logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

Kitaphanalar

29.08.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülkiniň bossany” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Garaşsyz ýurt dünýä ykrar. Toýa barýar Arkadagly Gahryman Serdarly diýar” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Özbaşdak ösüşüň röwşen ýoly bilen abadançylygyň hem rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýoly geçdi. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dost-doganlygy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berdi “Nesil” gazetiniň bölüm redaktory şahyr, Leýli Gurbanowa hem-de kitaphana hünärmenleri şular dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler. Dünýä bileleşigi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýup, öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny işjeň goldamaklykda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk-halkyň ykbaly

Kitaphanalar

29.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi tarapyndan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyzlyk-halkyň ykbaly” ady bilen edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamynda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň içinde ähli ugurlardaky gazanylan ajaýyp üstünlikler, biziň ykdysadyýetimizde, milli medeniýetimiz we sungatymyzda ylym-bilimde , saglygy saklaýyşda, halkara gatnaşyklarynda gazanylan asyrlara barabar beýik ösüşler hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Öz bilişimiz ýaly, bu gün biziň baý edebi mirasymyz, şöhratly taryhymyz halk- döredijiligimiz hakynda ýazylan edebiýatlar hem Garaşsyzlyk ýyllarynda täzeden- täze çap edilip halkymyza ýetirildi. Aşgabat şäheriniň, şeýle hem sebitde deňi–taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi hem bu gün dünýäniň nazarynda.Welaýatlarda gurulýan ägirt uly desgalar, binalar medeniýet we sungat ojaklary hem halkymyzyň hyzmatynda. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen, öz söhbetleriniň ahyrynda Garaşsyzlyk hakynda ýazan goşgularyny okadylar hem-de bize şu ajaýyp, bagtly durmuşy gurup beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy

Muzeýler

29.08.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Watanymyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyklaryň we dabaralaryň sany gün-günden artýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň oňaýly ýaşaýyşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara hem aýratyn üns berilýär. Olaryň ýeterlikli derejede bilim alyp, üstünlikli käriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin bolsa ähli şertler bar. Ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklaryň biri hem Bilimler we talyp ýaşlar günidir. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilip, ýurdumyzyň gazanylan üstünlikleri, täze orta mekdepleriň we ýokary okuw jaýlaryň gurlup berilmegi dogrusynda çykyşlar geçirilýär. Ýaş nesil suratkeşler hem sungatyň ähli ugrunda halypalaryň öwüt-nesihatlaryna eýerip, bilim alýarlar. Geçen asyrda düýbi tutulan türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhyny öwrenip ýaş suratkeşler her bir sungat eserinde türkmen halkynyň taryhyny, sungatymyzy, däp-dessurlary, milli mirasyny beýan edýärler. Her ýyl däp bolşy ýaly Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Bilimli ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy” atly sergi gurnaldy. Sergide türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbini tutan halypalaryň bilim hakyndaky taslama eserleri, halypa mugallymlaryň portretleri, şeýle hem grafika we heýkel eserleri sergilendi.

No image
Kitap – dünýäniň açary

Kitaphanalar

29.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn Asyr” teleýaýlymy tarapyndan “Kitap – dünýäniň açary” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe, babatda görelde mekdebidir” diýen, parasatly jümlelerinden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek şeýle-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak esasy maksadymyz bolup durýar diýip çykyş edenler ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Sanawaçlar we matallar

Kitaphanalar

29.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi 25-nji çagalar bakja bagynda - “Sanawaçlar we matallar” atly söhbetdeşlik we göçme kitap sergisini gurady. Çagalar bakja bagynda guralan sergidäki sanawaçly we matally kitaplar, okalan ertekiler çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphanaçylaryň sanap beren sanawaçlaryny çagalar uly höwes bilen diňlediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar. Ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Rowaýatlar ummany – açar syrly dünýäni

Kitaphanalar

29.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 111-nji çagalar bakja-bagynda körpejeler bilen “Rowaýatlar ummany – açar syrly dünýäni” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, tapmaçalar, nakyllar, ýaňyltmaçlar aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Birnäçe ertekili kitaplar, tapmaçalar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri bilen çagalaryň arasynda labyzly okalan ertekilerden, tapmaçalardan sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet

Muzeýler

26.08.2026

Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän medeni syýasat halkymyzyň köpasyrlyk milli häsiýetlerine, ynsanperwer ýörelgelerine we gadymy däp-dessurlaryna daýanýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyklar görülýär. 25-nji awgustda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet» atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölüminiň başlygy, şahyr Sähragül Janmämmedowa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Aýjemal Rahimowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby, şahyr Nursoltan Derýaýewa dagy gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün edilýär. Şeýle hem, ýurdumyzda atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi medeniýet ulgamynyň işgärleriniň kalbynda egsilmez ylhama, çäksiz joşguna öwrülip, täze, kämil eserleri döretmäge has-da döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ganatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleri, şeýle hem, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilip, dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlyklar has-da pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber goldaw-hemaýatlary, çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň zähmetine mynasyp baha berilýär, olaryň kämil eserleri döretmekleri üçin ähli şertler döredilýär, dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi netijesinde il içinden täze zehinler ýüze çykarylýar. Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň eçilen miweleridir – diýip, çykyş edenler giňişleýin bellediler. Söhbetdeşlikde eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, muzeýde alnyp barylýan işler hakynda muzeýiň hünärmeni Aýjemal Rahimowa gürrüň berdi. Şahyrlar döredijilik söhbetdeşliginiň dowamynda ajaýyp goşgularyny okap berdiler. Döredijilik söhbetdeşligine gatnaşanlar, milli medeniýetimiziň gülläp ösmegi we dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«Milli mirasymyza sarpa» atly sergi

Muzeýler

26.08.2026

Golaýda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasymyza sarpa» atly sergi gurnaldy. Sergide meşhur türkmen halylary we haly önümleri, taryhy gymmatlyklarymyz, türkmeniň milli saz gurallary, türkmen bedewiniň heýkelleri, sünnälenip nepis ýasalan at esbaplary, milli lybaslar, şaý-sepler sergilendi. Bu gymmatlyklaryň her birinde halkyň dünýägaraýşy, tebigata bolan söýgüsi we çeperçilik zehini jemlenendir. Gadymyýetden gözbaş alýan türkmen medeniýeti halkymyzyň beýik taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň hem-de ruhy gymmatlyklarynyň şöhratly waspnamasydyr. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Sergä Arkadag şäheriniň ýaşululary Tejenguly Garapetow, Muhammetöwez Pöwwäýew, mährem eneler Amansoltan Annaçaryýewa, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Gurbanbibi Akmyradowa, şeýle hem, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri, bank we muzeý işgärleri gatnaşdylar. «Milli mirasymyza sarpa» atly sergi diňe bir taryhy gymmatlyklaryň toplumy bolman, eýsem, türkmen halkynyň ruhy dünýäsine syýahat etmekden, milli mirasymyzy öwrenmekden ybaratdyr.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

25.08.2026

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly” atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan uly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjegindäki binagärlik gözellikleri kalplary guwanç-buýsanja besleýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäde deňi-taýy bolmadyk binagärlik sungaty we ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji “Akylly” şäheri bolup, gurluşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň we ekologiýa taýdan arassalygyň aýdyň nusgasydyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze döwrebap obalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar hem-de senagat kärhanalary gurulýar. 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda açylyp, ulanmaga berilýän ajaýyp binalaryň ýurdumyzyň görküne görk goşýandygy hakynda söhbetdeşlige gatnaşanlar täsirli gürrüňleri berdiler. Eziz Watanymyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Milli mirasymyza sarpa

Kitaphanalar

25.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalanýar. Milli mirasymyz jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Milli mirasymyzy öwrenmekde şeýle hem geljekki ýaş nesillerimize ýetirmekde, irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!