logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE ÇEPERÇILIK MEKDEBINIŇ SURATKEŞ MUGALLYMLARYNYŇ TOPARLAÝYN SERGISI GEÇIRILDI

Täzelikler

23.02.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlarynyň toparlaýyn sergisi geçirildi.

SURATKEŞ DAWID ARUŞAÝANSYŇ 75 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ŞAHSY SERGISI

Täzelikler

23.02.2025

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Suratkeş Dawid Aruşaýansyň 75 ýyllygyna bagyşlanan şahsy sergisi geçirildi.

No image
BIZIŇ HALKARA ÜSTÜNLIKLERIMIZ

Taryhy ýadygärlikler

22.02.2025

BIZIŇ HALKARA ÜSTÜNLIKLERIMIZ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylyň başynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlara uly üns berilýär. Munuň esasynda bolsa ýurdumyzda halkara bäsleşiklere gatnaşýan ýaş mugallymlaryň, talyplaryň bolmagy bizi örän buýsandyrýar. Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde 1-9-njy fewral aralygynda «II Halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň» arasynda «FOLK-ART» atly halkara bäsleşigi geçirildi. Şol geçirilen bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhowyň talyplary: Saparjanow Muhammet «Baş baýrak», Supanow Babageldi I orna mynasyp boldylar we diplom bilen sylaglandylar. Şeýle-de geçirilen halkara bäsleşikde mugallym Ýakupmyrat Sytdyhow we V ýyl talyplar Arrykow Seýran, Hojamämmedow Tirkiş, Kakabaýew Begli hem-de IV ýyl talyby Babageldi Supanow dagylardan ybarat bolan «Owaz» ansambly hem I orna mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijileri hormat hatlary we diplom bilen sylaglandylar. Geçirilen bäsleşikde III ýyl talyby Saparjanow Muhammet kompozitor Dadaş Dadaşowyň «Skerso» eserini «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Amannazar Arslanowyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi. IV ýyl talyby Supanow Babageldi kompozitor Tofig Bakyhanowyň «Konsert» I bölüm eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Oňa şol kafedranyň mugallymy Maýagözel Nazarowanyň sazandarlyk etdi. Akkordeon hem-de kirişli saz gurallardan düzülen «Owaz» ansambly Gorka Hermosanyň «Anontango» eserini ýerine ýetirdiler. Şeýle-de halkara bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Ýuzeýewanyň talyby Perhat Tagiýew kompozitor A.Dwoskiniň «Brazil rapsodiýasy» eseri bilen «Akkordeon» saz guraly boýunça çykyş etdi. Bäsleşikde ol ussatlyk bilen ýerine ýetirenligi üçin I orna mynasyp boldy we diplom bilen sylaglandy. Geçirilen bäsleşikde Perhat Tagiýewe uly mugallym Tatýana Ýüzeýewa halypalyk etdi. Bu halkara bäsleşikde kirişli saz gurallarynda çykyş eden talyplara we Akkordeon hem-de kirişli saz gurallardan düzülen «Owaz» ansamblyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhow halypalyk etdi. Ussat mugallyma geljekki ýaş hünärmenleri taýýarlamakda bitiren önjeýli zähmeti üçin bäsleşigiň guramaçylyk bölümi tarapyndan «Iň gowy mugallym» adyna eýe boldy. Mugallym Ýakupmyrat Sytdyhow diplom we minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy. «Akkordeon» saz guraly boýunça gatnaşan I ýyl talyp Perhet Tagiýewiň mugallymy şol kafedranyň uly mugallymy Tatýana Yüzeýewa talyp ýaşlary taýýarlamakda çeken zähmeti üçin minnetdarlyk haty bilen sylaglandy. Bu bäsleşigi Russiýa federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Başkortostan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň maglumat goldawy bilen, Kirow sebitiniň Medeniýet ministrligi, Baýkal Trans-Territory Medeniýet ministrligi, Udmurt Medeniýet ministrligi gurnap, bäsleşikde N.Žiganow adyndaky Kazan döwlet konserwatoriýasynyň professordyr dosent mugallymlary hem-de bäsleşigi gurnaýjylar eminlik etdiler. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge alan bilimimizi kämilleşdirmäge halkara bäsleşiklerine gatnaşyp öz zehinimizi dünýä ýaýmaga uly ýol açýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň alkyşlarymyz çäksizdir. Ýaşasyn dost-doganlyk! Osman SAPARGELDIÝEW Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň IV ýyl talyby

No image
GÜL

Edebiýat älemi

22.02.2025

GÜL (hekaýa) Şol wagt ýaz aýlarydy. Oba adamlary mellegine agaç nahalyny oturtmagyň hysyrdysyndady. Sähralaryň maşgalasam obadaşlary ýaly miweli, saýaly baglaryň ençeme düýbüni mellege oturtdylar. –Gyzym, ine, şu düwünçegiň içinde hoşboý ysly gülüň tohumy bar. Häzir gül ekmegiňem aýny wagty. Gel, ikimiz gül ekeli diýdi-de, Tuwak eje biline düýe ýüň guşagyny mäkäm guşandy. Melleklerindäki dürli miweli, saýaly baglaryň ygşyldap oturyşy Tuwak ejäň göwnüni göterdi. –Ýyllarymyz bereketli gelýär. Enşalla baglaryň miwesem bol bolar. Sapagyndan ýolup ter miwe iýmek, adam saglygyna-da peýdaly. Süýji suwly, güneşi nurly topragymyza döneýin. Goýnunda bal ýaly ir-iýmişler ýetişýär. -Dogry aýdýaň eje, gülleri nireden ekeli?! -Ynha, şu ýerden ekeris welin, çar ýana bezeg berer. Ejesiniň saýlan ýerini Sährada oňlady. -Güller gözelligini bize-de, goňşulara-da eçiler. -Şundan soň eneli-gyz gül tohumlaryny ekdiler. Tohum diýeniň ýere taşlaňsoň, ösüp ulalmak bilen. Güllerem gün-günden boý aldy. Çybyklarynda nowçalar peýda boldy. Gülüň ilkinji gülüni Sähra gördi. -Eje gülümiz gülläpdir. Reňkem ak. -Tüweleme, ýör hany göreli. Güli ysgamagam gerek däl. Hoşboý ysy çar-ýana burk urýar. Owadan ak güllere seretsene: -Gyzym, her zadyň maksady bolmaly. Il içinde «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen söz bar. Biziň ak bägüllerimizem adamlaryň iň bagtly pursatyna şaýat bolsun. Arzyly sowgat bolsun. Eli gülli adam üýtgeşikdir. Ýüzi nurana, gözlerem gül ýaly gülüp durandyr. Gülleri hiç wagt satmalyň! Ony diňe sowgat bereliň! Bular ýaly täsin zatlaryň hikmeti bolýar ahyry diýip uzaklary nazarlady. -Ol nähili hikmet. Sähranyň bilesigelijiligi artdy. Tuwak eje-de çynlakaý söhbede başlady. -Gülleriň hoşboý ysy ynsan ýüregini ýumşadyp, oý-pikirlerini durlamaga ukyply. Ýüregi ýumşak adam töwerek-daşyna mähir paýlaýar. Adamyň özüni bagtly duýmagynda mähriň uly orny bar. Adam näçe ýaşasa-da mähirden hiç wagt ganmaýar. Mähir durmuşda iň küýsegli zat. -Hemişe mähriban bolmak üçin nähili bolmaly, syry nämede-kä?! diýip, Sähra ýene ejesine ýüzlendi. -Ýakymly ysly gül-güläleklere ýakyn durmak, kalbyňy gowy pikirlere besleýär. Gowy pikirler aňyňy durlasa, gülleriň ýakymly ysy kalbyňy durlar. Ejesiniň bu sözleri Sähra täsir etdi. Her gezek güllere nazary düşende şol sözler ýadyna düşdi. Söz keramatyna Sähra şol gezek göz ýetirdi. Güllere bolan söýgüsi artdy. Günüň bol nurundan kemsiz ganan güller läle-reýhan bolup açyldy. Goňşulary Mähriniň gelmegi, Sähranyň pikirini böldi. -Bu gülleriň enaýydygyny. Bilýäňmi Sähra?! Şu gün Nabat ene ýüz ýaşaýar. Güllerden çemen bogup ýaş toýuna sowgat etsek ol begenerdi. -Örän gowy pikir Mähri. Ýüz ýaşly enäni begendirsek, bizem begeneris. Şol pursat Nabat ene bilen bagly waka ýadyma düşdi. Ol wagt biz üçünji synpda okaýardyk. Oba adamlary Nabat enäniň eliniň, diliniň süýjiliginiň tarypyny ýetirerdiler. Biz çagalar welin, Nabat enäň alma kaklarynyň süýjüligine güwä geçip biljekdik. Ol haýsydyr bir ýumşuny bitirseň hökman alma kakyny bererdi. Şol gün menem Nabat ene bilen pete-pet gabatlaşdym. Biz gadyrly salamlaşdyk. -Getiriň zatlaryňyzy göterşeýin – diýip, elindäki ýantorbasyny aldym. -Göterişseň-ä kem bolmazdy. Ýantorbalaryň hersini bir elimde göteremsoň olaryň agramy duýlanokdy. Biz gümür-ýamyr edip barşymyza, Nabat enelere ýetenimizem duýman galypdyrys. Pikir edişim ýaly, Nabat ene goşawujymy alma kakyndan dolduryp goýberdi. Men muňa diýseň begendim. Ejemiň ýanyna howlukdym. Ejem Nabat enä kömekleşip oňat iş edendigime begendi. Garrylara kömek etmek sogapdyr. Nabat enä kömekleşenimi görelde hökmünde ejem soň-soňlar hem gürrüň berdi ýördi. Çagasynyň ýagşy hereketiniň enäniň başyny göge ýetirýändigine, şonda şaýat boldum. -Şol pursat Tuwak eje-de gelip: -Gyzym, şu gün Nabat enäniň ýüz ýaş toýy. Güllerden çemen baglap eltip bersek ol begener diýdi. Mähri ikimiz sähel salymyň içinde güllerden owadan çemen bagladyk. Bizem ejem bilen Nabat enäniň ýüz ýaş toýuna gaýtdyk. Ýakasy nagyşly köýnegi, başyndaky gyňajy Nabat enä gelşik berýärdi. Asyl ol ýüz ýaşla meňzänokdy. Nabat enäň süňňüniň sagatlygyna begendim. -Ýüz ýaş toýuňyz gutly bolsun Nabat ene. Şeýdip ýüz ýaş toý toýlamak hemmelere nesip etsin – diýip ejem owadan ak gyňajy başyna atdy. -Hany, gyzlar sizem eneňize sowgadyňyzy beriň! -Ýaş toýuňyz gutly bolsun diýip, biz bir topbak ak güli Nabat enä uzatdyk. Ol gülleri emaý bilen alyp, ýakymly ysyny işdämenlik bilen içine sordy. -Eneňize örän gowy sowgat getiripsiňiz. Güli gowy görýänimi nireden bildiňiz. Bularyň terligine seretsene. Gül ösdürseňiz, aljagyňyz diňe alkyş bolar. Gül sowgat berýän elde ýakymly ys galýandyr. Munuň manysy düşnükli — özgeleriň durmuşyny gowulaşdyrmagyň hatyrasyna zähmet çekseň, öz durmuşyň hem oňatlaşar. Güller özüne yhlas edip seredýän eýeleriniň ýagşy arzuw-niýetleriniň hasyl bolmagyna kömek edýär. Güle hormat goýup, ösdürip ýetişdirýän adamyň göwnem gül ýaly päkdir – diýip, Nabat ene sözüne dyngy berdi. Gülleriň bu häsiýetli aýratynlygy hakynda men ozalam eşidipdim. Ýöne känbir pitiwada bermändirin. Aňymda üýtgeşik bir zat galmandyr. Nabat enäniň gül hakyndaky gürrüňlerini welin diňläsim geldi. -«Dile geldi – bile geldi» diýipdirler. Güller hakda gürrüň berseňizläň, ene diýip, ondan haýyş etdim. Ol bolýar diýen äheňde başyny atyp söze başlady. -Adam durmuşda gözelligi gözleýär. Bu gözlegde-de hemişe gülleriň ýanynda eglenýär. Bu bir tötänlik däl. Gül adam göwnüni gülledýär, ruhuny belende göterýär. Gül ysy ynsan ýüregini ýumşak saklaýar. Bu gülleriň beýleki ösümliklerden aýratynlygy. Ýaşaýan ýeriňizde hoşboý ysly güller näçe köp bolsa kalbyňyz hem saglygyňyz şonça berk bolar diýdi. Ýüz ýaşly bolsa-da Nabat enäniň gepini-sözüni düşündirmäge gurbaty ýetýärdi. Bu sözler ejemiňki bilen gabat geldi. Ine, ýene-de gujagy gülden doly enäniň daşyny oba zenanlary galladylar. Her kim oňa sowgat-serpaý ýapdy. Al-elwan ter gülleriň arasynda ol has juwan görünýärdi. Belki güller zenana juwanlyk nuruny paýlaýandyr. Bu hut şeýle bolmaly diýen pikire men şol pursat berk ynandym. Nabat ene bilen ejemiň gül baradaky gürrüňleri güle we gül göwünli adamlara synmaz söýgi döretdi. Ogulgurban GAŞLAKOWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni 27.03.2025

REŇKLER DÜNÝÄSINDE–ZENAN WASPY

Muzeýler

22.02.2025

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň abadançylygy, il-ulsuň bagtyýarlygy hakynda edýän aladalary halkymyzy döredijilikli zähmete, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

No image
WIKTOR SARIANIDI

Muzeýler

22.02.2025

WIKTOR SARIANIDI MARGUŞ Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi Marguşyň daş mozaikalary Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Demirgazyk Goňruň köşgünde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly jaýlaryň käbirinde gipsden ýasalan mozaikaly düzümler (wstawkalar) tapyldy. Şondan öňräk Goňur gonamçylygynyň kameraly mazarlarynda ýüz görülýän aýnalary, beýleki gymmatly zatlary saklamak üçin ulanylýan gapjagazlar tapyldy. Olaryň daşy geometrik mozaikalar bilen bezelipdir. Bularyň ählisi marguşlylara mozaika bezeg usullarynyň mälim bolandygyna şaýatlyk edýär. Munda geň görüp oturasy zat ýok, çünki Mesopotamiýada mozaikalar eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllykda edilipdir. Olar ýarym gymmat baha daşlardan ýasalan, önümleriň ýa-da desgalaryň detallaryny bezän geometriki düzümler görnüşinde bolupdyr. Olar biziň eýýamymyzdan ozalky II müňýylygyň bütin dowamynda ulanylyp gelipdir. Tigr we Ýewfrat derýalarynyň arasyndaky düzlükde ýerleşýän monumental binalaryň köpüsiniň ýüz tarapy olar bilen bezelipdir. Bu tehnika biraz gijiräk hem ulanylypdyr (Kişedäki mozaika). Şundan çen tutsaň, Goňruň diwar mozaikasy hem hut şu döwre degişlidir, emma marguş kompozisiýalaryna meňzeş mozaikalar Mesopotamiýada tapylmady. Demirgazyk Goňruň birinji patyşa mazarynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, daş mozaikalary ýüze çykaryldy. Olar talanan 3200-nji mazarda asyrlaryň dowamynda ýygnanan çägäniň içinden döküldi. Üçburçluklardan, kwadratlardan we tegeleklerden başga-da, dökülen mozaikalaryň düzüm bölekleri aýlaw we çylşyrymly figuralar görnüşinde bolupdyr. Bir mahallar olaryň ajaýyp nagyş kompozisiýalary bolandygy aýdyň görünýär. Şol kompozisiýalar alym üçin hakyky tapmaça öwrüldi. Diwarlaryň birinde uly bolmadyk mozaika böleginiň tapylmagy biziň çaklamalarymyzy tassyklady. Diwaryň ýüzi birkemsiz suwalypdyr, hut şonuň üstüne nähilidir bir gyzyl reňkli ýelim serişdesiniň kömegi bilen tegelegiň bir bölegini emele getiren mozaikalaryň birnäçesi berkidilipdir. Şol mazaryň howlusynda ýekegapanyň kellesi şekillendirilen gips bölegi tapyldy. Onda gara reňk bilen haýwanyň ýüzüniň ownujak detallary çekilipdir. Beýleki patyşa mazarlarynda, aýratyn hem 3210-njy guburda geçirilen gazuwagtaryş işleri gadymy goňurlylaryň ussatlygynyň ýokary derejede bolandygyny görkezýän örän täsin materiallar tapyldy. Şu mazarda, poldan 1,5 metr belentlikde çylşyrymly çeperçilik kompozisiýalary ýerleşipdir. Olaryň arasynda ýallary hüžžerip duran ganatly ýolbarslar şekillendirilen, uzynlygy 86 santimetr bolan friz hem bar. Her bir ýolbarsyň burnunyň üstünde şahy we sakgaly görünýär. Guýrugy arkasyna düýrlenen, şeýle hem burnunyň üstünde şahy we ujy ýitelip gidýän sakgaly bolan ýene-de bir sany ganatly ýolbarsyň şekili tapyldy. Hyýaly haýwan özüniň kuwwatly muskully aýaklaryna daýanýar. Şeýle jandarlaryň aýratyn kelleleri 3235-nji mazardan hem tapyldy. Olaryň iň ulusy ak mermerden edilipdir. 3210-njy mazarda saklanyp galan mozaika frizleriniň arasynda şahly keýikleri ýuwudýan ýylanlar hem bar. Megerem, şuňa meňzeş kompozisiýalar 3230-njy we 3235-nji mazarlaryň diwarlarynda hem bolandyr. Ýöne biziň günlerimize olaryň diňe aýry-aýry bölekleri gelip ýetipdir. Şeýle mahluklaryň şekilleri Baktriýada, aýratyn hem Elamda giňden ýaýrapdyr. Olar ýerli demonologiýada aýratyn elam-baktriýa stilini düzüpdir. Şeýle inçe sakgally we şahly aždarhalar daş, köp halatdarda steatit önümlerde suratlandyrylypdyr. Olar Awestanyň Srwarasyny–gadymy rowaýatlardaky şahly aždarhany ýatladýar. Baktriýanyň we Marguşyň dört aýakly aždarhalarynda ýolbarsyň we ýylanyň alamatlary bar. özi-de, olaryň boýunlary teňňeler bilen örtülip, akkad döwründe (biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyk) Mesopotamiýada döredilen şeýle şekillere örän meňzeşdir. Şunuň ýaly aždarhalary öwrenmäge uly üns beren fransiýaly professor M.Potýe şol ikonografiýa usulynyň Mesopotamiýadan Merkezi Aziýa çenli ýol açandygyny tassyklaýar. Görnüşi ýaly, ot iýýän haýwanlary ýuwudýan ýylanlar temasy ýerli taýpalarda örän meşhur bolupdyr we marguşly ussalaryň döredijiliginde ýygy-ýygydan ulanylypdyr. Ýylan görnüşli personažlar goňşy Baktriýada hem giňden ýaýrapdyr we bu gadymy ýurduň amaly-haşam sungatynda köp duş gelýär. Marguşda mozaikalaryň üsti polihrom nakgaşlygy bilen ýetirilýär. Şeýle çeperçilik usulyna ilkinji gezek diýen ýaly Merkezi Aziýanyň gadymy sungatynda bellige alyndy. Bir zady anyk aýtmak bolar: Goňruň ýygyndy mozaikasy Gadymy Gündogaryň şekillendiriş sungatynyň taryhynda öň mälim bolmadyk täze sahypany açýar. Baktriýa-marguş sfragistikasynda we gliptikasynda ýylan aždarhalar we ganatly, dört aýakly, sakgally ýekeşahlylar meşhur bolupdyr. Olar Baktriýanyň mozaikaly pannolarynda we örän täsin kümüş möhürleriniň birinde suratlandyrylypdyr. 3210-njy patyşa mazaryndaky mozaika şekilleriniň temasy we obrazlary, gürrüňsiz, Alynky Aziýa sungatyna degişlidir. Şahly we sakgally şeýle ýylan aždarhalar Baktriýanyň daş gutujyklarynyň hem birnäçesini bezeýär. Şunuň bilen baglylykda Baktriýada tapylan, häzir bolsa Nýu-Ýorkuň Metropoliten – muzeýinde saklanylýan, kümüşden ýasalan we altyn çaýylan, dabaralarda ulanylýan palta uly gyzyklanma döredýär. Şol palta ýekegapan we ganatly mahluk bilen göreşýän iki sany bürgüt kelleli, ganatly adam görnüşinde ýasalypdyr. Elam ýurdy şeýle baktriýa-marguş we mesopotamiýa hyýaly mahluklaryň arasyndaky ortalyk nokady bolup durýar. Şahly we sakgally mahlugyň kellesi görnüşinde ýasalan, dabarlarda ulanylýan paltanyň onuň çäginden tapylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Ähli deliller sakgally ýekeşahlylaryň Elam stiline degişlidigini görkezýär. Baktriýada we Marguşda olar gaýtadan işlenilen görnüşinde, köp halatlarda sakgally we şahly ýylan aždarhalaryň keşbinde ýaýrapdyr. 