaşdyrypdyrlar. Çäräniň ahyrynda “Ussatlyk sapaga” gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň saglygy ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Maral NURYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri