logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Türkmen sazandalary «Altyn dombra» halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

Täzelikler

03.11.2026

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dostlukly döwletler, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. 2026-njy ýylyň 29-30-njy oktýabry aralygynda Gazagystanyň Atyrau şäherinde Gazagystan Respublikasynyň halk artisti Azidolla Ýeskaliýewiň hatyrasyna bagyşlanyp, dombrada we üç tarly halk saz gurallarynda çalýan sazandalaryň arasynda «Altyn dombra» atly VII halkara bäsleşigi geçirildi. Halk saz gurallarynda çalýan sazandalaryň arasynda geçirilen bu halkara bäsleşigine Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň sazandalary gatnaşdylar. «Altyn dombra» atly VII halkara bäsleşigine ýurdumyzdan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murad Aşirow hem-de bu konserwatoriýanyň Halk sazy fakultetiniň Türkmen sazy hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kerim Nyýazow gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler. Halkara bäsleşiginiň Gran-pri baýragyna, 1-nji we 2-nji orunlaryna Gazagystan Respublikasynyň sazandalary mynasyp boldular. Şonuň ýaly hem halkara bäsleşiginiň 3-nji ornuna Gazagystan Respublikasynyň Atyrau şäheriniň sazçylyk kolležiniň talyby A.Omiržan, Gazagystanyň Kurmangazy adyndaky milli konserwatoriýasynyň wekili A.Jorabekow hem-de ýurdumyzdan gatnaşan M.Aşirow mynasyp boldular. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon123456789123456789.jpg) Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy M.Aşirowa halkara bäsleşiginiň «III ornunyň Laureaty» diýen hormat haty we 300 000 gazak teňňesi pul baýragy gowşuryldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Kerim Nyýazow bolsa halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş edendigi üçin «Diplom» bilen sylaglandy. Medeniýet we sungat işgärleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna gatnaşmaklary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

No image
MUGALLYMLAR WE OKUWÇYLAR MUZEÝDE MYHMANÇYLYKDA BOLDULAR

Muzeýler

03.11.2026

Ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraşly, şanly taryhymyza we milli gymmatlyklarymyza wepaly nesiller bolup ýetişmeginde muzeýleriň orny örän uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, çagalaryň we ýaşlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak maksady bilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Arkadag şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar muzeýiň giň zallarynda sergilenýän gymmatlyklar, taryhy tapyndylar we halkymyzyň köpasyrlyk maddy-ruhy mirasynyň nusgalary bilen tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleri tarapyndan okuwçylar üçin ýörite taýýarlanan gyzykly gürrüňdeşlikler çagalaryň taryha bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Okuwçylar halkymyzyň durmuşynda ulanan gadymy zähmet gurallaryny, amaly-haşam sungatynyň seýrek duş gelýän nusgalaryny, ene-mamalarymyzyň ellerinden dörän nepis türkmen halylaryny we milli şaý-seplerini ünsli synladylar. Aýratyn-da mekdepde okadylýan taryh we edebiýat derslerinde öwrenilýän taryhy wakalaryň we şahsyýetleriň muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen janlandyrylmagy okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, olar muzeýiň ülkäni öwreniş we tebigat bölümine aýratyn gyzyklanma bilen aýlandylar. Bu ýerde sebitiň özboluşly ekologik gurşawy, haýwanat we ösümlik dünýäsi barada gurnalan täsirli sergiler, okuwçylara daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek we ekologik medeniýeti ösdürmek boýunça uly amaly sapak boldy. Biologiýa we geografiýa derslerine degişli maglumatlaryň interaktiw we sanly ulgamlar arkaly görkezilmegi bolsa okuwçylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

No image
Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar

Muzeýler

03.11.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde bolup, muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu çäre talyplaryň halkymyzyň baý taryhy we medeni mirasy baradaky bilimlerini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen amala aşyryldy. Gezelenjiň dowamynda institutyň wekilleri muzeýiň gymmatlyklary, şol sanda sebitiň gadymy taryhyna, arheologik tapyndylaryna hem-de türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungatyna degişli seýrek duş gelýän nusgalar bilen ýakyndan tanyşdylar. Muzeý hünärmenleri myhmanlara görkezilýän taryhy tapyndylar we halkymyzyň medeni gymmatlyklary barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Aýratyn-da, ýurdumyzyň ilkinji "akylly" şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy, geljekki ösüş ugurlary baradaky bölümler talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Geljekki hünärmenler döwrebap muzeý şertlerinde taryh bilen şu günüň baglanyşygyny aýdyň görkezýän gymmatlyklara ýokary baha berdiler.