3210-njy mazardan tapylan diwar mozaikalarynyň arasynda ganatlaryny gerip duran, ýöne hemişe kellesiz bürgütleriň mozaika şekilleri tapawutlanýar. Babyryň gipsden ýasalan iki sany kellesiniň tapylmagy hem mozaika sungatynyň giňden ýaýrandygyna şaýatlyk edýär. Umuman, Goňruň mozaikalaryny taýýarlamak üçin mazarlaryň diwarlaryna ýelimleýji serişde çalnypdyr. Soňra onuň ýüzüne öňden taýýar edilip goýlan dürli şekilli mozaika plastinkalary berkidilipdir. Beýleki bir tarapdan, has ýuka we çylşyrymly kompozisiýalaryň ýüzüne kleý çalnan agaç plitkalarda jemlenendigini, soňra bolsa mazaryň diwarlaryna berkidilendigini çaklamak bolar. Mysal üçin, 3220-nji mazardan, dürli çuňlukda pipala diýen hindi ösümliginiň ýürejik görnüşindäki ýapraklaryndan taýýarlanan birmeňzeş mozaika kompozisiýalary tapyldy. Ýapraklaryň köpüsiniň ölçegi 5×6 santimetre deň bolupdyr. Olar bir hatara ýerleşdirilipdir. Ýürejikleriň merkezi bölegi açyk gyzyl reňk bilen reňklenipdir. Fragmentleriň iň uzyny 50 santimetr bolupdyr. Mozaika bölekleriniň köpüsiniň arka ýüzünde suwagyň gatap galan yzlary galypdyr. Käbir ýerlerde mozaikanyň arasynda ownujak agaç bölejikleri saklanyp galypdyr. Olar mozaikalary taýýarlamagyň prosesini gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Görnüşi ýaly, agaç esasa berkidiji suwag çalnypdyr, oňa öňden kesilip taýýar edilip goýlan ýaprajyklar ýelmeşdirilipdir. Soňra mozaika reňklenipdir we jaýlaryň diwarlaryna berkidilipdir. 3220-nji mazarda jaýlanan erkek kişiniň jesediniň üstünde iki sany kerpiçde duran 1.0×0,6×0,6 metr ölçegli uly agaç sandyjak (ýa-da guty, peşgeş saklanylýan) mozaikalaryň agaç esasda berkidilip we agaç zatlaryň bezegi bolup biljekdigine şaýatlyk edýär. Sandyjagyň düýbi we gyraňly diwarlary hem pipalanyň ýapragy görnüşli kompozisiýalar bilen bezelipdir. 3230-njy mazarda jaýlanan zenanyň üstünde goýlan peşgeş saklanylýanyň düýbi we gyraňly diwarlary iç tarapyndan haly nagyşlary bilen bezelipdir. Şol mazarda diwar bezegleri saklanyp galmandyr. Megerem, mazar ogrular tarapyndan birnäçe gezek talanandyr. Ýöne bize olaryň guşuň (sülgüniň?) kellesi görnüşindäki bölekleri, agzalyp geçilen grifonlaryň we ýylanlaryň kelleleriniň bölejikleri, daglary ýatladýan üç bölekli detallaryň göwrümli fragmenti gelip ýetipdir. Ak daşdan we gipsden edilen dürli görnüşli mozaika düzümleri 3235-nji mazardaky kompozisiýalary düzüpdir. Agzyny açyp duran aždarhanyň mermer kellesi, ýylanyň kellesiniň ýokary bölegi, nagyşlary boýunça şumer eşiklerine meňzeş sýužetleriň bölekleri-bularyň ählisi mazaryň merhum