logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GADAMLARY ŞÖHRAT-ŞANLY, TÄZE DÖWRE YKBAL BEDEW

Kitaphanalar

25.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Gadamlary şöhrat-şanly, täze döwre ykbal bedew» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de nusgawy şahyrlarymyz behişdi bedewlerimizi wasp edip goşgudyr, gazallary ýazyp, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň waspyny edendiklerini, türkmen toýlarynyň bezegi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATÇYLYK–KÖŇÜLLERIŇ SENASY

Kitaphanalar

25.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatçylyk–köňülleriň senasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Bitarap Türkmenistan içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen döwletdigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasatlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda parahatçylygyň berkararlygy, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürülmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BEÝIK ÖSÜŞLERI NAZARLAÝAN DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY

Kitaphanalar

25.04.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda «Beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklary» atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, baý taryhy wakalara beslenýän Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Esasan hem halkara gatnaşyklary ulgamyny has-da ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny berkitmek ýaly meseleler boýunça birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwda-da, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, Milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy. Bu bolsa türkmen halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şular dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durnuklylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýaly syýasatyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsyn, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNDA GAZANYLAN ÝEŇŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN «WATAN GAHRYMANLARY BAKYDYR» ATLY SERGI

Muzeýler

25.04.2025

Agzybirlige, jebislige we ynanyşmaga daýanyp, gurmagyň, döretmegiň, bagtyýarlygyň hem-de berkararlygyň ösüşleriniň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zähmetsöýer gujur-gaýratly merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr. Durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes kadalaryna berk eýeren gaýduwsyz gerçeklerimiz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrgaýlygyň we watansöýüjilik ruhunyň belent nusgasyny görkezip, ýaş nesilleriň ömürlik hormatyna mynasyp boldular. 1418 güne çeken ot-ýalynly şol ýyllarda mert ýigitlerimiz, gaýduwsyz gerçeklerimiz şöhratly söweş ýollaryny geçip, edermenligiň we gahrymançylygyň beýik mekdebini döretdiler. Şeýle gahrymançylykly bolup geçen taryhy wakanyň parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Watan gahrymanlary bakydyr» atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň, halypa heýkeltaraşlaryň, rus şekillendiriş sungatynyň iň naýbaşy ussatlarynyň, daşary ýurtly nakgaşlaryň ýerine ýetirmegindäki ýüreklere öçmejek ýaralar salan agyr synagly, jebir-jepaly uruş ýyllarynda tylda galan gahrymanlaryň çeper keşpleri, 1941-1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyndaky söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman söweşen gerçekleriň keşpleri hem-de wepalylygyň nusgalyk mekdebine öwrülen watançylyk äheňli sungat eserleri sergilendi. Gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň–Watan goragçylarynyň söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy türkmen şekillendiriş sungatynyň eserlerinde şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar. Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda we bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize hem-de gaýduwsyz pederlerimize, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren gahrymanlarymyza çäksiz guwanýarys!

No image
TÜRKMEN BEDEWLERIMIZ GÖZELLIGIŇ HEM-DE WEPALYLYGYŇ NYŞANY

Muzeýler

25.04.2025

«Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Aşgabat teleýaýlymy bilelikde guramagynda «Türkmen bedewlerimiz gözelligiň hem-de wepalylygyň nyşany» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Aşgabat teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Jumenowa Gülälek alyp bardy. Aşgabat Gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Resulberdi Nurberdiýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy Ismail Ýakubow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň türkmen dili edebiýat mugallymy Güljahan Kulyýewa dagylar çykyş etdiler.

No image
«KONSERWATORIÝADA MYHMANÇYLYKDA» ATLY KONSERTI GEÇIRILDI

Täzelikler

25.04.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzda her bir günümiz dürli medeni çärelere beslenýär. Şeýle çäreleriň biri hem Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşylar we dutarçylar toparynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlar” atly şowhunly konserti geçirildi. Konsert bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde N.Gurbanmyradowyň sözlerine, A.Mededowyň sazyna döredilen “Parahatçylyk aýdymy” bilen açyldy. Ýylymyzyň şygaryna bagyşlanan aýdymda parahat ýurdumyz wasp edildi. Soňra ussat halypalaryň döreden “Gözim ýollarda” (sözi B.Hajyýewiňki, sazy J. Hojanepesowyňky), “Ýar gözlär” (sözi D.Allaberdiýewiňki sazy D.Hanowyňky”, “Sumbaryň nary” (sözi M.Garryýewiňki, sazy D.Ökdürowyňky) we “Göwnüm seni”, “Pes bolmasyn”, “Ýar otagynda”, “Paş eder seni”, “Hoş eder men”, “Annasoltanym meniň”, “Aýa meňzär”, “Ak ýüzli Maralym” ýaly türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar topary hem adam kalbynda uly orny eýelän milli sazlary bilen çykyş edip, öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olar N.Garlyýewiň “Arzuw etdim”, A.Mededowyň “Söýmüşem seni”, “Bagt mukamy”, A.Çaryýewiň “Ylham”, Ý.Nurymowyň “Säher şapagy”, Ş.Gurbannepesowyň “Gurultaý” ýaly sazlaryny we “Tapylar”, “Müşgil” türkmen halk sazlaryny ezberlik bilen çalmagy başardylar. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar we bagşylar toparlarynyň “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlar” atly konserti ýatdan çykmajak medeni çäreleriň biri boldy. Konserte gatnaşan talyplar gyzgyn el çarpyşmalara we gül sowgatlaryna mynasyp boldylar. Şeýle zehinli, hünärine ussat talyp ýaşlaryň kemala gelmegi ýurdumyzda bilim ulgamyna we saz älemine uly üns berilýändiginiň, halypa mugallymlaryň bolsa irginsiz çekýän zähmetiniň nyşanydyr. Arzygül WELSÄHEDOWA Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň III ýyl talyby Medeniýet habarlary we täzelikleri Soňky habarlar Konsertler Teatr we kino dünýäsi Halkara medeni gatnaşyklary Muzeýler Kitaphanalar Taryhy ýadygärlikler Medeni miras Syýahatçylyk Täzelikler 06.03.2020 Täzelikler Okuw mekdebinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly sergi gurnaldy 06.03.2020 Täzelikler Bagtyýar Biz, Arkadagly Bitarap Diýarda 06.03.2020 Täzelikler Şahyryň Sarpasy

