Kitaba hem-de hünäre sarpa
Kitaphanalar
05.11.2026Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda geçirilen “Türkmenistan – ösüşleriň Diýary, ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry mynasybetli söhbetdeşlikler ýazgy edildi. Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana işini döwrebap ýola goýmakda uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny peşgeş berýän ajaýyp eserlerinde hem görmek bolýandygyny, eserleriň ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly, ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de “Altyn asyr: Türkmenistan”, ”Miras” we “Aşgabat” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edilen hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boýunça söhbet etdiler.