jaýlanylanda onuň ýanynda goýulýan zatlaryň saklanýan otagynyň oňat bezelendigine şaýatlyk edýär. Şol «merhumlar öýünde» uly bolmadyk agaç sandyjak tapyldy. Onuň toýun galyndylarynda mozaiki bezeg saklanyp galypdyr. Şol bezeg mämişi reňkdäki, «böwrek» görnüşindäki nagyş elementlerinden ybarat bolupdyr. Olaryň arasyna ak gipsden ýasalan bölüjiler ýerleşdirilipdir. Goňşy jaýyň diwarlarynda hem şeýle nagyş lentalara duş gelindi. Goňur mozaikalarynyň özlerine adam şekillerini hem birleşdiren bolmagy mümkin. Mysal üçin, patyşa gonamçylygynyň çäginde ýerleşen 3245-nji kameraly mazarda meşhur portretiň üsti açyldy. Şol portretde uly gara gözli zenanyň gapdaldan görnüşi suratlandyrylypdyr. Onuň golaýynda buýra saçlaryň burumy ýa-da gulakhalka şekillendirilipdir. Bölekleýin saklanyp galan portretiň galan böleginde egninden aşak düşüp duran uzyn gara saçlar, şeýle hem gyzyl reňkdäki lybaslaryň eplemleri şekillendirilene meňzeýär. Mozaikaly pannolar düzülende köp dürli galyplaryň ulanylandygyny tekrarlamaga doly esas bar. Goňruň gonamçylygyndaky daş haşamlaýjy ussanyň mazarynda faýans galyplaryň ýa-da taýýar ölçegleriň tapylmagy munuň subutnamasydyr. Mundan başga-da, käbir mozaika düzümleriniň arka ýüzünde, aýratyn hem çylşyrymly – sýužet kompozisiýalarynda (mysal üçin, ganatly grifonlaryň, ýylanlaryň we beýlekileriň) ýörite aňlatmalar–tegelejikler, çyzyklar, «ýürejikler» bolupdyr. Bularyň ählisi ussalara mozaikalary öz ýerinde tertiplije ýerleşdirmäge ýardam eden bolmagy mümkin. Şeýlelikde, Goňruň patyşa gonamçylygynda geçirilen gazuwagtaryş işleri gadymy marguşlylaryň sungatynyň nä derejede ösendigini görkezdi. Nakgaşlyk elementleri bolan şeýle köp dürli mozaikalary entek şu wagta çenli ýadygärlikleriň ýekejesinde-de, şol sanda dünýä medeniýetiniň gadymy ojaklary bolan Mesopotamiýada we Müsürde hem tapmak başartmandy.

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

Kitaphanalar

22.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungaty eserleriniň ýygyndysy muzeýiniň direktory jenap Hu Musziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen

«EMELI AŇ ARKALY BILIM BERMEK IŞINIŇ KÄMILLEŞDIRILIŞI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHATY

Täzelikler

22.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda»

WIKTOR SARIANIDI

Taryhy ýadygärlikler

22.02.2025

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Demirgazyk Goňruň köşgünde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly jaýlaryň käbirinde gipsden ýasalan mozaikaly düzümler (wstawkalar) tapyldy. Şondan öňräk Goňur gonamçylygynyň kameraly mazarlarynda ýüz görülýän aýnalary, beýleki gymmatly zatlary saklamak üçin ulanylýan gapjagazlar tapyldy.

BIZIŇ HALKARA ÜSTÜNLIKLERIMIZ

Halkara gatnaşyklary

22.02.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylyň başynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlara uly üns berilýär.