No image
Döwlet kitaphanasyna gezelenç guraldy

Kitaphanalar

03.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gezelenji guraldy. Olar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyşdylar. Sungat bölüminiň işi bilen olar aýratyn gyzyklandylar. Bu bölümiň hazynasy sungata degişli kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, notalardan, audiowizual neşirlerden ybaratdyr. Şeýle hem, türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nota eserleriniň baý hazynasy bar. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň okyjylara edýän kitaphana hyzmatynyň ýene bir aýratynlygy, ýekebara ýa-da topar bolup görmek hem-de diňlemek üçin audiowizual neşirleriniň fonotekasyna eýedir. Okyjynyň islegine görä, bölümiň hazynasynda saklanýan ses ýazgylaryndaky, plastinkalardaky bar bolan sazlary saýlap, häzirki döwrebap tehniki enjamlarda diňlemäge döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, talyplar kompozitorlarymyzyň sazlaryny höwes bilen diňlediler. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan guralan gezelenç hem-de kitaphanadaky sergiler talyplarda we mugallymlarda uly täsir galdyrdy.

No image
Döredijilik konserti

Täzelikler

03.11.2026

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen konsertler, festiwallar, bäsleşikler, ussatlyk sapaklary yzygiderli geçirilýär. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphana şahamçasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zehinli talyplarynyň konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda diňe bir türkmen däl, eýsem, daşary ýurt kompozitorlaryň eserleri hem ýaňlandy. Konsert “Türkmen sazy” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Mergen Asdanowyň sazandarlyk etmeginde “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewanyň ýerine ýetirmeginde “Alkyşnama” eseri bilen başlandy. Soňra kompozitor Z.Bagirowyň “Romans” eserini “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Gülçemen Guldurdyýewa ýerine ýetirdi. “Halk sazy” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Jennet Myradowanyň sazandarlyk etmeginde, Azat Klyçewiň ýerine ýetirmeginde N.Muhadowyň “Çal dutar” hem-de Ç.Babaýewiň “Bilbil gördüm” ýaly ajaýyp eserleri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. “Kirişli saz gurallary” toparynyň ýerine ýetirmeginde 3-nji ýyl talyby Zeýnep Rustamaliýewanyň sazandarlyk etmeginde kompozitor L.Koheniň “Alliluýa” eseri ýaňlandy. Ýene-de şol ýerine ýetirilişde “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Goşly Dänäýewiň sazandarlyk etmeginde kompozitor S.Rahmaninowyň ajaýyp “Italýan polka” eserini diňleýjiler gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Diňleýjiler Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlaryna we talyplaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Altyn ÝANGYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

No image
MUZEÝE GURALAN GEZELENÇ

Muzeýler

03.11.2026

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Gezelenjiň dowamynda myhmanlar muzeýiň döwrebap zallarynda sergilenýän gymmatlyklar, arheologik tapyndylar we halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy-ruhy mirasynyň seýrek duş gelýän nusgalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Geljekki binagärler, gurluşykçy inženerler we dizaýnerler hökmünde talyplar muzeýdäki taryhy binalaryň çyzgylary, gadymy şäherleriň we galalaryň binagärlik aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. Muzeýiň hünärmenleriniň ata-babalarymyzyň ulanan gurluşyk tilsimleri, serişdeleriň hili we desgalary tebigy şertlere laýyklykda meýilleşdirmek başarnygy barada beren täsirli gürrüňleri ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin özboluşly ylmy-tejribe sapagyna öwrüldi. Mundan başga-da, talyplar muzeýiň ülkäni öwreniş we tebigat bölümine, şeýle hem dünýä belli ahalteke bedewlerimiziň taryhyna bagyşlanan sergilere uly üns berdiler. Taryh bilen häzirki zaman innowasiýalarynyň muzeý zallaryndaky utgaşmasy talyplary täze ylmy-döredijilikli taslamalary taýýarlamaga ruhlandyrdy.