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI INDIRA GANDI ADYNDAKY LUKMANÇYLYK OKUW MEKDEBINDE GÖÇME SERGI GURNADY

Muzeýler

25.04.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 21-27 aralygynda “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde “Parahatdyr diýarym eziz Türkmenistanym” atly göçme sergi gurnady. Sergide türkmen halkynyň milliligini wasp edýän gadymy we häzirki zaman haly önümleri görkezilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň gölleri bilen nagyşlanan horjunlar, gadymy torbalar, çuwallar, ikselikler, düýe halyklar we başga-da haly önümleri sergini bezeýärler. Serginiň merkezinde türkmen tebigatyny wasp edýän şekilli haly we serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň gadymy lybaslary görkezilýär. Olaryň arasynda düýpli gyňaçlar, keteni köýnekler, ýaşyl kürteler, çyrpylar, şeýle-de türkmen halkynyň öňki döwürlerde gündelik durmuşynda ulanylan esbaplaryny hem görmek bolýar.

No image
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ ORTA TOPARLARYNDA SAPAKLARDA ÇAGALARDA KITABA BOLAN SÖÝGINI DÖRETMEGIŇ USULLARY

Kitaphanalar

25.04.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi bilen bilelikde “Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň orta toparlarynda sapaklarda çagalarda kitaba bolan söýgini döretmegiň usullary” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalarda okamaklyga, kitaba bolan höwesi, söýgini döretmek we şol kitaplar arkaly olarda arassa ahlaklylyk, halallyk, adalatlylyk, dogruçyllyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleriň terbiýelenmegini gazanmak barada netijeli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesiller üçin edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
UMUMY GELJEGIŇ BÄHBIDINE NETIJELI DÖWLETARA WE SEBIT HYZMATDAŞLYGY ILERLEDILÝÄR Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary

Täzelikler

25.04.2025

22-23-nji aprelda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy. Mälim bolşy ýaly, ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara dialogy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdy. Halkara we sebit syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygy dürli derejede döwletara dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy Merkezi Aziýada durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak däplerini berkitmek ugrunda çykyş edýärler. ...Gazagystanyň Türküstan şäherinden ugur alan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary biraz wagtdan soňra, iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yssyk-köl Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar. Türkmen we gyrgyz halklaryny köpasyrlyk taryhyň hem-de ruhy kökleriň umumylygy, diliň, medeni däpleriň meňzeşligi baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlykda ynsanperwer gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Iki ýurduň medeniýet, sungat, edebiýat we kinematografiýa işgärleriniň gatnaşmagynda dürli dabaralaryň, sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Ylym-bilim ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy iki ýurduň halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny dikeltmekde-de tagallalary birleşdirýärler. «Türkmenistan» gazeti

No image
MILLI SPORTUMYZYŇ NOBATDAKY ÜSTÜNLIGI

Täzelikler

25.04.2025

24-nji aprelda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň«Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Halkara ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy. Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Begli Hojammaýew (100 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş, Pälwan Akmyradow bolsa (68 kg çenli) bürünç medal gazandylar. Şu gün bolsa guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşda galan 10 medal toplumy ugrunda bäsleşildi. Alyş-bu gyrgyz halkynyň milli göreşidir. Ol öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. “Alyş” sözi “Manas” şadessanyndan gelip çykýar. Gadymy döwürlerde pälwanlar öz aralarynda göreşmek islänlerinde, “Kel, alyşaly!” diýipdirler. Bu bolsa “Geliň, göreşeliň!” diýmegi aňladypdyr. Göreşiň bu görnüşine erkekler hem, zenanlar hem gatnaşyp bilýärler. Göreş diňe dik durmak ýagdaýynda geçirilýär. Her bir pälwanyň wezipesi garşydaşyny guşagyndan goýbermän ýykmakdan ybaratdyr. Soňky ýyllarda guşakly alyş göreşi hem, türkmen milli göreşi ýaly, bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 2002-nji ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Bişkek şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Alyş federasiýasynyň düzümine (WAF) häzirki wagtda Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň milli federasiýalarynyň 36-sy girýär. Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde guşakly alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Bu ýaryşda hem türkmen türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç-jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular. Sylapberdi Nuryýew (80 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Dawut Nazarow (100 kg-dan ýokary) altyn medala, Abdyresul Durdyýew (60 kg çenli), Kerwengeldi Jumagylyjow (80 kg çenli), Nobatgeldi Nazarow (100 kg çenli), Zöhre Gurbanmyradowa (60 kg çenli), Aýnura Faýzullaýewa (65 kg çenli) kümüş medala, Umyt Garagulow (60 kg çenli), Azymuhammet Orazmuhammedow (70 kg çenli), Kuwwat Hojamberdiýew (90 kg çenli), Hesel Orazgeldiýewa (55 kg çenli), Patma Garajaýewa (70 kg çenli) bolsa bürünç medala mynasyp boldular. «Türkmenistan» gazeti