No image
Hünär bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Kitaphanalar

02.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň arasynda yglan edilen “Türkmenistan ösüşleriň Diýary–ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg) Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde kitaphana işini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigine kitaphana işgärleriniň arasynda geçirilen hünär bäsleşiginden hem göz ýetirmek bolýar. Bäsleşigiň şertlerine görä, kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň birine kitaphana synyny bermekde, kitaphananyň düzgünlerine laýyklykda sowal-jogap alyşmakda hem-de kitaphana gaznasyna täze kabul edilen neşirleri degişli usullar bilen işlemek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, bäsleşikde baş baýraga Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Daňatarowa, birinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljemal Seýidowa, ikinji orna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Aýjeren Saparmyradowa, üçünji orna Mary welaýatynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljeren Gaýypowa mynasyp boldular. Ýeňijilere hem-de bäsleşige gatnaşanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda kitaphana işini ösdürmäge, ruhy baýlygymyz bolan ajaýyp eserleri giň okyjylara wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Rysgal-bereketli topragym

Muzeýler

02.11.2026

Eziz Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy giňden bellenilip geçilýär. Ene topragyň sahawatyny, daýhanlarymyzyň çeken halal zähmetiniň miwesini dabaralandyrýan Hasyl toýy, halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biridir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýuna bagyşlanyp «Rysgal-bereketli topragym» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň “Gül dessesi”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ogulgurban Atabalowanyň “Natýumort”, “Pile saýlanyşy”, şeýle hem, ussat suratkeşlerimiz Çary Öwwäýewiň “Hasyl”, Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Erik ýygymy”, Merdan Kakabaýewiň “Ak bugdaý”, Hezret Rejepowyň “Pagtaçylar” ýaly nakgaş, grafika we gobilen eserleri sergilendi. Şeýle hem, sergide nakgaş eserleri bilen birlikde Muhammet Ýüzbaşowyň “Hasyl baýramy”, Baýrammyrat Esengeldiýewiň “Zähmet ýeňşi”, Çaryýar Durdyýewiň “Hasyllylyk”, “Miweler” ýaly heýkel we keramika eserleri hem sergilendi. Baýramçylyk sergisinde sergilenen sungat eserleriniň her biri, Diýarymyzyň tebigatyny, asuda asmanyň, parahat zeminiň çeper keşbini beýan edip ene topragyň rysgal-berekedini açyp görkezýär.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

02.11.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary nesilleriň terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde asyrlaryň jümmüşindan gaýdýan taryhymyz, dünýä nusgalyk ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz barada gymmatly maglumatlaryň jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki Watana wepaly bolmak, halal zähmet çekmek baradaky ajaýyp jümleleriň ýaşlar üçin uly terbiýe mekdebi bolup durýandygyny nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Ýaşlaryň muzeýe gezelenji

Muzeýler

02.11.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary üçin gyzykly gezelenç guraldy. Ýaş zehinleriň kalbynda halkymyzyň baý taryhyna, medeniýetine we sungatyna bolan buýsanjy artdyrmak maksady bilen guralan bu gezelenç okuwçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Gezelenjiň dowamynda muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde okuwçylar Berkarar döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan taryhy üstünlikler we ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ýakyndan tanyşdylar. Mekdepde sungat syrlaryny öwrenýän çagalar üçin Sungat bölüminde görkezilýän milli we dünýä wekilleriniň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk işlerini hem-de beýleki çeper eserleri uly gyzyklanma bilen synladylar. Tebigat bölüminde Ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, täsin tebigy künjekleri hem-de ekologiýa aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlar okuwçylaryň gözýetimini has-da giňeltdi. Taryh we etnografiýa bölüminde bolsa çagalar ata-babalarymyzdan miras galan gadymy tapyndylary, milli lybaslary, öý goşlaryny we zergärçilik sungatynyň seýrek duş gelýän nusgalaryny synlap, halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasy barada gymmatly maglumatlary diňlediler. Bu gezelenç diňe bir taryhy we medeni maglumatlary öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem ýaş aýdym-saz we sungat öwrenijileriň döredijilik ylhamyny has-da galkyndyrdy. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde milli gymmatlyklarymyzy wagyz edýän şeýle çäreleriň ähmiýeti örän uludyr.